ILKINJI GAR


Ýer  nirde?  Gök  nirde?  Bilip  bolanok,

Baky  ilikinji gar ýagýardy ýene.

Onuň ýerde dynnym ýaly kasty  ýok.

Gyz ädimi  bilen düşýärdi  ýere.


Jaýlar,  pyýadalar,   awtobuslaram

Ilkinji  gar  üçin   şadyýandylar.

Keýpihonlar  näme,  sussupeslerem

Bary  şu  gar bilen  ýaşaýardylar.


Asman   altyn  açaryny   aldyryp,

Gar däl, ýyldyz dökýän ýaly bu taýa,

....Paltosynyň  ýakasyny   galdyryp,

Ýigdekçe  barýardy   wadaly  jaýa.


Ilknnji  söýgüsi  ýumşakdan-ýumşak

Ilkinji gar  bolup  inýärdi gökden.

Gar onuň ýoluna boljakdy  düşek,

Ýöne  düşeklige ýetişenokdy.


Ilki ýeriň, soňn  asmanyň zürýade

Geçip   bilmän   ýylylygyň   deňinden,

Ilkinji  gar,  pagyş-para  erýärdi

Ýüzleň, elleň, ýerin ýyly deminden.


Bu  gar  birinji  däl..  däldi  müňünji.

Ol   ýyllaň  hasabyn  undup   ýagýardy.

Ol  kimiň  birinji,  kimiň  ýüzünji,

Kimiň bolsa, on ýedinji  garydy!


Şu   gar  üçin   göwünlermiz  ynjaldy,

Geçenem,   geljegem   jem   boldy   bizde,

Dünýede   hemme  zat  ilkinji   boldy —

Garam,  Bagtam,  Gaýgy-hasrat,  hoş  söz-de.


Maşynlaryň  öl   köçeden   barşyny,

Beýik   penjireleň   akja  perdesin,

Gögüň dynman elek eläp   durşuny,

Bagşyň barmak basan şirwan  perdesin.


Öňler   müňläp   kişi   görenem   bolsa,

Duýanam   bolsa,  müňlerçe  ýürek,

Olary,  hut ýaňy  dörän mysaly,

Görup  bilmek  gerek  ilkinji  gezek!


Aýlan  sen, pyrlan sen, bolmasyn  ünjüň,

Gyz ädimi  bilen  düş ýere sary,

Öten   ýyl   ilkinji,

Bu  ýyl   ilkinji,

Soň  ýene  ilkinji   müdimi  garym.