KÖNE  KART


Penjiräň öňünde  bir  owadan  gyz,

Ýaryny  ýat edip, gam  çekýär  ýalňyz.

Köne  kart  sakawlap   aýlanýar  çetde:

«Gam   çekme,  gyz,

Gam   çekme,   gyz,

Gam   çekme!»

Gijäniň  içinde  goýup  kümüş  yz,

Garagol   ýapjagaz  akyl  ýatyr  tiz.


Uzakda  ikatýok  çotuny  kakýar;

Çypar   aý  asmandan  zemine  bakýar.

Bu  tüýdügiň sesi eşdilýär  nirden?

...Bu   gije  durşuna — Rehmet  Seýidow.

Gyz  dessandan   gelen — gara  gaşy   ýaý.

Ýüzleri   diýjekmi — aýa   ogşaýa!

Öňde döwrümizden  bir  alamat bar:

Köne   kart   sakawlap   aýdym   aýdýar.

Bu garagol  ýigit, süýji  söz  ýigit,

Aý  dodagy  kimin  gyzyl  gül ýygyp,

Gelmez   yz   ýanyna,   aýnany   kakmaz,

Gyz   gussa   batypdyr,   bu   gije  ýatmaz.

Köne  kart  sakawlap   aýlanýar   çetde;

«Gam   çekme,   gyz,

Gam   çekme,   gyz,

Gäm   çekme!»

Erte   agşam   hemmeler   taýyna duşar,

Aý Güne, Gün  bolsa  Aýyna duşar.


Emma  ýigitleriň  arzuwy  bu  gyz,

Penjreden   bakar  oturar   ýalňyz.

Uzyn   barmaklarda   ýadygär   ýüzük,

Ýigit  haýsy   köld-e   ýörýärkä  ýüzüp?

Oturşy   ýüz   gazal,  turşy   muň   gazal,

Ak jaýyň  içinde  aýlanýar   gözel

Köne  kart sakawlap  aýlanýar  çetde:

«Gam   çekme,   gyz,

Gam   çekme,   gyz,

Gam   çekme!»

Pahyr  köne kartyň  sesi  gyrlypdyr,

Emma   gyza  şol  teselli  berip  dur.


Ah, köne kart, ah, köne kart, köne kart,

Sen   türkana   gop   bermekçi köne   kart.


Ýöne düşün   ahyr,  bu   ajaýyp   gyz

Gam  laýyna   batyp   aglanok   heniz.

Uzakda  ikatýok çotuny   kakýar,

Çypar  aý  asmandan  zemine  bakýar.


Nirede   gam-gussa,   nirde  doňaklyk,

Bu  aý  aýdyň gije juda  oňatlyk!


Gyz   ýene tolgunýa,  juda   tolgunýa,

Düşün-ä,  şne köne  kart,  toý  güni gelýä.