KIÇIJIK  ŞÄHERLER


Men   kiçljik   şäherleri   söýýärin!

Ol  ýerde  hemme  zat  sadadan-sada,

Uly   şäherlerde   tapylgysyz   zat,

Bu  ýerde  ýer   bolýar   myhmanhanada.


Bu  şäherde   hemme   tanyş,  

mehriban, Hilesi  ýok,   allary  ýok  gepinde,

Onuň   bir   çetinde   güläýse   biri,

Derrew   eşidýärler   beýle çetinde.


Bu  kiçijik  şäherjigiň   göwni   giň,

Ol   bagyşlap   bilýär,  gynaman   jany.

Ilki:   «Ajap   şäher,  owadan   şäher!»

Soňam   «Oba!»   diýip,  çykyl   gidýäni.


Bu  ýerde   kän   hapa   işler   edilmez,

Asylly   işlerem   edilmez   kelte.

Çünki   bütin  şäher   anygna  ýeter,

Ýerden   tylla   halka   galkanda   erte.


Bu  şäherde  dul  gapysy   kakylmaz,

Gyzylmy-ak,  mele   şerapdan  doýup,

Bu  şäherde  gündiz  ýagty  söýerler,

Garaňky   gijäni   parahat   goýup.


Bu   şäherde   söz   diýeniň — namysdyr,

Şoň   üçinem   ikilik   ýok   gepinde.

Onuň   bir   çetinde   aglaýsa   biri,

Derrew  eşidýärler  beýle  çetinde.