KÜTEKLIK


Durmuş   kämil  dälmi?

Ýa-da   adamlar?!

Ýygnaklarda   orta   atylsa   teklip,

Ähli   ýitilikleň   örküne

                                         agzy

Synan   palta   bolup  urýar  küteklik.


Haýran   galaýmaly!

Nirede  bolsun, —

Ol   ýitýlik  bilen   geçir   sözüni.

Ýok.  Küteklik  kesip  bilmäni  üçin,,

Ýykyp-ýumrup,   ykrar   eder   özüni.


Ol   şeýle   başarjaň,  şeýle  bir

                                               ussat, —

Umuman, öňünde durmak juda kyn,

Walla,  gür  tokaýa  taşlaýsaň,

Şonam

Kütekligi   bilen   çapmagy   mümkin.


Önde-soňda   düşünmeli   ahyry!

(Muny   wagtal-wagtal   boýnam   alýarys)

Ýitiligi  ulanmaly   wagtymyz

Kütekligi   aýlap-aýlap   salýarys.


Ol  saňňy  dişlerin  syrtardyp  çala,

Haýbat  atanynda  kötekli  güne,

Oturanlar duýman elini  çarpar

Onuň   örän   ýiti   kütekligine.


Ol   özüniň  kütekligin   bilmez   hiç,

Bar  bolsa-da  şu  gürrüň  bar  tarapda

Mundan  uran   kütek  gyljynyň  ujy

Nämüçindir   şaňlar  durar   arapda.


Emma  kütekligiň  bir  täleýin  bar:

Ol  sapyndan  sypar  gider  iru-giç.

Ýöne hyjuw bilen  kütekligini

Ykrar  eder  ýere  düşerne  deniç.