MÄREKE


Öz işine  gümra  gadym  giň jahan

Käte  gam   getirer,  käte  hemaýat.

Çirkin-çirkin   aglanynda   gyzjagaz;

«Öýkeni   giňär!»   diýp.güldi  jemagat.


Ýýgrimi  gyş   geçdi,  ýigrimi   bahar.

Şo   gyz   kämil   çykyp,   toýa   şaýlandy!

Şonda  ol   gözelin  ikinji   sapar

Owadan   gözlerne   duman   aýlandy.


«Aýu,  Tula,   begenjiňe   aglaýaň!»

Diýip, ýomak   atyşdylar   gelinler.

Entek   nämäň-nämedigni   aňmaýan

Gyzlaň  ýylgyrşyny   gizledi  ýeňler.


Soň ýene  aý  ötdi.Ötdi  köp  bahar.

Kim   gam   çekdi,  kim   keýpini  çaglady,

Şonda   şol  gözelmiz  üçünji  sapar,

Soňky   sapar   için   tutup   aglady.


Indi ahmyr ýokdy, gözýaşam ýokdy

Söýgi, umyt ýer tapmadyk synada.

Diýdi, il ýene-de juda sogduryp:

«Maşgalada öýke-de bar, kine-de!».


Paşmadyk   umytlan   gizläp   ahyny,

Şatlykdan üç   gezek  aglaýan   barmy?

Sen   aýt,  märeke,  aýt  ahyry,

Saňa  biperwaýlyk endikmi, kärmi ?.


Neçün  ýagşylyga  ýorýaň agyny?

Seniň üçin hemmeje zat gül ýaly.

Gözýaş   bilen  egsip   ýürek  dagyny

Aglanlaryň  oňatmyka  ykbaly?


Hemme  kişi   bagtly   güne  aglanok,

Adam diýen gülenogam  hesretden.

Eý, märeke, hiç düşünip bilemok,

Mähirlimiň?

Gaharlymyň?

Näme sen?.