MYHMANÇYLYKDA    AÝDYLAN   TOST


Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,

Sada   bolsun   ogulyňyz,  gyzyňyz.

Geçsin  ýazlaryňyz  hereket  bilen,

Bereketli   gelsin   tylla   güýzüňiz.


Törüňizde  hemişelik  guralan

Ýumşak   sallançagyň   ýatmasyn   bady.

Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,

Sönmesin  ojakda ojaryň ody.


Duluňyzdan  gelin  baksyn Aý  bolup,

Tüýnügňizden   gelin  bolup  Aý  baksyn

Ýaman  niýet bilen  işikden giren —

Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn.