NOBATLAR


Adamlaryň   barha   eli giňelýär.

Güle  öwürensoň  eziz   mekany.

Ine,  iki  dükan  otyr  ýanaşyk,

Biri   çörek,  birem   gazýet  dükany.


Çörek  dukanynda  otyr  satyjy,

Pallanda   ýyldyrap   gidýär   dişleri,

Ol  ýigidiň eli  boşurak öýdýän,

Ýogsa   beýle  daralmazdy   saçlary.


Gapdaldaky   dükan — neneňsi   görnüş!

Onuň   nobatynyň  döreden  ýoly —

Uruş  ýyllarynda  çörek dükannyň

Hiç   yzy  üzülmez  nobaty  ýaly.


Sabyrly   garaşýar   gezegne   her   kim,

Işçi,  okuwçylar,  çalaran   başlar.

Biz  käte  bu  bagty  görmän  geçýäris,

Bu  zat juda oňat ahyr, ýoldaşlar!


Ertirlik   naharyn  ýanyna   alan

Gazýet  nobatynda  çekip  «ezýeti,

Ahyr  ýol  ugrunda  büdräp,  çakyşyp

Buterbrod   bilen   okýar  gazýeti.


Adamlar   bir   hili   beýgelen   ýaly?

Olar   halal   gazandylar   bu   bagty.

Bireýýäm   gutardy   çörek   nobaty,

Gün-günden  uzaýar   gazet   nobaty.