SURATÇY  OGLAN


Çekdi oglan dag suratyn adama meňzeş.

Çekdi oglan bag suratyn adama meňzeş.


Uzyn günläp deňiz çekdi, gül çekdi,

Hemmesine jan  beräýseň,  adam  deý:

«Ah, ýaşamak hezil!» diýip  güljekdi.


Ertesi   gün  surat  dersi

Mäkäm   gysyp   dişlerin,

Ine,  okuwçylaň  hersi

Görkezýär   öz  işlerin.


Otyr   oglan,     ,

Depderinde  ençe  ýürek  mňzeýär.

Günem — Adam.

Gülem — Adam,

Asyl çeken ähli zady adamlara meňzeýär.


Mugallyma   köp  zeýrendi:

«Wah,  seniňki  şol   bir  zat —

Günem  çekseň— Adamzat.

Gülem   çekseň — Adamzat».


Näzik şemal şahalarda  çalyp otyr sykylyk

Barýar oglan  öýlerine, depderinde ikilik

Gökde  güneş  adam  ýaly:

«Gam   çekme, oglan!» — diýdi.

Ýerde   güller   adam   ýaly:

«Gam  çekme, oglan!» — diýdi.


...Ertesi  gün  uzakdz

Doganda   güneş,

Oglan  ýene  gün  çekdi

Adama   meňzeş!