ÖZ  SÖÝENMIZ  ÜÇIN.....


Öz  söýenmiz  üçin   hemmämiz  jomart!

Biz  bu  dünýä öýe kimin garýarys.

Iň  gymmat,

In  zerur,

Gözel   zatlary

Alýarys-da   ýare   sowgat  berýäris.


Bütin  Ýeri   sowgat   berýäs  gyzlara,

Onuň  minaradyr  şäherlerini,

Onuň  al  şerap  deý  iňriklerini,

Dumanly-dumanly   säherlerini.


Soňra   ýyldyzlary,

Deňiz-derýany,

Soň kellämiz  gyzyp  gidiberse has,—

Aýy iki ýaryp zergär mysaly

Ondan  ýara   gulakhalka  ýasaýas.


Emma  bize  ýeň  berenok  eneler:

«Biz-ä asyl boş  sözlere düşemzok;

Asmanyň  ýyldyzyn   kakanyň  bilen

Olar ýere teňňe bolup duşenok.


Aý diýýärler,

Deňiz-derýa  diýýärler,

Tapanlarny   jomartlarça   seçýärler,

Emma   ujypsyzjä   galyň   tölemän,

şagal  deý   alyp   gaçýarlar...»