PARALLELLER   KESIŞMEÝÄR  HIÇ  HAÇAN


Seniň ne dostuň bar, ne duşmanyň bar,

Sen   elmydam   çetde,  elmydam   ümsüm.


Sende ne gahar  bar,  ne-de mähir bar,

Sen  salgymy?   Sen   kölgemi?

Sen kimsiň?


Seniň ne ajyň bar, ne-de süýjiň bar,

Il  derdine  ne   agladyň,  ne güldüň.

Öz külbäňe daşap  bilenňi  daşap,

Ýene  bu dünýäden nägile bolduň.


Sen  durmuşy  syçan  kimin gemirdiň, 

Seretdiň köpräk,  arzan  alarňa.

Siňdirdiň öz ruhuň bar boşlugyny,

Şikaýatlaryňa,

Arzalaryňa.


Il   Fronta  soňky nanyn  emlände,

Ýowuz  günler  düşeninde  başyna,

Sen beýikden  beýik  sütün dikeldip,

Tikenek sim  aýlap  dykdyň daşyňa.


Biz

        soňky  pillämiz   guýjumiz jemläp,

Jepa  çekip  örboýmuza   galypdyk

Ahmyr bilen! “Bu durmuşy  ýene  bir

Kerpiç   beýgeldäýsek”   diýip  ölüpdik.


Sen biz bilen  bir köçeden ýöreýäň,

Göräýmäge,

                   ýollarymyz  bir  ýaly.

Emma  syn  edäýsek  içginden-içgin!

Sen bir başga

Biz  bir  başga  dünýäli.


Ýok!

Sen  günüň ýüzündäki  menek sen,

Bu gün sen perdäňi açýaň aç-açan

Seniň ýoluň

                    ýodumyza   parallel!

Paralleller kesişmeýär  hiç   haçan!