SAG BOL, DURMUŞ... Sar bol, durmuş! Sag bol bereniň üçin. Şükür, saçagymda. kemenok çörek. Ýöne adam Çörek bilen adam däl, Oňa başga-da kän, Kän zatlar gerek. Sag bol, durmuş! Sag bol bereniň üçin, Ýagyşlaryň üçin, garlaryň üçin. Ýöne ýagyş, gara juda höwrügip, Adamyň hasratdan ölmegi mümkin. Sag bol, durmuş! Sag bol bereniň üçin. Il deňinde ýar ýerinde ýar berdiň, Ýöne ýaryň saçyn ýassyk edinip Ýatmak gylygyna syganok merdiň. Dahana sez berdiň waspyn diýere, Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp, Dost kyn gunüň gerek. Duşmanam berdiň. Şat günümde aglap biljek ajaýyp. Saglyk berdiň, duýgy berdiň köňlüme, Dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline, Şu zatlaryň zşagyndan çyk diýip, Iň soňunda galam berdiň elime. Bu baglaryň göwi, Egri hatary, Gülleriň, günleriň müň hili reňki Adamlaryň sary aýralyklary, Elwan duşuşgy bary meniňki. Gije-gündiz galamymy oýnatdym, Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan Aşagyndan çykar ýaly däl eken, Kän zat alan ekenim men durmuşdan. Ýöne neçün Mende kinäň bar ýaly, Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan? Ýa-da onuň bolmalysy şeýlemi? Eýýäm aýra düşdüm inçs deň-duşdan. Atyň eýerinde tans oýnaýyn, Ýolbars deý böwseýin oduň halkasyn, Köp zat berdim diýip gynama meni. Berenleriň üçin taňryýalkasyn. Pursat ber, howlukma, Gyssama meni, Älemgoşaryňa bir gaş kakaryn, Önümde ak kagyz. Elimde galam. Menem bir gün bergilemden çykaryn! |