ŞÄHER.  DYNÇ  GÜNI.  SÄHER


Säher  bile

                        şäherime çykýaryn,

Ol günden däl,

                       ol  ýüzlerden  ýap-ýagty.

Köçelerem   ýagty   aýna  mysaly.

Agşam   ýagyş   ýagdy.

Juda  köp ýagdy.


Adamlardan   hyň   berip   dur   awtobus,

Ýegşerilip   barýar,

                       çygynyp   barýar.

Kiosklaň  öňi  giden   märeke.

Märeke -

                       gazýete  nobata  durýar.


Açyk  penjirede!

ikinji   gatdan

Ýaňlandyrýar   bar   köçäni  „Gözel  ýar“.

Bir  jenanam   agşam   ýanyna   girip,

Säher diri ýiten ýigdi gözleýär.


Başga  biri

                saçyn döküp egnine

Ýençýär gaýgyrman gara roýaly.

Näzik dodaklaryn dişläp,

                                          ýençýär ol,

Weli  Muhadowda   ary  bar  ýaly.


Bitaý geýen köwşi bilen ýer dyrmap,

Fizik — professor,   aljyraňňy  är.

Unudyp  lektsiýa,  seminarlary,

Dynç gününi,

Dynç  gününi   diňleýär!


Adam sili  iki-ýana urunýar,

Ýüzlerinde,

gözlerinde

                       gussa  ýok.


Olar

                       juda   meňzeş   biri-birine,

Olar

                       juda  biri-birine meňzänok.

Oňat  adamlary

                       söýýän ýürekden,

Bilýän,

                       bu  akymda   erbetleň  baryn.

Ýöne

                       oňatlaryň  içine  garyp,

Bu dynç  güni

                       men olaram  söýýärin.

Goý,

                       güňlesin  ýurt üstünde

bu  asyr!

Hem  diňlesin  ýürek bile dynç güni  

Bu

            adamlar   dynç   almagy   söýýärler,

Bu  adamlar

             gorarlaram  dynçlygy!