SAZLAŞYK


Goý, ýazsynlar gussa çekýäň kän diýip,

Näme,  ýürek  kada  garap durmaýar.

Serediň,  çalýmtyl,  beýikden-beýik

Asmany   gulaçlan   ötýär   durnalar.


Güýz ýene endikli elleri bilen

Ýolupdyr   şahadan   ýapraklaň  baryn,

Tankyt  ediljegimi   bilsem-de, ýene

Güýz  bilen  oguryp   gussa   çekýärin.


Bu   gussa  durlaýar, saplaýar  meni,

Ähli  geçenime nazar   aýlaýar.

Seredip otursam, şeýle gussada

Geçen ýoluň görner eken  has  aýan.


Ýüregime  ýassyk  edip   gussany,

Geçen  hakda  oňa  sorag berýärin.

Her  halda  ýaşlygym  günläp  geçipdir,

Men   muňa  sähelçe  ökünmeýärin.


Günleriň şat  gülküsini bölüşip,

Aglana teselli berip ýetişdim.

Aýly  gije uly  Aýyň gaşynda

Aý  jemally  ýarym  bilembilen  öpüşdim.


Gördüm  menem ýigrim bäşiň içinde!

Güýz   gelýär — ýapraklar,   meýdanlar  solýar,

Ýöne yz beýik zat,adam duermuşyn,

Kalbyny  beýgeldýän eserlergalýar.


Häzir  bolsa, bu paýhasly güýz bile,

Ýumşak  gussa çekýäs, sözsüz sözleşip,

Ýaşasyn  adamyň  hem  tebigatyň

Arasynda güňläp duran sazlaşyk!