SÖWÜTLI Söwütli, Söwütli, Eziz diýarym, Iň oňat zatlaryň undulşy ýaly, Senden aýra düşup on bäş ýyl ýarym, Ahyry üstüňden saldym men ýoly. Nirde o ýyllaryň egrn ýollary, Jaýlar, baglar bary sumat bolupdyr, Diňe bir gopbajyk söwüt baglary Hem mähriban degirmeni galypdyr. Çagalaň unudan enesi ýaly, Söwütliniň söwütleri giç-ertir: «Haçan geler, gaýdyp geler balalam» Diýip, ýollaryna seredip otyr. Bagyşla, Söwütli! Adyňa gurban! Eziz maňa söwütlerin ýapragy. Ata-babalarmyň namysyn gorap, Ata-babalarmyň ýatan topragy. Ne kine bar, ne ahmyr bar göwnüňde, Çäjiňi harpykdan saýlap otyrsyň. Ýalnyz galan garyp ene mysaly, Köne degirmeniň aýlap otyrsyň. |