TOPRAGYM


Seniň duzuýa iýdim, nanyň iýdim.

Galplygam  etmedim,  Hudaýa   şükür.

Käte göge galdym,  kä  gökden  indim,

Emma  hiç  ýitmedim, Hudaýa  şukür.


Ilkinji  sözümi  senden  başladym,

Duzuňy  syladym — ýalan  ýazmadym.

Diňe seniň gyşyň bilen ryşladym,

Diňe seniň ýazyň  bilen ýazladym.


Ýitirenmi sen goýnuňda  ýitirdim,

Tapanymam  sen   goýnuňda  tapdym   men

Sen  bolaňson dünýe  akyl  ýetirdim

Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.


Hol, gaýanyň eteginde  oturan

Bagyň  deňesinden   gabytly   geçdim.

Ýene bir  gün,  gökden sowulyp  dumaw,

Şol   bagyň  düýbünde  al  şerap içdim.


Nirä  gitsem,  meniň  bilen  bolduň sen,

Sen seretsem, öňki süňňüm  ekeni.

Çalyşman  daş   ýurdun   gülleri  bilen

Aýakda  yz goýan  seniň tikeniň.


Minnetdarlyk  sözi  sada  bolarmyş

Ýollaryň  ak  bolsun.  uzaga gitsin,

Baky uka  batsam  bir  gazaply  gyş,

Seň goýnunda ýatmak  miýesser etsin!