Säher  turup.....


Säher  turup,  syl  ýüzüňe çagaňy,

Päkliginde   bolup   bilsen   şonça  bol.

Sen   sanama   gara  saçyň  agyny,

Sen   sag-aman  öreniňe  monça  bol.


Biz   hemmämiz   şatlyk   üçin   doguldyk,

Şoň   üçinem   geçdik,   ine,   şunça   ýol.

Şat   günleriň   köp   bolmanna   gynanma,

Şat   günleriň  bolanyna   monça   bol.


Goňşyňy   gozgama,   göçmesin   gonşyň,

Goý,   öçmesin   sen   ölçerme  oduny.

Aýaklaryň  ätjek   ädimin   äder,

Göreçleriň   görer   görjek  zadyny.


Säher   turup, syl   ýüzüňe  dünýäni,

Giňliginde   bolup   bilseň   şonça   bol.

Bu   dünýäne   mahsus   ähli   zatlaryň

Senden   sowlup   geçmeýänne   monça   bol.


Erbet  bor   bu   baglar   geçse  deňiňden,

Bu  ýagyşlar  seniň  uçin   ýagmasa.

Bagy   ikiýana   bulanda   tupan,

Zerur   çygy   gül   ýüzüňe   degmese.


Gykuwlaşyp   geçip   gitse  deňiňden,

Durnalaryň   ýyllar   kimin   hatary.

Seni   gozgamasa   beýik   ýaşaýşyň,

Çözülen  hem çözülmeli  m a t a l y .


Şoň   üçinem   syl   ýüzüne   dünýäni,

Özüň  hakda,  goňşyň hakda  pikir  et,

Bu   dünýäňe   mahsus   ähli   zatlaryn

Senden   sowlup   geçmeýänne   şükür   et.