Bir uly  eşret bar  ýeriň  ýüzünde


Bir uly  eşret bar ýeriň  ýüzünde,

Olam   arzuw   etmek,   pikir   etmekdir.

Şänik  bolsa,  oň   maňzyna   ýetmekdir.

Pikir   bolsa,  oň  maňzyna   ýetmekdir.


Adamlaryň,   şäherleriň   pikrin   et.

Pikriň  dury   bolsun   asman   mysaly.

Onuň   artyk   geýmin   sypyryp   taşla,

Güýz   baglaň   ýapragyn   sypyrşy   ýaly.


Kitaphanalara   gatnaň   ýadaman,

Agras,   kämil   bory   üçin   pikiriň.

Dünýede   hemme  zat  bal   bile  ýag  däl.

Siz   goja   dünýäniň  boýun  ýetiriň.


Owal-ahyr   uly   oýda   kösenip,

Gadym   bir   zamanlar   çyzgap   goşaryn,

Dünýä   adamlary   döretdi,

Indem

Siz   bu  dünýä  düşünmegi   başaryň.


Dünýäde  her  zadyň öz ýeri  bolýar —

Akylly-paýhasly   biziň   dünýäde:

Adam   suw  teýinde  gark  bolup   ölýär,

Balyklar   gark  bolýar  dury  howada.