ATALAR  WE  OGULLAR


Atalar-ogullar...  beýik döwletler,

Şolardyr  bu döwre ýakyn salýanlar,

ýöne käte düşýär bu iki nesliň

Arasyna   çöp   atmakçy   bolýanlar.


Galat  pikirlere uýmak ne derkar,

Işimiz   şowludyr,  günümiz  düzdür,

Ýok,  atalar  biziň geçmişimiz däl,

Biziň   atalarmyz   şu   günümizdir.


Nirä  barýar  naýza  kimin düzülip,

Aýdym   bilen  dyňzap  duran  hatarlar?

Olar  täze dünýäň  goragyna  galan

Mizemez   ynamly   biziň  atalar!


Olar  geljegmiziň  dok  dänesini

Durmuşyň   tarpyna   atanlarmyzdyr.

Ykballaryna  beýik  synag duş  gelen

Mýzemez   ynamly   atalarmyzdyr.


Öňden  gelýär  şeýle  ajaýyp  nakyl:

Ekin   ekilmese,   hasyl   orulmaz.

Bu   biz   ahyr — eken   zadyn  orýanlar,

Bu  biz   ahyr — atalar  we ogullar.


Häzir  olaň  kimsi  pensiýa  çykan,

Kimsi   işde. Emma   maksatlary  bir:

Olar   bu  günleriň  ogullarynyň

Gatnaýan   iň   kämil   mekdepleridir.


Goý, dar  balak  geýsin,  kafe  gatnasyn,

Ýöne gaýtalansa  ýene o  günler,

Atalar   dek   merdem  aýaga   galar,

Şolaň   mekdebinde   okan   ogullar!