ÝAZLARYM


Durna, jümjümeli, älemgoşarly,

Ülkäme toý bolup  gelen, ýazlarym.

Edepli-ekramly  gündüz  goşarly,

Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym.


Çaga  bolup, ýaýlalaňda  oýnadym,

Ýigit  çykyp,  görmegiňden   doýmadym,

Kämillikde   Şygrystanda   ýaýnadym,

Ýylda ussat bolup  gelen, ýazlarym.


Diriliş sen, galkynyş sen, durmuş sen,

Guşa   ganat,  bize   ylham  bermiş   sen,

Elwan   köpri   gelejege   geçmişden,

Çyn  aşyga döwran  bolan, ýazlarym.


Göz  aýladym  bu gün ýakyn-daşlarym,

Begenjimden  gök diredi  başlarym.

Söýenim, sylanym, deňi-duşlarym,

Aman eken ilen-çalan, ýazlarym.


Sen bir jadygöý sen, giden bir many,

Özüň   bilen  ýazlaşdyrdyň  ynsany.

Maňa   il-günümiň  şöhraty-şany

Nesip etsin  seniň  bilen, ýazlarym.


1973.