ÝETGINJEK


Öňküsine  görä üýtgeşik  dünýä,

Nämüçindir dünýäň öňküligi  ýok,

Ol  özünden  uly  bolmak  isleýär,

Öz   ýaşyndan   uly   bolup   bilenok.


Görýän   düýşleri  hem   öňküleri  däl-

«Söýüşen gyzlary  bardy  bir  çene,

Ol  ýuwaş-ýuwaşdan  düşünüp  barýar

Gelinleň,   gyzlaryň  gözelligine.


Bir  täsin täzelik gurşaýar  ony,

Ol  häzirden  görjek bolýar  geljegin,

Howlaýar. Ululaň  yzyna   düşýär,

Geýýär  uly  doganynyň  penjegin.


Uruşly  kinolar ýat boldy oňa,

Düşenok ýadyna oýun, kepderi,

A  «Söýgi  oduna»  goýberenoklar

On   alty   ýaşyna  ýetmedikleri.


Ýigitligiň   galesyny   kakýar   ol,

Açanoklar, wah, nätmeli?  Itmeli?

Itse-de, bu gapa  goýberenoklar

On  sekiz  ýaşyna ýetmedikleri.


Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýana.

Kakasy geň galýar: «How, keýpiň ýok-la?» .

«Men ullakan  adam  bolasym  gelýär,

Näme  üçin  meni  goýberenoklar?...»