TSYGAN   AÝALY


Köne jygyldykda  atynyň  şalyn,

Diňe  ile oňatlykda   hyýaly,

Üýşürip   daşyna  jemende   baryn,

Pal   etýärdi   garry   tsygan   aýaly.


Ellermiziň   aýasyna   bakýardy,

Kä  gaş   çytyp,  kä  gülýärdi  çylkasyz.

Kellesin   silkende oýnap-bökýärdi

Ýarym   aýa  meňzeş   gulak   halkasy.


Gözläp   tapyp   kartlarynyň   haçyyny,

Hemmä   bagt   isleýär   uludan-uly.

Sypap   geçýär   guran   göwsün,  saçyny

Urşuň  yz  ýanynyň  parahat eli.


Biz  hemmämiz  gussaly  gün  gelerdik,—

Gelerdik   ýanyna   tukat   wagtymyz.

Bary-ýogy   bäş   manada   alardyk

Köňlümiz   dirilden   gymmat  bagtymyz.


Ýurt  bolsa o ýyllar gaýnap-joşýardy,

Külden  hem  hesretden galýardy  parlap.

Kim   duşanok, kim  bagtyna  duşýardy,

Ýeriň   ähli   tarapyndan   soraglap.


Jygyldyk   gyzýardy,  çykýardy  serden,

Her   kim   harydyny  öwýärdi  kemsiz.

Deňi-taýsyz  ynam  setansoň  birden

Bize  gyýa-gyýa   bakýardy   kempir.


Ol   birden-ä  otluçöpun  ýakýardy,

Birdenem   ynanman   bagtly   kartyna,

Gussa   bilen   aýasyna   bakýardy,

Bahyllyk edýän dek  beren  bagtyna.


Haçly  karty   il   bagtyny   tapýardy,

Emma  welin,  öz  oglundan derek ýok.

Gadymlardan gelýän bir kada bardy.—

Pal   atýanyň  paýyna   bagt  düşenok.


Iň  elhenç,  iň   ajy   hakykatdyr   bu,

Ile  ynam  paýlap  gije  we gündiz,

Özüň  paýsyz  galsaň  şol üleşlkde,

Geljege   ynanman   bagtsyz   hem   ýalňyz.


Pala  biz  ynandyk çynymyz  bile,

Ol   köpbilmiş — oňa   bar  zat aýandy

...Asfalьty  süpürip  köýnegi  bile

Barýan  gara  şol  betbagt  aýaldy.