Şahyr Nazmuhammet Pakga

Şahyr Nazmuhammet Pakga Eýran Türkmenleriniň rubagy şygrynyň ussady hökmünde tanalýar. Ol Türkmensähranyň Akgala şaheriniň Şagaldepe diýen obasynda dünýä inýär. Ol okuwyny Ataabat obasynda gutarandan soň bir az müddet medreselerde mugallymçylyk işi bilen meşgul bolýar.  Nazmuhammet „Jahad-e Daneşgahi“ diýlen okuw jaýyny gutaryp, žurnalistlik işine başlaýar. Žurnalist Nazmuhammet Pakga özüniň köp makalalaryny Eýran Türkmenleriniň syýasy we yjtymagy hal-ýagdaýyna bagyşlap dürli dergilerde çapa ýetirdi. Onuň  makalary Eýranyň Pars dilli dergilerinde, şeýle-de „Ýaprak“ we „Sähra“ dergilerinde hem çap edildi.  Ol diňe žurnalistlikde däl, eýsem şahyrçlyk we ýazyçylyk bilen meşgullanyp, öz ussatlygyny bu meýdanlarda hem subuta ýetirdi. Onuň „Söýjek bolsaň“ diýen şygyrlar kitaby 1999-njy ýylda çap boldy. Nazmuhammet Pakga  2002-nji ýylyň Ruhnama aýynyň (sentýabryň) 14-ine dünýäden ötdi. Şahyr Nazmuhammet Pakganyň „Söýjek bolsaň“ diýen şygyrlar kitabyndan birnäçe rubagylary size hödürleýäris.

Mazar

Men hoşumy şatlygymy paýladym
Yşkymy-söýgimi ile paýladym
Ýöne entek bu hasratly kalbymy
Eltip özüm elim bilen jaýladym


Baky intizar

Ýadyň akarlarda, olumda galdy
Adyň goşgy bolup, dilimde galdy
Bilýämiň ezizim! Şol günden bäri
Gapyňam gözleri ýoluňda galdy?!


Ýyldyz

Bir adam bu ýerden göçdi bu gije
Mahmala bürenip, gecdi bu gije
Men şo mahal aýa bakyp otyrdym
Asmanda bir ýyldyz öçdi bu gije.


Baýdak

Il derdine derman bola bilsedim.
Söweşde baýdak deý gala bilsedim.
Ölemde-de gülüp ölerdim welin
Watan üçin gurban bola bilsedim.


Ejizlik

Köňlümi her ýana, kowup bilmeýän
Ýüregmiň ýüregni döwüp bilmeýän
Ynha men şoň üçin, ýekeje salym
Gözellikden gözüm sowup bilmeýän.


Bu gün

Aý bilen asmana ara çekdiler
Gül bilen bilbili nara çekdiler
Güneşi zynjyrlap atdylar çaýa
Aşyklary tutup dara çekdiler.


Söýgi diýmek

Söýgi diýmek, men-menlikden geçmekdir
Söýgi diýmek, özüňdenem geçmedir
Sen söýgüni sähel zatdyr öýtme,
Söýgi diýmek, ýana-ýana öçmedir.


Haraý

Nirde sen bir mahal ýitiren söýgim?
Meni öz –özümde gark eden gaýgym
Geliň! Bu ölümden gutaryň meni,
Sen eý ýiten gaýgym, güm bolan söýgim


Haýt!

Dünýä bezenip dur saçlaryn darap
Sen oňa göz kakýaň, kölüňe ýarap
Munça gyzyklanma bu oýunlara,
Öňde ajal otyr ýoluňa garap!


Saçakly gujak

Geliber! Bu sahraň gujagy giňdir,
Gujagyça onuň saçagy giňdir.
Gujagna-saçagna göriplik etseň
Şonda, bu sahrada ýaşamaň kyndyr.


Gapyl

Ýaz gelip geçipdir, duýmandyryn men.
Saz çalyp geçipdir, duýmandyryn men.
Güýz içinde ýaşap ýörän mahalym,
Ýar gülüp geçipdir, duýmandyryn men.


Küýseg

Derýalaryň suwun içdim suwsadym.
Göz ýaşymyň soňun içdim suwsadym.
Men çagamdan beter agladym bu gun,
Enem janyň ak süýdüni küýsedim.


Söz

„Meni söýýäňmi?!“ diýp, müň gezek sora.
Özüňem söýýän diýip, söýgini gora.
Aýagymyzyň yzy barka bu çölde,
Söýgüden başga söz düşmesin ara.


Geçelge

Gana-gana şerabyňdan içsedim.
Humar bolup men özümden göçsedim.
Ne-hä şerap berdiň, ne humar etdiň,
Wah bir seniň hyýalyňdan geçsedim.


Nyşan

Saz edende agyr derdy köşändyr
Geňlenende gaýgy-gamdan boşandyr
Aýdymlarny berdi sähraň aňyna
Rubagylam şolardan bir nyşandyr.


Ýyllar kerweni

Serhoş bolup özümden boşamadym
Dem-salym erkana ýaşamadym
Geçdi gitdi ýyllar yzly-yzyna,
Ýöne entek gaýgydan boşamadym


Çyn aşyk

Aşyklaryň hakyn haklasaň bolar
Söýgiň sarpasynam saklasaň bolar
Çyn aşyga artykmaç zat gerek däl,
Ýüregiň çaýyna oklasaň bolar.


Çüýrük tanap

Hasrat çökdi gözlerime, waý indi!
Gussa ýokdy sözlerime, waý indi!
Ömrüm bir çüýriýen tanaba bagly
Ajal bakdy ýüzlerime, waý indi!


Öwren

Enteg-ä ir göz ýaşyňy dökerden
Hasratly illeriň ýolun sökerden
Dem salym aýak çek, söýmegi öwren
Gyzyl güli öpüp barýan akardan


Ykbalyň örki

Güneş öçer gider, söýgi bolmasa
Aýam göçer gider, söýgi bolmasa
Ýylgyrmak ýat bolar, ýüzün dönderip
Ykbalyň gaçar gider, söýgi bolmasa


Ene söýgüsi

Gyzlar meni sazym üçin söýendir
Güýzler meni ýazym üçin söýendir
Her bir kişi her sebäpli söýse-de
Enem pahyr özüm üçin söýendir


Didar

Müsürde şa boldy Ýüsüp-i kengan
Zylaýhanam oňa ýar etdi eýyäm
Hasratly gezerdi „wah!“, diýip obam


Maşgalam

Aýbölegim, dolan Aýyň bölegi
Gülälegim, gülzarymyň läligi
Gökden ýere düşup mährini çaýan
Enesi bar, çugly günüň bölegi.

(Aýbölek, Gülälek - Merhum şahyryň gyzlarynyň atlary)