I BAP. XIX-XX ASYRYÑ BAŞLARYNDAKY TÜRKMEN EDEBIÝATYNYÑ TARYHY

XIX asyrda ähli Türkmenleriñ sungatyndaky we edebiỳatyndaky ösüş derejeleri deñeçerräk möçberde diỳen ỳaly bize gelip ỳetipdir. Gadym döwürden gelip ỳeten ỳazgylar esasan, şol asyrda döredilip, okyỳjylar köpçüligine ỳaỳradylypdyr.

Mekdep-medreselerde dini kitaplardan daşgary käbir görnükli Gündogar şahyr we edebiỳatçy alymlarynyñ aglabasy taryhy, filosofiỳany belli bir derejede özleşdiripdirler. Edebi dörejiligiñ taryhy, teoriỳasy, tankydy boỳunça Gündogaryñ baỳ material bazasy (ỳerligi) olara gymmatly gollanma bolupdyr. Şol baza olaryñ dörejiliginiñ ideỳa-çeperçilik taỳdan ösüşine itergi beripdir. Gadymyỳetiñ Fales, Anaksimon, Geraklit, Demokrit, Platon, Aristotel, Epikur, Ptolemeỳ, Ewklit, Gippokrat, Gelen ỳaly wekilleriñ pikirleri arap we pars dilleriniñ üsti bilen Orta Aziỳanyñ Mary,Ürgenç, Nusaỳ, Buhara, Samarkant ỳaly medeni merkezlerine ornapdyr.

Ol merkezler bolsa, Muhammet al-Horezmi (IX), Muhammet Zakerỳa Razi (864-925), Abu- Nasr-e Farabi (870-950), Abu- Reỳhan-e Biruni (973-1048), Abu-Ali Ibn-e Sina (970-1037), Omar Haỳỳam (1040), Nezam-el-molk (1017-1092), Naser Hosrou (1003-1073), Mahmut Kaşgarly (XI asyr), Nesewi (XII asyr), Abu Sagid Abul- Haỳir (968-1049), Always (XII asyr), Emir Moezzi (XII asyr), Enweri (XIIasyr), Reşidetdin Watwat (XII asyr), Edip Sabyr (XII asyr), Zamahşary “ Yzmykşir ” (XII asyr), Attar (1119-1230), Abdulla Ensary (1006-1008), Fahraddin Gurgany, Hoja Ahmet Ýasawy, Aly Durbek Ataỳy, Lutfy, Emir Alyşir Nowaỳy, Meşrep, Babyr, Bidili, Hafyz, Sagady “ Sä’ädi ” , Emir Hysrow Dehlewi, Jelaleddin Rumy, Nyzamy El- Genjewi, Hagany (Hakany), Abedy Şirazy, Amadetdin Nesimi, Burhanätdin Siwary, Garajaoglan, Ýunus Emre, Wagyf, Döwletmämmet Azady, Andalyp, Magtymguly, Magruppy, Gaỳyby, Şeỳỳdaỳy, şabende …  ỳaly şahsyỳetleriñ işleri öwrenilip, olaryñ pikirlerinden degerli peỳdalanypdyrlar.

Ýöne welin XVIII-XIX asyrlarda käbir etraplarda Hywa we Buhara emirlikleriniñ peaksoỳon kazy-kelanlary we din hadymlary tarapyndan medreselerdäki we ylmy merkezlerdäki halkyñ syỳasy we jemgyỳetçilik añ-düşünjeleriniñ ösmegine ỳardam boljak kitaplar gadagan edilip, onuñ deregine diñe Kurhan we beỳleki dini eserlerden sapak geçirilipdir.

Şeỳle ỳagdaỳda ylymyñ-bilimiñ, ruhy medeniỳetiñ ösüşüne ỳurtdaky syỳasy öwrülişikler hem öz täsirini ỳetiripdir.