Dr. Hangeldi OWNUK************************
* Ahmet Ahundow Gurgenli: Günorta-günbatar Türkmenistanyň edebi mirasy barada gürrüň gidende, Ahmet Ahundow-Gürgenliniň adyny agzaman geçmezlik bolmaz. Ahmet Ahundow-Gürgenli 1909-njy ýylda Eýranyň häzirki terretoriýasynda ýerleşýän Mazenderan welaýatynyň (häzirki Gülüstan) Kümüşdepe şäherinde ýokary bilimli din wekili bolan Pejep ahunyň maşgalasynda dogulýar. Pejep ahun ýokarda döredijiliginde gysgaça syn berlen Allaguly şahyryň ogludyr. Dýmek, Ahmet Allaguly şahyryň agtygy bolýar. Ahmet Ahundow- Gürgenli 1943-nji ýylda 2-nji jahan urşunda Germaniýa bilen SSSR-iň arasyndaky uruşda wepat bolýar. Ahmet 1926-njy ýylda Eýrandaky pählewiler hökümetiniň zulumyna çydap bilmän, hakykat gözläp, Sowet Türkmenistana gaçyp atýar. Ol türkmen köne biliminden hem täze okuw düzgünlerinden sowatly bolupdyr. Sankt Peterburg şäheriniň
Ahmet Ahundow-Gürgenliniň edebi mirasy barada ýazyjy Kasym Nurbadow ýörite kondidatlyk dessertasiýasyny ýazyp, onuň ömrüne we döredijiligine degişli gymmatly maglumatlary toplady.[1] Ýene-de ol ýazyjynyň eserler ýygyndysyny “Gürgen jülgeleri” ady bilen aýratyn kitap edip neşir etdirdi.[2] Ahmet Ahundow-Gürgenliniň döredijiliginde “Gul ogly-Myrat” we “Gürgen jülgelerinde” powestleri belli yz galdyran eserler diýlip hasaba alynýar. Bu iri göwrümli eserler türkmen prozasynyň kemala gelmeginde öz belli bir roluny oýnamakdan daşgary, XX asyryň 20-30-njy ýyllaryndaky Eýran türkmenleriniň, ylaýta-da Gürgen boýlarynda ýaşaýan ýomutlaryň durmuşyny dogruçyl suratlandyryp bilýänligi bilen uly ähmiýete eýedir. “Gürgen jülgelerinde” powestiniň beýleki bir ady “Kümüşdepe durmuşyndan”. Hakykatdan-da bu iri göwrümli powest 20-30-njy ýyllaryň Kümüşdepe durmuşyndan söz açýar. Eserde Eýranyň şol döwürdäki reaksiýon syýasaty garyp daýhanlaryň ezilşiniň üsti bilen dogruçyl suratlandyrylýar. Powestde Gümrükhanada işleýän hökümet wekili Muhat diýen otrisatel tipiň obrazy arkaly şol döwürde halka sütem edýän ýüzlerçe Muhat ýaly azgyn adamyň tipik obrazy döredilipdir. Parahorlyk, zynakärlik, tirýekkeşlik, gumarbazlyk ýaly ýaramaz sypatlar Muhadyň obrazynda doly aýdyňlygy bilen jemlenýär. Bu şol döwür Eýran durmuşynyň real beýanydyr. Bu ýagdaý eseriň ähmiýetini kesgitleýär. Ýazyjynyň “Gul ogly-Myrat” powestinde-de şol döwrüň Eýran türkmenleriniň durmuşy görkezilýär. Eseriň adyndan belli bolşy ýaly, eser esasan “gul”, “ig” ýaly sosiýal meselä baglanypdyr. Gul ogly Myrat ig gyzy Döndini halaýar. Emma gul bolany üçin oňa döndini bermeýärler. Eseriň ähli mazmuny şu durmuş hakykaty bilen utgaşykly beýan edilýär. Myrat Döndini alyp gaçýar. Emma ony tutýarlar we zyndana taşlaýarlar. Döndi ata-enesiniň gurbany bolýar. Myrat hem zyndanda ençeme horluklary başdan geçirmeli bolýar. Zyndanda ol Hydyr diýen bir bigünä daýhan bilen tanyşýar. Hydyr Myrada öz maksadyna ýetjek bolsa, Sowet Türkmenistana gaçmagy maslahat berýär. Myrat Hydyryň kömegi bilen zyndandan gaçýar we onuň maslahaty boýunça “Etregiň ak ýoluna düşýär”.[3] Eserde “Etregiň ak ýoly” diýilip görkezilmegi simwoliki mana eýedir. Etrek-gaýraky Türkmenistana degişli bolup. Onuň “ak ýoluna” düşmek, Eýranda ýaşaýan türkmenler üçin ak güne çykmaklygy aňladýar. Hakykatdan hem şol döwür Sowet Türkmenistany Eýran türkmenleri üçin uly ähmiýete eýedir. * * * * *
* Baýram şahyr: Eýran durmuşy hakynda ol ýerde ýaşaýan türkmenler barada dogruçyl maglumat berýän şahyrlaryň biri-de Baýram şahyrdyr (1871-1948). Ol Balkan dagynyň golaýyndaky Gargyjyk çeşme diýen ýerde eneden bolupdyr. Ömrüniň ilki ýyllarynda Gürgen boýlaryndaky obalarda ýaşapdyr. Iki Türkmenistanyň arasyna serhet çekilenden soň, ol gaýrada galýar we ömrüniň soňuna çenli Nebitdagyň golaýyndaky Jebel diýen ýerde ýaşaýar. Onuň döredijiligi günorta-günbatar Türkmenistanyň iki tarapyna-da deň derejede degişlidir. Onuň goşgularynda watan tebigaty, çarwa ilatyň gün-güzerany dogruçyl suratlandyrylypdyr. Ỳomut- Gökleň bagşyçylyk ýolunyň görnükli wekili Nurberdi Gulowyň bu şahyryň sözlerine aýdýan “Şaglap iner bürgütleri” diýen aýdymy Aşgabat radiostansýasynyň üsti bilen günorta Türkmenistanda diňlenende hemişe diňleýjini tolgundyrýar. Watan duýgusy her bir diňleýjä täsir edýär. Türkmen halkynyň göçmek-gonmak prossesi barada Baýram şahyryň oýlanmalary hem örän gyzyklydyr. Şahyr “Eýranyň” (“Gürgeniň”) atly eserinde häzirki dowam edýän jemgyýetçilik şertleriň düýbüni şol döwürde örän ýiti yzarlapdyr. Şahyryň:
Ahunlary dawa diýip gezerler,
ýaly setirleri hiç hili düsündirişe mätäç däl. Onda döwrüň hakyky ýüzüni görýäris.
*Aşyk Çaňly: XIX asyryň ikinji ýarymyndaky Eýran türkmenleriniň taryhynda yz galdyran şahyrlaryň biri hem Etrek-Gürgen sebitlerinde ýaşap-geçen Aşyk Çaňlydyr. Ol öz döwrüni dogruçyl suratlandyran şahyr bolupdyr. Ol “Aşyk Çaňly we Bibi” dessanyň awtory hem hakyky gahrymanydyr. Dessanda hemişe bolşy ýaly, Eýran patyşalygynyň zulmy we sütümi astynda iki aşygyň aýry düşüşi beýan edilýär. Dessandaky wakalary, esasan, Eýranyň häzirki terretoriýasyndaky Omçaly diýen oba bilen baglanşykly edip aýtmak Eýrandaky häzirki rowaýatçy bagşylaryň repertuaryna degişlidir. Gargy-Omçaly dien oba-etraplarynda ýaşap öten meşhur bagşy Gazak Paň, bu dessany ady agzalan ýerler bilen baglanyşdyryp toý-üýşmeleňlerde ýerine ýetirýärdi. Bu bagşy Ýomut-Gökleň bagşyçylyk ýolunyň, Etrek-Gürgen şahasynyň görnükli halypalarynyň biridir. Ol 1970-nji ýylda aradan çykdy. Onuň ses ýazgylary halkyň arasynda we Gürgen radiostansiýasynda saklanylýar. Gazak Paňyň repertuary boýunça, Aşyk Çaňly Hywada bakyp-beslän aty bilen öz söýgülisi Bibijana etişmek üçin Esengulynyň Ýedişor, Kelköwser diýlen ýýerlerine gelip, Çalýok obasynyň Jennet ýaýlagynda aýak çekip, şol ýerde Bibini ýatlap, “Yerleri” diýen goşgusyny aýdýar:
Aşyk biler aşyklaryň kadasyn, Aşyk däldir biri-birinden ýadasyn, Caňly bilen Bibiniň
Pelek sütem eýläp bozan ýerleri.
Aşyk Çaňly ol ýerden Gürgen etraplaryna ýola düşýär. Garagyr, Däligyr diýlen meýdanlaryndan geçip barýarka, bir goýun çopana duşyp, “Bibiniň” atly goşgusyny aýdýar. Bu goşgy aýdym görnüşde Eýran türkmenleriniň uly-kiçisiniň dilinde hemişe ýaňlanýar. Şol goşgudan belli bolşy ýaly, şahyryň mollaçylyk sowadynyň bardygyny duýmak bolýar:
Aşyk Çaňly, ýara dessan düzer men, Bir molla kätip men, waspyň ýazar men…
Diýmek, her bir goşgy belli bir ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa-da, onda şahyr terjimehaly bilen baglanşykly setirler hem gabat gelýär. Şeýle ýagdaý ýokarda görüp geçişimiz ýaly Aşyk Çaňlynyň döredijiligine-de degişlidir. Dessanyň dowamy Çaňly şahyryň Bibini yzarlap, Gürgen boýundaky Omçaly obasyna barmagy syrygýar. Ol ýerde şahyra Bibiniň bir baýa durmuşa çykarylandygyny aýdýarlar. Şu pelekden dat edip, şahyr “Aglatdyň Bibi” atly elegiasyny düzýär. Dessanyň şeýle gynançly pursatlary şahyryň döwrüň sosiýal-jemgyýetçilik keşbini dogruçyl görkezip bilmegi bilen baglanşyklydyr. Bu eser Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulowyň repertuaryny hem bezeýär. Şonuň esasynda ýazyjy Kasym Nurbadow “Aşyk Çaňly” dessanyny ilkinji gezek ýazyp alyp öňüne sözbaşy düzüp neşir etdirdi.[4] Bellemeli tarapy, bu neşirde wakalar Etrek-Gürgen töwereklerinde geçse-de, ondaky ýer-ýurt atlary gaýraky Türkmenistana degişlidir. Munuň hem sebäbi, biziň pikirimizçe, aýdyjynyň ýaşaýan terretoriýasy bilen baglanşyklydyr. Ýagny her bir aýdyjy wakalary öz gözüniň gören ýerleri bilen baglanyşdyryp aýtsa, onda eseriň ynandyryjylygy hem güýçli bolýar. Şol döwürde Eýran hanlyklarynyň talaňçylykly hereketleri zerarly halkyň öňüne düşüp, olara baş bolup biljek adamlar agyr kynçylyklara sezewar edilipdir. Muňa Beknazar atly şahyrdan galan “AMANMY?” diýen goşgy hem şaýatlyk edýär:
Gyzylbaşlar oňurgamy burdular, El-aýagyma agyr gandal urdular, Ýigrimi ýyl tende ganymy sordular, Begnazar diýr süýji diller amanmy?
Eserde mälim bolşy ýaly, bu şahyr ýigrimi ýyl gyzylbaşlaryň zyndanynda ýatypdyr. Begnazaryň ýokarky goşgusy döwrüň syýasy-sosiýal ýüzüni dogruçyl görkezip bilýänligi jähtden uly ähmiýete eýedir. * Nazar ogly Gurban şahyr: 1890-1917-nji ýyllarda Etrek boýlarynda ýaşap geçen, Nazar ogly Gurban şahyryň goşgulary günbatar-günorta Türkmenistanda meşhurdyr. Onuň goşgularyny käbir bagşylar 1965-1978-nji ýyllarda Gürgen radiýosynda aýdym edip ýerine ýetirjek bolanlarynda, hökümet olara rugsat etmändi. Şeýle-de bolsa Gurban şahyryň aýdyma öwrülen goşgulary toý-tomaşalarda üns berilip diňlenýär. Onuň meşhur “Bagtyhan”, “Aý Eneş”, “Garaja”, “Keýki han” atly eserleri ýat tutulyp, halk arasynda örän meşhurlyga eýedir. Yokarda ýatlap geçilen Begnazar şahyrymyzyň ykbalyna Etrek etraplarynda ýaşap geçen Gulam şahyr atly ýene-de bir şahyr uçyrapdyr. Ol ýaşlykda Dowly, Aky baýyň goýunlaryny bakyp ýörkä, Eýranyň Ramiýan obasyna eltilip, eli gandallanyp, çukura taşlapdyrlar. Molla Jomart atly baý ony gije-gündiz işledip, itden egsik edipdir. Netijede Gulam şahyr öz hojaýynynyň toýa giden pursatyndan peýdalanyp, şol ýere Etrekden ýesir düşen Şatja ejäniň kömegi bilen gaçyp gutulypdyr. Ol Eýranda zyndanda oturan wagtynda “Jaýlar seni” atly goşgusyny düzýär; Eljik baýryň ujudyr, tetir bişen haşaly, Baýyr tüýnüksiz öýdür, öwrüm-öwrüm taşaly, Baýyr oty bag-jennet
Arzuw eýleýir göwnüm, owadan jaýlar seni.[5] Şahyryň bu goşgusy özüniň taryhy anyklygy bilen tapawutlanýar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Eýran patyşalygynyň garakçy toparlary häli-şindi düzde ýeke mal bakyp ýören çopanlaryň ýa-da odun ýygyp, çöpleme çöpläp ýören çagalaryň üstüne çozup, gapyllykda olaryň üstüni basyp, ýesir edip äkidýärler eken. Taryhda şeýle garakçylaryň bir toparlarynyň atlary mälim. Eýran taryhçysy A. Moiýniniň berýän maglumatlaryna görä, 1300-1320 (1921-1941)-nji ýyllaryň dowamynda türkmenleriň üstüne çozan Eýran garakçylarynyň has bellileri şu aşakdakylardan ybaratdyr: Mazenderan welaýatynyň (häz.Gülüstan) Ketul etrabynyň Ramiýan obasyndan: Mämmet Aly, Aly Muhammet han Muazzezi. Mazenderan welaýatynyň Fenderesk obasyndan: Mir Sa,adulla han Mir Fendereski we Mehdi şa Mir Fendereski. Mazenderan welaýatynyň Sorhonkelate obasyndan Han Mälek we beýlekiler.[6] * Türkmen ilaty (türkmen boýlary) gadymy görnüşde * Döwletmämmet Balgyzyl: Öz döredijiligi bilen şol döwür edebiýatynyň üstüne oňaýly täsirini ýetiren görnükli şahyrlaryň biri hem Döwletmämmet Balgyzyldyr. / 1852- 1912 /. Ol Bendertürkmen şäheriniň golaýyndaky Köne Gürgen derýasynyň boýunda ýerleşýän Bäşýuwusga obasynda ýaşap geçipdir. Onuň mazary hem şol obanyň golaýyndaky Bähäwetdin ata gonamçylygynda ýerleşdirilipdir. “Döwletmämmet” şahyryň çyn ady bolup, “Balgyzyl” onuň lakamydyr. Ol ýomutlaryň gyzyllar tiresinden bolany üçin , şeýle lakam alypdyr. Balgyzylyň ýygyndysy ilkinji gezek 1928-nji ýylda Aşgabatda arap elipbiýinde “Döwletmämmet” ady bilen çap edilýär. Bu kitap ilki çapdan çykanda ýalňyşlyk bilen, Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azadynyň goşgulary hökmünde okyjylara hödürlenipdir. Şahyr öz ýaşlyk döwürlerini Gürgen derýasynyň boýlarynda Hojanepes, Bäşýuwusga, Kümüşdepe we Esenguly etraplarynda daýhançylyk, çarwaçylyk bilen meşgul bolup geçiripdir. Şonuň bilen birlikde ol ýaşlyk döwründe dürli çeperçilik sungatlary bilen hem meşgullanypdyr. Ol şahyrçylykdan daşgary, bagşyçylyk etmek bilen hem meşhurlyk gazanypdyr. Onuň aýdym repertuary köplenç öz döreden eserlerinden ybarat bolupdyr. Balgyzyl öz döreden eserlerini tanyş bagşy-sazandalaryň üsti bilen halka ýetirip durupdyr. Ol bagşylaryň hatarynda Kümüşdepeli ýomut-gökleň ýolunyň belli wekilleri meşhur Wejan köri [7] , Durdy Hoja bagşyny, Abdy bagşyny agzamak bolar. Balgyzylyň durmuş guran aýalynyň ady Aky (Akmeňli) bolup, ondan iki ogul-Nyýazmuhammet we Uzmuhammet galýar. Olaryň hersi öz gezeginde belli dutarçy we gyjakçy bolup, ýomut-gökleň bagşyçylyk ýoluny günorta Türkmenistanda ýörgünleşdiripdirler. Döwletmämmet Balgyzyl altmyş töweregi goşgynyň awtory bolmak bilen, onuň esasy tematikasy köplenç yşky-liriki mazmunlaryndadyr. Syýasy-jemgyýetçilik tema şahyryň goşgularynda gaty az duşýar. Şeýle-de bolsa, ol jemgyýetçilikdäki deňsizlikden zeýrenipdir. Akmaýaň pany dünýäde, Kimiň ýüki deň gelýär? [8] -- diýip, şahyr “Bu dünýäde hiç kimiň ýüki deň gelenok, şonda-da pany dünýä agaýanok” diýip, durmuşy real suratlandyrypdyr. Bu hili şygyrlar şahyryň esasy döredijilik ýüzüni görkezmeýär. Şahyryň döredijilik ýüzüni görkezýän eserleri onuň yşky-liriki temada ýazan goşgularydyr. Yşky-Liriki goşgularynda şahyr durmuş hadysalaryna has içgin aralaşyp, durmuş ýagdaýlaryny has aýdyň teswirleýär. Bu goşgularda gelin-gyzlara “Durmuş gözelligi” hökmünde garalýar. Bu hili goşgularda obýektiw duýgy real beýan edilip, liriki gahrymanyň duýgusy tipleşdirilip berilýär. Şeýle ýagdaý Döwletmämmediň diňe şahsy durmuşy bilen baglanşykly däl-de, eýsem şol döwrüň ähli garyp gatlaklaryna mahsusdygy şol goşgulardan konkret aňlanýar. “Wamyk-Uzra” diýrler, dünýäden ötdi, “Azyz-Azyz” diýip, köňlüm gam tutdy, Şyhygülzar bizi zyndana atdy, Ýyglap, Döwletmämmet aýrylmadymy?[9] Bu goşguda abstraktlaýyn pikir-duýgular däl-de, eýsem durmuş hakykatyndan ugur alnan detallar, obrazly deňeşdirmeler arkaly şahyryň ýaşaýan döwrüniň ruhy-medeni keşbi, taryhy ýagdaýyny göz öňünde getirilýär. Käbir şahyrlaryň eserlerindäki yşky meselesinde bolşy ýaly, Balgyzylyň liriki gahrymany söýgüsine gowuşyp bilmedik ýagdaýlarda öwülýälere, çaryýarlara ýüz tutup, bütinleý susspeslige, terkidünýälige düşmeýär. Şahyr “Göwnüm seni” atly goşgusynda: Däli göwnüm, Melul bolma, Şat eder men, göwnüm seni! Melul namardyň işidir, Hoş eder men göwnüm seni[10]. --diýip, geljege ruhybeletlik bilen umytly garamalydygyny ündeýär. Şeýlelikde bu hili pikirler halk köpçüliginiň ruhy medeniýetine oňaýly täsir edipdir. Şahyryň eserlerinden belli bolşy ýaly, onda realizmiň belli derejede ösendigini açyk aňsa bolýar. Munuň şeýledigini şahyryň “Bibiniň” diýen şygry-da tassyklaýar: Kölleriň sonasy, baglaryň bilbili, Kirpigi tir, gaşy ýaýdyr Bibiniň, Kaddy zyba, ýüzi nurdan dökülen, Görseň jemalyny ,aýdyr Bibiniň.
Diýer Döwletmämmet, bardym öýüne, Haýran galdym kamatyna-boýuna, Magtym, şirwan diýrler asly soýuna, Kylgan işi jaýba-jaýdyr Bibiniň.[11]
Bu goşguda adam häsiýetleriniň gözel taraplary belli bir şahsyň (Bibi diýen geliniň) üsti bilen beýan edilýär. Bu ýerde durmuşda bolmadyk fantastik hüýr, periler däl-de, hakykatda bar bolan ynsan alçak göwni, açyklygy, adamkärçiligi, edep-ekramy, myhmanparazlygy, işiniň ýerbe-ýerligi jähtden wasp edilýär. Goşguda atlary agzalýan “Magtym”, “Şirwan” ýaly ýomut tireleriniň wekilleri häzirki döwürde Kümüşdepe, Esenguly etraplarynda ýaşaýarlar. Şeýlelikde hut tire adynyň goşguda getirilmegi bu eseri has konkretleşdirýär we reallaşdyrýar. Döwletmämmet Balgyzylyň eserleri beýleki öz döwürdeş şahyrlarynyňka garanyňda halk arasynda giňden ýaýrapdyr. Onuň goşgulary bagşylaryň repertuarynda mynasyp orna eýe bolupdyr. Şahyryň nebereleri häzirki Bendertürkmen, Bäşýuwusga diýlen şäherlerde ýaşaýarlar.
Belli Dostmämmet atly gahrymany bolan we eserleri aýdym görnüşde bagşylaryň dilinden düşmän gelýän şahyrlaryň biri hem Kümüsdepe etrapyndan ýomutlaryň japarbaý urugynyň kem taýpasyndan bolan Köçek şahyrdyr. Bu şahyryň “Taganbibi”, “Dostmämmet”, “Amansoltan” atly eserleri halkyň arasynda ýatdan aýdylýar. Şol eserleriň arasynda “Dostmämmet” atly goşgy gyzylbaşlaryň garşysyna batyrlarça söweşen gaýduwsyz, edermen Eýran türkmenleriniň arasynda gahrymançylygy bilen giňden tanalň arasynda gahrymançylygy bilen giňden tanalýan Dostmämmet atly gerçege bagyşlanypdyr. Kümüşdepe, Esenguly, Hojanepes etraplarynda ýaşaýan kem, kör, kelte we tumaç taýpalary tä soňky döwre çenli Eýran patyşalygynyň garşysyna söweşip, öz onlarça ýigitlerini söweş ýolunda gurban berdiler. Soňky döwürde Eýran patyşalygy tarapyndan bu taýpalaryň içindäki göze görünen ýolbaşçylar namartlarça tutulyp, atylyp, başy kesdirildi. Olaryň garşysyna iş bitirenler sylaglanyp, türkmen taýpa-tireleriniň arasyna agzalylyk salyndy. Ýokarda agzalyp geçilen “Dostmämmet” şeýle göreşlerde gurban bolanlaryň biridir. Köçek şahyryň beýan edişi ýaly: Sakgal, murty eňsesinden çatylan, Aty ýaramany ýolda tutulan, Goç kellesi gyzylbaşa satylan, Dünýäden armanly ötdi Dostmämmet.
Köçek şahyryň bu eseri ýaşyulylaryň hataryna arhiwinden ýaşkiçileriň hakydasyna geçip, ruhy medeniýetiň beletligine e ee bolupdyr. Bu goşguda obrazlandyrylýan Rüstem we Görogly sypatly halkyň gahrymany bolup, ol çeper eseriň hem şonça derejedäki gahrymanyna öwrüldi. Şu jähtden hem, bu goşgy öz döwrüniň hakyky realistik eseridir. [1]. Nurbatow K., “ Ahmet Ahundow Gürgenliniñ edebi mirasy”, kandidatlyk dissertatsiỳasynyñ awtoreferaty, Aşgabat 1994 ỳ. [2]. Ahundow Gürgenli , “ Gürgen jülgelerinde ( powestler, hekaỳalar, goşgylar we ertekiler)”, Aşgabat 1992 ỳ., 224 cah. [3]. Şol ỳerde, 67 c. [4]. Nurbatow K., “ Aşyk Çañly” dessan, “ Kerwen”, neşriỳaty, A. : 1992 ỳ., I 32 sah. [5]. “ Ýş kommunist”, gazỳeti, II/XII , 1961 ỳ. [6] Mo,iỳni Äsädulla, “ Jografiỳa we tarih-e jografiỳai-ỳe Däşt-e Gorgan ”, M .Z., 1901, çaphane-ỳe şerekät-e sähamyỳe täb,e ketab,
۴۱. معینی ا سد اللّه، " جغرافیا و جغرافیائی تاریخی دشت گرگان"، م.ز. ۱۹۱، چاپخانه شرکت سهامی طبع کتاب، سال ۱۳۴۳ ش.، مطابق با ۱۹۶۵/ م. [7]. Häzirki döwürde Wejan bagşynyñ ỳoluny dowam etdirỳän onuñ nebresi we at dakylany Kaka Wejany Kümüşdepe şäherinde ỳaşaỳar. [8]. Balgyzyl Döwletmämmet, “ eserleri ”, Gabus neşriỳaty, Kümmetkowus - [9]. Şol ỳerde, [10]. “ Türkmen aỳdymlary”, Aşgabat 1990 ỳ. , 239 sah. [11]. Balgyzyl D., “ eserleri”, / görk. iş/, 2 sah. |