Dr. Hangeldi OWNUK************************
2. Günorta-günbatar türkmenleriň XIX-XX asyrlaryň sepgidindäki edebiýaty : Günorta-günbatar Türkmenistanyň XIX-XX asyrlaryň sepgidindäki edebiýaty barada gürrüň edenimizde, hökmany suratda Eýranyň häzirki terretoriasyna degişli Türkmensähranyň edebiýaty barada söz açmasak, bu döwür türkmen edebiýatyny onçakly bir göz öňüne getirip bilmeris. Umuman, şol döwür edebiýatynyň taryhyny göz öňüne tutanymyzda, günorta-günbatar Türkmenistanyň ruhy miraslary soňky 1920-40-njy ýyllara çenli juda deň möçberde ösüpdir. Sebäbi her bir şahyr ömrüniň bir bölegini günorta Türkmenistanda, ýagny Kümüşdepe, Hojanepes, Teňli, Bäşýuwusga, Gargy we Omçaly( Gargy-Omçaly şäherleriniň adyny häzirki zaman üýtgedip “ Siminşäher” dakypdyrlar!), … ýaly ýerlerde ýaşan bolsa, ýene bir bölegini serhediň şertleri ýok döwründe, gaýraky Günbatar Türkmenistanyň çäkleri bolan Şagadam, Balkan, Çeleken, Esenguly, Gyzyletrek, Gazanjyk, Gyzylarbat sebitlerinde hatta käbirleri Daş-Oguz türkmenleriniň arasynda ýaşapdyr. Şol sanda Allaguly Saýatly-Bendeguly (1813-1901), Allaguly Ýylgaý, Allaberen, Aman şahyr Gyzylarbat we Garabogaz sebitlerinde ýaşapdyr. Amannyýaz, Annameňli, Mämmetgurban, Anna Molla şahyr, Aşyrmämmet şahyr. Aşyk Çaňly (1823-1889-98), Ahmet Ahundow-Gürgenli (1909-1943), Babaniýaz, Baýram şahyr (1871-1948), Baýry Kary (1891-1938), Begnazar, Bendealy, Gurban şahyr (1890-1917-18?), Gulam şahyr (1831-1911), Döwletmämmet Balgyzyl (1852-1912), Durdy şahyr (1814-1915), Mämmet şahyr, Meret şahyr (1868-1928), Weli şahyr, Köçek şahyr, Kasym (1881-1920), Nury Göki, Nury şahyr (1827-1903), Orazmeňli (XVIII asyryň ikinji ýarymy) Garrygala sebitlerinde ýaşapdyr. Bulardan başga-da Sahyp Jemal şahyr (1843-1900), Teke şahyr (1874-1988), Pirmämmet (1855-1900), Hojaly molla (1860-1917), Çarymämmet (1862-1918), ýagmyr Sopy, Amanmämmet, Ýagşymämmet we beýlekiler hem iki asyryň sepgidinde külli Türkmenistana dahylly şahyrlar bolupdyr. Ýokarda ýatlanyp geçilen şahyrlaryň käbirleriniň döredijilik we durmuş ýagdaýlary barada durup geçeliň. ALLAGULY SAÝATLY: Bendeguly (1813-1901) häzirki Türkmenbaşy (öňki Krasnowodsk-Şagadam) şäheriniň Gasyn guýusynyň ýaýlagynda dogulypdyr. Ömrüniň köpüsi Esenguly, Kümüşdepe etraplarynda ýaşapdyr. Ol Esengulydaky Hoja Magtym gonamçylygynda jaýlanypdyr. Bu şahyr umumy serhet boýundaky ýaşaýan türkmenler ýaly, şol döwrüň jemgyýetçilik şertlerine görä, kämahal gaýraky Türkmenistanda, käwagt ilerki Türkmenistanda ýaşamaga mejbur bolupdyr. Bir gezek Eýranyň alamançy hanlarynyň biri bolan Şäherdäli Küren dagynyň güneýinde oturan çarwa obalarynyň üstüne hüjüm edip, dokuz adamy öldürip, malyny sürüp alyp gitmekçi bolýar. Şonda Allaguly şahyr öz obadaş ýigitlerini yzyna tirkäp, olaryň öňüne geçip, “Bardyr” atly goşgusyny aýdypdyr: Çony-Şerap diýrler iki tarapdyr, Düýeji, Ỳylgaý-u bihasap köpdür, Garrawy, Bähelke, Baga, Şerepdir, Men hasap eýlesem känlerim bardyr. Goşguda Allaguly halky çürkäp ýörmegi endik
Şonuň üçin bu şahyr Eýrandaky dürli tireleriň agzyny birikdirip, duşmana garşy söweşe taýynlyk görüpdir. Bedeguly Şahyryň “Şirlerim bardyr” atly goşgusy, şol döwür Eýran Türkmenistanynda ýaşan tireler barada maglumat öwrenmek üçin hem taryhy we etniki ähmiýete eýedir. Şol goşgudan belli bolan bentleri mysal getirmek bilen aýdanlarymyzy tassyklamaga çalyşalyň: Şäher däli, sen syýasat eýleme, Meniň çoh-çoh arslan şirlerim bardyr, Rüstem-Zal sypatly girse meýdana, Gaplaň dek arlaýan ärlerim bardyr. * * * Nähak gan dökmäliň owal-ilki-de, Gel, söweş eýlesem iki salkynda, Ogurjaly, gereý, magtym halkynda, Demine çekiji pirlerim bardyr. * * * Törrügi sürerin, turaç, paň bilen, Bihasapdyr elli-altmyş, müň bilen, Ýok bolarsyň tozan bilen çaň bilen, Söweşde ýykyjy zorlarym bardyr, * * * Çony-Şerep diýrler iki tarapdyr, Düýeji, ýylgaý-u bihasap köpdür,
Garrawy, bähelke, baga-şerepdir, Men hasap eýlesem känlerim bardyr. * * * Näzdurdy söýlesin, goý, Hally gara, Tuwak kör salandyr synaňa ýara, Akmämmet, Atamämmet, Atajan, Töre, Duşmana zulumkeş zorlarym bardyr. * * * Begmämmet, Welimämmet, Täçmuhammet baýym, Duşmany görende hiç ýetmez waýym, Penahynda hak saklasyn allaýym, Alla nazar salan nurlarym bardyr. * * * Hajy han gürlese, kenar ilinde, Harby-jeň ýaragy taýýar bilinde, Orsi-türkmen ygtyýary elinde, Şer isteseň, meýdan ýerlerim bardyr.[1] * * * Ýene-de bu goşgynyň dowamynda Weli han, Goşgy baý, Zikgi han, Mämi mirap ýaly atlar bilen bir hatarda belli tireleriň adyny agzap geçýär. Mysal üçin, ol aşakdaky bentlerde şeýle diýýär: Arryk, sakgal diýrler iň owal başda, Burkazy görersiň mydam söweşde, Çükgände, gyzylda, ähli tumaçda, Şer isteseň meýdan ýerlerim bardyr, * * * Ýaraly, Nuraly, on iki onjuk, Howasy belentdir köpügi sanjak, Garaja üç dogan: kelte, garynjyk, Kem, kötük, gazyly, körlerim bardyr.[2] * * * Mundan başga-da goşgu setirlerinde Eýran türkmenleriniň arasynda gabat gelýän gadymdan galan beýleki taýpa-tireleriň atlaryna-da duş gelse bolýar. “Şu güne çenli umumy türk dilli halklaryň we şol sanda Türkmenleriň ata-babalary hasaplanýan kowumlaryň bir toparynyň atlarynyň 300 ýyldan artyk taryhynyň barlygy inkär edip bolmajak ýagdaýda anyklanypdyr. Beýle kowumlardan türkmen halkynyň şu günki etnografik düzüminde bar bolan oguz taýpa atlaryndan başga-da şu aşakdakylary agzamak bolýar: Saklar, (Skifler), parlar, partlar, parfiýanlar, hunlar, eftalitler, abdarlar, dahlar, (daýlar) …”[3] Bu kowumlaryň biziň halkymyzyň şu günki etnografik düzüminde barlygyny we bir topar tire-taýpalaryň gös-göni şolaryň galyndylardygyny
Ýene-de Amerikanly alym Wilýam Jordj Aýron 1975-nji ýyldaky ýörite Eýran türkmenleriniň arasyna gelip-gidip goran öz doktorlyk işinde ýomut taýpasynyň tire bölünşiklerini aşakdaky tablisiýada şeýle görkezýär: W. Aýronzyň görkezen çyzuwynda Gürgen ýomutlary iki bölege bölünip, biri Çony we beýleki biri Şerep atlandyrylýar. Çonylar: ak atabaý, daz, badrak, köçek, eýmir, ganýokamz we igdir ýaly tirelerden ybaratdyr. Şerep bölünşigi bolsa japarbaý, ýylgaý, düýeji, baga, bähelke, gojuk, salak, garrawy ýaly böleklere bölünýär.*Aşakdaky çyzuwda görkezilen taýpa-tireleriň sanawy berilýär :
Allaguly şahyr hem ýokardaky ýatlanan “Şirlerim bardyr” goşgusynda Wilýam Aýronzyň ýatlan taýpa-tirelerini hem aýdyp geçýär. Allaguly şahyryň Kümüşdepede we Esengulyda baýlaryň gapysynda çopançylyk bilen meşgullanyp gezendigini “Bal indi”, “Akar-silleriň seniň” atly goşgulary subut edýär. Bu goşgular bilen tanyş bolanyňda, maldarlaryň dowarlary gyş aýlary Etrekde, ýaz aýlary bolsa Gürgeniň mes toprakly ýaýlaglarynda bakandygyny aňlasa bolýar. Şeýlelikde ilerki we gaýraky Türkmenistanyň maldarlar üçin hem biserhet bolandygyna göz ýetirýärsiň: *Allguly Saýatla Wilýam Aýronzyň ikinji çyzuwyndaky atlary-da goşga ýerläpdir: Goýun çykar çaňlar ýol eder sürçenek, Gaýypata birle ol Gabylburnak, Egni çarh-gowaly gul bilen gyrnak, Köňül arzuw eýlär jaýlar, gal indi. * * * Gaýly, Guba, Tüňňi garada, Janly sekdirmezler iki arada, Çilli egremçede, gazma derede, Gatnadygym kenar boýlar, gal indi.[5] Şahyr önüp-ösen ýerleriniň ýer asty we ýer üsti hazynalara-da baýdygyny wasp edipdir: Wagt geler, daşyň gyzyla döner, Hasap etseň, günde köp hasyl öner, Haýwan-ynsan bary çeşmäňden ganar, Göwhere barabar ýerleriň seniň. [6] Allaguly-Saýatly bulardan başga-da dürli temalarda ýazylan goşgularyň awtorydyr. Onuň “Sabyr eýle balaň geler enşalla”, “Garyplyk ýaman baladyr” ýaly şygyrlary ahlak-didaktiki temada düzülipdir. Şahyryň döredijiliginde şahsy, maşgala durmuşyna degişli goşgulary hem azlyk etmeýär. Mysal üçin, “Balamyň çeşmini röwşen eýlegil” diýen şygry ýaşlykda mama keseline duçar bolup göreçlerinden mahrum bolan ogly Geldinyýazyň ykbaly bilen baglanşyklydyr. Ol goşgylarynyň birinde, çagasynyň beýle ýagdaýa duçar bolandygyna ahu-nala çekip şu aşakdaky setirleri beýan edipdir: Bendeguly, köp çekerdim ahy-zar, Elli birde saňa boldum intizar, Isa, Musa sizler boluň medetkär, Balamyň çeşmini röwşen eýlegil.[7] Umuman Allaguly şahyryň eserleri şol döwrüň taryhyny, halkyň ruhy durmuşyny, geografik atlaryny, şahyryň maşgala durmuşyny öwrenmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Ýer-ýurt atlary XIX asyrda ýaşap geçen, özüniň “Köresuwy” atly ýeke-täk goşgusy bilen tanalýan Allaberen şahyryň döredijiliginde hem mynasyp orun tapýar. Esenguly etrabynyň araçäk serhedinden 25-30 kilometrlik günortada Hazar deňiziniň iki kilometrlik gündogar kenarynda gadymdan galan şäherlerinden biri hem häzirki Kümüşdepedir. Onuň gündogar tarapynda Köresuw diýilip atlandyrylýan gonamçylyk ýerleşýän uly depe bar. Käbir maglumatlarda bu depe Soltan Muhammet Horezm şanynyň Çingiz hanyň goşunyndan gaçyp baran ýeri diýip ýatlanylýar. Allaberen şahyr “Köresuw” atly goşgusynda bu ýeri ýatlap geçýär: Ertir bilen ýola çykdym, Geçen ýolagçyny bakdym, Ýagmyr Hywala düň dakdym, Beter daşdyr Köresuwy. * * * Täzeabadyň ýeri gaty, Mollalardan geler haty, Çoşy körüň bedew aty, Örän daşdyr Köresuwy. * * * Ekin ekdim Geleýşordan, Aýagymy ädýärin zordan, Ulag diledim Çoşy körden, Beter daşdyr Köreswy.[8] * * * Bu goşguda gabat gelýän ýer-ýurt atlarynyň köpüsi häzirki günorta Türkmenistanda belli ýerlerdir. Mysal üçin, “Täzeabat” diýlen ýer Hazar deňziniň gündogar kenaryndaky Kümüşdepe şäheri bilen Esengulynyň aralygynda ozal ýaşalyp göçülen obalkaryň biriniň adydyr. Şeýle hem Çoşy kör diýlen şahsyýet Kümüşdepede belli adam bolupdyr. ýene-de Geleýşor diýlen ýer Etrek bilen Gürgeniň aralygyndaky Nebitlije etraplarynyň şor ekin meýdanlarynyň ýerleşýän ornuny aňladýar. XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başlarynda günbatar we günorta Türkmenistanda ýaşap geçen şahyrlaryň biri hem Amanniýaz bolup, onuň “Ogulbibi”, “Ogultuwak”, “Galandar”, “Aşyrbike”, “Arabyň” ýaly goşgularynda gabat gelýän atlar günorta Türkmenistandaky medeni miraslary doly göz öňüne getirmäge ýardam edýär. Şahyryň “Ogulbibi” atly goşgusyndaky! “Özüňiz Garaja, öriňiz öwlat…[9]” diýen setir, tarypy ýetirilýän Ogulbibiniň tiresiniň Garaja, örüsiniň hem öwlat bolandygyny äşgär edýär. Bu iki tiräniň taýpa-tireleriniň wekilleri häzirki döwürde köplenç Kümüşdepe, Hojanepes, Bendertürkmen sebitlerinde ýaşaýarlar. Annameňli şahyr bilen Mämmetgurban şahyryň atlary henize çenli Eýran türkmenleriniň ýaşyulylarynyň arasynda ýatlanýar. Onuň döredijiliginden mälim bolşy ýaly, bu şahyr, umuman, ekerançylyk we daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Ol köplenç Gürgen derýasynyň boýlaryndaky ekerançylyk üçin amatly ýerleri bolan Omçaly, Sallah,Kümüşdepe, Hijanepes we Gäwmişli obalarynda ýaşapdyr. Günorta-günbatar Türkmenistanda (Eýranda) ýaşyulylaryň arasynda, gürrüňden gürrüň geçende “Halwalyň aty ýaly, nätdiň-aý muny?” diýlen gep bar. Bu gepiň aňyrsy Halwaly diýen adamyň “Halwaly” di dien aty bilen baglanşyklydyr. “Halwaly” diýen at Etrek-Gürgen etrapynda halka giňden mälim bolan abraýly atlaryň biri bolupdyr. Ol at Gürgende Mengiş heleý diOl at Gürgende Mengiş heleý dien at bilen çapyşyp, ýüz janly baýraga mynasyp bolupdyr. Günbatar Türkmenistanda ýaşap geçen şahyrlaryň biri Anna molla şahyr (1885-1975) şol at barada ýörite goşgy goşupdyr. Şol goşgynyň bir ýerinde: Doglan ýeriň Gürgen, Balkanda bakylan, Dokuz maýa sagyp, süýt bilen ýakylan, Jaýy dowzah sypatyňa at dakan, Pakyp donuň çöwre biçer Halwaly… -- diýip, ol atyň haýsy etraplara degişlidigini mälim edýär. … [1]. Oraztaganow A., “ Arzuw”, ỳygyndy, Aşgabat 1991 ỳ., 16 sah. [2]. Bu goşgy şahyryñ agtygy Hajarbibi Nepesowanyñ dilinden ỳazylyp alyndy. ( Annanepesow M., “ Bendilikde ỳazylan şygyrlar ”, A. : 1977 ỳ. ). [3]. “ Täze Ýol ”, şomare-ỳe 2, mah-e bähmän, So,ed ( Şwetsarỳia), - 1992 / m., säf. 14 . ۲۹. " تـا زه یــول"، شـمـاره ۲، ما ه بـهـمـن، ســوئـد : ۱۹۹۲ / م.، ص. ۱۴ [4]. Atanyỳazow S., “ Türkmen halkynyñ etnografik sözlügi ”, Aşgabat 1988 ỳ., Bu barada “ Türkmenistanyñ entsiklopediỳasynyñ ” 8-nji tom hem-de “ Sowet Türkmenistanyñ taryhynyñ ” birinji tomynda we Hazar Gullaỳewiñ “ Köneden galan nusgalar ” atly eserlerinde-de köp maglumatlar bar. [5]. Milli golỳazmalar instituty, / geljekde MGI diỳlip görkeziljekdir /. Bukja 1954, 28 c. [6]. MGI, Bukja 1954, 30 c. [7]. Oraztaganow A., “ Arzuw”, / görk. iş/, 22 c. [8]. Şol ỳerde, 34 c. [9]. Şol ỳerde, 41 c.
|