Dr. Hangeldi OWNUK************************
a). Durmuş bilen ylalaşmaýan mazmunly eserler, b). Durmuş bilen ylalaşýan mazmunly eserler, c). Durmuşy ündeýän mazmunly eserler. a). Durmuş bilen ylalaşmaýan mazmunly eserler : Bu mazmundaky eserler, esasan, durmuş we syýasat babatda türkmen halkyna bähbitli we peýdaly taraplaryny ündeýän mazmunly ideýalardan gözbaş alyp, häzirki döwrüň progressiw we halkara ynsanperwerlik hukuklarynyň esasynda sütemkeş we zähmetkeş ynsanlaryň bähbitlerini ündeýär. Bu eserlerde watansöýüjülik, durmuşda dowam edýän zulmy tankytlamak, halkyň görnükli real gahrymanlaryny wasp etmek, parahatçylyk, halkyň bähbidi we hakykat ugrunda gaýduwsyzlyk görkezmek, özüni ýalandan dynyň wekili saýyp, halka sütem edýänleriň ýüzünden nikabyny syryp, olary ryswa etmek we ýene-de şulara meňzeş ideýalar öňe sürülýär. Bu mazmunly eserler köpçülügiň materiýal we real ýaşaýşyndan, ýagny göze görnüp duran ýagdaýdan gözbaş alyp döredilýän eserlerdir. Häzirki döwürde beýle mazmunly eserler ýarym açyk, ýarym gizlin halatda, umuman daşary ýurtda ýaşaýan Eýran türkmen halkynyň öňdebaryjy şahyrlary tarapyndan döredilýär. Beýle mazmunly eserlerdäki pikirler we ideýalar, durmuşdaky reaksiýon güýçler bilen hiç bir babatda ylalaşmaýarlar, hatda olara zarba urujy äheňler bilen tapawutlanýarlar. “Bolmaýar?” (“Bolmaýarmy?” diýen manyda) atly goşgy öz watanyndan aýry düşüp, daşary ýurtlarda ýaşap ýören şahyr H. O. Parahadyň döredijiligine degişli bolup, bu eser ýurtda bolup geçýän býurokratizmiň garşysyna gönükdirilendir. Goşguda garamaýak halkyň gün-güzeranyny gün-günden agyrlaşdyrýan, mugthor, käbir ýurdy eýelän din wekilleri ýazgarylýar: -- Ilu-halkyň, şansu-bagtyn gysgajyk kagyz keser, Bir ýumurtga, bir döwüm nan, ylgadyp daban gazar, Ýerde galan garyp-gasar, ymsynyp her der kakar, Ojagaz gyt, munda bu zat, derde derman bolmaýar? * * * Ol-ha molla, selle ýolda, dony bir baýdak bolar, Pul görende syny galgar, bada bir şaý dek bolar, Kise çuňňur, dolmaýar pul, dolsa bir baý dek bolar, Eý ýaranlar, jemagatda muny soran bolmaýar? * * * Munda bu üşr-u-zekatdan, onda ol homs-u-owkaf, * Açyldy ýüz bir hasaby, ýende köp şol dek şikaf, ** Bu şikafdan ol şikafa ylgadar, ahun sehaf, Bu sehaflar doýmady, talaňda doýýan bolmaýar?[1] Ýokarky bentlerden görnüşine görä, häzirki ýurdy çapyp oturanlaryň dürli bahanalar, ýagny üşür, zekat, homs, bonýad-e-mustäzäfin (بنیاد مستضعفین) ***, ýüz bir hasap (حسا ب صد ویک ا ما م ) **** … we ýene şoňa meňzeş dürli salgytlar bilen sada, garamaýak, tozan halkyň fanatik (yzagalak) düşünjelerinden we duýgularyndan peýdalanyp, olaryň ýygnan ýygynçagyny elinden sypyryp alyp, çagalarynyň peläkete düşmegine sebäp bolýandygy beýan edilýär. H. O. Parahadyň watansöýüjilikli ýagdaýda watanyň geljekdäki ykbaly üçin göreşip, aýraçylyga duçar bolan liriki gahrymany ine, şeýle seslenýär: Niçe ýyllap ah-u-pyrak çekerim, jan kaýdadyr? Serwi-senuber, tut-çynarym, bag-u-bossan kaýdadyr? Tygy hanjar, bagry sanjar, apat-u- jan kaýdadyr? Beski waspyn eýlenen çoh, jennet mekan kaýdadyr? Hana-malym kyldy weýran, şol gülistan kaýdadyr? * * * Waspyňa mest olmuşam, aşyk kimin didara zar, Gaflata! gal ukudan, ol jennetiň bidara zar, Agyr gün başdan geçirseň, şonda sen timara zar, Gel, bu gün ganat ýaýyp, gitsem burun, huşýara zar, Durna deý uçsam ýerimden, ol Dehistan kaýdadyr? * * * Kaýda galdyň, eý mekanym, Gürgenu-Deştu-Sähra? Bu gün Kerwen gelip ýetdi aýry bir menzil sera, Bu menzilde ýokkararym, ger ýetmesem ol sera, Aýralyk derdi salandyr kalbyma ýüz-müň ýara, Türki halkyň Türkmen soýy Türkmenistan kaýdadyr? Görşümiz ýaly, mejbury ýagdaýda öz halkyndan aýra düşen liriki gahryman aýry bir çet ýurtlarda ýaşamaklygyň kynçylygyny we aýraçylygyny hem derdini gerdeniňde çekmek arkaly watan duýgusyny başdan geçirýär. Bu hili eserleri okanyňda ata-babalarymyzyň “Müsürde şa bolandan, Kengada geda bol” ýa-da Magtymgulynyň “Ýat ýerlerde aýraçylyk çekenden, Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy” diýen parasatly pikirleri ýadyňa düşýär. Şwesiýada ýaşaýan Eýranly türkmen Berdi şahyr “Uruş we Parahatçylyk” atly şygyrynda il halkyň parahatçylygynyň dünýä ýüzünde näderejede gerekdigini çuňňur mazmunda beýan edýär: Çyn ynsanlaň gözün açyp ýigreni, Belalaryň gözbaşy sensiň, uruş, Jeňparazlaň ik-ikmaçlap egreni, Pişgeleriň sözbaşy sensiň, uruş. * * * Günbataryň * islegini bitirip, Eýran bilen Yrak hökumetleri, Ganly çaknyşygy ýerne ýetirip, Ýada salar Faşist Adolf Hitleri. * * * Bäş ýyl bäri adamzadyň etinden, Böwet ýasap top we tankyň öňünde, Iki ýigrenç düzgün, iki watanda, Mazarlyk döredýär abas jeňinde. * * * Biriniň gözi ýok, biriniň eli, Biriniň kellesi ýanyňda ýatyr, Biriniň aýagy, biriniň goly, Biri ýarty janly, ganynda ýatyr. * * * Ol iki düzgüniň alnyna yýklap, Diri gidip, öli gaýdýar yzyna, ٍٍ * ٍEwropa we Amerika imperialistleri
Eneler saç ýaýyp, ýakasyn çäkläp, Iki el bilen urýar gursak-dyzyna. * * * On müňlerçe öli şonça ýaraly , Uruş meýdanlaryň batlaklarynda, Kör, keri, lal, agsak, çolak görgüli, Müňläp gorse bolýar ýatmaklarynda. * * * Ene-atalaryň çeken nalasy, Birdenkä birigip perýada dönýär, Gelin-gyzlaryň hem kakan lälesi, Parahatlyk atly zurýada dönýär. * * * Ýaşa parahatlyk, ýok bolsun uruş! Diýýän sesler köçe-köçe aýlanýar. Urşa garşy çykýan aýgytly göreş, Gün-günden öwç alyp ile jaý bolýar. Watan azatlygy il gün adyna, Yrtyjany * düýpden sogurmak gerek, Taşlap ony özi ýakan oduna, Azatlyk güneşin dogurmak gerek. Eýran-Yrak arasynda 1981-nji ýylda başlanyp, 9 ýyla çeken manysyz uruş zerarly il-halkyň guwanyp, kemala getiren gara gözli ogullary wepat bolup, dereksiz * Reaksiýon düzgün (režim). ýitip, ýa-da maýyp-müjrüp bolup, Eýranly türkmenleri-de agyr hasrata getirdi. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri öňküdende agyrlaşdy. Ýokarky goşgy, ine şeýle taryhy jeň barada maglumat berýär. Ýokarda mysal getirilen goşgy ýaly ýene-de onlarça şygyrlar Eýran-Yrak urşunyň elhençliklerine bagyşlanandyr. Berdi şahyr öz halkynyň milli we real gahrymanlaryny wasp edip, olaryň hak we hakykat ugrundaky gaýduwsyz göreşlerini öz şygyrlarynda has-da dabaralandyrýar: Çynarlynyň çynaryndan boý alyp, Güllüdagdan arslan alan serdarym. Pyragynyň pähiminden paý alyp, Azatlyk sazyny çalan serdarym. * * * Sähram ýaly gözeldiň sen, giňdeň sen, - Ýaşyuly-ýaşkiçä, barça deňdiň sen. Duşmanlary mertlik bile ýeňdiň sen, Ýüreklerde keşbi galan serdarym. * * * Keýmir kör dek gaýym guşap biliňi, Tolkundyryp agyr iliň silini, Birikdirip türkmenleriň dilini, Milli gahrymany bolan serdarym. * * * Il ogly sen, il ýolunda jan berdiň, Il bähbidini arap, gyzyl gan berdiň, Baýa zäher, garyplara şan berdiň, Köpleriň alkyşyny alan serdarym.[2] Ýokardaky goşgy 1979-njy ýyldaky Eýran türkmenleriniň Sowet Awtonomiasynyň lideriniň orunbasary hökmünde türkmenleriň “Öz ykbalyny özi çözmeklik” meselesi ugrunda göreşip, janyny pida
Azatlyk ugrundaky göreşlerde yzarlanyp, ýurdundan aýra düşen we häzirki döwürde ewropada ýaşap ýören Eýran türkmenleriniň häzirki zaman görnükli şahyry B. G. “Daňatar” tahallusynda ( Begmyrat Gereý ) öz döreden “Dört gerçek” atly eserinde hem bu dört gahrymany şeýle wasp edýär: Aý-ýyllar aýlanyp, dolandy döwür, Ýene-de sährama çaýyldy ýalkym, Ýene-de dogurdy dört ägirt merdi, Abany, Keýmiri dogran halkym. * * * Biri belent geriş hem üç sarsmaz gala, Dörtler! Döretdiňiz ynam dagyny, Bir ten bolup uýdy il-günüm size, Ýüregiňize baglap ýürek bagyny. * * * Ak ýoluňyz şerigatdy halkyma, Perwana dek pyrlandylar ýalkyma. Watan asmanynda dört parlak ýyldyz, Ajap dogup, täsin ýaşap gitdiňiz, * * * “Her ömür döredip edebi setir, Ajaýyp rubagy goşup gitdiňiz.” * * * Bu rubagy aýdym boldy dillerde, Eneler hüwdi edip, söýdi balasyn, Ýogurdy zähmete, siňdi güllere, Hoş bezedi gyz-gelinler lälesin. * * * “Dört ýüz Şura egsilmezlik güýjüňiz, Mukaddes söýgüňiz hem-de öwjüňiz”. * * * Duşmanyň paltasy etmedi eser, Ýer tutmady ýersiz urlan töhmedi, Ahmyrly düşdüňiz hile duzaga, Ganojaklar özge çäre tapmady. * * * “Ýykylyp düşende dört äpet gaýa, Gazap donun geýip, silkindi Tähran.” * * * Gaharly galkynyp Tebrizidir Şiraz, Ör boýuna galdy batyr Kürdistan.
“Endamyň syzlady eý beýik Eýran, Ganymlar aňkaryp boldular haýran”. * * * Ok bolup duşmanyň kalbyny deşer, Damja-damja şehitlerimiziň gany. Il-günüň kalbynda ebedi ýaşar, Tumaç, Magtym, Wahydy hem Jürjäni. * * * “Bir gerçek yzyny müň gerçek tutar, Giň jahan ýagtylyp, şanly daň atar”.[3]
Ýokarky setirlerden-de aýdyň bolşy ýaly, öz-il-halkynyň ýagny ykbaly ugrunda göreşen dört gerçegiň nähak ölümine Eýranyň ähli şäherlerindäki progresiw jemgyýetler we oppozosiýon güýçler gahar-gazap bildirip, demonstrasiýa hereketlerini amala aşyrdylar. Çünki olar öz ýurdunda egsilmez güýç bolan “Şura” guramalarynyň” we “Awtonom Türkmenistanyň” iň söýgüli wekilleridi. Daňataryň döredijiliginde köplenç halk gahrymanlarynyň obrazy janlandyrylýar.. Munuň özi şahyryň wepat bolan halk gahrymanlary bilen deň durup göreşendigi üçin has-da ynandyryjy çykypdyr. Şahyryň Watan baradaky pelsepeleri hem klassik poeziýamyzyň çeper derejedäki öwüşgünlerinden gözbaş alýar. Muňa onuň “Watan” goşgusy hem doly güwä geçýär: Sorasalar dertli ýürek mekanyn, Gadyryň gaýnagy illerimdedir. Ýer ýüzünde iň mukaddes mukamym, Hüwdi-hüwdi dien dillerindedir. * * * Başymdan gitmeýär watan howasy, Deň-duşlar ýüzüni görmek höwäsi, Ganat kakyp köňül guşum talwasy, Degresi gyýakly günlerindedir. * * * Sendedir gözbaşy iň gözel duýgyň, Üregimi parçalan, ilkinji söýgiň, Müň derdiň dermany, ganymy gaýgyň, Sähramyň al-ýaşyl güllerindedir. * * * Daglarňa sygyndym sorap myradym, Alysdan-alysa ýetirdim dadym, Ar-namysym, güýjüm, gujur-gaýratym, Boz-bulanyp akýan sillerindedir. * * * Kyrk çemesi depeläpdim garyňy, Ençe ylda çekip ýörün zaryňy, Müň gezek aýlansam Ýeriň şaryny, Gözüm şol gumaksy ýollaryňdadyr.[4]
Görnüşi ýaly, ýokarky goşguda hemme zat çeper düýgu bilen beýan edilýär. Watanyň ene ornundaky mähirli hüwdüsi goşguda ajaýyp duýgy bolup setirlerde ýaňlanýar. Boz-bulanyp akýan Gürgen-Etrek derýalarynyň silleri başyny asmana dikip duran daglary ýaňlandyrýar… Bularyň hemmesi birigip, çeper eseri has-da joşgunly edýär. Eýran türkmenleriniň arasynda 1970-1983-nji ýyllaryň etabynda il-gün üçin, erkinlik üçin hakykat ugrunda göreşip, janlaryny gurban eden onlarça türkmen gerçekleriniň biri hem Gürgen Bähelkedir. Gürgen Bähelke öz döwründe türkmen halkyň medeniýetine we edeiýatyna boýny borçly ýagty oýly perzentleriniň biridir. Daňatar öz döreden poemasynda, onuň waspyny aşakdakylar ýaly sypatlandyrýar: Goç ýigitler, lälezarly ýolunyň, Giň sähramda öwşün atýan lälesi, Uzak ýyllar ejir çeken ilimiň, Arkadagydyň her gerçek ýigidi. * * * Eý, eziz halkymyň mährinden dörän, Gereklidiň bize henizler örän. * * * Eziz Gürgen azatlygyň aşygy, Eziz Gürgen, sähramyzyň gelşigi. * * * Iň gözel arzuwyň teşne çöllerde, Döretmekde ajap bagy, bossany, Arzuw etdiň adalaty ülkede, Öz erkinli azat Türkmenistany. * * * Gözümden gitmeýär, gitmez hem hergiz, Şol barýaň aýgytly ädimler bilen, Goltugyňda Hydyr derýaň “Ykbaly”, Ýüregiňde halkyň, dünýäň ykbaly. * * * Hyýalyňda geljek baharlar bilen… Goldaşyp zähmetkeş daýhanlar bilen, Söweşip ejizi ganhorlar bilen, Oba-oba şuralary dikeldip, Päk ýürekli, oba garyplaryndan. * * * Ejir çeken iliň hakyn alanda, Ýersizler ýerine eýe bolanda, Ak guş ýaly, ýetgin ýöräp geleňde, Ýaza öwrülerdi hazanly güýzler Waspyňy ederden ejizdi sözler. * * * Tümlügiň aşygy ýigrenji döwür, Görüp bilmän, bu ajaýyp bahary, Günbe-günden artyp, öwji gahary, Gözleri gamaşyp beýle ýalkyma, Demir dyrnagyny gezäp halkyma, Salanda başyndan gereksiz urşy, Onda-da arlaýyp, Görogly kimin, Il-günüň ykbalyny goramak üçin. * * * Duşman çüýretjekdi zeýli türmede, Sen bolsa gitdikçe taplandyň durduň. * * * Ýürekde gaýnaýan, gaýratyň bilen, Türmäni-de çyn mekdebe öwürdüň. * * * Geçirdiler synag, aýlyganç synag, Görülmedik jenaýatlar etdiler, Bir säher, getirip gözüň alyna, Goç ýoldaşyň Şehýit Gojugy atdylar. * * * Diýdiler: “Ýoldaşyň Akbaýramyny Getirip, gözleriň alynda atjak, Soňra seni, azat edip türmeden, Il içinde şeýle gürrüň ýaýratjak: “Öň Gürgenmiş, ol pahyry tutduran, Soň hemme günäni dostuna ýükläp”, Ýene-de gahar-gazap gurşady seni, Tutaşdyň alowlap öwrüldiň oda. * * * “Arkadagyň, iniň Akbaýramynyň, Merdana keşbini, getirip ýada:” * * * “Men beýle namysy çekmerin hergiz” -Diýip, bar ýigrenjiň bilen gygyrdyň Gazaply gözleriňi dikip gözlerine, “Lagnat-sensiň” -- ýüzlerine tüýkürdiň. * * * Garakçylar umytlaryn üzdüler, Iň soňraky çärä nagyş düzdüler, Diýdiler: “Indi soňky wesýetiň, Diýdiler: -- Ýaz indi iň soňky hatyň”. * * * Iň soňky hatyň-da, ýaşaýşyň ýaly, Biziň üçin iň gymmatly sapakdy. * * * Arzuwdy, ynamdy, gözel geljege, Zulmatyň synasyn ýarýan şapakdy. * * * Diýdiň: “Ilim-günim, dogan-gardaşym, Mähraban aýalym, ömür syrdaşym, Köşegim Ilmyrat, dik bolsun başyň, Meniň üçin gara geýip, ýas tutmaň, Gam ýuwudup, göwni çökgünlük etmäň. Çarkandakly ýoldur azatlyk ýoly, Gaýa dek inerler ýykylar gider. Erkinlik aşygy ýigitler-gyzlar, Hazan ýapragy dek döküler gider…” * * * Şeýdip hatyň hem-de ömrüň gutardy, Iň soňky sargydyň halka ýetirdi, Soň-da bäş gyramlyk gurşun güllesi, Bir ýürek däl, bir dünýäni ýatyrdy. * * * Ülkämi sarsdyryp, ýykylyp gitdiň, Ýýkylan dek belent dagyň gaýasy, Çynar dek başyňy dik tutup gitdiň, Namysyň, gaýratyň, aklyň eýesi, Iliň arkadagy, sarsmaz söýesi. * * * Eziz Gürgen! Biz hem bu gün ýygnanyp, Ýatlaýarys, seniň geçen ýollaryň… * * * Gaýtalaýan ýene diriler üçin, Özüň hem-de şehitleriň sargydyn; “Uzasyn-uzasyn, barha uzasyn, Daňa sary lälezarly ýolumyz! Uzasyn-uzasyn, barha uzasyn, Tä çykynça ýagty güne ilimiz!” * * * Şeýleräk gutarýar sargydy, sözi, Synlap dur bizleri soragly gözi…[5] Daňatar şahyryň ýokarky şahyrana setirleri hiç bir kommentariýa mätäç däl. Setirler taryhyň öz dilinde gürleýär. Bu ýerde hemme zat düşnükli. Onda Gürgen Bähelkäniň merdana obrazy janly görnüşde ör boýuna galýar. Diňe bir hakykat setirleriň arasynda gizlin saklanýar: Gürgen Bähelke Hydyr Derýaýewiň “Ykbal” romanyny pars diline terjime edip ýörkä atylypdy. … --------------------------------------------- [1]. “ IL GÜÝJI ”, neşiri, 2-nji seriỳa, Aşgabat-
۱. نـشریّـه " ا یـل گـو یـجـی"، شما ره سری ۲.، عشق آبا د برلـین ۱۹۹۰/ م.، ص. ۱۸. *.
**.Şikaf: sandyk. ***. Eỳran Yslam Respublikasynyñ pes synplar üçin alỳan girdeỳjisi. ****. Aỳatolla Hümeỳni üçin ỳörite berilỳän pul we mal kömekleri. [2]. Akbendi B., “ Goşgylary”, Şwetsiỳada ỳaşaỳan Eỳranly türkmen, Türkmenistanyñ “ Dünỳä Türkmenleriniñ Gumanytar Birlrşiginiñ ” agzasy, goşgynyñ düzilen döwri 1985-1988 ỳỳ. [3]. Gereỳ B. dañatar, “ Ýedigenler ”, goşgylar,
۳. گـــری ب. دانگ آ تــا ر، " یــد یـگـن لــر"، قوشغولار، بــرلــین ۱۹۹۰ یئل، ص. ۱۶. [4]. Şol ỳerde, 1 sah. [5]. Şol ỳerde, 30 sah. |