Dr. Hangeldi OWNUK************************ Toronto

B) Durmuş bilen ylalaşýan mazmunly eserler

Bu mazmundaky eserler häzirki dowam edýän durmuş şertlerine mejbury ýagdaýda ylalaşyp, köplenç awtoryň bähbidinden ugur alsa-da, belli bir derejede halkyň bähbitlerine hem gönükdirilendir. Awtoryň bähbidi diýenimizde, biz nämäni göz öňüne tutýarys? Bu meselede, ilkinji nobatda awtoryň öz ýurdunda ýaşamak problemasy ör boýuna galýar. Şonuň üçin ol eserinde  durmuşda dowam edýän režime aç-açan göreşmekden saklanýar. Her näme-de bolsa onuň eserlerinde şol durmuşy ündeýän pikirlere-de gabat geläýmek çetin. Ol awtorlar eserlerinde, kinaýanyň, şeýle hem podtekstiň kömegi bilen kä halatlarda diýjek bolýan pikirlerini ýaşyryn ýüze çykarýarlar. Ýöne şol ýaşyrynlyk halka onçakly bir düşnükli bolman galýar. Şeýle ýagdaýda bu hili eserler durmuş bilen mejbury ylalaşýan eserleriň hatarynda tanalýar.

Aşakdaky goşguda munuň anyk mysaly bardyr:

Ýüregim daralyp dünýäň urşundan,

Gijelikde seredýärin asmana,

Gara ýeriň gaýgysyndan boşaýan,

Iberýärin pikirimi şol ýana.

* * *

Yyldyzlar gurapdyr şadyýan meýlis,

Oýnaşyp, göz kakyp, gülüp dur ýere.

Käsi perwana dek, käsi gül ýaly,

Käsi-de şem ýaly berýär nur ýere.

* * *

Eý, ýyldyzlar, men bu talaňçy erden

 Ýadadym, bu ýerden göçesim gelýär.

Wah, diýsenäň, meň ýyldyzym haýsydyr?

Öz ýyldyzyma garşy uçasym gelýär.[1]

* * *

Bu ýerde awtoryň aýtmak isleýän pikiri podtekistiň kömegi bilen halka ýetirilmek isleýär. Ýagny, liriki gahryman asman bilen, yldyzlar bilen gepleşýär. Olardan delalat isleýär. Her näme-de bolsa, liriki gahrymanyň aň aýagyny ýerden üzmegi halkyň umumy bähbidine däl. Şeýle äheňdäki goşgularda ündeljek bolunýan ideýalar ýapyk we gümürtik halatlarda bolany üçin, ol köpçülügiň aňyndan daşda galyar.

Käbir halatlarda dowam edip duran durmuş akymynyň silinde akman, özüňi ýata  suwda duýmak endigi-de Eýran türkmen  şahyrlarynyň döredijiliginde az duşmaýar. Mysal üçin, obaňy söýmek gowy zat, emma welin, şol obada ýaşaýan adamlaryň ýürek urgylaryny duýmazdan, obaňy söýmek bu häzirki zaman etapynda edebiýatyň poeziýasynda manysyz bir zat bolar. Gynansak-da, şeýle eserler häli-şindi döräp dur. Bir bada göräýmäge ol hili eserler akgynly okalýan ýaly hem. Ýöne ol goşgularda halkyň ýürek urgusynyň sesi eşidilmeýär.

Mysal üçin, ýaş şahyr Salyh Çowganyň aşakdaky goşgusyna üns beriň:

Sende galdy deň-duşlarym, ýaşlygym,

Galdy gamly günlem, galdy hoşlugym,

Goňşa oglan buşlap alan buşlugym,

Henizem düýn ýaly, maňa düýn ýaly…

* * *

Obam indi mydam ýatlaýan seni,

Bu ýatlama ýakýar ýüregi teni,

Elmydam gujaklap söýeniň meni,

Henizem düýn ýaly, maňa düýn ýaly…[2]

* * *

Bir göräýmäge, ýokarda mysal alnan goşguda hiç hili düşnüksizlik ýok. Sözler, pikirler ýerbe-ýer, emma öňki aýdyşymyz ýaly, halkyň ýürek duýgusy, gaýgysy, gussasy we hasraty goşguda görünmeýär. Elbetde, çagalyk bir ömrüň bahar pasly. Onda hiç hili alada, gaýgy-gam ýok. Emma, awtor indi çaga däl. Ol indi aga, aga-gara düşünýär. Şonuň üçin, ondan halkyň tamasy başga.

Ýokarda mysal alan goşgymyz düşnükli. Emma häzirki zaman etapynda onçakly bir gümürtik goşgulary döretmek hem ýoň bolup barýar. Muňa mysal hökmünde, A. Düýejiniň “Görüň, gömlüp barýaryn” goşgusyny tutuşlygyna mysal getireli:

Her sözüň guşy ülkämden uçanda,

Tanyşlyk, sözleşmegiň serhedinden geçende,

Men bir garyş ýer astyna çekilýän.

Bu gün bir algyr gelip,

Bäş sany çaga guşy,

Dyrnaklaryna alyp,

Uçup gitdi ülkämden.

* * *

Ysgyndan düşüp dilim,

Titräp aýaklarym,

Ýene girdim bir garyş ýer astyna.

* * *

ýene bir gün,

On sözlemiň bilbili,

Öz ülkämde maňa söýgi ýok diýip,

Gyşa garşy öýkeläp gitdi uçup.

* * *

Dil tutulyp, diňe zordan ah çekip,

Girdim ýene bir garyş gara gumuň astyna.

* * *

Ene bir gün on sany gül,

Ak ýürekli sözlügümiziň on sany kebelegine,

Baha bermän, sowdular ýüzlerini,

Kebelekler ýaş edip gözlerini,

Ýolluk tupanynyň içine garylyp,

Arman çekip gitdi ülkämizden aýrylyp.

Men ýene-de çekildim bir garyş ýer astyna.

* * *

Ýene-Ýolluk tupanynyň içine garylyp,

Arman çekip gitdi ülkämizden aýrylyp.

Men ýene-de çekildim bir garyş ýer astyna.

* * *

Ýene-ýene çekildim,

Gerşime deň gömüldim,

Gömülip barýan ene,

Zordan gygyrýan ene,

Eý bilbiller, gülälekler, kebelekler!

Meň dadyma ýetişiň,

Endam-janym gysylyp, tükenip barýar demim,

Eý ülkämiň ýarawsyz lal dilleri,

Geliň, bir zikir çekiň,

Belki, kuwwata gelip,

Ỳerden daşary çykadym.

Dostlar! Men ölüp barýan,

Görüň gömülüp barýan…[3]

Eýsem, bu goşguda nähili pikir bar? Halk köpçülüg-ä däl, hatda öňdebaryjy intelligensiýa wekili hem muňa düşünerden ejiz gelýär. Muňa günäkär, elbetde, oňa düşünmeýän adam-da däldir. Bu meselede awtory-da günäkär hasaplamak bolmaz. Eger pikiriňi häzirki zaman şertlerinde aç-açan aýtmak mümkinçiligi döränliginde, şahyr setirleri beýle bir çylşyrymlaşdyryp hem durmazdy. Durmuşyň bu hili ýapyk ýagdaýy, durmuş bilen mejbury ýagdaýda ylalaşýan mazmundaky, şular ýaly eserleriň döremegine sebäp bolýar.


[1]. “ Durmuş”, ( Ýol mäjälläsinin …),/ görk. iş/,…säf. 4.

[2]. Şol ỳerde, 43 sah.

[3]. “ Durmuş”, / görk. iş/, … 41 sah.