2. Häzirki zaman edebi prosses.
Soňky döwürlerdäki medeni-ruhy täsirlere Eýran türkmenleriniň soňky 70 ýyllykdaky ruhy, edebi, taryhy we syýasy wakalarynyň içinde emele gelen medeniýet diýip düşünmeli. Ýokardakylar ýaly ýatdan çykmajak hakyky taryhy wakalar halkyň ruhy medeniýetine-edebiýatyna we sungatyna iki aspektde öz täsirini ýetiripdir: Birinjihut syýasy wakalaryň täsirinden gözbaş alyp halk arasynda döredilen şygyrlar we beýleki falklýor eserleri. Bu hili goşgy-gazallar Eýran häkimiýetinden gizlin görnüşde düzülip, dilden-dile geçip, halk arasynda ýaýradylypdyr. Soň umumy Eýran oppozisiýon güýçlerine garaňda, Eýranyň Demokrat “halk guramasy” Türkmensähradaky türkmen intelligensiýasynyň ideýalaryna oňaýly täsir edip, olary öz tarapyna çekýär. Şol döwürde bu iki güýjüň arasynda dürli meseleler boýunça dörän käbir situasiýalar halk arasyna goşgy bolup ýaýraýar. Elbetde häzirki döwürde bu goşgulary ýygnamak Türkmen ylmy merkezlerdäki, alymlarynyň borjy bolup durýar. Şeýle eserleriň biri-de Abdurrahym Mudarrasynyň döredijiligine degişlidir: Babaýlar tekin ýoldaşyň bardyr, Galaýy dakynmak erkege ardyr, Çatyň derejesi seňkiden zordur, Oňky bürünç, seňki posly galaýy. Demokrat bahana halky soýmaga, Galaýy dakarlar papak goýmaga, Käşki gyzyl bolsa satyp ýoýmaga, Oňky bürünç, seňki posly galaýy. Demokratdan boş wadalar berilýär, Ýakyn wagtdan puç zadyny görülýär, Derejäni görüp içim gyrylýar, Göreňde gülkiňi tutdyr galaýy.[17]-[18] Ýokardaky goşguda Demokrat partiýanyň halky işe çekmekde nädogry alyp barýan syýasatlary ýiti sarkazm stili bilen berk ýazgarylýar, ýaňsa alynýar. Halk arasynda şular ýaly mazmunda dürli wariýantlarda goşgy-gazallar düzülipdir. Käbir halatlarda ýokarda agzalyp geçilen iki partiýanyň arasynda bolup geçýän bäsleşikler esasynda aýdyşyk aýdymlary düzülipdir. Mysal üçin, bir aýdyşykda: --Demokratyň başlygy owal bizi soýandyr, Maly-mülkümiz alyp, milleti aç goýandyr… Diýip, demokrat partiýa tankyt edilse, beýleki bir aýdyşykda tuda partiýasynyň üstünden gülünýär: --Gapysynda uly klub galdyran, Tudalara hoşluk berip güldüren… Şular ýaly, hut syasy wakalardan täsirlenilip döredilen goşgy-gazallar şol döwrüň edebiýatynyň umumy ugurlarynyň bir akymy bolupdyr. Ikinji geçmiş edebiýatynyň nusgalaryndan täsirlenilip, şeýle hem jemgyýetçilik şertleri esas edilip döredilen eserlerden ybarat. Bu döwre gelip ýeten eserleriň ruhy täsiri XIXXX asyryň başlaryndaky türkmen klassik edebiýatynyň soňky duralgalary diýlip
Bu döwürdäki eserler hem umuman, ikä bölünýär:
A). Eýrandaky neşirýatçylaryň tarapyndan ýygnanylyp, çap bolup çykan eserler: Bu eserler ilkinji gezek esasan Kümmet-Kowus şäherindäki “Kabus” neşirýaty tarapyndan köpçülige hödürlenendir.
B). Çap edilip çykarylmadyk eserler: Olar, esasan, halkyň dilinde we şahsy ýazgylarda galan eserlerden ybaratdyr. Olary halkyň we bagşylaryň dilinden, esasan hem Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Milli Golýazmalar Institudynyň arhiwlerinden ýazyp almak mümkinçiligi döreýär. Haçanda Türkmenistan bölünip, araçäk bellenenden bäri, bu şahyrlaryň eserlerini ýygnamak mümkinçilikleri kynlaşyp, olaryň eserleriniň köp bölegi ýitip ýok bolmaga çenli baryp ýetdi. Çeper döredijilikde soňky 20-30 ýylyň içinde täze-täze edebi güýçler döredi. Nesillerden miras galan garaşsyzlyk gazanmak we kesekä bakna bolmasyzlyk ideýalary ýaş edebiýatçylarynyň çeper döredijiliginde täzeden işläp başlady. Ylaýta-da 1965-1979-njy ýyllaryň ýaş intelligensiýa wekilleriniň pikir-duýgysyna garaşsyzlyk ideýalary oňaýly täsir etdi. Şeýle täsirler netijesinde özbaşdaklyk gazanmak ugrundaky progressiw hereket öz oňaýly roluny oýnady we Eýran türkmenleriniň taryhynda ýene bir gezek ýörite guramaçylykly döredilen Sowet Awtonomiýasynyň emele gelmegine (1979 ý.) getirdi. Emma bu ugurdaky uly we esasy ýetmezçilik awtonomiýanyň tiz synmagyna getirdi. Ol ýetmezçiligi, esasan birinji nobatda Eýran türkmenleriniň intelligensiýa wekilleriniň we marksistik partiýa guramalaryny döreden organizasiýasynyň tejribesizligi we türkmen intelligensiýsynyň olara bakna bolmagy hem çep tarapa has ýykgyn edendikleri bilen düşünip bolýar. Şeýle hem Eýran tükrmenlerinde emele gelen sowet (şura) esasyndaky geçip duran syýasy-medeni we ykdysady reformalary öňki monopolist buržuaz elementler ret etdiler, hem-de fundamentalist garaýyşly reaksiýon režim, Eýranyň Amerika sistemindäki gurulan harby goşuny öz gullugyna almagy bilen, düşündirip bolar. Üçüňji sebäp bolsa, şol döwürde Sowet Soýuzyndan hem Eýran türkmenlerine bu babatda ýardam edilmezligi bu meselede Eýran türkmenleriniň öňe gidişlik gazanmagyna ýaramaz täsir etdi. Şeýle bolansoň, şygarlar we çagyryşlar hem ýarym türkmençe, ýarym parsça boldy. Beýle ýagdaý garaşylýan netijäni bermedi. 2 nji jahan urşundan soňky Eýran türkmenleriniň edebiýat taryhynda köplenç şygyr bilen eser döretmek ýoň boldy. Has soňky döwürlerde kyssa we roman eserlerini döretmek hem ýola düşüp ugrady. Soňky 40-50 ýýlyň dowamyndaky edebiýat, döwrüň syýasy-jemgyýetçilik wakalaryndan üzňe bolmady. Her bir babatda ol eserlerde döwrüň ýüzüni açyp görkezmäge ýykgyn edilýär. Şeýle eserleriň esasy tematikasy bolsa göreş, watany söýmek, halkyň sosiýal ýagdaýyny ündemek, adalat bilen sütemiň arasyny çäklendirmek… meselelerinden ybarat bolýar. Häzirki zaman Eýran türkmen edebiýatynyň wekilleri hökmünde: Setdar şahyr (Sawçy), Berdi şahyr (Akbendi), Aýdy Ownuk, Aram (Arazmuhammet Şahyry), B. G. Daňatar, H. O. Parahat, G. Ysfyhany, H. Kör, Abdurahman Ownuk, G. Hoja, A, Iýri, A. Güli, A. Düýeji, N. Jürjäni, A. Ahmady, A. Kelte, H. Subhany, H. Adyl, Annamuhammet Sada (Sanjar), A. Sarly, A. Pak, S. Çowgan, Ý. Sakgally, H. Kösely, H. Kem, Aliýe Alagy, Jemile Şeýýhi, M. Düýeji, Ý. Gojuk, G. Badahşan, Rahymydaşlyburun, Ç. Ownuk we ... dagynyň atlaryny agzamak bolar. Edebiýatyň häzirki zaman şertlerine degişlilikde, ýokarda atlary agzalan ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde öňe sürülýän ideýalar esasan üç sany mazmundan gözbaş alýarlar: A) Durmuş bilen ylalaşmaýan mazmunly eserler: B) Durmuş bilen ylalaşýan mazmunly eserler: Ç) Durmuşy ündeýän mazmunly eserler: Ikinji bölegi Diss.Kan. Gel 2 - de
[1]. Ataỳew H., “ Jonbäş-e rähayỳbähş-e torkmänha-ỳe
۵۹. آ تا یف همّـت، " جنبش رهائی بخش ترکمنهـای ا یـرا ن ( قـیـا م سا لهای ۱۹۱۷-۱۹۲۵)"، مترجم : ســعـیـد، " آ کا دمی علوم جمهوری مستقلّ تـرکـمـنـســتا ن"، انسـتـیـتو تـا ریخ ِ ش. با طـیـراف، ا نتـشا رات "حــزب ِ تـوده ا یــرا ن"، سا ل ۱۹۸۷/ م. [2]. «Туркмунская Искра», А.: 1925 г., 10 фев.
[3]. Oraztaganow A., “ Arzuw”,/ görk. iş/, 70 sah [4]. Ýusupow I.A., “ Eỳran we SSSr-iñ aragatnaşyklarynyñ giñişlikleỳin döredilmegi ( 1917-1927-nji ỳyllar)”, Moskwa- 1955 ỳ.,251 sah. [5]. “ Ýaş kommunist ” № : 32 / 8849/, Annanepesow M., “ Döwür, ykbal, hakykat”, “ Gaỳgysyz Atabaỳew hakda”,A.: 1992 ỳ.,11 aprel, 4 sah [6] Ataỳew H., “Jonbäş-e rähaỳỳbähş …”, / görk.iş/, [7]. Filologiỳa ylymlarynyñ kandidaty N. Meredow Aşyrpuryñ aỳtmagyna görä esaslanylỳar. [8]. “Zendegi wä mobareze-ỳe hälg-e torkmän
۶۶. " زندگی و مبا رزه خلق تـرکمـن ا یـرا ن"، ا نتــشـا را ت " کا نـون فـرهنـگی و سـیـاسـی خلق ترکمن ا یــرا ن و سـتا د مــرکــزی شـورا ها ی تــرکـمـنــصـحــرا "، ا یـــرا ن سال ۱۹۸۰ / میلادی، صفحه ۳۷. [9]. Kulyew Gylyç, “ Köpetdagyñ añyrsynda ”, “ Türkmen döwlet” neşiriỳaty, Aşgabat 1956 ỳ., 15 sah. [10].“ Zendegi wä mobareze-ỳe halg-e torkmän-e
[11]. Hezb-e
[12]. Kulyew Gylyç, “ Köpet …”, / görk. iş/, 37 sah [13]. Eỳranyñ Rewolỳutsion jümmüşiniñ jemgyỳetçilik we strategic fundamentiniñ maksatnamasy , 2-nji bölüm, I-nji bap, “ Sazman-e Fedayỳan-e hälg-e
[14]. Jäzäni B., “ tarih-e si sale-ỳe
[15]. Ähmädzade Mäs,ud, “ Mobareze-ỳe mosällähane häm strteži häm takyik ”, emteşarat-e “Fedayỳan-e hälg-e
۷۳. ا حـمـد زا ده مــسـعـود، " مبا رزه مسلّحـا نه هم ا سترا تـژی هم تا کـتـیــک"، ا نــتــشـا را ت " سا زما ن فـدا ئیا ن خلق ا یــرا ن" ، بی تا، بی جا، [16]. Логашова Б. Р., « Туркменистан сегодня », 3, « Туркмении Ирана », 1992 г., с. 5. [17]. Kümüşdepe şäherinde “ çat” atly akyly ỳetne bir adam ỳaşapdyr. Ol democrat partiỳanyñ agzalarynyñ agzyny öỳkenip, gursagyna galaỳydan medal dakynypdyr. [18]. Arzaneş Welimuhammet Ahun , Türkmenistanyñ D. Azady Adyndaky Türkmen Döwlet Milli Dünỳä Diller Institutynyñ baỳry mugallymynyñ dilinden ỳazylyp alyndy. [19]. Zendegi vä mobareze-ỳe hälge torkmän-e
|