dr.HangeldiOWNUK***********kandidatlykdissertasidan

III BAP.EÝRAN TÜRKMENLERINIÑ EDEBIÝATY,  DIL, ÝAZUW MEDENIÝETI WE SAZ SUNGATY


I. Şahyrçylyk ýolunyň taryhy gözbaşy (Kökleri).


Merkei Aziýa halklarynyň dil we edebiýat taýyndan biri-birine baglanyşygy öz gözbaşyny asyrlaryň uzak jümmüşünden alyp gaýdýar. Bar bolan maglumatlara görä, şol ülkäniň köp ýerlerinde diňe söz babatda däl-de, eýsem edebiýatyň dürli formalary babatda hem baglanyşygyň biri-birinden gözbaş alyp gaýdýan ýerlerine köp duş gelse bolýar.

Dil we edebiýat her halkyň medeni taýdan ösüş mertebesini görkezýär. Her halk öz ruhy islegini kanagatlandyrmak üçin, beýleki bir goňşy halkyň medeni gazançlaryndan belli bir derejede peýdalanypdry. Munuň özi halkara gatnaşyklarynyň ýygylaşmagyna oňaýly täsir edipdir. Bu proses edebiýat äleminde-de bolupdyr.

Orta we Günbatar Aziýada belli bir taryhy şertlerde dörän arap, pars we türki edebiýat asyrlaryň dowamynda biri-biri bilen gatnaşyp, ysnyşyp gelipdir. Türki dilleriň iň gadymylarynyň biri bolan türkmen dili hem şeýle täsirleriň netijesi bilen baglanyşykda ösüpdir. Häzirki döwre garanyňda geçen asyrlarda türkmen şygyr çeperçiligine pars hem-de arap şygyr döredijiliginiň täsiri, şeýle hem türkmen dil we edebiýatynyň  arap-pars döredijigiligine galdyran  yzlary örän güýçli bolupdyr.

“Öňki döwürlerde mekdep-medreseler ahun-mollalaryň gözegçiliginde bolupdyr we şolaryň okuw-ýazuw düzgünleri boýunça öwrenilip, bu ýagdaý arap diliniň we edebiýatynyň türkmen edebiýatyna ornaşmagynda uly rol oýnapdyr.”[1]

Her döwürde alymlar, şahyrlar we hökümdarlar haýsy dil jemgyýetde rol oýnaýan bolsa, şol diliň edebiýatyny ulanypdyrlar. Onuň şygyr düzüliş formalaryny hem ýazgylaryny öz ýerli edebiýatyna girizipdirler.

* Aktokaý- sur. türkmen studentler saity.

VII asyrdan başlap, yslam dini araplar tarapyndan Orta Aziýa ornaşdyrylypdyr. Yslam dini türkmenleriň arasynda ilkinji gezek 674-nji ýylda Horasanyň arap häkimi bolan Obeýdulla ibn Ziýad tarapyndan getirilýär. N. Riçard “Buhara türkmenleriň tabynlygynda Obeýdullanyň zamanynda araplar paç-hyraç tölemäge boýun bolsa-da, olaryň tabynlygyna geçmändir”.[2] Şonuň üçin, şol döwürde Buharanyň patyşasy Meleke birnäçe mahala çenli ol ýerde hökmürowanlyk sürüpdir. Ondan soň 697-nji ýylda Omeýýat ibn Abdulla Orta Aziýanyň regiýonlaryndaky halklary araplara tabyn etmek üçin, köp alada edýär. Musulman serkerdeleriniň biri bolan Hojaj ibn-Ýusuf Amyderýanyň demirgazyk territorialaryna çenli boýun egdiripdir. Iň soňunda bolsa, 706-njy ýylda “Küteýba ibn Muslim Baýkent diýlen ýeri gurşap, 709-njy ýylda Orta Aziýanyň açary şolar bilen açylýar. Emir Togşada, Küteýba tarapyndan Buharanyň hökümrowany bolup saýlanyp, ol ýerde 32 ýyl (707-739) hökmürowanlyk edýär”.[3]

Şol döwürden bäri arap sözleri pars we trükmen ýazyjylaryň arasynda döwrüň sosiýal we jemgyetçilik durmuşynyň şertlerine görä, giňden peýdalanylyp gelnipdir. Şyh Hafyz, Şyh Sa’ady, Jelaletdin Rumy, Ga’any, … ýaly şähyrlaryň döredijiliginde munuň aýdyň mysalyny görse bolýar. Olar arap diliniň we edebiatynyň dürli çeperçilik formalaryny giňden ulanmak bilen pars edebiýatynyň araplaşyp we türkleşip ösmegine täsir edipdirler.

Şol döwürde şeýle ýagdaýlar ýüze çykypdyr:

Araplar dini ideýalaryny ýaýratmak we agalyk sürmek üçin, her halkyň üstüne çozanlarynda, ilkibaşda olaryň ýazuw-edebiat miraslaryny ýok edipdirler. “Mahmut Kaşgarlynyň aýtmagyna görä, türkmen halkyň 24 sany tagmalaryndan ybarat bolan harplygy bolupdyr.”[4] Şol harplyk araplaryň şeýle talaňçylygyndan aman galmandyr. Parslaryňkyny bolsa bütinleý ýok edip bilmeseler-de, elipbiyisi araplaşyp oňa ep-esli zyýan ýetiripdirler.

Yslam ideologiýasyny doly düşündirmek üçin, araplar intelligensia wekilleriniň üsti bilen arap dilinde ýazuw ýaýradyp, ähli döwlet işlerini arap dilinde alyp barypdyrlar. Şeýlelikde, şol döwürde iki hatda käbir halatlarda üç dil ýöräpdir.

Araplaryň häkimiýetiniň birnäçe asyrlap dowam etmegi netijesinde, ajamy (arap bolmadyk) halklaryň ýazuwynyň we edebiýatynyň köp bölegi assimilleşip, arap diliniň köp ulanylmagyna we edebiýata täze çeperçilik formalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr.

Şyh Hafyz, Şyh Sa’ady, Jelaletdin Rumi, Ga’any we beýleki şahyrlar öz ýazuwyny arap dilinde öwrenip, pars dilinde goşgy düzüpdirler. Mysal üçin, Hafiz dini kitaplary bütinleý ýat tutupdyr, Şonuň üçin hem “Hafiz ýa-da hafez” (“Ýat tutgur”) diýen lakamy alypdyr.

Seljuklar imperiasy başlanandan soň, üç diliň (türki, pars, arap) arasynda medeniara baglanyşygyň bolandygyny gadymy bir rowaýat habar berýär:

… Türkmen döwletinde musulman ummatlarynyň arasynda, “Ýagny, döwlet güýji türkleriňki, medeni gatnaşyk parslaryňky, din gatnaşyklary bolsa, araplaryňky bolupdyr”.[5] – diýlen söz öz-özünden şaýatlyk edýär.

Elbetde, “şol döwürde türkmen edebiatynda uly bir ösüş göze ilmeýär.” -disek-de, türkmeniň dini wekilleriniň öz döwrüniň türkmen dilinde dünýä ýaýradan birnäçe mektuplaryna-da gabat gelse bolýar, welin, soňabaka, seljuklar döwründe Merw (Mary), Buhara, Hywa, Baýkent ýaly uly ylmy merkezleri döräp, olar yslam dünýäsiniň gündogary hökmünde meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Ol ylmy merkezlerde dini kitaplar bilen birlikde, ýatlanyp geçilen klassiklaryň pars dilinde ýazan eserleri hem öwrenilmäge başlanýar. Ol kitaplarda çeper döredijilikden başga-da, mazmuny boýunça dini düşünjeler, gumanistik pikirler hem, halkyň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň dürli sosiýal esaslary-da işlenilipdir. Türki (türkmen) dilinde iň görnükli iş bitirenleriň biri Alyşir Nowaýy bolupdyr. Şonuň döwründen bäri, ylaýta-da XVI asyrdan başlap, pars edebiýaty hem türkmen okyjylarynyň arasynda ýaýrap, ondan degerli peýdalanypdyrlar.

“Gündogar ulamalary öz şägirt we talyplaryna Sa’adynyň, Şirazynyň meşhur “Gülistan”, “Bostan”, eserleri bilen birlikde, “Guşlaryň söhbetini” (“Mantik ut-taýyr”) hem öwreder ekenler”.[6]

XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda türkmen halkynyň beýik akyldarlary, alym şahyrlary Murmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes ýaly birnäçe şahsyýetler ýüze çykypdyr.

“XIX asyryň klassiklary musulmançylyk şertlerine berilen şahsyetleridir. Olar “Kuranyň” taglymatlaryny ykrar edipdirler, hudaýy hak, onuň resuly Muhammedi berhak diýip bilipdirler”.[7]

Şolaryň arasynda Magtymguly mederesede okan ýyllarynda we ondan soň dünýäniň dürli künjeklerine, ylaýta-da Eýran, Yrak we Hindistan ýaly ýurtlara eden syahatlary döwründe, pars we arap edebiýatlary bilen özbaşdak gyzyklanypdyr. Ol dürli kitaplaryň içinde Abunasyr al Faraby, Abureýhan-al-Biruni, Ibn-Sina, Omar Haýýam… ýaly alymlaryň, Hafyz, Ymadetdin Nesimi, Jelaletdin Rumy, Farid-ätdin Attar, Alyşir Nowaýy we Fizuli ýaly görnükli şahyrlaryň eserleri bilen has-da içgin tanyşypdyr. Öz döreden goşgularynda olardan ugur alypdyr. Eýsem-de ol, “Sen bolsam” diýen bir goşgusynda olaryň atlaryny hormat bilen tutýar:

Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany,

Firdowsy, Nyzamy, Hafyz perwany,


Jelaletdin Rumy, Jame elmoany,

Olaryň ýanynda men hem san bolsam…[8]

Magtymguly Pyragy diňe bir olaryň döredijiliginde eýermän, olaryň haýsydyr bir aýdan pikirlerini, öňe süren ideýasyny gaýtalaman, olaryň watan söýüjilik, gumanizm, erkin söýgi we beýleki babatlarda gozgan meselelerini XVIII asyr türkmen edebi durmuşynyň kesgitli meseleleri bilen utgaşdyryp, çeper döredijiliginiň reallygyny güýçlendiripdir. Bu bolsa türkmen ede biýatynyň romantik keşbini surat landyrýandyr.

Şeýle hem ol öz halypalaryndan gündogar goşgy çeperçiliginiň gizlin syrlaryny, täsin tilsimlerini öwrenipdir.

“Okapdym Saadynyň men “Bostanyny”,

Gör ne ajap Haganynyň “Medaýynyny”,

Istär men “Şahnama”, “Sakynamany”,

Mälik Omar bilen Süleýman bolsam”.[9]

Ýokarky bentde aýratyn ady tutulýan “Şahnama” eseriniň awtory Ferdowsi pars halkynyň arasynda “pars şygyrynyň atasy” hökmünde tanalýar. Ol eserlerinde arap sözlerinden peýdalanman, pars diline gaýtadan rowaç berip ösdürmek üçin, ol diliň gadymy sözlerini ýygnap, şol döwrüň türki edebiýatynyň içinden saýlap “Şahnama” atly eserini çykaryodyr. Ol esere orta asyr pars edebiýatynyň ilkinji fundanental kerpiji hökmünde garalýar. “Şahnamanyň” baş gahrymany Rüstem we Zal bolupdyr.

Goňşy halklaryň käbir alymy Rüstem obrazynyň ilkinji dörän ýeri Orta Aziýa topragynda ýaşan gadymy Sakalara degişlidir diýip tassyklaýarlar.[10] “Professor Ý. E. Bertelsiň garaýşyna görä, Rüstemiň obrazyny türkmen falklýorlaryna häsiýetli bolan figura, ezilenleriň belli goragçysy bolan Görogly bilen deňeşdirmeklik has görnükli bolardy”.[11] Bu ýagdaý bolsa türkmen falklýorlarynda Rüsteme çet ýerli hökmünde däl-de, eýsem oňa özleriniň gadymdan gelýän söýgüli we hormatly gahrymany hökmünde garalandygyny düşnükli edýär.

Şeýlelikde alymyň bu pikirine goşulyp, Magtymguly hem öz gezeginde ferdowsiniň “Şahnamasynyň” baş gahrymany Rüsteme salgylanman, hut türkmen halk döredijiliginde işlenen Rüstem obrazyna, ýagny hut “türkmen Rüstemine” ýüzlenip, ony özüçe işläpdir, parasatly şahyryň edebi mirasynda edil Görogly bolşy ýaly Rüstemdir Zala hem simpatiýa bildirilýär. Şahyr olaryň gahrymançylykly hereketlerine tüýs ýürekden guwanýar.[12]

Magtymguly öz goşgularynda Ferdowsiniň halk arasynda adygan gahrymanlarynyň obrazlaryny peýdalansa, öňe sürýän ideýalarynyň, nygtamak isleýän pikirleriniň has täsirli boljakdygyna ynanypdyr. Şonluk bilen, şahyr ol diwandaky obrazlardan öz geregiçe ulanypdyr:

“… Hany ol Isgender dünýäni alan,

Rüstemu-Zal ötdi gylyjyn çalan…”

Ýa-da:

Zunnun baryp, Rüstem Zala zor salsa,

Rüstemiň derdine men derman bolsam.[13]

Ýokarda gysgaça görüp geçişimiz ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginde pars edebiýatynyň genji-hazynasyndan gözbaş alan ylham çeşmesi, onuň eserlerini has-da öwüşgünli edýär. Şeýle öwüşgünlilik beýleki türkmen şahyrlarynyň döredijiligi üçin hem mahsusdyr. Biz bu ýerde diňe bir şahyryň, Magtymgulynyň goşgularynyň mysalynda şol öwüşginiň ähmiýetini äşgär etmäge synanyşdyk, goşgularyň many-mazmun, ideýa, obraz taýdan gözbaş çeşmeleri barada durup geçdik. Emma şeýle çeşmeleriň forma babatdaky täsirleri barada hem uzak gürrüň etse bolardy. …



[1]. Durdyew K., “ XIX asyr. …”, / görk iş/,

[2]. Sarly A., “ Torkestan där …”, / görk. iş /, 16 sah.

[3]. Riçard  N., “ Fära-ỳe Buhara  - dästavärd-e gorun-e vosta ”, tärjome-ỳe Mähmud Mähmudy, enteşarat-e “ Bongah-e näşr-e ketab”, Tehran – 1348 ş.,1969 m.

۲۷. ریچـا رد  ن.، " فـــرا ی  بـخـا را – د ســتا ورد قــرون وســطـی"، ترجمـه مـحـمـود مـحـمـودی ، ا نتـشـا را ت "  بـنـگا ه  نــشر کـتـا ب"، تــهــرا ن -  سا ل ۱۳۴۸ ش.، ۱۹۶۹ / م.

[4]. Абул- Газы  Бахадор хан Хивинского, « Родословная Туркмен شــجــره نا مـه تــرا کــمــه » , издателъстца АН СССР – Москва – Ленинградб 1958 г., 54 – 53 с.

[5]. Riçard N., “ Fära-ỳe Buhara …”, / görk. iş /,

[6]. Durdyew K., “ XIX asyr. …”, / görk. iş /,

[7]. Şol ỳerde.

[8]. “Ak ỳol ”, ( Ýol mäjälläsinin türkmänçe älaväsi ), Ýusof  Gojuk, şomare-ỳe 25, enteşarat-e “ Keỳhan ”, Tehran – sal-e 1992 m., säf. 12.

۳۲. " آق یـو ل"، ( یـو ل مـجـلـّه سـیـنـین تـرکـمـنـجـه عـلا وه سـی)، یـوسـف قـوجـق، شــماره ۲۵، ا نتــشا را ت " کـیـهـا ن"، تـهــرا ن – ۱۹۹۲/ م. ، ص. ۱۲ .

[9]. Pyragy Magtymguly, “ Saỳlanan eserler ”, Aşgabat – 1988 ỳ.

[10]. Зарыфов Х.Т., 4 « К изучению Узбекского Народного Эпоса», Москва – 1958 г., 103 стр.

[11]. Çaryỳew Myrat, “ Oçerkler, Magtymguly we halk döredijiligi ”, “ Ylym ” neşriỳaty, Aşgabat – 1983 ỳ., 123 sah.

[12]. Şol ỳerde, 123 sah.

[13]. И. Н. В. 1123 б 126 стр.