================================================== CANADA-TORONTO*****************Dr. Hangeldi OWNUK SÄHRAMYŇ SAZY SUNGATY
Dünýäniñ çar ýanyna ýaýran türkmenleriñ aýdym-saz sungaty umumytürki halklarynyñ aýdym-saz sungatynyñ aýrylmaz bir şahasy bolup durýar. Muña ol halklarda aýdylýan aýdymlaryñ äheñleriniñ bir perdeden gopýan görnüşleri hem köp ýerlerde şaýatlyk etse, köne döwürde ulanylan ilkinji saz gurallary bolan gopuz, tüýdük, dambura (tamdyra) ýaly saz gurallarynyñ hemmetürki halklar üçin aralyk bolmagy-da muny doly tassyklaýar. Elbetde, belli bir halkyñ goñşyçylykda ýaşan beýleki bir halkyñ aýdym-saz sungatyna öz täsirini ýetirişi ýaly, türki halkyñ aýdym-saz sungaty beýleki bir halka, beýleki bir halkyñ aýdym-saz sungaty bolsa, türkmen halkynyñ aýdym-saz sungatyna özüniñ täsirini ýetirendir. Bu meseläniñ barlagy örän uly bolup, biz bu ýerde diñe Eýran türkmenleriniñ saz-sungatynyñ gözbaşy barada gysgaça durup geçmekçi. Çünki aýdym-saz sungaty hem belli bir derejede halkyñ ruhy medeniýetini kesgitleýär. Şol ruhy medeniýetiñ kökleri bolsa, asyrlaryñ jümmüşine ornap gidip, olaryñ döreýşi, kemala gelişi, ösüşi, taryhy wakalardan gözbaş alýar. * ýomut-gökleñ ýolunyñ görnükli wekili Gazak Pang Umuman, türkmen saz-sungatynyñ öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy türkmen klassik şahyry Mahmyt Gaýybynyñ Buhara emiriniñ huzurynda aýdan “Gelende bardyr” atly şygyrynda şeýle teswirlenýär: Saz bilen söhbeti ýaman diýmäñler, Adam ata dünýä gelende bardyr. 78 Dutaryñ döreýşi hakda dürli rowaýatlaryñ biri hem beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyñ belläp geçişi ýaly aýdym-saz, adam ata döränden bardyr, diýen çuññur filosofiýadan gözbaş alýan sözüñ esasynda aýdylýar. Ol rowaýat aşakdakydan ybarat bolýar: “Hudaýtagala adam atany döredende palçykdan hamyrmaýa emele getirip onuñ adam şekilli heýkelini bütin 40 gün saklapdyr. Haçanda öz ruhyndan adamyñ meýdine dem salanda, toprakdan emele gelen ten bu beýik ruhy götere bilmän her sapar ýapyk teniñ içinden daş çykypdyr. Derhal hudaýtagalanyñ emri bilen ruh ynsanyñ toprakdan gurulan tenine jaýlaşar ýaly elleri dutarly üç sany perişde saz çalyp başlaýarlar. Allatagalanyñ ruhy ýürege baryp ýetende ynjalyk tapyp şeýle diýýär: “Eý bir hudaýa! Meni sazyñ güýji bilen teniñ kapasynda jaýladyñ. Şonuñ üçin her sapar sazyñ owazyny diñlesem, özümden gidip, kalbymyñ heýejan-tolkunlaryny duýýaryn”. Türkmenleriñ ynamyna görä, heniz hem adamlar dutaryñ ýürek tolkundyryjy owazyny eşiden badyna göwni uçgunmagy şonuñ üçindir. Sebäbi allanyñ ruhy toprakly tende sazyñ güýji bilen siñipdir”.79 Irki döwürlerden bäri türkmen halkynyñ arasynda “Ozan” ady bilen başlangyç sungaty bolupdyr. Ozanlaryñ öz sözlerine özleri saz döredip, ony hem özleri ýerine ýetiripdirler. S. Demidowyñ barlag etmegine görä, XI-XVI asyrda il arasynda Dana ata lakamy bilen tanalýan Ahsan şih Günbatar Türkmenistanda ýaşap geçen Söýünhany türkmenleriñ meşhur oguznamasyçy bolupdyr.80 Onuñ repertuaryndaky oguznamalryñ golýazmasyny soñra Hywa hany Abulgazy özüniñ “Türkmenleriñ şejeresi” diýen işine girizipdir.81 XVII asyrda Maññyşlak türkmenleriñ arasynda Amandöwlet bagşy galmyklaryñ çozuşyny deñze balyk awlamaga giden türkmenleri saz heñi bilen ägä edip. Olary hem özlerini duşmanyñ elinden halas edipdir.82 1846-njy ýylda rus etnografy A. P. Arhipow Maññyşlak türkmenleriniñ Ýusupkazy obasynda üç günläp myhmançylykda bolup, olaryñ aýdym-sazlaryny höwes bilen diñläpdirler.83 [[1]]. Türkmensähranyñ belli bagşysy Arazmuhammet Bahoşy Şol bagşylaryñ arasynda meşhur Garry şahyr, Muhammet bagşynyñ ogly Allaguly bagşy, Ajymyrat bagşy, belli Kör bagşy Süleýman dagylar şol döwürde Günbatar Türkmenistanyñ belli aýdymçy bagyşylary bolupdyrlar. Emma bu bagşylaryñ ýaşan döwri belli bolsa-da, döreden saz-mukamlary häzirki döwre çenli bize onçakly mälim däldir. Emma nesilleriñ üsti bilen biziñ günlerimize gelip ýeten käbir saz-sungaty biziñ baý sungatymyzyñ bolandygyna şaýatlyk edýär. XIX asyrda ýaşap geçen Amangeldi Göni, Gulgeldi ussa, Garadäli Gökleñ, Ýegen Oraz bagşy, Hajygolak, Nobarniýaz bagşy, Oglan bagşy, Hemra şih, Ýow bagşy, Durdy bagşy, Şükür bagşy, Çowdur bagşy, Wejen bagşy ... we ýene-de şoña meñzeş tanymal bagşy-sazandalaryñ käbir aýdym-sazlary dolulygy bilen bize gelip ýetipdir. Öz ýaşan döwürleriniñ her hili kynçylyklaryna döz gelip, halkyñ ody bilen girip, küli bilen çykan bu bagşy-sazandalar gapma-garşylykly ýowuz wakalaryñ beýanyny saz arkaly halkyna miras galdyrypdyrlar. Bu halypa bagşylaryñ atlary halk arasynda rowaýata öwrülipdir. Bu rowaýatlar bolsa, dilden-dile, nesilden-nesile geçip, häzirki döwre çenli gelip ýetipdir. Tüdükçi bagşylar gyjak bilen yan beryärler Halkymyzyñ uzak taryhynyñ akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr-sazlaryñ uly orna degişlidigine professional derejede döredilen mukamlarymyz doly şaýatlyk edýär. Esasan türkmen halkynyñ häzirki döwre çenli gadymdan durgunlaşan dutar (tamdyra), gyjak, tüýdük (ýedi bogun, dilli tüýdük, şadyýan tüýdük), gopuz ... ýaly saz gurallary bolupdyr. Şu saz gurallarynyñ iñ gadymkysy dilli hem-de gargy tüýdük bilen gopuz bolmaly. Häzirki wagtda soñky dörän klawişli saz-gurallary (akardiýon, pianino, garmon, organ, sintizator ...) hem-de kirşli saz gurallary (skripka, gitara, sitara ...) toý-baýramçylyklarda bagşyçylyk ýolunda hem estrada dürli aýdym formalarynda peýdalanyp gelinýär. Türkmenleriñ gadymy taypasy kaşkaýyly tüdükçi. Haçanda aýdym-saz sungaty hakda gürrüñ gozgalanda türkmen halkynyñ ähli saz gurallarynyñ arasyndan ilkinji bolup dutaryñ owazy gulagyñda ýañlanýar. Dutaryñ has irki we gadymy gural bolany üçin bu guralyñ döreýşi hakda belli bir maglumat galmandyr. Emma şu babatda dürli rowaýatlar üsti bilen käbir çaklamalar bar. Hezreti Alynyñ döwründäki Babagammaryñ ady bilen baglanşykly rowaýat hem şolaryñ biridir. Rowaýata görä, günlerde bir gün Hezreti Alynyñ Düldül atly meşhur aty gaty keselläp, hiç hili iým iýmändir. Bu atyñ seýsi hem meşhur Babagammar bolupdyr. Şeýle bir ýagdaýda ol örän ökde sazanda bolany üçin, Hezreti Aldyan on gün möhlet alyp, bir dutar ýasapdyr. Babagammar atyñ öýüne iým döküp, ýasan dutary bilen atyñ garşysyna geçip, saz çalyp başlapdyr. Düldül dutaryñ owazyna gulagyny keýgerdip, öñündäki dökülen iýme ymsynyp başlapdyr. Şeýlelik bilen ol at kem-kemden iými ysgap ýuwaşlyk bilen iýipdir. Şeýlelikde at ölümden halas bolupdyr. ... * Türkmensähra bagşylarynyñ hor topary Türkmenler haçanda çaga gyzamyk örende, oña dutardyr tüýdügiñ owazy bilen şypa beripdirler. (Eýran türkmenleriniñ arasynda bu köneden galan däp-dessur henize çenli dowam edip gaýdypdyr). Şu hakykatyñ özi ýokarky rowaýaty reallaşdyrmaga ýardam edýär. Türkmen halkynyñ arasynda şeýle derejä göterilen dutary Abunasry Faraby iki topara bölýär. Biri “Tanbure-ýe-Bagdad” (Yagny Bagdat tamdyrasy). we ikinjisi bolsa, “Tanbure-ýe-Horasan” (ýagny Horasan tamdyrasy), “Tanbura” sözi bolsa, türkmen dilinde fonetik özgerişe sezewar bolup, “Tamdyra” görnüşinde aýdylýar. Orta Aziýanyñ saz-sungatyny öwreniji meşhur alym W. A.Uspenskiý Türkmenistanda geçiren öz ekspedisiýasynda 1927-nji ýylda Esenguly etraplarynda bolupdyr. Ol ýerde Eýran türkmenleriniñ arasynda ady belli bagşylar bilen duşuşypdyr. “Bu alym Esengulyda ýerli sazandalaryñ üçüsi bilen duşuşýar. 56 ýaşly Mämmetnepes Berdi oglundan birnäçe saz ýazyp alýar”.84 Ýazyjy Kasym Nurbadow “Hojaniýaz aga salam aýdyñ” diýen eserinde Mämmetnepes bagşy barada gyzykly maglumatlar berilýär. Onuñ “Maýa sepjä”, “Waý, Kelläm” diýen sazlary döreýiş wakalary bilen baglanşykly hekaýalarynda Mämmetnepes aganyñ güýçli sazanda bolany beýan edilýär. Hatda, onuñ saz çalyp, köşegini almaýan maýa köşegini aldyryş ynandyryjy teswirlenýär: “... Aýdymyñ soñuny saza ýazdyrýar. Çalyp otyrka, Mämmetnepes, biri-ä geline, birem köşegini alman duran maýa gözüniñ gyýtygyny aýlap-aýlap göýberýär diýýär. Bir görse, öñ köşeginden gaçyp ýören maýa usullyk bilen köşegine tarap baryberdi diýýär. Soñam ysgaşdyryp ugraýar. Köşegi-de şol wagt sokjap, enesini emip başlaýar. Mämmetnepes aga-da kakuwy köşegiñ sokjap-sokjap emişine görä sazlaýar. Sazyñ kakuwyna görä-de, köşek sokjaýar diýýä. Ýagşy garny doýan köşek enesiniñ aşagyndan çykýar-da, wagty çaýe bolup böküp, oturan ýerinden köşegi kowalap ugraýar. Şol barmana, ýañky maýa-da köşeginiñ böküşine görä böküp başlaýar. Gözüñ bilen görmeseñ, ynanar ýaly däl, boldy bir hezillik diýýä. Goñşy- golamyñ bary çykdy diýýä daşary. Bir görseñ-ä, enesi bilen köşek saza görä bökýän ýaly, bir görseñem saz maýa bilen köşegiñ böküşine öýkünilip çalynýan ýaly, haýran galaýmaly diýýär bu gudrata. Çagalaram böküşip, gygyryşyp ugrady diýýär: “Maýa sepje!”, “Maýa, säpje!”. Iller şondan soñ, Mämmetnepes aganyñ bu çalan sazyna “ Maýa sepje ” diýip, at goýupdyrlar diýýär. ... ”85 Bu eserde Mämmetnepes bagşynyñ meşhur Çowdur körüñ hem ilkinji halypasydygy ýatlanýar.86 Şol ekspeditsiýada W.A. Uspenskiý Mämmetnepes bagşydan Eýran türkmenleriniñ arasynda meşhur bolan aýdym we mukam sazlarynyñ birnäçesini ýazga geçiripdir. Olaryñ arasynda “Nowaýy”,”Ýar garagözli”, “Jenanym”, “Azat eýlegil”, “Ýandy bagrym”, ýaly sazlar bar. “Türkmen saz sungatyny öwreniji A. Ahmedowyñ aýdyşy ýaly, türkmen halky geçmişde oturumly halk bolman, esasan çarwaçylyk bilen meşgullanypdyr. Netijede olaryñ saz sungaty hem şol şertlere laýyklykda ösdürilipdir. Munuñ şeýledigine tüýdügiñ çopan saz guralydygy-da, türkmen dutaryñ, öýüñ dört tärmine niýetlenen “pes sesli” gural bolmagy-da şaýatlyk edýär.” 87[[2]] Onuñ bu pikiri professor W. M. Belýaýewiñ pikiri bilen utgaşyp gidýär: “Türkmen sazy bu halkyñ psihologiýasyny ýüze çykarýar. Şol bir wagtyñ özünde-de şol ýurdyñ tebigatyny şöhlelendirýär. Biz onda ýa-ha ýaýrap ýatan giñ sähralaryñ (wokal sazy, tüýdük sazlary) ýa-da öý içiniñ keýpi-sapalarynyñ (dutar sazlary) beýanyny görýäris diýip, W. A. Belýaýew ýazýar. Uly märekäniñ ýygnanşan ýerinde, açyk howada garşylaşyp oturan iki tüýdükçiniñ sazy adatça, mümkin boldugyça köp adamyñ ünsüni özüne çekmek üçin çalynýan zowwam seslerden ybarat bolýar. Dutar hakda aýdylanda welin, onda şeyle baýlyklaryñ aýratyn goýaldylan hususyýetlerñ göwrüminiñ türkmen ýaşaýan öýi we ony ähli maşgalasy bilen gar-gaýdan ygtybarly goraýan gara öýüñ göwrümine gowy sazlaşyp gidýändigi bilen tapawutlanýar.”88 gyjakçy bagşylar Şeýle şertlerde taýpa-tireler bolup, dagynyk ýaşan türkmen halkynyñ bagşyçylyk sungaty dürli ýollar bilen ösdürilip gelnipdir. Aragatnaşyk serişdeleriniñ juda ujypsyzlygy sebäpli, biri-birinden aralary has üzñe türkmen tireleriniñ hersine dutar çalmak, saz sungatynyñ umumy ösdürilişi dürli usullar, özboluşly aýratynlyklar arkaly amala aşyrylypdyr. Şonuñ üçin hem dutarçylykda we bagşyçylykda olaryñ hersinde, esasan özlerine mahsus usullardyr aýratynlyklar ornaşyp gelipdir. Şeýle bir ýagdaýda dürli ýollar emele gelip, oña “Bagşyçylyk ýollary” diýlip at berilýär. Mysal üçin: “Damana ýoly”, “Ahalteke ýoly”, “Salyr-salyk(saryk) ýoly”, “Çowdur ýoly”, “Ýomut-Gökleñ yoly”, “Etrek-Gürgen ýoly” ýaly ýollar halk arasynda ýörgünli bolupdyr. Eýran türkmenleriniñ bagşyçylyk ýoly bolsa, öz ýerli taýpa-tire şertleri boýunça, “Ýomut-Gökleñ ýoly” , “Etrek-Gürgen ýoly” we ş.m. ýaly bilen kesgitlenipdir. * Türkmen bagşylary “Sinema Baharan Teatyrynda” çykyş edýärler. Türkmen sazyny öwreniji görnükli alym W. A. Uspenskiý Esengulyda bolanda ýomyt-gökleñ sungaty barada şeýle belläpdir: “Ýomutlaryñ aýdym pýesalarynyñ labzy juda ýiti, köplenç halatda olar kuwwarta bilen kiwintanyñ çäginde oýnaýarlar”.89 [[3]]. XI-XVII asyrlarda günbatarda, ýagny Maññyşlak we Üstüýurt ülkelernde ýaşaýan türkmenler ol ýerdäki ýerli ýaşaýyş şertleriniñ üýtgemegi zerarly, ýerli- taýpa-tireleriñ köp bölegi, ondan öñki asyrdaky ata-babalarynyñ giden yzlaryny yzarlap, käbirleri günorta-gündogara tarap we käbirleri bolsa, Hazar deñziniñ gündogar kenarlaryny syryp Günorta Türkmenistana (Gürgen-Etrek) tarap süýşýärler. Häzirki bagşyçylyk ýolunyñ dürli ýol boýunça tapawutlandyrylşyna garamazdan, şol asyrda türkmen bagşyçylyk sungaty biri-birine örän ýakyn bolupdyr. Munuñ esasy sebäbi şol döwürde türkmen taýpa-tireleriniñ biri-biri bilen ýakyn gatnaşykda agzybir bolup ýaşandyklaryndan gözlenilmelidir. Türkmenler käbir ýagdaýlarda daşky duşmanlaryñ garşysyna agzybir bolupdyrlar. Bu agzybir bolup bileleşmeler bolsa, öz gezeginde, saz-sungatynyñ ösüş derejesine hem degerli täsir edipdir. “XVII asyryñ ahyrlarynda Balkan sebitlerinde dörän Teke-Ýomut birleşigi demirgazykdan oñat ýaraglanan we Russiýanyñ raýatlary hasaplanýan Galmyklaryñ çozuşlaryny yzyna serpikdirmekde türkmenleriñ agzyny birleşdirmäge ýardam edipdir”.90 Ýene-de şol taryhy maglumatlaryñ habar bermegine görä, “XVII asyrda Günbatar Türkmemistanda suw ýetmezçiligi sebäpli (Uzboýyñ suwy kesilip, Sarygamyş suwunyñ şor bolmagy), köp ilaty eklemäge resurslary bolmandyr, oña görä-de şol asyryñ ahyrlarynda Ýomutlaryñ Tekeleriñ iri bölegi Günorta Türkmeistana süýşüp başlapdyrlar”.91[[4]]. Öñde belläp geçişimiz ýaly, şol asyrda Amandöwlet bagşy şeýle bir agzybir taýpa-tireleriñ görnükli başgasy bolupdyr. Ýatlanan hadysada ýerine ýetiren sazy hem “Gyryldy” ady bilen henize çenli bagşy-sazandalaryñ arasynda ýörgünli sazlaryñ biridir. * Tüdükçi bagşy Şeýle ýagdaýlarda, ýagny ýer-ýurdy taşlap, aýry ýerlere göçmek we dagynyk ýaşamak prosesiniñ kynçylygy, galmyklar, Hywa Buhara emirleri we Eýran şalygy ýaly daşky duşmanlar tarapyndan edilen çozuşlar we çaknyşyklar günbatar türkmenleriniñ saz sungatynyñ pese düşmegine-de sebäp bolupdyr. Soña baka bu etrabyñ türkmenleri oturymlaşyp başlanda, Hywa we Daş-Oguz ýomutlary bilen aragatnaşyklary üzülmändir. Hatda käbir ýagdaýlarda Daş-Oguz ýomutlary bilen Gürgen-Etrek ýomutlarynyñ bagşyçylyk ýoly ýakyn meñzeşlikde bolupdyr. “Gürgende maly bolanyñ, Hywada garny dok” diýlen hem nakyl irki döwürlerden bäri Gürgen türkmenleriniñ Daş-Oguz sebitleri bilen gatnaşykda bolandygyny añladýar. W. A. Uspenskiý bilen W. M. Belýaýewiñ “Türkmen sazy” atly ylmy işinde Esengulyly bagşy Mämmetnepes Berdi oglunyñ hywaly Niýazguly Biçemekär bagşydan, şagadamly bagşy Kowus Satyl oglunyñ Niýazguly bagşynyñ şägirdi Aman bagşydan pata alandygy hakda aýdylýar.92[[5]] Bu tassyklamalar bolsa, Gürgen-Etrek etraplarynyñ bagşyçylyk ýolunyñ Daş-Oguz ýomutlarynyñ bagşyçylyk ýoly bilen gatnaşykda bolandygyny bize mälim edýär. XIX asyryñ 2-nji ýarymynda, XX asyryñ 1-nji ýarymynda Kümüşdepe we Hojanepes etraplarynda ýaşan belli Wajan bagşy, Durdy bagşy dagy Esengulyly Mämmetnepes Berdi oglunyñ şägirdi bolup, olaryñ üsti bilen Ýomut-Gökleñ bagşyçylyk ýoly Eýran türkmenleriniñ arasyna-da giñden ýaýrandygy hakda köre aýan görünipdur. Şeýlelik bilen, 1917-1945-nji ýyllarda, geçen asyryñ 1880-1888-nji ýyllaryndaky “Ahal şertnamasyna” esaslanylyp, Türkmensähra (Günorta Türkmenistan) bilen Günbatar Türkmenistanyñ arasyna serhet çekilip, Türkmenistanyñ esasy bir bölegi Eýran patyşalygyna tabyn edilip goýulýar. Şol döwürden bäri Türkmensähradaky bagşylar bagşyçylykda öz ata-baba däbini ýowuz aýralyga garamazdan, öz belli wekilleriniñ üsti bilen saklap gelýärler. Aşgabat döwlet konserwotoriýasynyñ dosenti H. Amangeldiýew 1995-nji ýylda Eýranyñ Hojanepes obasyna baryp görenden soñ, şol ýerde ýaşaýan ähli türkmen taýpa-tireleriniñ aýdym-saza goýan uly sarpasynyñ bardygyny belläp, ol ýerdäki ýaşaýan türkmen taýpalaryñ aýdym-saza ukyplylygyny, saz eşidişleriniñ, ritm duýgularynyñ, saz ýatkeşlikleriniñ ýokary derejededigini guwanç bilen gürrüñ berýär. Ýöne gynansak-da, aragatnaşyklar kesilenden soñ, güýçli halypalar bolmany üçin, hem-de bu sungaty Eýran patyşalygynyñ pars şowinistik ideýaly sistemasynyñ ýoýmagy sebäpli, türkmen aýdym-saz sungaty pese düşürildi. Şeýle-de bolsa, soñky döwürlerde bu ýol Garaşsyz Türkmenistanyñ radiýosy we telewideniýesi arkaly häli-şindi efire göýberilip durlandygy we ony Eýranda ýaşaýan türkmenleriñ-de diñlemäge mümkinçilik tapandyklary sebäpli, bu ýol belli bir derejede öz ösüşlerini başdan geçirýär. Ỳöne bir zady bellemek gerek. Ỳomut-Gökleñ ýolunyñ esasy bir şahasy Etrek-Gürgen bagşyçylyk ýoly hakda Türkmenistanyñ sazçylyk merkezlerinde doly öwrenilmändir. Türkmen sungatynyñ sazçylygy ugrunda Etrek-Gürgen bagşyçylyk ýolunyñ Eýran türkmenleriniñ arasynda belli wekilleri döredi. Olaryñ arasynda Gazak Pang, Arazmyrat Arryhy, Hoja Şargy we Annamuhammet Kötüki dagylary ýatlamak boýar. Umuman efir üşti bilen Ýomut-Gökleñ hem Etrek-Gürgen ýolunyñ häzirki zaman meşhur bagşysy Nurberdi Gulowyñ Eýran türkmenleriniñ arasynda-da şägirtleri döredi. Gazak Pang (Omçaly obasyndan), Hoja Şargy. Atjy Bähri, Amangeldi şargy (Kümüşdepeden), Annamuhammet Kötük (Sallah obasyndan), Näzberdi bagşy, Abdy bagşy, Şirmämmet bagşy (Bendertürkmen şäherinden), Ýahýa Muhammetzade, Kaka Wejany, Mantak Dinaýy (Kümüşdepe şäherinden), Gapur Kör, Täçmuhammet Şih, Hajymuhammet Kör (Hojanepes şäherinden, Hajy bagşy Aşgabat şäherinde 18 ýyl ýaşandan soñ Kanada ýurduna göçüp geldi.), Hoja bagşy (Hoja Kel Garaagaçly obasyndan), Arazmuhammet Bahoşi, Aşyrgeldi Gerkezi (Kelala şäherinden), Baýly Teke, Nazarly Mahjuby, Gylyç Anbary, Mennat Ahangary, Dini Berkeli (Kümmetkowus şäherinden), Arazmyrat Arryhy, Durdy Törrük, Bähmen Delije (Akgala şäherinden), Hämze bagşy, Goja bagşy, Toýguly Nyýazy, Hudaýguly Kaşany, Şahym bagşy, Annagylyç Huşýary, Araz Kelte (Gyjakçy), Rahmangylyç Ýomudy (Gyjakçy), Baýjy Ýomudy (gyjakçy), Goşly Bezirgen (M. Režim bu dutarçy sazanda han Akyýowyñ şägirdi bolup pata alan sazandalaryñ biri), Mejit Teke, Rawoşy, Annaberdi Weždany, Maşat Gylyçtagany (gyjakçy), Abdyl Ýomudy, Hekim Kör, Gurbangeldi Kör (Geldijan) ... ýene-de şular şular ýaly bagşy-sazandalar azda-kände häzirki döwürde türkmen halkynyñ aýdym-sazyna hyzmat edip gelýärler. 1958-1960-njy ýyllardan başlap, tä 1978-1979-njy ýyllara çenli pars feodallarynyñ arasyndan dörän Rza şanyñ ogly Muhammetrza Pählewi Amerikan imperialistleriniñ goldamagy bilen Eýranda uly güýje eýe boldy. Şol döwrüñ aralygynda Eýran halklarynyñ ählisiniñ arasynda diýen ýaly medeni-syýasy we jemgyetçilik taýdan durgunlyk ýyllary emele geldi. Ol döwür halkyñ ruhy medeniýetiniñ ösüş basgançaklaryndan pese düşen ýyllary hasaplanýar. Eýran oppozisiýon güýçleri tarapyndan ol döwür “Amerikanyñ agalyk süren durgunlyk döwri” diýlip atlandyryldy. Sebäbi Muhammetrza Pählewiniñ şowinistik ideýasy boýunça diñe pars jemgyýetçiligi ündelip ösdürilýärdi. Emma olardan gaýry milletleri assimilleşdirmeklik göz öñünde tutulyp, bu ugurda dürli çäreler amala aşyrylýardy. Türkmen halkynyñ ata-baba gelýän saz-sungaty, dili we edebiýaty gysylyp, beter halkyñ gözünden düşäýmezlik üçin hem, onuñ öçügsi görnüşi Gürgen radiýostansiasynyñ üsti bilen hälki bir ýatan çykan köne falklýor hökmünde efire göýberildi. * Eýran türkmenleriniñ belli bagşysy Durdy Törrük Şu hili jemgyýetçilik şertleriniñ esasynda, türkmen halk aýdym-sazlary öz taryhy ähmiýetinden düşürilip, toý-tomaşalarda onuñ deregine, Elburs daglyklarynyñ gür jeññeli eteklerinde ýaşaýan az sanly milleti näbelli bolan syganlara çalymdyş “gowdarlar” diýlen toparlar türkmenleriñ toýuna gelip, şadyýan (tüýdük) bilen nagara (laññara) çalýardylar. Olaryñ arasynda bir erkek kişi aýal egin-eşiginde türkmen ýaş ýetginjekleriniñ arasynda tans oýnap, baýrak alýardy. Olar il syryp, haýsy öýüñ gapysynda toý-tomaşa gidip duran bolsa, şol ýere baryp şagalañ turuzýardylar. Olar ähli toýlarda aşakdaky ýaly iki setir goşgyny “türkmençe” şol yzgiderli gaýtalaýardylar: Ejewjan, Ejewjan hatda gideýli,
Hatdanyñ üstünde gürrüñ edeýli ... Emma beýle görnüşdäki şagalañlary türkmen halkynyñ sungat medeniýetine hiç hili dahylynyñ ýoklygy sebäpli, halk olara örän ähmiýetsiz garaýardylar. “Gowdarlaryñ” çalýan sazlarynda türkmen medeniýetiniñ hiç hili namu-nyşany ýokdy. Diñe “Şadyýan” diýilýän gural, käbir maglumatlara görä, taryhyñ käbir etaplarynda türkmenleriñ arasynda ulanylypdyr. K. Nurbadowyñ berýän maglumatyna görä, şadyýan tüdük tä ikinji jahan urşuna çenli Etrek-Gürgen sebitlerinde at çapyşyklarda çalnypdyr. 93[[6]-[7]] Gürgen radiýostansiasynyñ türkmen aýdym-saz sungatyny assimilleşdirmek barasynda türkmenleriñ arasynda alyp barýan syýasaty hakda taryh ylymlarynyñ kandidaty Serdar Ataýew “Eýran Gürgen radiýostansiasy we onuñ ideologiýasy”94 [[8]] atly işinde giñişleýin maglumat berýär. 1968-1970-nji ýyllardan soñ, häzirki dowam edýän durgunlyk döwrüne garamazdan, toý-tomaşalarda täze çykan saz gurallaryny peýdalanmak mümkinçiligi ýüze çykyp ugrady. Ilki türk-azerbaýjan sazlary ýerine ýetirilip, soñra onuñ ýeri täze dörän türkmen aýdym we oýun sazlary bilen çalşylyp ugraldy. Şu mesele babatda Aşgabat we Bakuw radiýostansiýalarynyñ efire göýberýän aýdym-saz programmalary halka oñaýly ýardam edýärdi. Şol döwürde Türkmensährada ýaşaýan türk sazandarlaryndan: Merhum Seýd Haşym, merhum Ybrahymhalil Alyzade, Jemşit (Hemmesi Kümmetkowusdan), türkmen sazandalaryndan: Ý. Dibaý, A. Dibaý, T. Nedimi (Kümmetkowusdan), Tawana, A. Jemaly, T. Berdiýar, H. Ownuk, I. Kör Bendertürkmen şäherinden, belli garmonçy hem aýdymçy H. Geldihany Kümüşdepe şäherinden, Annakaka Ownuk Hojanepes obasyndan dagylary ýatlamak bolar. Klawişli saz gurallaryny ulanmak arkaly ýaş sazandalar estrada görnüşdäki ansambllary döredýärler. Şol döwürde Gürgen radiýostansiýasynda çykyş eden belli estrada aýdymçylarynyñ hatarynda Ýakup Kör, Nuraly Japary Hojanepesden, Hydyr Geldihany, A. Huzeýni, G. Küçeki Kümüşdepeden, Ata Kör, gyzlar topary Bendertürkmenden, Gurbandurdy Medeni, Jelal Sowgy Akgaladan, Annabedi Wejany, Şirmuhammedi, S. Gylyçtagany, H. Berkelinežady Kümmetkowusdan we başgalaryñ atlaryny agzamak mümkin. Emma 1981-nji ýylda Eýran türkmenleriniñ gazanan awtonomiýa erkinligi ýygnalandan soñ, ähli ýaş ösüp barýan türkmen estrada ansambllarynyñ wekilleri kem-kemden zor bilen ýygnalyp, aýdym-saz medeniýetiniñ bu ugrunyñ güýçden düşürilmegine sebäp boldy. Şu aýdylanlar bilen baglanşykly, Eýran türkmen halkynyñ Medeni-syýasy guramasynyñ “Il güýji” atly Medeni-syýasy žurnalynyñ sahypalarynda şeýle belliklere duş gelýäris: “1972-nji ýylyñ tomsunda Kümmet-Kowus şäheriniñ ýaş ösgünçekleriniñ tomaşa zalynda türkmen progressiw ýaşlary tarapyndan birnäçe belli-belli bagşylar sazandalar ýygnanyşyp, üç günlik konsert programmasy geçirilýär. Türkmen halkynyñ aýdym-saz muştaklary ähli künjeklerden oña tomaşa etmäge ýygnanşýarlar. Bu dabaraly konsert programmalary Eýran şasynyñ howpsuzlyk guramasy tarapyndan ýatyrylýar”.95 [9] Şular ýaly ýagdaý ondan soñky döwürler üçin hem mahsusdyr. 1981-nji ýyldan soñ bolan wakalaryñ esasynda türkmenleriñ arasynda aýdym-saz meselesi käbir babatlarda Yslam Respublikasynyñ dindar toparlary tarapyndan gadagan edildi. Şonuñ bilen baglanşykly ýene-de Serdar Ataýew beýan edýär: “... Türkmenlerde entek çylşyrymly ýagdaýlar saklanyp galýar. Hususan-da haýsydyr bir baýramçylyk geçirilende, türkmenler öñünden yslam rewolýusiýasynyñ sakçylarynyñ garşysyna taýarlyk görüp başlaýarlar. Şeýle bir wakada boldy. Türkmenleriñ Akgala şäherinde toý tutulyp, bagşy çagyryldy. Olar şol tuýuñ dabara-şagalañyny eşidilmez ýaly bir ýol tapmaly bolýarlar.Ýagny 2-3 kilometrlikde traktorlary goýup, şolaryñ motorlarynyñ sesiniñ kömegi bilen toý geçiripdirler.”.96 [[10]] Eýranda şaýilaryñ şerigaty bilen tapawutlylykda türkmenleriñ sünni şerigatynda bagşyçylyk meselesinde açyk şertiñ bolany sebäpli, soñky döwürlerde (1979-njy ýyldan soñ) halk bagşyçylygy, ýagny dutar-gyjak bilen aýdym-saz etmek öz hakyky we tebigy ösüşine eýe bolup ugrady. Muña ilkinji taryhy sebäp Muhammetrza şanyñ tagtynyñ ýykylmagy bolan bolsa, beýleki sebäp Sowet Türkmenistanyñ radiýo we telewideniýesi arkaly efire göýberilýän türkmen halk aýdym-sazlaryñ programmalary boldy. Emma şonda-da häzirki döwürde türkmen aýdym-sazynyñ ösüşiniñ öñüne geçilýän (bökdelýän) pursatlary az bolmaýar. “1991-nji ýylyñ maý aýynyñ birinji güni Bendertürkmen şäherinde Yslam Respublikasynyñ pasdarlary (sakçylary) bir türkmen ýaşulysyny gökdeklik bilen atýarlar. Şeýdip olar geçip duran toý-tomaşany gana bulaýarlar. Pasdarlaryñ biri toýda ediljek bolunýan saz-söhbetiniñ öñüni almak üçin ol ýere baranda, ýaşuly Ylýas aga Nazgylyjy ondan diñe bir sagat aýdym-saz etmäge rugsat sorany üçin, ol ony awtomat okuna tutýar. Ýaşulynyñ gursagyny parran ýaryp çykan awtomat oky ýene iki adamy ýaralaýar. Şeýlelik bilen döwletiñ goragçylary türkmeniñ toý-şagalañyny ýasa öwürýärler”.97[[11]] ... Şeýlelikde Beýik Magrymguly Pyragynyñ: Ile döwlet geler bolsa, Bagşy bilen ozan geler. Ilden döwlet gider bolsa, Molla bilen tozan geler ... Diýip, welilik bilen aýdan sözleriniñ hakykatdygy şu günki Eýran Türkmenleriniñ durmuşy bilen baglanyşykly bolup geçýän pajygaly ýagdaýlar hem doly subut edýär. Eýran türkmenleriniñ saz-sungaty barada iñ soñky elimize gelip gowuşan maglumat, Eýran türkmenleriniñ meşhur bagyşysy Nazarly Mähjubiniñ nahoşlap aradan çykmagy barada berilipdir. Gülistan welaýatynyñ belli neşirýatynyñ biri “Gülistan-Eýran” atly aýda bir gezek çykýan gazýetiniñ 2000-nji ýyl awgust aýy ,40-njy nomerindäki 7-nji sahypada Kümuşdepe şäheriniñ häkimi Musa Jürjäni bilen “Türkmen bagşylary goldawa mätäçdir.” Diýilen söhbetdeşlikde şeýle maglumatlara gabat gelýäris: “Türkmenleriñ iñ meşhur bagşylarynyñ biri halypa Nazarly Mähjubydyr.”(Bu barada 1989-njy ýylyñ tomusynda Aşgabat radiostansiýasynda hut özüm hem ýörite gepleşik geçiripdim.(awtor).). “Çaýgowşan” atly obada (Kümmetkowus şäheriniñ 15 k. metr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.) ýaşaýar. Türkmen klassik sazynyñ halypasy Nazarly Mehjuby gadymy köne dutary bilen durmuşda agyr geçirilen hasratly azaplardan söhbet açyp, geçmişleri ýatlaýar. Ol häzir ömrüniñ iñ soñky günlerini öz obasynda nahoşlyk düşekçesiniñ üstünde geçirýär. Onuñ tynha ýoldaşy şol dutardyr. Ol nahoşlyk döwründe ýeke özi derdu hasrat bilen hemra bolup galypdyr. Hiçkim hem ony soramaga barmaýar. Nazarly hasratly gözleri bilen gadymy we köne dutaryna göz gytagy bilen seredip, eline alyp, ony söýgi bilen öpüp oña şeýle diýýär: “Durmuşymyñ şat günlerini ýadyma salýan ýeke-täk gural sensiñ !”- diýip, ýuwaşlyk bilen ýekelik sazyny çalyp, boguk owazy bilen tynhalyk aýdymyny pyşyrdaýar. Dogurdanam bu garry halypa ýeke galypdyr. Geliñ, onuñ durmuşynyñ soñky günlerinde, öz minnetdarlygymyzy bildireliñ. Esasy biziñ bagşy-sazandarlarymyz diñe bir dutar bilen gün-güzeranlaryny aýlamany, eýsem maldarçylyk, daýhançylyk we beýleki işler bilen hem meşgullanypdyrlar. Musa Jürjäni bu ýerde beýleki bagşy-sazandalar hakda hem şeýle ýatlap geçýär: “Akgalanyñ bir kilometr günbataryndaky Akgabyr obasynda ýaşaýan halypa Durdy Törrük, soñ Kümüşdepeli merhum halypa bagşy Hoja Şargy, Bendertürkmen şäheriniñ bir kilometr günortasyndaky Ýomutly obada ýaşaýan gyjakçy Rahmangylyç Ýomudy, Bendertürkmen şäheriniñ 7 kilometr gündogaryndaky Garagaşly obasynda ýaşap geçen we on ýaşynda dutar alyp kyrk ýyla çenli dünýäden ötünçä aýdym aýdyp bagşyçylyk eden Hoja bagşy (Hojakel bagşy), hem-de Kümmetkowus şäherinde-de belli halypa bagşylar döräpdir. Häzir ol ýerde iki topar bagşylar bar. Biri Azady adyndaky we beýekisi bolsa Magtymguly adyndaky bagşylar topary bolup durýar. Bu toparlarda Türkmensährada meşhur bolan bagşy we sazandalar tarapyndan iş alynyp barylýar. Şolaryñ arasynda 25 ýyl bagşyçylyk edýän Gylyç Anweri, Kelala şäheriniñ gündogarynda ýaşaýan “Arazmuhammet Bahoşi, ýene-de halypa Nazarly Mähjubynyñ oñat şägirtleriniñ biri halypanyñ obasynyñ ýanyndaky Gerkez obasynda ýaşaýan Aşyrgeldi Gerkezi we onuñ gyjakçy dogany Hojageldi Gerkezi, hem-de halypa Nazarlynyñ ýaş şägirdinden Mansur Sabuhy (sazanda) Durdy Törrük, Halat Sagadat, Aşyrmämmet Gerkezi hem-de Abdylmennan Ahengeri dagylar bu halypanyñ şägirdi diýip ýatlasa bolar. * 1976-njy ýyllar töweregi türkmen toýlarynda çalynýan gurallar. Bu gepleşikde beýleki halypa bagşylar hem-de ýatlanyp geçilýärler. Şolaryñ arasynda atly halypalaryñ biri ýañy-ýakynda merhum bolan Dini Gerkezi hem-de ýeri gelende ýatlamaga mynasyp halypalaryñ biri 1980-nji ýylda merhum bolan Gargy-Omçaly ( häzirki Simin şäher) şäherinden halypa Gazak Pang dutar çalmakda ýeke-täk bagşylaryñ biridir. Ol esasan ýomut-gökleñ bagşyçylyk ýolunyñ wekilidi. Onuñ ady diñe Eýranda däl-de, eýsem Türkmenistanda-da meşhur bolupdy. Şeýle hem Nazarly Mähjuby bilen Durdy Törrügiñ aýdymlary birnäçe gezek hem programma boýunça Türkmenistandan efire göýberildi”.98[[12]] . Bu gepleşigiñ dowamynda Kümüşdepäniñ häkimi döwletiñ şu mesele baradaky jogapkär işgärlerinden bagşy sazandalary hemaýat edilmegini talap edýär. Olara aýlyk tölenip, goldaw çärelerini ýerine ýetirmekligi haýyş edilýär. Şeýle hem Türkmensähradaky görnükli ýazyjy, şahyrlar we sazanda- bagşylaryñ wepat bolmazdan öñ we soñ sylag hormatlanylmagy barada aýdylýar. “Halypa Nazarly Mähjubynyñ wepat bolandygy hakynda “Sähra” gazýeti hem 2000-nji ýylyñ awgust-sentýabr aýyndaky 23-nji sanynda 2 we 7-nji sahypalarynda habar berýär”.99[[13]]. Onda Gülistan welaýatynyñ “Färhäng-ä erşad-e islami (Yslam Medeniýetiniñ ýolsalgy ösüşi)” edarasynyñ esasy müdiri Glyçlynyñ çykyşy bilen bellenilýär. Şol san gazýetde bagşynyñ terjimehaly barada gysgaça maglumat hem berlipdir. Bu halypa bagşy 1929-njy ýylda Garaşsyz Türkmenistanyñ Gyzyl-Etrek etraby bilen serhetdeş Daşlyburun etrabynyñ Garamahyr obasynda dünýä inýär. Onuñ atasy “Ürküt” ady bilen tanalypdyr. Ürküt aga demirçi ussa bolupdyr. Ol bagşyçylyga örän gyzyklanypdyr. Nazarlynyñ birinji halypasy hem şol öz atasy bolupdyr. * Yslam respublykasynyñ gelmezinden öñünçä türkmen toýlarynyñ alynyp barylşy. Suratdaky sazandalar H. Ownuk we N.Tatarnejat Nazarly halypa 11ýaşyndan dutary eline alyp başlaýar. Onuñ bu käre meşgullanmagynyñ esasy sebäbi şol bir wagtdaky goñşysy “Aşyrbagşy” tarapyndan onda bagşyçylyga bolan has gyzyklanma döräpdir. Aşyr bagşy öz döwründe belli bagşy bolup Nazarly bagşa öýünde elmydama dutar çalyp aýdym aýtmagy öwredipdir. Yagny Nazarlynyñ birinji resmi halypasy hem şol bagşy hasaplanýar. Nazarly bagşy ýene-de “Çalman bagşy”, “Welimkör bagşy” we “Subhan sazanda” ýaly halypalaryñ şägirdi bolandygyny hem ýatlap geçýär. Merhum Nazarly birnäçe wagt Kümmetkowus şäherinde ýaşaýar. Emma durmuş güzeranynyñ agyrlygy sebäpli Çaýgowşan diýlen oba göçüp, obanyñ bir ter-çemenlik meýdanlarynyñ birinde mekan tutýar. Bu halypa Gürgen radiýosynyñ açylmazyndan öñ hem harby merkeziniñ türkmen bölüminde bagşyçylyk edipdir. Gürgen radiýosynyñ türkmen bölüminiñ düýbüni tutup efire göýberilmegi-de bu bagyşa degişlidir.100.[[14]].
Taryh ylymlarynyň doktory: Hangeldi OWMUK 6-dec-/2005 ýyl 78. Pyragy Magtymguly,” Saỳlanan eserler ”, Aşgabat 79. Fäslnameh-ỳe “Feragy”, sal-e ävväl, şomare-ỳe dovvom, tabestan, Gorgan- 1379 ş., säf. 14. ۷۹. فـصـلنا مه " فـرا غـی"، سا ل ا وّ ل، شما ره د وّم، تا بستا ن، گــرگــا ن - ۱۳۷۹ ش.، ص. ۱۴. 80. Демидов С., « Туркменский Овляды », изд. «Ылыь»,Ашхабад- 1976 г,. 116 сер. 81. Короглы Х., « Огузский героический эпос», М. :1976 г., с. 47. 82. Weliew B., “Türkmen halk po,eziỳasy”, Aşgabat 100 sah. 83. Şol ỳerde, 100 sah. 85. Nurbadow K., “Dilim gyrk”, Aşgabat 1992 ỳ., 46-47 sah. 86. Şol ỳerde, 48 sah. 87. Ahmedow A., “ Dutaryñ owazy halkymyñ sazy”, Aşgabat - ? ,51 sah. 90. žurnal “ Türkmenistan halk magaryfy”, Aşgabat- 1992 ỳ., 2., 28 sah. 91. Jykyew A., “ Türkmenistan XV XVIII asyrda”, “ Türkmenistan halk magaryfy” neşriỳaty, A 1992 ỳ., 73 sah. 95. Žurnal “ Il güỳji”, Eỳran türkmenleriñ medeni syỳasy Ojagynyñ neşriỳaty, 2, tomus, Berlin- 1364 ỳ., 33 sah. ۹5. ژورنا ل" ا یل گویجی"، ا یرا ن ترکمنلرینینگ مدنی- سیا سی ا وجا غئنئنگ نشری، ۲، توموس، بـرلـیـن ۱۳۶۴ ش.، ص. ۳۳. 97. Näşrriỳe-ỳe “ Torkmänestan-e Iran”, seri-ỳe ävväl, sal-e sevvom, şomare-ỳe 28-29, tabestan, Berlin-1370 ş., ۹۷. نشریّه " ترکمنـستا ن ا یـرا ن"، سری ا وّ ل، سا ل سوّم، شما ره ۲۸-۲۹، تا بـسـتا ن ، بـرلـین غربی، ۱۳۷۰ ش.، 98. Häftename-ỳe “ Golestan-e Iran”, şomare-ỳe (40), 22-om-e ogost, Gorgan- 2000 m., säf. 7 ۹7. هـفـته نا مه " گلـسـتا ن ا یـرا ن"، شما ره (۴۰)، ۲۲/ م ا وگوست، گـرگـا ن - ۲۰۰۰ میلا دی ، ص. ۷ |