Şu makala Türkmenistan respublykasynyň “TÜRKMENISTAN” gazýetinde we “ TÜRKMEN SESI” her aýlyk gazýetinde göýberildi. a). TÜRKMENSÄHRADA DURMUŞTOÝ DESSURLARY: Etrek-Gürgen türkmenileriniň arasynda geçirilýän durmuş toýlaryndaky däp-dessurlar öz başlangyjyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ol zamanda öýlenme ýaşy örän ýaşlykdan başlapdyr. Onuň sebäbi durmuş guran maşgala ýer-suw paýlaşygynda köpräk paýyň ýetmegidir. Türkmen gelininiň gözel keşbi. Hanlar, baýlar ýerden we suwdan köpräk paý almak üçin ogullaryny örän ýaşka öýeripdirler. Bu ýagdaý galyň we süýt hakyň gymmatlamagyna eltip, gurpsyz maşgalalaryň ogullarynyň giç öýlenmegine, kä halatlarda bolsa, olaryň öýlenip bilmän sallah geçmeklerine sebäp bolupdyr. *gelin IX-XX asyrlaryň ikinji ýarymyna çenli türkmenlerde ýer-suw meselesi barada “sanaşyk” guramasy türkmen oba hojalyk jemagatynda döräpdir. Şol meseläniň ugrunda türkmen oba hojalyk jemagatynda ýer-suw paýlaşyk bolupdyr. “Sanaşyk” ýerlerinde täze öýlenen maşgala hukugynda ýer-suw paýy berlipdir. XIX asyryň we XX asyrlaryň sepgidinde ýeriň we suwyň bol ýerinde adaglananlara hem sanaşyk ýerlerinden ýer-suw paýy berilýän eken. Ýöne bu ýagdaýy hemme ýerlerde gyradan bolmandyr we köplenç nika ýaşyny göz öňünde tutupdyrlar. “Türkmenistany Russiýanyň basyp almazyndan öň Günorta Türkmenistanda sanaşyk ýer-suw eýeçiligi ýerden we suwdan peýdalanmagyň iň esasy görnüşi bolýar”.[[1]] 101 * Turkmensahralary Öýlenmekden mahrum bolan ýigitler çöllere we gumlara çykyp sergezdan bolupdyrlar. Olara “sallahlar”, “Müjerritler” diýlip at berlipdir. Bu Türkmenleriň arasynda durmuş toýy üç tapgyrdan ybarat bolupdyr: Birinji tapgyrda öýlenjek ýigidiň ata-enesi gelinlik saýlaýarlar, onsoň saýlanan gelinligiň ata-enesiniň razyçylygyny almak üçin “sözugratmaklyk” başlanýar. Bu etapda gürrüňi berkitmek üçin gepleşik mäkämleşdirilýär. Öňki wagtlarda şeýle ýagdaý öýlenjek ýigitden soralman amala aşyrylypdyr. Häzirki döwürde beýle däl. Ikinji tapgyrda, toýuň wagtyny we gününi anyklamak üçin ýigidiň kowumlaryndan birnäçe aäçe aal maşgala geljekki geliniň öýlerine gelip “Duz dadyşmak” däbini amala aşyrýarlar. Üçünji tapgyr, esasy we agyr tapgyr hasap edilýär. Onda galyň we geliniň süýt haky barada gürrüň edýärler. Bu işi öýlenjek ýigidiň taýpasynyň ýaşyulylary amala aşyrýar. “Amerikanyň Jan Han Kinz uniwersitetiniň alymy Wilýam Aýronz Eýranyň demirgazyk ýomutlarynyň däp-dessurlary barada iş geçirmegi saýlap alypdyr. Ol türkmenleriň arasyndaky galyň meselesini aşakdaky tablisiky tablisiada görkezipdir”.102 [2]
* Düyeli gelin alyş Mal görnüşde tölenilýän süýt hakdan daşary käwagt “Etek-börük” diýlip, gelniň ejesiniň tölenilýän ýene-de bir hak bolupdyr. Çarwa ýomutlaryň arasynda süýt hakyň köp bölegi mal görnüşde (goýun, düýe, sygyr, geçi) tölenipdir. Umuman aýdylanda, çarwalaryň arasynda malyň bahasy näçe gymmat bolsa, nagt puly az tölenipdir. Esasan bellemeli zat, süýt haky näçe ýokary galsa, gurpsyz adamlaryň öýlenmeginiň bahasy hem şonça ýokary galýar. Bu ýagdaýyň yzygiderli dowam etmegi ol ýerdäki türkmenleriň sanynyň azalmagyna sebäp bolupdyr. Ýomutlaryň arasynda galyň almaklyk “Sowgat alyp, sowgat berme” ýaly görnüşde çözülipdir. Durmuş toýunyň ondan soňky tapgyry toý günüdir. Gelin alyp gelinmezden bir gün öň ýigidiň öýlerinde dabaraly toý tutulýar. Geljek gelin hem öz gezeginde boýdaşlaryny uýşuryp, kiçiräk toý geçirýär. Jarçylar ata atlanyp, taýpalaryň arasyna gidýärler, kimiň toýunyň bardygyny jar çekip, oba çagyryş edýärler. Toýdan iki-üç gün öň ýigidiň goňşy-golamlaryndan 7 öýli öz etjek kömekleri we toýa goşjak goşantlary barada aýdýar. * Öňki döwürlerde düyäniň üstünde şunuň yaly kejebeler yasalypdyr. Toýy örän dabaraly we gyzykly geçirmek üçin bagşy-sazandalar hem çagyrylýar. Öňki döwürlerde olary ata mündirip, häzirki döwürde bolsa maşynly toýa getirilýär. Kähalatlarda toý has dabaraly bolar ýaly bagşylaryň arasynda ýaryş geçirilýär. Eger şeýle ýagdaý ýigidiň atasynyň öýünde geçirilse, ýigit öžüne ýakyn bir dostuny m ynasyp saýlap, deň-duşlary bilen olaryň öýünde toý-tomaşa gura m ynasyp saýlap, deň-duşlary bilen olaryň öýünde toý-tomaşa guraýar. Ýigidiň ejesi bilen gelniň ejesi hem her haýsy öz öýlerinde myhmanlary garşy alşy alarlar. Myhmanlar gatlama, petir, pişme ýaly öýde taýýarlanylýan süýji nygmatlary bişirip, sowgat getirýär we süýjülik alyp gidýär. Gelin getiriljek güni bi8r düýäni “halyk” diýip, ýagny üstüne kejebe gurap, birnäçe ýaşuly gelniň öýlerine tarap ýola düşýär. Göklen türkmenlerinde geline alyndangy hökmünde hasaba geýindirilipdir. Çykmaly gyz öz öýlerinde çykyp, kakasynyň (atasynyň) ýa-da doganynyň öýüne baryp otur ýa-da doganynyň öýüne baryp oturýar. Atbaşçy baran ýaşyulylary oňat naharlap we sylaglap başlaýarlar. Olar nahar iýenlerinden soň arasyndan birisi: “Hop, nahar-a iýdik, dolanyp gaýtmak wagty geldi” diýýär. Gelin tarapyň ýaşyulylarynyň biri bolsa oňa ýüzlenip: “Gitseňiz sag-salamat gidiň, ýöne özüňiz bilen näme getiren bolsaň-yz goýup gidiň” diýýär. Şol mahal galyň üçin getirilen haryt gelin tarapyň ýaşyulysyna tabşyrylýar, ondan soň doga okalyp, hoşlaşyp öýden çykyp gaýdylýar. “Gelinalyja baran aýallar. Gelniň oturan öýüne baryp: “Biz gelinimizi äkitmek üçin rugsat aldyk” diýşip, gelni alyp gaýtjak bolýarlar. Emma gelniň tarapdarlary gelni bermejek bolýarlar. Şol ýerde “Güpürdik”, “Aýak alma” ýaly çekişmeler başlanýar. Eger-de bu çekeleşikler gazaply dereje etse oňa “Dalaş” diýýärler. Gelni güýç bilen diýen ýaly alyp gitmeli bolýarlar. Gelin hem öz gezeginde tärimden ýapyşyp gaýtmajak bolan bolýar”[[3]] 103 * Türkmen gyzlarynyň durmuş gurjak pursatlary. Gelniň başyna gyzyl kürteatyp, kejebä mündürýärler. Şol barmana gelniň ejesi bir gysym uny gyrmyzy kürteli gelniň maňlaýyna çalyp: “Bagtyň bolsyn, gyzym” diýýär. Ondan soň gelniň dogany kejebäniň öňüni tutup “Aga halat” soraýar. Ony hem bir zat bilen razylaşdyrýarlar. Gelin ýola düşmezden öňinçä iki tarapyň eneleri gelin bilen ýigidiň adyny we üç arkasyny ýatlap, ýalyk zyňyşýarlar. Şeýlelik bilen, gelin ýola düşýär. Obanyň ýaş ýetginjekleri daş-toprak zyňyşyp, öz oba gyzynyň çykmagyna, gadymdan gelýän närazyçylygyňy däbini görkezýärler. Ikinji kerwen bolsa gyzyň şaý-seplerini alyp gaýdýar. Bardy-geldi, olaryň ýoly bir obanyň üstünden düşse, oba adamlary olara bagtly durmuş arzuw edip, doga okaýarlar we özlerinde-de şeýle toý-tomaşalaryň nesip etmegine arzuw edýärler. Gelini ýigidiň öýlerine getirilýän pursatlar Mundan biraz irki döwürlerde durmuşa çykjak gyz bilen ýigidiň arasynda “Gök böri” däbi hem bolupdyr. Gyz bir guzyny atyň öňüne basyp aýak aldygyndan gaçýar. Ýigit hem öz dostlary bilen gyzyň yzyndan atly kowup, guzyny onuň elinden alyp, üstün çykandygyny görkezýär (Bu däbe “Owlak gapdy” hem diýýärler). Gelin ýigidiň taýpasynyň arasyna getirilende, toý-şagalaň öz ýetjek derejesine ýetýär. Ýigidiň atasynyň gapysynda, kowum-garyndaşlary tarapyndan “Seçgi” başlanýar. Seçgiler köplenç pul-teňňe görnüşde ýa-da gaýry ownuk-uşak zatlar bolýar. Ondan soň at çapyşyk (Ýomutlarda “At çapgy” hem diýilýär) we göreş ýaly baýrakly tomaşalar amala aşyrylýar. * Ýeňňeler gelini agöýe getirýärle. Gelin ýigidiň kakasynyň öýüňe salynýar. Ýigidiň gelnejesi gapyda durup, halat berilmese, gelni içerik göýbermeýär. Gelin içerik salnyp, öýüň töründe baglanan tütiniň aňyrsynda oturdylýar. Oba gelin-gyzlary täze gelen gelni görmäge üýşýärler. Getirilen gelin şol günden beýläk ýigidiň kowum-garyndaşlaryndan ýaşynmaly bolýar. Nahar iýlenden soň, gelin bilen ýigidiň hut özleri tarapyndan bir ahun ýa-da bir molla wekil saýlanyp, nika gyýjak ahunyň ýanyna barylýar. Gelniň wekili ýigidiň wekiline ýüzlenip: “Men şu adamda birnäçe algym bar, şonuň tölegini isleýärin” diýýär. Ýigidiň wekili bolsa, özüni gazaply görkezen bolup: “Men saňa nireden bergili bolaýpdyryn!” diýlen oýny görkezýärler. Onsoň ylalaşylyp, ahun olaryň her haýsynyň eline süýji berip, nika hutbasyny okaýar. Adat boyunça gelini Agöyüng içine salyarlar. Nika gyýylyp durka bir zenan maşgala işikde gaýçy çalyp durçy çalyp durýar. Onuň maksady bet gözler, bet sözler kesilsin diýlen yrym üçin edilýär. Şeýlelik bilen, wekiller nika suwyny içýärler. Nika gyýylandan soň goýunyň ýüregi “Şara” edilip, ýarysy gelne ýarysy hem ýigide iýdirilýär. Ýöne bu şaradan başga hiç kimiň iýmäge haky bolmaly däl. Ýeňňeler ýigit bilen gelini elleşdiriş pursatlarynda Gün ýasýp garaňky gatyşandan soň, ýigidi geliniň ýanyna getirýärler. Ýigidiň dilewar gelnejeleriniň biri olary elleşdirip, aakdaky setirleri aýdýar: “Alaja köýnek geýdirme, Arpa çörek iýdirme, Düýe başyn iýtdirme, Çüprek ýüňi düýtdirme, Agyzla gapdyrma, Toýnykla depdirme, Al ýaňakdan öpüşediň, Ala ýorgan depişediň, Çaýyr kimin çyrmaşadyň, Meller kimin ornaşadyň, Ýüzden-ýüzden ýoýduradyň, Ýüzlük köýnek geýdirediň, Bagyň miweli bolsun, Tuduň kuwwatly bolsun, “Jip” maşyna mündürediň, Şäher-şäher aýladyň, Sag eli sary ýagda, Sol eli sowuk unda, Aý ýüzlini saňa tabşyrdym, Seni Hudaýa tabşyrdym”[ [4]] 104 Ýokardaky setirler üç sapar gaýtalanýar. Her sapar-da mysaýyby hem-de ýigidi öýüň daşyndan bir gezek aýlap getirýärler. Ýassy namazy okalýan mahaly “Orugöý” diýlen däp başlanýar. Ýigit öz dostlary bilen gelniň salnan orugöýne girip, çaý içýärler. Ýigidiň dostlary getiren sowgatlaryny gelne gowşurýarlar. Şeýle däbiň amala aşyrylmagynyň sebäbi, hiç haça gürleşmedik ýigit bilen gelniň biri- biri bilen gepleşmeginiň ýüzi açylmagydyr. * Örük öý ( Örügöý )- Hojanepes etraby Ertesi güni gelni ýigidiň öz öýlerine getirýärler. Ýöne indi gyz tahýasy “börügi” aýrylyp, “Alyndaňy (Allaňy)” daňylýar. Gökleňleriň arasynda oňa “Hasawa” diýlipdir. Gelni iki günden soň gaýtarýarlar. Her haan gelniň öýleri tarapyndan yzyna alnyp gidilmekçi bolanda, ýigidiň öýleri tarapyndan bir goýnuň döşi kümüşe bezelip, gelinlere eltilýär. Şeýle däp tä gelin ýigidiň öýlerine ymykly gaýtarylyp getirilýänçä her gurban aýynda gaýtalanyp durýar. Gaýtarlanyň dowamy ozallar iki ýyl bolupdyr. Ýöne häzirki döwürde gelin birnäçe gün ýa-da aýdan soň şaý-sepleri bilen ýene-de ýigidiň öýüne getirilýär. Gelin gaýyn öýüne ymykly getirilenden soň, gelniň atasy tarapyndan köreken çagyrdyp gaýyn atasy bilen körekeniň arasynda “Ýaraşyk” geçirilýär. Ýagny ýigit bilen mysaýyby gelniň atasy bilen duşuşmaga barýar. Ýigit gapynyň agzynda oturýar. Soňra gaýyn atasyna bir tabap palaw bilen pul ýa-da mata, ýagny, halyça, egin-eşik eltip berýär. Şondan soň ýigit gaýyn atasyndan gaçmasa-da bolýar.”[[5]] 105 Şondan soň garyndaşlyk gatnaşygy başlanýar.
Türkmenistan artistkasy gelin rolunda.
* Geline sowgat gowşyrylýar 102. IRONS W., “ The yomut Turkmen ”: A ctudy of Social organization among a centural Asian Turkic speaking Population Antropological pops, Mnseum of Antropology ,
|