I BÖLÜM : Türkmenleriň medeniýetinde “Yslam jemgyýetiniň ” tutýan orny :

Her bir din babatdaky medeniýeti öwreneniňde düýpli pelsepelerden gözbaş alýandygyny unutmaly däldir. Orta Aziýada türkmenleriň dini medeniýeti asyrlaryň jümmüşünden gözbaş alyp, kämilleşipdir. Muňa Muhammet pigammer hezretleriniň döwründen bäri yslam dini ugrunda geçirilen wakalar şaýatlyk edýär. Eýsem-de türkmenler ilkinji gezek Oguzhanyň tarapyndan ýeke taňra ýagny bir hudaýlyk pelsepesine uýmaklyga sygynypdyrlar.

VII asyrda türkmenleriň ata-babalary yslam dinini meýletin kabul etmekligi hem şeýle bir ýerlikden gelip çykýar. Halkymyz hiç haçan dinsiz we hakydasyz ýaşamandyrlar. Sebäbi “Din adamzadyň şahsy haýatyny öz hakyky watanyna ýagny zannyňa baglanyşdyryjy ýol gatnaşyklarydyr. Içki isleglerini, talap edilen kämilliklerini, iç gysgynçlyklaryny, köşeşmelerini, nalaçlyklaryny ýa-da ýarawsyzlyklaryny we üstünliklerini ýadyna getirýän elementdir.[1]

Yslam dini aýan bolup başlanda, hiç hili ýazga geçmezden ýönekeý görnüşde, araplaryň ruhy-magnawy hakydalarynda tagdyl (deňlik) döredipdir. Muhammet Pygamber hezretleriniň ýazuw sowady bolmandyr. Şonuň üçin hudaý tagalanyň tarapyndan yslam dininiň ylahy duýgylary şerigat hem ynsan adalatlylyklary, döwrüň döreden sütemleriniň garşysyna Muhammet Pygamber hezretlerine wahy bolup, yslam dininiň baýdagy onuň janpida sahabalary bolan çarýarlaryň tarapyndan dünýä ýaýraýar.

Arap yslamşynaslaryň biri “Farid Wahidi ” öz meşhur kitabynda şeýle ýazýar: “Ýazuw, Hijaz araplarynyň ýanynda yslam dini açyk şerte geçinçä bolmandyr. Yslam dini dikelende 14 sany adamdan  ybarat başga hat-sowatly ýokdy. Olar Omar, Osman, Aly, Abusfiýan, Mawýe, Talhe we başga bir näçeleri, hat-ýazuwdan baş çykarypdyrlar. ...” [2]

Kurhandaky ýazgylar bolsa, her halkyň däbinde bolşy ýaly, araplaryň ençeme asyrlarynyň jümmüşinde dörän däp-dessurlarynyň mif-legenda utgaşykly medeniýeti bolupdyr. Kurhanyň ýazylmagy bilen, araplaryň gadymy “Semitik” däp-dessurlaryny eýsem-de, birneme düzgün-tertibe salypdyr....[3]

Şeýlelik bilen Muhammet Pygamber çykyş edýär. Bu çykyşlar şol bir wagtyň özünde arap jemgyýetiniň döwrüne bap bolany üçin tarapdarlary artyp Eýranda mazdistler (Salman Farsi, Abazar Gaffary, ...), Jöhütlerden, Manewilerden, Hristiýanlardan Muhammet Pygamberiň maslahatdaşlary bolup gatnaşypdyrlar. Şonluk bilen yslam dinini dünýä ýaýratmak üçin uly döwletli ýurtlary özüne tabyn etmekligiň ugruna çykypdyrlar. Şolaryň arasynda Orta Aziýanyň Günortasyndaky ýerleşen Eýran Patyşalygyna göz tutupdyrlar.

“Sagduwakgas” kitabynyň aýtmagyna görä: “Yslam dininiň ideologiýalary araplara musulman däl ýurtlary talamak üçin ähmiýeti köp bolupdyr.” [4]

Belli Ýewropa alymy Wil Durantyň aýtmagyna görä: “Sasaniler bilen araplaryň arasynda “Kadisiýe” ýurtdaky bolan söweşde. Çapçy we çarwa araplar şahana köşke we onuň gapysyndaky uly kowusa, myramly zaly, nepis halylar we göwherden bezelen tagta haýran galyp görseler üç gün geçipdir.”[5]

Emma türkmenler babatynda aýdylanda VII-VIII asyrlarda ýeke taňry ýagny bir hudaýlyk pelsepesi ornaşan döwri yslam dinini meýletin kabul etmäge has jaýdar ýerlik döräpdir. Bu garaýyşy açyklamak üçin aşakdaky rowaýatlarda durup geçeliň:

Türkmenler Oguz hana çenli diniň döreýiş taryhyny 3 döwüre bölýärler.

  1. Adam ata Aleýhusalamdan Nuh Pygambere çenli.

  2. Nuh ata we onuň şerif ogly Ýafes atadan 12 asyra deňiç ýagny VI asyr “Oguzhana çenli”.

  3. Oguz handan bäri üçünji döwür bolup gaýdýar.[6]

Jame et-tawaryh çeşmesiniň habar bermegine görä, “Garahan patyşa, atasy wepat bolandan soň, onuň täç-u-tagtyna eýe bolup, yzyny ýöredýär. Günlerde bir gün Garahan patyşanyň maşgalasyndan bir ogul dünýä gelýär. Ol çaga üç gije-gündiz enesiniň göwsünden süýdüni emmeýär. Bu ýagdaýy görüp oturan enesi örän ynjalyksyz bolup gaýgyly-harasatly galýar.

Çaga her gije enesiniň düýşine girip:”- Eý ene, eger sen Alla Tagallany bir bilip oňa uýsaň, Şonda men seniň göwsüňden eklenerin. Ýeke taňra ynamlary bolmadyk döwürde naçar ene nalaç edeýinlik bilen ähli köwum-garyndaşlaryndan gizlin ýeke taňrynyň söygisine çykyp oňa baş egýär. Şondan soň çaga enesiniň süýdinden eklenip başlaýar. Bir ýyl geçenden soň çagada arassa owadanlyk keşbi, dogurlyk nyşanasy, edermenlik alamatlary alnyndan nur saçýar. ...



1. The thought and character of William James, Rolh Perry. Harvard university press, Combridge , Massachusetts , 1948 y. (Theologicalschool lectures of 1902 or 1906 . V. James).

2 . فريد وحیـدی ، " دا یرة ا لمعارف ا سلامی"، زیر وا ژه "خط، کتا ب ، قا موس قـرآ ن"،{ تأ لیف سيـد علی ا کبر قريـشی}، جـلد پنجـم . ص ۲۷۴

2. färid Vähidi, “daỳerät-eimo,aref-e islami”,zir-e važe-ỳe “hät, ketab, kamus-e kor,an”, tälif-e seỳed Äli Äkbär-e ỳşi, jeld-e pänjom. Säf. 274

۳. چوبـينه بهرا م، "تشيّـع د ر سیا ست ا یـرا ن "، جلد د وّم – ا نتشـا را ت "سا زما ن جنـبش نا سیـونا ليستـی دانشگا هیا ن و دانش پـژوها ن و روشن بینا ن ا یــرا ن"، 

3. Çubine Bähram, “Täşäỳ,ỳö; där siỳasät-e Iran ”, jeld-e dovvom – enteşarat-e “Sazman-e jonbäş-e nasỳunalisti daneşgahiỳan vä daneş päžuhan vä rowşän binan-e Iran ”.

4. Sagd-u-wakgas kitaby, Türkmenistan ỳlymlar Akademiỳasy, - Aşgabat- 1992 ỳ. ????

5. Wildurant, “ Tarih-e tämäddon , äsr-e iỳman ”, jeld-e çaharom , …

6. Teñli-garakçy Abdyrrahman ahun, “Fäzaỳel ältorman”, naşeran : Baziỳar-Sähawi, Gonbäd-e kawus -1364

۶. تنگلی قـرا قـچی عبدا لرحما ن آ خوند ، " فضـا ئـل ا لتـرکما ن "، نا شـرا ن : با زیـا ر سـخـا وی ، گـنـبـد کا ووس – ۱۳۶۴ شمسی