5. Öwlat:

Türkmenler yslam dinini kabul edenlerinden soň araplaryň arasynda dört çaryýarlara degişli nesilleri türkmensähralaryna gelip siňipdirler. Olar türkmen medeniýetini kabul etmek bilen yslam dinini ýaýratmakda esasy rol alyp barypdyrlar. Öwlatlar diňe türkmenleriň arasynda däl-de, eýsem beýleki musulmanlaryň arasynda-da has hormatly seredilipdir. Türkmen taýpa-tireleriniň arasyna agzalalyk düşen ýagdaýlarda araçy, töwellaçy bolup gatnaşypdyrlar.

Öwlatlaryň türkmen şejerenamasyna atlary girmeýär. Olary türkmenleriň şerif taýpalary hökmünde sylaglanýarlar. Olar Hoja, Seýt, Şih, Magtym, Ata diýlip bäş at bilen saýlanýarlar. Seýt bilen Hoja taýpalary pygamber aleýhussalamyň öwlatlaryndan örňäp gelýärler.

Ýagny Hezret Aly kelamyllah-o wajha-nyň nebereleridir. Şih taýpalary bolsa, Hezret Abubekir sitdik razyallah-o anaho-nyň öwlatlarydyr. Magtym (Mahtum) taýpalary Hezret Omar razyallah-o anaho-nyň öwlatlarydyr. Ata taýpalary bolsa, Hezret Osman razyallah-o anaho-nyň öwlatydyr[1]

“Hoja taýpalary XII tirä bölünip aşakdaky şahalardan ybarat:

1. Berdili,

2. Jemhur,

3. Gymylan,

4. Şagla,

5. Geçi aýak,

6. Alaňlar,

7. Göttikmeliler,

 8. Baýtally,

9. Tat,

10. Peder köş,

11. Garalar,

12. Geçilije,

... - diýilip türkmenleriň arasyndaky tirelere bölünipdirler”.[2]

Eýrandaky türkmenler olara hormatsyzlyk bolaýmasyn diýip guda-garyndaş hem bolmaýarlar. Ýagny olardan gyz alyp gyz bermeýärler. Şeýle nakyl hem bar: “Mollaly oba musulman, Hojaly oba kapyr”. Ýagny obanyň içinde Hoja bar bolsa, adamlar ýuwaş-ýuwaşdan oňa öwrenişip hormatsyzlyk etmäge sebäp bolar, diýlip çekinipdirler. Olary horlamak we bihormatçylyk etmek ýagny olaryň ata-babalaryny ynjatmak diýip düşünipdirler. Ýene-de bir nakylda “Hoja, ýangapdalda sataş!” -diýipdirler. Ýagny olar bilen diňe salamlaşyp öte geçmeli. Pygamber hudaýyň dilinden bolan nakylda “Hudaýlykly hojany, hudaý üçin sylamaly, Erbet bolsa, meniň üçin sylamaly! ”.

“Öwlatlaryň şejerenamasyny aşakdaky çyzuwda Nuh pygammerden bäri görkezilýär.” [3]

* Öwlatlaryň köpüsi Köneürgençde ýerleşipdir.



1. Teñli – garakçy, “Fezaỳel.”, … säf. 133

2. Şol ỳerde,  134 sah.

3. Äsgäri- hangah, d.M. Kemali,“ Iranian-e tork.”,/görk. Iş./… säf. 67