1. Ahun:

Türkmen sünni ahunlar gadymdan bäri yslam dininiň iki uly merkezi bolan Buharaýe şerif we Hywadaky hüjre-medreselerinden bilim alyp türkmensähra dolanyp gelipdirler. Olara, ol medreselerde arap-pars we beýleki dilleri öwredipdirler. “Türkmen ylymdarlary Eýran bilen SSSR-iň arasynda serhet çekilinçä Hywa, Buhara medreselerinden bilim alyp gaýdypdyrlar. Ol döwürde okuwlar arap we pars dillerinde alynyp barylypdyr.

Yslam dininiň taglymatlaryny we däplerini ündeýän “Sopy allaýar”, “Rownak ul-yslam”, “Şerigat kanunlary”, “çarkitap”, “Tefsir”, pars we arap dillerine we grammatikasyna türgünleşmek üçin “Nowaýiniň”, “Fizulynyň”, “Hafeziň”, “Beýdiliniň” we beýleki eserleri okadylypdyr. Medreselerde arap diliniň grammatikasy, “Logika”, “(mantak)”, musulmançylyk hukuklar, dessurlar, “Mesele”, “Wakalara düşündiriş”, “(Şerh il-wakaýa)”, “Hekmet il-laýyn” esasy dersler hökmünde ykrar edilipdir. “Awwal-e Elm”, “Düşündiriş”, “Towzih”, “Hadis”, “Gazy Beýzewiniň düşündirişi (Tewsir-e Gazýe Beýzewi)”, “Maglumat-e afak ” we ş,m. Sapaklary okalypdyr.”[1]

 Häzirki döwürde bolsa, Eýranda ähli dini taglymatlar türkmenlere mahsus bolan dini merkezlerde öwredilip dürli derejelere laýyk bolýarlar. Ahunlyk mertebesi bolsa, Ahunlar geňeşiniň  ýa-da komisiýasynyň tarapyndan, ahunlyk derejesini aljagyň ylmyny, bilimini, maliýe ýagdaýyny, ýaşyny (ortaça 45-50) ýaşy göz öňünde tutulyp berilipdir.[2]

Olar ahunlyk derejesini alanlaryndan soň özlerine dgişli mejjit, hüjrelerde ymam bolup, sapak berip wagz nesihat edip gezýärler.

“Buhara medreselerinden bilim alan ahunlar, köplenç ýagdaýda, oba mekdeplerinde mugallym bolup işläpdirler we ösüp barýan nesliň terbiýelenmeginde öz täsirlerini ýetiripdirler”. [3]

“Türkmenlerde mesjit-medreselere üşür, zekat bermek elmydama bolup dorupdyr. Ylaýtada çagalaryny ol ýerde okuw-terbiýe berilmek üçin has ykjam bolupdyrlar. Türkmenler çagalaryny okadanlary üçin hasylynyň 10-dan 1-ni (ondan birini) sylag hökmünde olara töläpdirler. Olardan okuw okatmanlary, dindar adamlaryň haýyr-sahawatynyň hasabyna ýaşapdyrlar”.[4]

“Türkmen oazislerinde ýaşaýan ilatyň durmuşy, ýazuwda görkezilmedik, adat bilen ýöredilýärdi. Aýratyn şahslaryň, uruglaryň, taýpalaryň aralygyndaky jedelli meseleler aksakgallaryň gatnaşmagynda adat boýunça çözülýärdi. Şerigatyň kanuny maşgala we miras bilen bagly bolanynda ulanylýardy.

Galan ýagdaýlarda oňa selçeň ýüz tutulýardy. Şeýle ýagdaýda kazynyň (sudýanyň) wezipesini mollalar ýerine ýetirýärdiler. Doglan çagalaryň, däp-düzgüni, sünnet edilşi, ýaş çatynjalaryň nikalanylyşy, aýrylyşmalary, adamlaryň ýogalyşlary, tereke (miras) bilen bagly geçirilýän çözgütler, mollalar tarapyndan şerigatyň kanuny esasynda ýerine ýetirilýär.”[5]

Eýran türkmenleriniň arasynda XX asyryň II ýarymynda Hywa, Buhara medreselerinde okap gelenleriň özi hem nesilleriniň birnäçesiniň ady şulardan ybaratdyr:

Akgala şäherinden Nazar Ahun Tagsyr Mahyry, Kümüşdepe şäherinden Buharada okap gelen Baýramgeldi Ahun (1980-nji ýylda onuň belli ahun ogly Abdyjan Ahun Eýran Yslam Respublikasynyň baştutany ymam Homeýniniň tarapyndan ähli Türkmensähra ilatynyň ýörite saýlanan wekili boldy) we Rejeb Ahun Sayatly, Çynsawul (Çynsebil) etrabyndan Aýdjan Ahun Çynsawuly, Mämmet Ahun Gürgeni (ikinji jahan urşundan soň Muhammetrza Pählewi patyşa bolan döwründe Eýranyň milli mejlisiniň, türkmenleriň tarapyndan birinji wekil bolup saýlanan hem-de 1925-26-njy ýyllarda Jüneýthan Türkmensähra baranda ýolbaşçylyk edip Owganystana çenli ýola salan ahundyr.

Jüneýthan sylag üçin ony öz giýewisi edip bir gyzyny şol ahuna tabşyryp gaýdýar.), Hajy Ahun Tagsyrlar, Osman Ahun (1920-1924-nji ýyllarda Eýran türkmenleriniň garaşsyzlyk jümmüşinde prezidentlik ýolbaşçylygyny alyp baran ahun), Bäşýuwusga etrabyndan Adynajan Ahun Ýaraly ( Bu şahsyýet Eýranyň meşruta gozgalaňyndan soň ikinji tapgyr Eyranyň Milli Şura Mejlisiniň ilkinji wekili bolup saýlanýar.)  Welijan ahun, Annagylyç Ahun Nagyşbendi, Amangeldi Ahun Hanafi Hojanepes etrabyndan, Teňli Ahun Garakçy Kümmetkowus şäheriniň Erfanabat etrabyndan, Buharadan Türkmensähranyň Gürgen derýasynyň boýundaky Hojanepes obasyna göçüp baran Ketde pir işanyň ogly Abdylla Ahun Magfury, Hojaguly Ahun Etisami Kör, Welimuhammet Ahun Arzaneş (1979-nji ýylda Türkmensähra türkmenleriniň lider wekili), Telaýi Ahun,...dagylar has meşhurdylar.

* Eýran Türkmenleriniň ilkinji wekili Adynajan Ahun Ýaraly (1260-njy h.şemsi ýylda Kümüşdepe şäherine degişli Bäşýuwusga etrabynda dogylan)

* Eýran türkmenleriniň häzirki döwür ulamalary



1. Durdyew K.,”XIX asyr hem-de XX asyryñ başlaryndaky türkmen edebiỳatynyñ taryhyndan”, Aş., “Magaryf”, neş. , 1987 ỳ.

2.Äsgäri-hangah Ä., Kemali , “ Iraniỳan-e torkmän”, enteşarat-e “Esatir”, Tehran- 1374 , säf. 157

۱۱. ا صغر عسگری خـا نقا ه و د کترمحمّـد کما لی، " ا یـرا نـیا ن تـرکمـن"، ا نتشا را ت " ا سـا طـیر"، سا ل ۱۳۷۴ ش. ص.۱۵۷

3. Максимович Ф. К., « Социально – экономический строй Закаспийски туркмен на кануне присоединения к России » , Туркменское государственное издательство , Ашхабад – 1960 г., 114 стр.   

4. (ЦГА. ТССР, Ф. ! , опю 2. Д.  2769 ,  Д.2778)

5. Maksimow F.K., /görk. Iş./, 109 sah.