3. Kary: Kurhan okamak üçin dini medreselerden ýörite rugsat edilen şahslara “Kary” diýlipdir. Kary arap dilinde okyjy diýmekdir. Etrek-Gürgen türkmenleriniň arasynda çagalary doga ýa-da saý-sebäp boýunça gözi nahoşlap görmekden mahrum bolanda, olary diňe mesjit-medrese-hüjrelere bagyşlapdyrlar. Olar sapakda hemişe oturyp kurhany ýatlapdyrlar. Olar kurhany boýdan baş owazly kara’at edipdirler. Şonuň üçin Eýranda karylaryň ep-eslisi görmekden mahrumdyrlar. Elbetde bu däp Muhammet Pygamberiň döwründen bäri bolup durupdyr. Sebäbi, Muhammet Pygamberiň ýazuw sowady bolmany üçin wagyz bolup inýän aýa-süreleri öz ýanyndaky hemişe saklaýan ýörite karylaryna ýat tutdyrypdyr. Sebäbi, öňde belläp geçşimiz ýaly ol döwürde Hijaz arabystanda sowatly adam bolmandyr. Häzirki döwürde Türkmensährada belli-belli karylar meşhurdyrlar. Hojanepes etrabyndan Gorukly Kary çükgän (ol 1986-nji ýylda Päkistanda geçirilen konkursda dünýä meşhur arap karysy Abdylseýit (Abdulbasit) bilen konkurensiýada deň çykyşyp uly orny eýelän karylaryň biridir.) Ýene-de atasy Buharada okuwyny tamamlap gelen Bäşýuwsgaly belli Hajyberdi Kary Iri, AkmAt Kary, Aky Kary Kelteýi Bendertürkmen şäherinden, Nurjan Kary Akgamyşdan, Arazgeldi Kary Arapsent obadan, Annamuhammet Kary Kötügy Sallah obasyndan,... ş.m. belli-belli karylar bar.
|