Yza gaýdyň
Çap ediñ

IV BÖLÜM : SUWLY ÇEŞMELER :

Gülüstan welaýaty özboluşly geografiki häsiýete eýe bolany üçin, hasylly ýerler gerekli suwlaryny Horasanyň hem Elburs daglyklaryň garlarynyň eremegi netijesinde üpjün bolýar ,

Gülüstan welaýatynyň ýapdyr derýalary ýaşaýyş hem ekerançylygyň esasy şadamary hökmünde, bu ülkäniň daýanjy bolup durýar .

Tebigatyň döredýän şertleri boýunça, dürli akar suw hem derýalaryň emele gelmeginiň netijesinde, derýalar aşakdaky häsiýetde aýratynlaşýar :

- Gülüstan welaýatynyň derýalarynyň köpüsi hemişelik, demirgazyk bölegine, käbirleri öz akabasynda belli pasyllarda akýan derýa öwrülýär.

- Jülgäniň uzaklygy  üçin ondan geçýän derýalar uzakdan gözbaş alýar.

- Käbir derýalaryň suwlary şor ýerlerden ýa-da ýeriň şor çeşmeleriniň oňa dökülmegi sebäpli öz öz akabnasynyň soňky ugrunda şor suwa öwrülýär.

     Türkmensähranyň Gülüstan welaýatynyň esasy möhüm derýalary Etrek, Gürgenm  we Garasuw derýalary bolup durýar.

1). ETRERK DERÝASY :

Bu derýa Horasan welaýatynyň Goçan şäheriniň demirgazygyndaky Hezarmesjit daglaryndan gözbaş alyp, daglyk ülkeleriniň üsti bilen serhet boýundaky depejiklere gelip ýetende, Garaşsyz Türkmenistanyň Summar derýasy bilen birigýär.

Etrek derýasynyň uzynlygy 500 k/metr bolup şondan 120 kilometri iki ýurt, ýagny Garaşsyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublykasynyň serhetleriniň araçägi bolup durýar. Bu derýa Garaşsyz Türkmenistanyň içinde Hazar deňziniň Esenguly aýlagyna guýýar.

Häzirki döwürde bu derýadan köp möçberde peýdalanylýandygy sebäpli we suw çykaryjy enjamlarynyň gurulmagy bilen, suw joşgunly akýan mahallaryndan başga wagtlarda onuň akymy deňze ýetmän galýar. Netijede Gyzyl Etrek etraplaryndan beýläk Esenguly etrabyna çenli ýylyň dürli pasyllarynda çynlakaý suw ýetmezçilikleri bolup durýar.

Etrek derýasy öz akabasynyň dowamynda köplenç ýumuşak we ergin depejikleriň üstünden geçýär, şonuň üçin belent diwarlar ýaly çuňňir  olum- gaýalar  emele gelip batgaly suw akýar. Etregiň has akymly pasly ýaz aýlarynyň başlaryndan başlanýar. Bu derýa öz akyt ugurunyň boýa-boylugyndaky köliň hem kölçeleriň ýyllyk suw goýumuny üpçün edip, onuň suwy tomus aýlarynda kemelip gidýär. Bu derýa, egrem-bugram görnüşinde gaýa gerişläp duran depe hem depejikler bilen dowam edýär.

* Etrek derýasy

Yza gaýdyň
Çap ediñ