2). GÜRGEN DERÝASY: Gürgen derýasyna Zaw, Dug, Dilabat, Ramiýan, Mämmetabat ýaly şahamçalar guýup ol gündogar Elburs[1] daglarynyň demirgazyk hemde Horasan daglyklarynyň eteklerinden gözbaş alýar. Kümmetkowus, Akgala we Hojanepes şäherinden geçip Çarkly abasynyň günbatarynda emele getiren bir ýarym adajygyň içi bilen, üç burçly “dilta” görnüşde uly göwrum açyp Hazar deňzine guýýar. Bu derýanyň suwyndan peýdalanmak hem daýhançylyk işlerini alyp barmak üçin Ammarolum etrabynyň gündogarynda “Sedd-e-Woşmgir” atly suw bendi guruldy. Bu derýa Türkmensährany, orta arasyndan ikä bölüp, 300 kilometr uzynlygy bilen deňze guýýar.”[[2]] 7 *Woşmgir atly suw bent howdany Ýagyşly ýyllarda suw joşgunlarynyň öňüni almak üçin ekerançylyk meýdanlarynyň üsti bilen deňze tarap joşýan ugurlaryndan ganawlar ýaly kanal enjamlaryny gazylypdyr. * Gürgen derýasy Hojanepes etaby bilen deňiz aralygy * Gürgen derýasynyň Hojanepes etabyndaky gaýa görnüşi Şeýle çäreleriň geçirilmegi bir tarapdan ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etse, beýleki bir tarapdan bolsa, ekin meýdanlaryny hem oba-şäherleri suw-sil heläkçiliklerinden goralga bolup durýar. * Woşmgir suw hawdanynyň daş manzary 3).GARASUW DERÝASY: Bu derýa gülüstan welaýatynyň, günbatar giňişliklerinden akýar. Ol Elburs daglyklarynyň Eleň (Alaň) daglaryndan göz baş alyp, oňa Nomel, Zyýarat ýaly şahamçalar guýýar. Bu derýa Hazar deňziniň Gürgen aýlagyna guýýar. Gürgen şäheri agyz suwy hem-de ekerançylyk meýdanlary suw bilen üpjün etmek maksady bilen Nomel obasyndaky şahamçalaryň üstünden “Sedd-e-Köwser” atly bent gurulyp ulanylmaga berilipdir. Gülüstan welaýatynyň Etrek-Gürgen sebitlerinde dürli köller emele gelipdir. Şolaryň birisi “Nowur” diýlip atlandyrylýarlar. Bu kölleri, ýaz hem gyş pasyllardaky emele gelýän suw joşgunlary bilen üpjün edilýär. Olar ýylyň yssy aýlarynda ekerançylyk, maldarçylyk hem awçylyk dolanşyklarynda rejeli we tutanýerli peýdalanylýar. Soňky ýyllarda “Jahad sazandegi” atly döwlet guramasyna degişli balykçylyk “Şilat” edarasy bilen “Ekerançylyk Hojalygy” edarasy hem-de hususy eýeçilik bölümleri tarapyndan beýle suw joşgunlarynyň öňüni almak hem-de suw ätiýäçlikleri köpeldi, balyk önümlerini ýola goýmak üçin welaýatyň mynasyp nokatlarynda dürli bentleri gurlupdyr. Bu bentler derýanyň suw joşgunlarynyň howpuny azaldyp, siliň heläkçilikli akymlarynyň öňüni alýar. Ikinji bir tarapdan ekerançylyk işlerini geçirmekde ulanylýar. * GÜRGEN AÝLAGY we AŞYR-ADA: Hazar deňziniň gündogar kenar ýakalaryndaky aýlaglara garanyňda Gürgen aýlagy iň uly aýlaglaryň biri bolup durýar. Ol Miýankale[3] (Aşyrada) ýarym adasynyň Hazar deňziniň gündogar kenar ýakalaryna tarap öňe süýşmek netijesinde emele gelipdir. Gürgen aýlagynyň çuňlygy we giňligi ýerli geografiki şertleriň talabyna görä, Hazar deňziniň suw göwrüminiň gal-goply täsirleriniň astynda durýar. · Aşyr-Ada bogazynyň asmandan düşürilen suraty. Gürgen aýlagynyň meýdany 400 kwadrat kilometr, gündogar-günbatara tarap uzalyp, ini bolsa, 50 kilometr, 4-den 12 kilometre barabardyr. Gürgen aýlagynyň suw çuňlygy syka we günbatar böleklerinde suw şorlygynyň möçberi has sykalygy hem köp bugarmagy sebäpli Hazar deňziniň suw şorlygyndan köp mukdarda durýar. Elbetde Garasuw ýaly suwly derýalaryň aýlaga guýýan agzynda süýji suwyň köp akmagy sebäpli şorlyk derejesi pese düşýär. Gürgen aýlagyny dünýä möçberinde “köresuw” ölçeginde hasaba alýarlar. (köresuw kölçeleriň ölçegi has kiçi we syka bolýar.) Onuň özboluşly tebigy häsiýetine garap dünýäde 18 sany köresuwyň we Eýranda 9 sanysynyň biri diýip hasaba alýarlar . Gürgen aýlagyndaky sebitiň ýaşaýyş şertine, Hazar deňzi, derýalaryň oňa guýmagy we Myýankala adasynyň täsir ýetirmeginde bolup, suwdaky ýaşaýan jandarlar hem teňňeli we teňňesiz balyklaryň köpelmeginde, şeýle hem guşlaryň gyşlamagynda möhüm roly oýnaýar. *Gorgan Bay - Artek River, Caspian Sea - NASA (December 12, 2003 Balyklaryň çendenaşa köp awlanmagy, senagat suw galyndylarynyň, şaheriň hapa suwlarynyň hem dürli kanalizatsýalaryň oňa guýulmagy, bu aýlagyň suwunyň hapalanmagyna hem çäginiň zaýalanmagyna sebäp bolýar . Şonuň üçin bu sebiti kadaly düzgüne getirmegiň ugrunda dürli çareleri göz öňünde tutulýar . Bu aýlagyň has giň göwrümi uly Aşyrada bilen Bendergez şäheriniň aralygynda 17 kilometr uzaklygy bolup, has insiz tarapy Behşähr( Bişäher) şäheri bilen Aşyradanyň aralygyndan 3-4 kilometrlik suwly bogaz ( teňňe ) Hazar bilen bu aýlagy birleşdirýär. Asyrlaryň dowamynda käbir halatlarda Aşyradanyň dört gyrasyny jähekläpdir. Ýöne Hazar deňziniň suwunyň kemelmegi zerarly onuň günbatar tarapy suwdan çykyp, guraklyga öwrülipdir. Bu ada 80 kilometrlik gündogar-günbatar jähede uzynlygy we 10-15 kilometr ini bilen “ ýarym ada “ bolup galypdyr. Onuň üçin öňki döwürlerde atlandyrylşy ýaly uly Aşyrada, Kiçi Aşyrada we Orta Aşyrada diýilen atlar ýok. Ýöne tutuşlygyna bir at bilen atlandyrylýar. Ýaňy ýatlap geçişimiz ýaly, öňki döwürlerde Aşyradanyň orta çäklerinde Sefewileriň döwründen galan galanyň bardygy sebäpli, oňa parsça “Miýan gäl,e” -diýlipdir. Emma Rus goşuny 1840-njy ýylda bu adany eýeläp, ol ýerde harby bazasyny gurnapdyrlar.” [[4]] 8 . Oňa ruslar “Miýankala” -diýip atlandyryp, henize çenli il arasynda oňa “Miýankale” diýýärler. *Aşyrada etrabynyň deňiz içindäki şilat edaralary. *ÝERASTY SUW HOWDANLARY: Türkmensähranyň Gülüstan welaýatynda özboluşly howa-suw şertleriniň mümkinçiligi, ýeriň hili we onuň ýokary ygal geçiriji häsiýeti hem-de asman ýagyşlarynyň köplügi sebäpli böröňläp ýatan ýerasty suw howdanlarty emele gelipdir. Daglyk we dag etekleriniň ýerasty suw howdanlarynyň ýerleşen ýeri çuňlukda bolsa, jülgelik ýerlerde ýer suw ýakyn ýerleşipdir. Gürgen jülgesiniň demirgazyk we kenar ýakalaryndaky ýerasty suw howdanlary deňze ýakyn hem ýer hiliniň häsiýeti boýunça şor we ýarym şordyr. Gürgen jülgesiniň günorta böleklerinde ýerasty süýji suwlary bar. Ol ýerde ýeriň 500 metr çuňlugynda süýji suw howdanlaryna gabat gelse bolýar. Ekerançylyk hem köpçiligiň gerekli nowasuw (içere suw) ätiýäçlerini çuňňur we ýarym çuňňur goýberilen suw soryjylar we çeşmedir käriz ýaly ganow enjamlary bilen suw howdanlaryndan çykaryp bährelenýärler. Ekerançylyk meýdanlaryny, senagat we obaşäher köpçüligini suw bilen üpjün etmek ücin elmydam suwly derýalaryň üstünden bentleri gurlupdyr, şeýle-de öňki gurlanlar täzelenip durlupdyr. Aşakda bentleriň hasabaty görkezilýär:
Ýokardaky ýatlananlara garamazdan gynansak-da, bir zady belläp geçmek gerek. Akyp duran derýalara oba-şäherleriň hapa suw dökündileri, howadan dürli ergin kömür turşy gazlaryň ýagmagy, senagat serişdeleriniň işlenilmegi netijesinde galyndylaryň şol suwlara goşulmagy, ot we mör-möjekleri zäherlemek üçin sepilýän himiki elementler we dökündiler hem-de gök önümlere düşýän gurçuklary ýok etmek üçin topraga sepilýän zäherler Gülüstan welaýatynyň suw serişdelerini zaýalaýarlar. Şeýle zäherlenmegiň dowamynda bolsa, janly tebigata hem ýerasty suw howdanlarynyň suwlaryna öwezini dolduryp bolmajak zerer-zyýanlary ýetirýärler. * Gürgen aýlagy |