Yza gaýdyň
Çap ediñ

V BÖLÜM : GÜLÜSTAN WELAỲATYNYŇ SOSIỲAL GEOGRAFỲASY:

1997-nji ýylyň noýabryna çenli ýurdyň tabyn bölünşiklerinde Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty Mazenderan welaýatyna degişli bolup durýardy. Ýatlanan ýylyň Noýabr aýynda Yslam Mejlisiniň çykaran karary boýunça Gürgen şäheristanynyň merkezliginde Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty Mazenderan welaýatyna garaşsyz welaýat hökmünde ykrar edildi .

Gülüstan welaýatynyň käbir şäherleriniň taryhy gadymyýeti bar. Bu şäherleriň köne binalary esasan merkezlerinde ýerleşip, soňky binalary bolsa, şäheriň daşky keşbinde görünýär. Bu şäherleriň gadymy binagärligi bilen häzirki gurulşyk şekilleri tapawutlanýar.

Köçelerde we ondaky ulanylýan gurulşyk materiallary biri-birinden parhly görünýär. Gadymy gurulan köçeler we geçelgeler dar we egrem-bugram bolup görünse, täze gurulan köçeler giň hem onda uly meýdanlar we meýdançalar göze ilteşýär. Şäheriň gadymy gurulan jaýlary palçyk we kerpiç bilen örülip, üsti bişen taňsyk (çerpiske) ýa-da agaç bilen bassyrylypdyr. Emma täze salynan jaýlar bolsa, köplenç demir, pişen kerpiç, sement, şifr we ak galaýi listlerden peýdalanypdyrlar.

Bu welaýatyň käbir şäherlerinde gadymy binalar göze ilmeýär. Şeýle şäherleriň arasynda Kümmetkowus şäherini bellemek bolýar. Kümmetkowus şäheriniň esasy şäher proýektini ikinji jahan uruşyndan öň Reza Pählewiniň döwründe Germanýaly binagärleriň tarapyndan täze şäher gurulşygy görnüşde çyzylypdyr. Elbetde Kümmetkowus şäheri barada aýdylanda onuň has irki taryhy döwürlere degişlidigini ýatdan çykarmak bolmaz.

Bu welaýatda senagat merkezleşiklerini döretmek maksady bilen şäheriň ýakynyndan sensgat şäherçelerini grulýar. Şolaryň biri Akgala şäheriniň gyrasyndaky gurulan Akgala sensgat şäherçesini ýatlamak bolýar. “ Köp sanly türkmenler Kümmetkowus we Gürgen şäherlerinde hem ýaşaýarlar .” [[5]] 9    

Aşakdaky tablitsiýada şäher-etraplaryň tabynlaşygy :

Şäheristanyň ady

Etrabyň ady 

Etrap merkeziniň ady

Dehistanlaryň ady

1

Bendergez

1.Merkezi etrap

2. Nowkent

Bendergez

Nowkende

Enzan-e şargy we Enzan-e gärbi

Liwan-Benäfşetäppe

2

Bendertürkmen

3.Merkezi etrap

4. Kümüşdepe

Bendertürkmen

Kümüşdepe

Günogta japarbaý

Gündogar japarbaý

Günbatar japarbaý

3

Alyabat

Merkezi etrap

5.Merkezi

Alyabat

Astrabat

Ketul

4

Kürtkuý

6.erkezi etrap

Kürtkuý

Çarkuh

Sedenrestag-e şärgi

Sedenrestag-e gärbi

5

Gürgen(Gorgan)

7. Merkezi etrap

8.Akgala

Gürgen

Akgala

Günorta Astrabat

Demirgazyk    Astrabat

Injirab-Röwşenabat

Sorhpoşte-Gürgenboý

Akaltyn – Şyhmusa

6

Kümmetkowus

9.Merkezi etrap

10.Daşlyburun

11.Azatşäher

11.Ramyýan

Kümmet

Azatşäher

Ramyýan

Akabat-Baglymarama

Saryja-Fäjr-Soltanaly

Etrek-Küren-

Çeşmesaran-Hurmarud-Nizamabad-Delend-Fenderesk

Gallamiran

7

Minudeşt(Hojaaly)

13.Merkezi etrap

14.Marawadepe 

15.Kelala

16.Galykeş

Minudeşt

Marawadepe

Aýderwuş

Galykeş

Çelçaý-Galagafe-Kuhsarat-Güllidag-Marawadepe-Aklar-Temran- Zawkuh-Goňur-Garawulan-Nilikuh-Ýaňak

Ýokardaky görkezilen tablitsiýada Gülüstan welaýatynyň şäheristanlary we oňa tabyn dehistan we etraplarynyň aýratyn atlary boýunça görkezilýär.”[[6]] 10 Görkezilen tablitsiýada Kelala şäheriniň ady öňlerde “Aýderwüş” -diýilip atlandyrylypdyr. Elbetde oba türkmenleriniň arasynda henize çenli Aýderwüş diýilýär. Onuň sebäbi Gökleňleriň 8 taýpasyndan biri Aýderwüş bolupdyr. Taryhda şol taýpa ilkinji gezek şol ýerde mekan tuitupdyr.

Şol 8 taýpanyň atlary şu aşakdakylardan ybarat:

1.Ýaňak,

2. Çakyr,

3.Begdili,

4.Kerrik,

5.Gaýi,

6.Aýderwüş,

7. Baýandar,

8. Erkekli,

9. Garybalysoltan, ... ýaly taýpalaryň doly sanawy “ Eýran türkmenleri” atly eserde berilýär.”[[7]]  11

1996-njy ýylda welaýatdaky geçirilen jemgyýet sany boýunça 590,000 sany 41,2 göterim adam şäherlerde ýaşaýarlar, galanlary bolsa, obaçy görnüşde 830,000 sany adamdan ybarat bolup obalaryň jemgyýet sanyny döredýärler. Türkmensähranyň Gülüstan welaýatynyň jemgyýet sany tutuşlygyna aýdanymyzda 1mln 425 müň sany jemgyýet bolup durýar.  

Gülüstan welaýatynyň oba-hojalyk jemgyeti merkezleşdirilen görnüşde şekil tapypdyr. Esasy şaýoly ýa-da derýanyň uzynlygy ugrynda suw çeşmeleriniň boýa-boý aýlagynda gurulypdyr. Bu ýerde öý gurluşyklarynyň materiallary köplenç ýerli material mümkinçiliklerden ulanylypdyr.

Meselem, jeňňellik böleklerdäki obalaryň gurluşyk materialy köplenç agaç bolsa, jülgelik owazislerde toprakdan öndürilýän çyg hem bişen kerpiçlerden peýdalanyp üstüni öňlerde ekez bilen basdyrylan bolsa, häzirki döwürde şifr hem asinkowennyý list (akgalaýy) bilen basdyrylýar.

Dag eteklerinde bolsa, köplenç dagdan önýän daşlardan örülip, üstüni çerepiske ýa-da beýleki şifrlerden peýdalanypdyrlar. Elbetde häzirki döwürde bu oba-etraplar şäher durmuşyna ýakyn bolany sebäpli öýleriň proýekti köplenç şäher görnüşde alnyp barylýar.

Oba-hojalyk jemgyýetiniň girdeýji çeşmeleri dürli görnüşlerden ybarat bolýar. Olaryň esasy bol girdejisi pagta ekerançylygy, ýüpek önümleri, bal ary önümleri we balykçylyk ýaly hojalyk we ekerançylyk işlerden ybarat bolup, haly, halça, palas, kilim we beýleki dokma-dokyn hem kramyka we agaç önümleri bilen meşgullanýarlar.

1355-nji h.ş., 1976-njy milady ýyldaky şäherlerde ýaşaýan ýomut we gökleňlere degişli statistikasy boýunça türkmenleriň erkek adamlary 19-25 we 30-34 ýasly toparlar ykdysady taýdan işjeň, türkmen aýal-maşgalalary bolsa, 19-15 we 20-24 ýaşly toparlary iş önümlerine gatnaşypdyrlar.

Elbetde türkmen zenan maşgalalary entäk ýaşaýyşynyň bütin dowamynda ýaşlykdan başlap haly, keçe hem sagym we beýleki dürli içeri we daşary işler bilen meşgullanýarlar. Elbetde häzirki wagtda şeýle statistika has takyk diýip bolmaýar.[[8]] 12

Häzirki döwürde dünýä boýunça şäherçilik medeniýeti täze sistemada hem-de oba-şaher aragatnaşyklarynyň ýygylaşmagy we jemgyýetçilikde asuda hem rahat ýaşaýyşlaryň talaby sebäp bolup maldarçylyk üstünde göçme-gonma jemgyýetçilik has az görnüşde alynyp barylýar. Olar esasan mal-sürüleri ýaýlak-gyşlak etmek üçin ýylyň belli pasyllarynda sürülari goýberilýän ýerleri üýtgetýärler.

Bu jemgyýet Gülüstan welaýaty boýunça has azalypdyr. Olar welaýat boýunça jemgyýet sanynyň 5% göterimini öz içine alýar. Olar köplenç Kümmetkowus, Kümüşdepe we Minudeşt şäherlerine degişlilikde, dürli dürli bolup durýarlar.

Oňki döwürlerde  ýagny 18-19 asyrlarda “Türkmenleriň maldarçylyk ykdysadyýeti esasan öz giň häsiýeti bilen özleşipdir. Sürüler stepleriň öri meýdanlarynda, martalarda we Hywa, Buhara hanlyklarynyň wakf edilen ýerlerinde bakylypdyr.”[[9]] 13  “ Çarwa türkmenler köplenç at, sygyr, goýun we düýe bakypdyrlar.”[[10]] 14 Olar öz gerekli mukdaryndan köp ýokary hilli peýnir, sary ýag, süýt, ýüň ýaly önümleri öndüripdirler. Mysal üçin, bir ortaça ýagdaýly türkmen maşgalasy 300-500 sana çenli sygyr we goýun hem birnäçe düýe, at saklapdyrlar. Käbirleri 1000-den gowurak mal eýesi bolupdyrlar.”[[11]] 15

Häzirki döwürde bu jemgyýet umuman üç topara bolünýär:

Göçme-gonma maşgalalar: Bu maşgalalar ýylyň bütin dowamynda mal sürüleri bilen bilelikde göçüp-gonup gezýärler. Olaryň esasy girdeýjisi maldarçylykdan önýär.

1.     Ýarym göç taýpalar: Bu toparlaryň içeri maşgalasy belli bir mekanda mesken tutup özleri bolsa, ýaýlak-gyşlak hereketlerde bolýarlar. Olaryň hem esasy girdeýjisi maldarçylyk bilen bagly bolup durýar.

2.     Süri mal dolanşyklar: Süri mal dolandyrýan toparlaryň içeri maşgalasy oturumly ýaşap, özleri bolsa, ýylyň yssy aýlarynda sürüleri bilen ýaýlaklarda geçirýärler. Süri mal dolanşyklaryndaky esasy girdeýjileri daýhançylyk hem maldarçylyk bilen baglanşyklydyr.

* Hatarlanşyp oturan türkmen öýler

Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty allatagallanyň beren naz-nygmatyndan bol-elin paýa eýe bolupdyr. Şunluk bilen welaýatyň 430 müň gekdar meýdany Eýranyň demirgazyk jeňňellikleriniň 24% göterimi hem bu welaýatyň bütin meýdany boýunça 20%-ni öz içine alypdyr. Bu tokaýlyklar gür hem ýarym gür we bag-bakçaly martalardan ybarat bolup, has giň gerim alyp, günbatara Gelugah oazislerinden gündogara, welaýatyň Güllidag ülkelerine çenli ýaýylyp gidýär. Günbatar bölümi ygally jeňňeller, merkezi bölümi ýarym ygally we gündogar bölümi hem beýiklikleri ýarym gurak jeňňellerden bürençeklenipdir.

Bu jeňňeller dürlilik we hili babatda, ýokary ähmiýetde durýarlar. Sebäbi olaryň 66% göterimi söwda dolanşykdaky jeňňeller we galanlary bolsa, täzeden ekilen we goragda  duran tokaýlardan ybarat bolýar. Şonuň üçin welaýat boýunça senagat agaçlaryň önüm möçberi has ýokarydyr.

Welaýatyň jeňňelleriniň ösüşleri deňiz gyralarynyň 300 metr ýokarylygyndan başlanyp Elburs daglyklarynyň 2500 metr beýikliklerine çenli dowam edýär. Dag beýiklikleriň dürli ýerlerinde temperatura boýunça gar-ýagyşlar we dagyň dikligi sebäpli jeňňel bürençeklerinde dürli ýygy baglar göze ilýär.  “ Dagyň pesiräk ýerlerinde ýagny dag eteklerine ýakyn bilinde ýaýraň ýaprakly we gür baglar, beýikligiň 2500 metre ýakynlygynda selçeň görnüşde iňňe (igne) ýaprakly baglar görünýär.

* Tokaýlyklar

Umuman Türkmensährada injir, nar, serwi, sosna, arça, pyndyk, tudana(tut), böwürslen, garaagaç, çynar, hoz, alma, şetdaly, ýabany armyt, serçedil, cenawar we hemişegök ýaly daragtlar bitýär .” [[12]]  16

Territoriýa

Jeňňellikleriň meýdany ( her gektar )

Söwda dolanşykdaky jeňňeller

Söwda dolanşykdaky jeňňelleriň territoeiýal göterimi

Eýran boýunça jeňňellikleriň bütin görnüşi

Eýran

13740

3100

24,7

8,3

Eýranyň demirgazgy

1840

1380

75

1,1

Gülüstan welaýaty

430

380

66

0,23

Aşakdaky görkezilen tablitsiýada welaýat boýunça jeňňelleriň meýdanyndan 1961-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli kemelip gaýdýar. Häzirki wagtda bütin duran jeňňellerden diňe 250000 gektar ýagny 66% göterimi söwda dolanşykdaky we galanlary bolsa, täzeden ekilen we goralyp durulan jeňňellerden ybarat bolýar.

“Aşakdaky tablitsiýada dürli ýyllar boýunça Gülüstan welaýatynyň

jeňňelleriniň meýdany tabgyrlaýyn üýtgändigini görkezýär :”[[13]] 17

Ýyl hasaby

Jeňňeliň meýdany(gektar)

1961

1966

1971

1976

1981

1976

1991

1996

422000

365000

==

==

350000

314000

320000

380000

   

Aýdyşlaryna görä, bir gektar jeňňel her ýylda 2,5 tonna kislorot öndürýär. Dünýäniň 60% göterim gerekli kislorody jeňňelleden üpjün bolýar. Emma dünýäde ýer ýüzüniň jeňňelleriniň sanynyň ösmegi sebäpli we hetdenaşa marta-jeňňelleri bikanun we nädogry ulanylmagy sebäpli ýeriň gök bürençekleri wagtyň geçmegi bilen kemelip ,al-ýaşyl ösüp duran janly tebigat, çöl biýabanlyga öwrülýär .

Häzirki çöl bolup görünýän kem hasyl ýerler, adamzadyň tebigata dahylly bolmadyk döwründe gür jeňňellikleriň bürençeginde bolup, ýa-da bolmanynda ösümlik bürençegini kabul etmäge taýyn toprak bolandyklary mälim bir zatdyr . Şonuň üçin Gülüstan welaýatynyň merkezi Gürgen şäheristanynda “ Jeňňel we Tebigy Çeşmeler “ atly instituty açylyp şu ügurlarda okuwçy kabul edip iş alyp barýarlar .

Martalar hem jeňňel bürençekleri, ylahy nygmatlarynyň biri hökmünde, halkyň erkimde mugtyna goýulan möhüm tebigy çeşmeleriň biridir. Adamlar ondan bir bölek gerekli ätýäçliklerini üpjün etmek üçin peýdalanýarlar. Marta meýdanlar tebigatd ekologiýanyň arassalygyny üpjün etmekde  hem-de topragyň güýçden düşmeginiň öňüni almakda ýokary ähmiýete eýedir .

Umuman aýdylanda, ähli ösümlikleri öz tebigy göwresinde ösdürýän topraklara “Tebigy ömür“ -diýilip atlandyrylýar. Marta meýdanlary, ýurdyň ykdysadyýetinde esasy roly bar. Öňki döwürlerde Gülüstanyň ösümlik bürençegi has ýokary derejede bolup, onuň martalaryndaky ösýän ösümlikleriniň miniral goşundyklary boýunça Eýranyň ýokary hili gyşlak meýdanlarynyň biri hasaplanypdyr.

“ Ýurdyň Tebigy Çeşmeleri” adyndaky baş edarasynyň berýän soňky statistikasy esasynda, Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty boýunça 1332000 gektar marta meýdanlary bar. Şol mukdardan 13% göterim ýokary hili martalar, 21%  göterim  ortaça hili martalar, 66% göterimi bolsa, pes önümli martalardan ybarat bolýar .

* Marta meýdanlary

Welaýatyň tebigy martalar geografiň tebigy martalar geografiasy boýunça martalar ýaýlakly, gyşlakly we orta oturum böleklere bölünýär. Ýaýlak martalary beýiklerde ýerleşip howanyň sowuklygy sebäpli her ýyl diňe näçe aý sürüleri oňa göýberýärler.

Bu martalar welaýatyň ýokary hili martalaryndan hasaplanýar. Ýaýlak martalaryň meýdany welaýatyň bütin öri meýdanlary boýunça 19% göterimini öz içine alýar. Onda her gektar boýunça 290 kilogram guradylan bede hasyly önýär. Welaýatyň bütin öri meýdanlary boýunça 56% göterimi gyşlak martalary bolup, köplenç Gürgen we Kümmetkowus ülkeleriniň demirgazygy, serhet boýlarynda ýerleşip, pes önümli marta meýdanlarynyň hataryna girýär. Ýerli hem gelmişek maldarlar öz sürülerini hemişelik bu martalara goýberýärler.

Orta oturym martalary Mýanbent çäklerinde ýerleşip, welaýat boýunça 25% göterimini öz içine alýar. Ol köplenç bagly-bakçaly martalardan ybarat bolýar.

Gülüsran welaýatynyň marta meydanlarynyň ösümlük bürençegi köplenç step hili ösümliklerden ybarat bolup çyratan, düýetiken, şagalbüzen, ýylgyn, ýandak, çakyrtiken, gyrkbogun, gulan, ýawşan, dermene, çaýyr, galgan, ýorunja, ýelmik, atýüwrik, selme, semizje, meleke, bozagan we ş.m.  ýaly otlar tebigatyň häsýeti boýunça emele gelýär. Martalarda, martalara daýanyp saklanylýan mallar 2500,000, mal toplumlardan ybarat bolup, ilatyň esli bölegini maldarçylyk işi bilen meşgullandyrýar.

Horasanýň demirgazyk aşayýr(çarwa) kürtlerinden ýylda 1600 içeri maşgala Gülüstan welaýatynyň demirgazyk gyşlyklaryna gelip martalardan peýdalanýandyklaryny bellemek gerek .

Arzan baha bilen mynasyp hili iým otlary öndürmek maldarçylygyň bähbidine  bolup, ikinji bir tarapdan mal önümleriniň artmagy bu ülkedäki martalara talaba laýyk netijeleriniň biri bolup durýar. Adamlar göni ýa-da gönidäl ýagdaýda-da martalara bagly bolup durýar. Marta önümlere degişli senagatlardaky iş dolanşyklaryndan başgada bir topar adamlar martalara göni daýanmagy bilen durmuş güzeranlaryny geçirýärler.

Soňky döwürlerde martalary nädogry ulanmaklygyň dowamynda olaryň gurak çöllüge öwrülmegine tarap barýar. Martalary çöllüge tarap öwürýän birinji sebäp mallaryň hetdenaşa köpelmegi hem olaryň martalarda köp otlamagy diýip ýatlaýarlar. Gülüstan welaýatynda martalaryň üpjün ediş göwrümi bilen sürüleriň sanynyň näsazlygy martalaryň bozulmagynyň esasy sebäpleriniň biri diýlip hasap edilýär.

Welaýat boýunça maldarlyk hem martadarlygyň dogry düzgünde däldigi, hetdenaşa möwsümdäl döwürlerde otlamak, ýangyç üpjün etmek üçin martalaryň otlaryny düýpgöter ýolmak we martalary kemhasylly düme ekiş meýdanlara öwürmek ýaly sebäpler martalaryň ýoýulmagyna serenjamlaşýar.

Beýle bozulmagyň tizligi şeýle çalt barýar, hatda oňa degişli jogapkär guramalaryň alyp barýan çäreleri hem onuň öňüni alyp bilmeýärler. Ýokardaky ýatlanan sebäplerden başga hem jemgyýetiň sanynyň köpelmegi, ülkäniň senagatçylyga tarap gidişi we territoriýanyň howasynyň kömürturşygazlarynyň artmagy ýaly elementler martalaryň tebigy düzgünlerini bozýar.

Eýranyň beýleki nokatlarynda bolşy ýaly, Gülüstan welaýatynda çöl beýabançylyk ýok, ýöne bu welaýatyň demirgazyk böleginde günbatarda Hazar deňziniň kenar ýakalaryndan gündogardaky Horasan welaýatynyň serhedine çenli Etrek bilen Gürgen derýalarynyň iki aralygynda ýarym çöllük ýere gözüň düşýär.

Bu oazisiň meýdany 777 müň gektara barabar bolup, onuň 78 göterimini öri we galyndyklary, 10 göterimini ekerançylyk meýdanlary, başga 10 göterimini kölçe batgalyklary we galan 2 göterimini depeler we daşlyk ýerler tutýar. Bu jülge deňiz suw ýüzlüginiň möçberinden Kümüşdepäniň düzlüginde pesinden 22 metr we gündogar-demirgazyk beýikliklerinde bolsa, 1430 metre barabar bolýar. Bu ýarym çöllügiň 70 göterimi ortadeňiz howa-suw şertinde durup, yssy we gurak tomuslary hem 150-300 millimetr bir ýyllyk ýagyş möçberi bilen maýyl gyşlary bar. Galan 30 göterimini bolsa, oazisiň günbatar çäklerinde ýarym gurak howa-suw şertleri döredýär.

Bu terretoriýadan temperaturanyň ýokarylygyndan öteri, Hazar deňziniň beýleki günorta kenar ýakalaryna garanyňda ýagyşyň möçberi örän az hem ýeriň bugaryş we şorluk mukdary beýleki nokatlardan köpelip gidýär. Beýle şert ot bürençeginiň pes derejede bolmagyna sebäp bolýar.

Bu terretoriýanyň ösümlik bürençegi ýarym çöllük step görnüşdäki otlary dürli hilleri mysal üçin, düýetikin, ýylgynmy-çyratan, ýannak, gyzylýygryk, şorçaýyr,... ýaly otlar ösýär. Bu oazisiň topragynyň hili bolsa, duz galkyndyryjy şor we batgalyklardan galan takyr toprakdan ybarat bolýar.

 

* Türkmensähranyň kölleriniň asmandan alynan surety

H.O. PHD.



[1] . Rus çeşmelerinde bu söz “ Elbrus” görnüşde berilýär.

7. Şol ýerde, 71 sah.

[3] . Bu sözi rus dili şiwesinden pars şiwesine geçirilipdir. Asly “Mi’an gal’e – قلعه میان” dyr.

8. Ылясов А., « Происводенение туркмени к России », Сборник архивных документов, АНТ – ССР, Ашхабад, 1960 г., 24-19 стр.

9[[5]].Äsgäri-hangah Ä., Şerifkämali d. M., “ Iraniýan-e torkmän”, / görk. Iş./, säf. 77

10. [[6]]. Jeografiýa-ýe ostan-e Golestan, / görk. Iş./, säf. 13

11. [[7]]. Äsgäri-hangah Ä., Şerifkämaly d.M., / görk.iş/, säf. 60 - ýene-de [[7]. Галкин M. Н., « Этнографический и исторические материалые по средные  Азий и Орунбергскому крайю», Санкт- Петерзбург – 1868 г.,7стр.]

12.[[8]]. Şol ýerde, 103 sah.

13.[[9]]. Аннанепесов М.,17 стр., / görk. Iş./, ýеne-de [ Кустин Г., « Из жизные кочёви Мервского укруга », Туркменоведенные , No : 2 (6 ), 1928 г., 54 – 47 стр.].

14.[[10]]. Галкин М. Н., « Этнографический и исторические материалые  по средные  Азий и Орунбергскому крайю», Санкт- Петерзбург – 1868 г., 40 стр.

15.[[11]]. Dobud B. S. A., “ Där bare-ýe gäbaýel-e ýomut vä goklan torkmän”, mäjälle-ýe jame,e şenasi, London- 1848 m., säf. 61

۱۵. د وبود ب. س. آ.، " د ر با ره قبـا یل یـموت و گـوکلا ن تـرکمن"، مـجـلـّه جـا مـعـه شـنا سـی، لـنـد ن – سا ل ۱۸۴۸/ م. ص. ۶۱

16.[[12]]. Äsgäri-hangah,  /görk. Iş./,

17. Jeografiýa-ýe ostan-e Golestan, / görk. Iş./, säf. 27

Yza gaýdyň
Çap ediñ