b). GÜLÜSTAN WELAÝATYNDA SENAGAT: Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty senagat we tehnologiýa boýunça, esasan göni ýa-da gönidäl halatda-da, ekerançylyk we daýhançylyk bilen ugurdaş. Ýagny iýmit senagaty, tekstil we sloza senagatlary boýunça bu ülkäni ekopolýus diýilip yglan edilenini göz öňünde tutanyňda ýokary ähmiýete eýe bolup durýar. Gülüstan welaýatynda ekinçilik çygmallarynyň bolelinligi sebäpli, olary dolanyşyga göýbermek üçin dürli senagat zawod, fabrik we kärhanalary gurulypdyr. 1996-njy ýylda 400 sany senagat desgalary önüm dolanşyklarynda iş dolandyrypdyrlar. Görkezilýän dannalary göz öňüne tutanyňda bu welaýatda senagat özgerişleriň ugurunda göýberilýän maýa goýumlary, köplenç ekeran önümlerine dahylly we baglanşykly senagat ösdürişlerini döretmäge niýetlenipdir. Welaýatda bu ugurdaky dolanşyklarda işleýän senadat kärhanalaryň iň ähmiýetlisi aşakdakylardan ybarat bolýar. 1. 31 sany dolanyşylda duran bugdaý ununy öndürýän degirmen kärhanalary we birnäçe hem gurluşykda duran. 2. 30 toplum pagta arassalaýjy kärhanalary; bütin Eýran boýunça pagta arassalaýjy kärhanalaryň ýarysyny öz içine alýar. 3. 10 toplumdan köp makaron(unaş) önümleri dolanşykda we birnäçesi hem gurluşykda duran. 4. DSP[11] önümini öndürýän 3 toplumdan ybarat kärhana; bütin Eýran boýunça iň uly önüm toplumy hökmünde hasaba alynýar. 5. 3 toplum ýag çykaryjy we ýag arassalaýjy (Alyabadyň “Hawerdeşt”) firmasy welaýat we Eýran boýunça iň uly ýag çykaryjy toplumlardan biri hasaplanýar. Welaýatyň ähli şäheristanlarynda dürli senagatlar ornaşypdyr. Şolardan 80 göterim senagat toplumlary Gürgen bilen Kümmetkowus şäheristanlarynda ýerleşipdir. Gürgen şäheristanynda welaýat boýunça senagat toplumlaryň ýarysy dolanşykda durup senagat lisenziýasynyň 53 göterimini özüne jemlemek bilen welaýatyň ýokary derejede senagat ýerligini döredýär. “Gürgen şäheristanynyň dolanşykda duran senagat toplumlarynyň lisenzeli bellikleri senagatyň hil aýratynlyklary boýunça”.[[12]] 28
Türkmensähranyň Gülüstan welaýatynda dürli önümleriň bolelin emele gelmegi we olary ýerli senagat dolanşyklaryna göýbermegiň ugurunda belli şäher we şäheristanlaryň gyralarynda senagat şäherçeleriniň gurulmagyny talap edýärdi. Şonuň üçin 4 sany senagat şäherçesiniň düýbi guruldy. Şolaryň arasynda Akgala senagat şäherçesi aktiw dolanşykda, galan 3 sanysy bolsa, gurluşykda alynyp barylýar. 1. Akgala senagat şäherçesi 56 gektar meýdany bilen Akgala şäheriniň 3 kilometrlik günortasynda (Gürgen şäheriniň ýolunyň gyrasynda.) ýerleşýär. Onuň bütin gurluşyklary ýagny köçeleri, suw setleri, tok we kanalizatsiýa hem-de, kanalizatsiýasynyň suw arassalaýjy enjamlary, birnäçe sany suw brow we üç sany nebit boçkasy şeýle hem edara bölümleri, ýangyn öçürüji we ammarlar ýaly enjamlar gurulup tamamlanypdyr. Häzir onda on toplum senagat bölümleri, makaron önümleri, galyplaýyş desgalar, plasmas önümleri we beýleki birnäçe gerekli önümler iş dolanşygynda alynyp barylýar. 2. Bendergez senagat şäherçesi 60 gektar meýdany bilen şäheriň günorta- gündogary çäklerinde ýerleşýär. Onuň düýp gurluşyklarynyň köpüsi gurulup birnäçe senagat toplumy bolsa, gurluşykda alynyp barylýar. 3. Kümmetkowus senagat şäherçesi 100 gektar meýdany bilen Kümmet şäheristanynyň 6 kilometr demirgazygynda ýerleşýar. Onuň gurluşygynyň ýarysyndan köpisi gurulupdyr. 4. Marawadepe senagat şäherçesi 90 gektar meýdany bilen Kelala şäheri bilen Marawadepe şäheriniň aralygynda ýerleşýär. Bu şäherçäniň 5% göterimi gurulup , galany bolsa, gurluşykda gidipdur. Ýokardaky ýatlanan senagat şäherçeleriniň üstesine täzeden dört sany şäherçäniň meýilnamasy alynyp barylýar. Olar Kümmetkowus şäheriniň deri senagat şäherçesi, Gürgeniň senagat şäherçesi, Bendertürkmeniň senagat şäherçesi we Alyabat senagat şäherçesi ýaly gurluşyklardan ybarat bolýar. Gülüstan welaýatynda oba hjalyk senagatynda hem şäherlerdäki ýaly bir hatarda kärhanaçylyk senagaty, fabrik we el senagaty ýaly pudaklar dolanşykda dur. Bu senagat dolanşyklaryny umuman iki topara bölmek bolýar. Bir topary fabrik senagatlary (tehnika boýunça), ikinjisi bolsa, el senagatlary görnüşde aýratynlaşdyryp bolar. a). Fabrik senagatlary (tehnika boýunça): Welaýatyň oba hojalyk oazislerinde senagatyn dürli pudaklarynda aktiw fabrikler dolanşykda dur. Şolardan 500 toplum oba hojalyk fabriklerinde 5000 sany işçi iş dolandyrýarlar. b). El senagaty: Bu welaýatda tehstil senagatynyň çyg maly hökmünde pagta bilen ýüň önümleriniň mukdarynyň kändigi sebäpli, olary el senagatda peýdalanýarlar. El senagatynyň iň ähmiýetli önümleri bolsa, pagta we ýüňden dokalýan dürli dokunlar, mysal üçin haly-halyça, garçyn, kilim, palas, keçe we ş.m. ýaly önümlerden ybarat bolýar. “Türkmenler irki döwürlerden bäri diňe ekerançylyk, maldarçylyk we balyk awçylygy bilen däl-de, eýsem el senagat we ýurdyň tebigat çeşmelerini peýdalanmagyň hütdesinden hem gelipdirler.”. Türkmenler içeri maşgala gerekli hajatlaryny öz elleri bilen ýasap bilipdirler. Ýöne welin tehniki taýdan häzirki döwüriň senagat önümlerinden tapawutly bolupdyr .”[[13]] 29 |