1). MALDARÇYLYK MESELELER :

Eýranda Türkmen maldarlaryna berilýän ýeňillikler barada “Golestan-e Iran” gazýetiniň hem bu barada “Türkmen maldarlaryna 4 milliard riýal kredit ýeňillikleri goýberilipdir.” –diýilen habary “Keýhan” gazýetinde-de goýberilşi ýaly çap edilipdir.

Bu habardaky goşulan mesele Bendertürkmen şäheriniň “Jahad” guramasynyň müdüri jenap Haýdarpuryň aýtmagyna görä, maldarlara tehniki babatdan ýol görkezijilik bilen 1360 tonna gerekli bede ot- samanlary üpjün etmek üçin 4 million riýal çykarjakdygyna sarpa goýuldy.

2). Dürli meseleler:

Yslam Respublykasynyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, Türkmenistandaky daşary ýurtly ilçiler we diplomatlar Gülüstan we Mazenderan welaýatlaryna eden dört günlük saparlarynda, bu welaýatlary syýahat üçin özüne çekiji şertleriniň bardygyny nygtap, Eýranyň demirgazyk welaýatlarynyň ykdysady şertleri boýunça iňňän ýokary güýje eýe diýip baha beripdirler.

Bu ilçileriň aýtmagyna görä, ýatlanan welaýatlaryň Orta Aziýa hem Kawkaz we beýleki  ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga giň mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. ”[[1]] 56

* Türkmensährada maldarçylyk meýdanlary

Jahadsazendegi edarasynyň kärşynaslarynyň biri Kümmetkowus şäheristanynyň ykdysadyýet we onuň baýlyklary barada şeýle diýär: “Bu şäheristanyň Jahadsazendegi edarasynyň hasabyndaky duran 2786 sany kiçi haly fabrigi we düşek kooperatiw edaralarynyň ýanyndaky 5572 sany halyçynyň meşgullanmagy, bir million 370 müň485 maldarçylyk eýelikleri, 80 sany senagat hem ýarym senagat maldarçylygy bir ýylyň döwamynda ortaça 81 müň 466 tonna süýt önümi, 8 müň 993 tonna mal et önümleri, 91 sany towuk-guşçylyk senagat fermasy et hem ýumurtga önümleri boýunça bir ýylyň dowamynda ortaça 4 müň 789 tonna ak et ( towuk et ) we 6 müň 758 tonna ýumurtga önümlerini öndürýärler.

Şeýle hem 6 müň 525 sany bal ary hojalygy ýyl dowamynda ortaça 56,5 tonna bal önümi, 1225 gektara barabar meýdany bilen 64 möwrit suw bentli balyk öndüriş enjamlary, bir ýylda 2 müň 271 tonna balyk öndürmäge ukyply. Bu şäheristanyň tebigy serişdeleriniň meýdanyndaky 352 müň gektar jeňňel hem öri meýdany, 6 müň kwadrat metr suwly meýdan, bir sany senagat şäherçesiniň gurulşygy, bir sany senagat trritoriýasynda önümde duran köp sanly fabrikalar hem-de ýakyn geljekde önüme goýberiljek senagatlar, bu şäheristanyň esasy baý gurplaryndan hasaplanýar.

Ýatlanan edaranyň oba senagaty bölüminiň kärşynas işgärleriniň beýleki bir isiöwüri şeýle maglumat berýär: “Kümmetkowus şäheristanynyň Jahadsazendegi edarasynyň iş hasabatynda, senagat bölümi ekerançylyk hem hyzmat işleri boýunça, olary ýerine ýetiriliş etaby esasynda şäheristana berilen pul ygtybarynyň ýetmezçiligine garamazdan 5 milliard tümenlik gerekli pul ygtybarlary bilen 157 sany önüm öndürmäge isleg bildirýän arza haty elimizde dur. Bu meseläniň ýüze çykmagy jogapkär işgärleriň ünsüni özüne çekýär.

Iş üstündäki kärşynaslaryň nuktaýinazarlary hem-de alynyp barylan derňewleriň mälim edişine görä, görkezilen iş gurplaryny we oňa bolan ukybyny gözöňüne tutup maldarçylygyň gerekli ýerligi, suw resurslarynyň bollygy, tebigy çeşmeleri, senagat bazalary we senagat şäherçelerini döretmek, balyk öndüriş, dokmaçylyk we hem şeýle meýilnamalary ýerine ýetirip, iş dörediş ugrunda bank ygtybarlaryň ýeňilliklerini şoňa urugdyrmak zerurlygy, bu şäheristany iş meýdanynda aýdyň görkezýär.

Ýokardaky ýatlanan kärleriň önüm möçberlerini ýokarylandyrmak we oba ýaşaýyjylarynyň girdejisini artdyrmagyň soňky netijesi obada ýaşamagyň islegini döredýär.”

Bu mesele öz akabasynda döwletiň ýokary jogapkär işgärleriniň gerekli pul ygtybarlaryny üpjün etmek jähetden maksada laýyk garamaklaryny talap edýär.”[[2]] 57

3). SÖWDA GATNAŞYKLARY:

Türkmensähranyň Gülüstan welaýatynda söwda dolanşyklary irki döwürlerden bäri bolup durupdyr, “ Türkmenler esasanam asudalyk döwürlerde Eýranyň şäherlerine ylaýtada Tährana çenli gelip-gidipdirler.”[[3]]  58 Olar Eýranlylara duz, nebit, haly, keçe, arpa, bugdaý, jül, saryýag, goýun we at ýaly harytlary hem-de ýüpek mata we nah ýaly senagat harytlary bilen alyş- çalyş edipdirler.”[[4]]  59

·  Türkmensährada hepdelik bazarlar

Umuman türkmenlerde ylaýta-da Türkmensährada dürli ekerançylyk önümleriniň öndürülmegi, maldarçylyk, awçylyk, balykçylyk, tokaý we senagat önümleriniň köp mukdarynyň öndürülip durylmagy sebäpli, beýleki goňşy welaýatlar hem göňşy ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga iň amatly şert döreýär.

Gürgen şäheri Gülüstan welaýatynyň merkezi diýilip yglan edilinçä hem söwda we dürli harytlaryň ýaýran möhüm ojagy hökmünde tanalýardy. Bü barada Tumanowiç ýaly etnograf alymlar iş hem ýazypdyrlar. Meselem, “ Söwda boýunça türkmenleriň taryhynda ýomutlaryň japarbaý tiresi has işeňňir gatnaşýan türkmen täjirleri bolupdyrlar.

Olar diňe deňizden daş ýurtlar bilen däl-de, eýsem Hazar deňizinde-de söwda gatnaşyklary bilen hem meşgullanypdyrlar. Olar Astrahan, Baku we Enzeli hem Eýran şäherlerine gatnap söwda edipdirler.”[[5]]  60

Häzirki zaman gülüstan welaýatynda köpden bäri däp bolup gelýän alyş-çalyşlaryň bir görnüşi hemişe saklanyp galypdyr. Ol hem hepdelik bazarlarydyr.

Hepdelik bazarlar hepdäniň belli günlerinde belli şäher-etraplarda, şöl güniň dowamynda bolup geçýär.

Mysal üçin, Bendertürkmen şäheriniň “Duşemme bazary”, Akgala şäheriniň “Penşemme bazary”, Hojanepes etrabynyň “Ýekşemme bazary”, şeýle hem Kümmetkowus, Gürgen we Kümüşdepe ýaly şäherlerde beýleki şäherleriň bazar günlerine gabat gelmeýän günlerde hepdelik bazarlary ýöredilýär. Bu bazarlar şäheriň belli ýerlerinde bolup geçýär.

Bu bazarlardan gerekli dürli harytlaryň beýleki günlerden baha tapawutlylykda satyn alyp bolýar. Bu bazarlar Türkmensähranyň welaýatyna degişli bolany üçin türkmenleriň el haly-halyça we dokunlary görküni has ýokarlandyrýar.

* Türkmensährada hepdelik bazarlar.

Gülüstan welaýatynyň terretoriýal söwda gatnaşyklary hakda aýdylanda welin, bu welaýatdan beýleki welaýatlara göýberilýän eksport ekerançylyk önümleri, tokaý önümleri, maldarçylyk, dürli balyk we senagat önümleri hem el senagatlary welaýatyň söwda ugurdaky 7 girdeýjileri üçin gymmatly paýy özüne alýar.

Türkmensähranyň Gülüstan welaýaty daşary goňşy ýurtlar bilen esasan hem Garaşsyz Türkmenistan bilen serhetdeş bolany sebäpli, söwda işlerinde Eýranyň, Orta Aziýa ýurtlary bilen halkara söwda aragatnaşyklarynda uly paýa eýe bolup durýar.

“Irki döwürlerde türkmenler Esengulyda we Astrahanda ruslara haly, guw  guşlaryň peri, deri (tilki, şagal we başga haýwanlaryň derisi), balyk, nebit we duz ýaly harytlary satyp, onuň deregine çörek, şeker, çaý, demir, turba, senagat harytlary, agaç, azal, käse we balyk aw abzallaryny satyn alypdyrlar”.[[6]]  61

Akademik M. Annanepesowyň aýtmagyna görä, “Bir put nebit 80 köpeýk, bir put wisige 3 rubl we bir put işbili 1,70 rubla satypdyrlar”.[[7]]  62

Soňky ýyllarda Eýranyň Orta Aziýa we Hazar deňziniň daşyndaky ýurtlar bilen syýasy we söwda aragatnaşyklarynyň oňatlaşmagy Gülüstan welaýatynyň bähbidine bolup, dürli söwda şertlerini döretdi.

Kümmetkowusyň gümrükhanasy Gülüstan welaýatynyň merkezi Gürgen şäheriniň 72 kilometrligindäki inçeburun etrabynda ýerleşýär. Ol Eýranyň demirgazygyndaky ýerleşen Hazar deňziniň günorta kenarýakalarynyň üç welaýatynyň arasyndaky ýeke-täk gümrükhana bolup durýar, Ondan eksport edilýän harytlaryň göwrümini göz öňünde tutanyňda Eýran boýunça iň ähmiýetli gümrükhanalaryň biri diýip hasap edilýär.

Gümrükhanadan köp mukdarda eksport edilýän harytlar Garaşsyz Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlara ýollanyp, ondan hem Orta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna çenli äkidilýär.

K. Benderýewiň berýän maglumatyna görä, ýomutlaryň 80-göterimine ýakyn oturymly, 20-göterimi göçme we ýarym göçme halatda ýaşaýarlar.”[[8]]  63 K. Benderýew:-“...Japarbaýlar deňziň gündogarynda,  Krasnowodsikiden (häzirki Şagadam “Türkmenbaşy”) Kümüşdepä çenli ýaşaýarlar.” – diýip ýazýar. [[9]]  64

Emma K. Benderýewyň berýän maglumaty nädogry. Ol beýle däl-de, eýsem ýmutlaryň ýaşaýan geografiki çägi ondan giňiräk meýdany öz içine alýar. Ýagny Garasuw derýasynyň günorta oazislerine çenli dowam edýär.

Olar deňizçilik, çörek önümçiligi, balyk awçylygy, ownuk senagat, deňzide ýük daşamaklyk, deri eýlemeklik, duz işläp bejermek we söwdagärçilik bilen meşgullanýarlar.[[10]]  65

Japarbaýlar ökde iş adamlarynyň hataryhda Eýranyň medeni merkezlerinde, Azerbaýjanda, Orta Aziýada we hatda Astrahanda-da tanalýarlar. Japarbaýlaryň köpçüliginiň öwrenilen durmuşy aýratyn obrazlara eýedir.” [[11]] 66



56.[[1]].Häftename-ỳe “ Golestan-e Iran”, şomare-ỳe sefr 10, doşänbe 31 hordad, Gorgan – sal-e 1378 ş./ motabek ba 21 žo,en 1999 m./, säf. 6

۵۶. هـفنه نا مه " گلـسـتا ن ا یـرا ن"، شما ره صـفر ۱۰، دوشنـبه خـردا د، گــرگــا ن – ۱۳۷۸ ش. / مطا بق با ۲۱ ژوئن ۱۹۹۹ م./، ص. ۶

57.[[2]]. Şol ỳerde.  7 sah.

58.[[3]]. Aннанепесов М., …/görk.iş./, 251 стр.[Истории Туркменский ССР.,I том., 27 стр.].

59.[[4]]. Holmes W.Z., “ Towsif-e kutahi äz sävahel-e därỳa-ỳe Häzär”, London – 1845 m., säf. 282

۵۹. و. ز. هـولـمـز، " توصـیـف کوتـا هـی ا ز سـوا حـل د ریا ی خـزر"، لـنـد ن – ۱۸۴۵/ م.، ص. ۲۸۲

60.[[5]]. Туманович У., « Туркменистан и туркмени », материалие к изучений по истории этнографии, Ашхабад – 1926 г., 63 стр.

61.[[6]]. Аннанепесов М., « Русско Туркменские отношенния »…? Ашхабад- 1990 г., 234 стр.

62.[[7]]. Şol ỳerde, 253 -255 sah.

63.[[8]]. Бендерёв К., « Астрабад – Бастамский раион Персйи »,   ? , 115 стр.

64.[[9]]. Şol ỳerde. 

65. Şowgy Abbas, “ Gorgan – o – däşt ”, Tehran -      säf. 39 , we [ Логофет Д. Н., « Северная Персия », стр. 27-35.,     ( Царский генерал) пишет, « что рыболовство на Атреке имеет  крупное промысшленное значение », ( Д. Н. Логофет. По Каспискому морю и персидской границе , СП6 . 1903 стр. 16).

66. Атаев Х., « Освободительное движение туркмен в Иране », изд. « Ылым », Ашхабад – 1970 г. 23 стр.

Yza gaýdyň
Çap ediñ