e). BENDERTÜRKMEN 60 ÝYLDAN SOŇ JANLANÝAR: Häzirki zaman Bendertürkmen şäherini, umumy maglumatlara garanyňda şeýle görkezilýär: “ Gülüstan welaýatyna tabynlykda duran Bendertürkmen şäheri, 19020 inedördül giňligi bilen, Türkmensähra ülkesiniň has Günbatar çünkinde ýerleşen türkmen şäherleriniň biri dir. Bendertürkmen şäheri, ýurt tabynlygynda “Şäheristan” ölçeginde “Türkmen Şäheristany” ady bilen şäheristan merkezliginde durýar. Bu merkezlige Kümüşdepe şäheri, Siminşäher (öňki “Gargy” we “ Omçaly şş.)” hem Bendertürkmen ýaly şäherler onuň tabynlygynda durýar. Onuň şäheristan derejesinde umumy sany 200 müň adam bolsa, 90% göterimi türkmen kowumlaryndan ybarat bolýar. Bendertürkmen şäheri 1306 h.ş. ýylynda Reza şanyň tarapyndan düýbi tutulyp, “ Benderşa” ady bilen tanalypdyr. Bu şäheriň ady 1979-njy ýýl Eýran ynkylabyndan soň, özünde ýerleýän esasy ilaty bolan türkmenleriň talabyna görä, “Bendertürkmen şäheri” diýilip atlandyryldy. * Bendertürkmen şäheriniň merkezi meýdançasy. Bendertürkmen şäheri hakda wikipediýada net ulgamynda şeýle maglumatlara gabat gelýäris; “Bendertürkmen Gülüstan welaýatynyň günbatar gyrasynda ýerleşip, Eýranyň rewolýutsiýasyndan (ynkylabyndan) öň “ Benderşa” diýilip atlandyrylypdyr. Bu şäher “Türkmen Şäheristanynyň” merkezi şäheri hasaplanýar.”. Dünýä boýunça demirýol gululuşyk teknologiýalarynyň ösüşi bilen bir hatarda, Eýranda-da demirýolyň ilkinji gezek başlangyjy demirgazyk tarpy hökmünde bu şäherden başlanýar. Ol dünýäniň geopolitiki kartasynyň ähmiýetini göz öňünde tutanyňda, Hazar deňziniň günorta-gündogar çüňkünde ýerleşmegi bilen, özüne strategiki häsiýetli mekany eýeläpdir. Bu şäher 2-nji jahan urşuna çenli “port” görnüşini saklap onda, dünýäniň dürli ýerlerinden gel-gitli syýasy, medeni, ykdysady we söwda ugurlarynda deňiz gatnaşyklary bolup durupdyr. Berilýän maglumatlara garanyňda bu şäheriň düýbi 1926-nji m.[1] (1305-njy h.ş.) ýyldan tutulyp, 1930-njy m. (1309-njy h.S.) ýylda ilkinji şäher häkimligini işe goýberilýär. Jemgyýet köpçilik sanawy resminamalary boýunça 2005-nji ýylda, 46900 sany ýaşaýyjysy bar. diýip maglumat berilýär. · Ikinji Jahan uruşy ýyllaryndan galan otlular Turizm ähmiýeti boýunça onuň bir kilometrliginde ýerleşen Aşyrada ýarym adasyny ýatlamak bolýar. Balyk awçylygy uguryndaky işleýän “Şilat” edarasynyň bu ýerde ýerleşmegi hem onuň ähmiýetini has-da ýokarylandyrýar. Bendertürkmen şäherinde ilatyň köp böleginiň din garaýyşy “Sünni” mezhep bolup, onda türkler, gazaklar, parslar hem az-owlak Sistan welaýatyndan gelen zabyllylar ýaly gelmişek kowumlary ýaşaýarlar. Bendertürkmen şäheriniň demirýol we port mekany hökmünde düýbi tutulan wagtynda onuň ykdysady ähmiýetini gözöňüne tutulan bolsa-da, Reza şa we onuň oglunyň soňky tutan syýasatlarynyň netijesinde bu şäher halkara ähmiýete eýe bolup bilmedi. Onuň bir aýdyň mysallarynyň biri II jahan uruşy ýyllaryndan soň, Bendertürkmen şäheriniň (öňki Benderşhah) Nemsleriň (AlmanGermaniýa) tarapyndan gurulan demirýol tehnikasyny öwrediji Tehnikom (Honarestan-e Fanni) Merkezini, Reza şanyň, Eýranyň çägindäki beýleki etniki halklarayň garşysyna alyp baran şowenistik syýasatlary netijesinde, şol döwürde bu senagat okuw merkezini Bendertürkmen şäherinden göçürilýär. Häzir onuň port enjamlary boýunça az möçberde Gidro Senagatklaryna goýberilýän çyg nebitiň alyş-çalyşyny agzasak, onda, şäher ykdysadyýetine derkar 3-4 sany un zawody, kop toplumly 2 sany pagta arassalaýyjy zawody (Soňky 2 pagta zawod-fabriklary Iran Revoýutsiýasy amala aşyrylanda, Yslam Döwleti döredilenden beýläk administratiw näsazlyga uçrap bankrot boldylar.) we olaryň pagta ýag öndüriji toplumyny bellemek bolar. Beýleki ykdysady dolanşyklary boýunça hem düşek, kilim, işbil önümleri, awçylyk, daýhançylyk, maldarçylyk we el senagatyny ýatlasa bolar. Dünýä belli taryhy waka Ikinji Jahan urşy ýyllarynda bu şäheriň üsti bilen, Sowet ýurtlaryna ýol açylmagy bolupdurýar. Bu döwürde öňki SSR-iň faşistik Germaniýa üstün çykmagynda şu port şäheriň üsti bilen SSR-iň goşunlaryna Amerikanyň ýaraglaryny ýetirilip durulmagy sebäp bolupdyr. Şonuň üçin dünýä boýunça Güdürolum geçelgesi bilen bu şähere “Pole piruze” ýagny “Üstünlik köprüsi” diýlen ady berlipdir. · BenderTürkmen port şäheriniň demirýol duralgasynyň edarasy 2-nji Jahan urşundan soň dünýä syýasatlarynyň üýtgemegi bilen bu şäheriň deňiz port häsiýetinden pese düşürildi. Ýöne häzirki zaman onda, dürli port enjamlary täzeden dikeldilip başlany bäri şäher öz hakyky adyna eýe bolup başlady. Ýagny, şäher 60 ýyldan soň täzeden janlanmagy talap etýär. Bu şäheriň deňiz gyrasyndaky “Iskele”-de, 3 sany port enjamlaryny ýerine ýetirýän gämi duralgalary “priçallar’ gurulypdyr. Häzirki zaman bu enjamlaryň durkuny täzeleşdirmek işleri, has giňişleýin alynyp barylmagyny planlaşdyrylýar. Eýran döwletiniň emeldarlarynyň biri Razmaranyň dilinden Eýranyň uly Deýjital Yslam Enseklopediýasynda şeýle maglumata gabat gelýäris; “ Bu mekan Esenguly aýlagyndan Gürgen aýlagyna çenli ýaýran çarwa türkmenleri basyp ýatyrmak üçin Eýranyň harby bazasynyň merkezi bolupdyr.”[2] * Bendertürkmen şäheriniň port edarasynyň häzirki görnüşi Eýran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyň hem Garaşsyz ýurtlaryň aragatnaşyklary açylandan beýläk günsaýyn diýen ýaly bu şäheriň hem ähmiýeti has ýokarlanýar. Ilatyň esasy güýmenjeleriniň biri hökmünde at çapyşyk möwsümleri dir. Ýylyň 2 paslynda ( güz we ýaz aýlary) möwsümleýin çapgy ýaryşlary ýerine ýetirilýär. Şäheriň günortasynda ýerleşen ippadrom (at çapgy meýdany) ýeterlik meýdany bilen, Eýranyň dürli şäherlerden gelip ýaryşa goşuluşýan mihmanlary hsa-da gyzyklandyrýar. Türkmensähranyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, Bendertürkmende-de hepdelik bazary Düşenme güni bellenilipdir. Ol güni uly bazar ýöredilýär. Bu bazarlarda dürli gök önümlerden başga-da, türkmenleriň elsenagaty (haly, halyça, kilim, keçe we ş. m. ýaly, harytlar.) elýeter bahadan satyga goýberilýär. * Bendertürkmen şäheriniň has golaýdan düşürilen kosmosuraty Bu port şäherinden Gülüstan welaýatynyň deňiz söwda eksportlarynyň köpüsini Türkmenistan bilen Gazagystana ýollaýar. Şeýle hem bu şäher balykçylyk Şilat edarasynyň tarapyndan gyzyl balyk işbil önümleriň iň köpüsi öndürilýär. Bendertürkmen şäheri Orta Aziýa ýürtlaryna iň ýakyn port şäherleriniň biri hökmünde onda demirýol enjamlary hem regiýon boýunça eksport göýberiji gurby, nebit we oňa degişli materiallary tranzit etmäge ähmiýeti has ýokarlanýar. Bendertürkmen şäheristanynyň welaýat häkimi Agaýe Akberi şeýle diýýär: “Deňziň özegini (uly gämileriniň gel-gitleri üçin deňziň ýörite çuňlaşdyrylyp belliklenen Kanal marşrudy) çuňlaşdyrma çäreleri ýerine ýetirilenden soň 500 tonna agramly gämileriň gel-gidi başlanar”.[[3]] 115 * Bendertürkmen şäheriniň demirýol duralgasy 1998-nji ýylyň dowamynda (bir ýyl) 9483 daşary ýürtly uly konteýner maşynlar 190 müň tonna harytlar bilen Inçeburun gümrükhanasyndan tranzit edilip ýollanylypdyr. Şeýle hem 130 müň tonna haryt 8225 sany Eýranyň öz içeri uly konteýner maşynlarynyň üsti bilen Inçeburun serhedinden Orta Aziýa hem Orsýed ýurtlaryna göýberilipdir. Türkmensähranyň Horasan welaýatynyň Howdan-Bajgiran serhed geçelgesinden üstümizdäki (1998-1999) 8 aýyň dowamynda 89 göterimi Eýranly 10988 sany maşyn ýük haryt geçirilipdir. Şolardan 6568 sany maşyn turist görnüşde, 3693 sanyh maşyn daşary ýurtlardan we 727 sany maşyn ýönekeý gatnaşyklar boýunça geçirilipdir. Şeýle hem şol bir wagtyň özünde 1269 sany ýolagçy awtobus maşynlar, ýolagçy gatnadypdyrlar. Bütin Eýran boýunça Bajgiran geçelgesi, Bezergen, Astara hem Hosrawy serhet geçelgelerinden soň dördünji orna eýe bolýar.”[[4]] 116 ... · 1337-nji ýylda Bendertürkmen şäheriniň keşbi *** d). AKGALA ŞÄHERI: Sefewiloer döwründen üns berilip bina edilen Akgala şäheri taryhyň dürli tapgyrlarynda ençeme ada eýe bolup dyr. Ol ilki başda Şadüz (Şadepe diýilen obajyk entägem şol at bilen baglanşygy bolmaly.) ady bilen taryhda tanalsa, Espi düz (Espi dež), Mübärekabat, Pählevi dež, ... ýaly atlary bolupdyr. Bu şäher 1762 inedördül giňligi bilen, Gülüstan welaýatynyň Merkezi hasaplanýan Gürgen şäheriniň 16 km. Demirgazygynda Gürgen derýasynyň gyrasynda ýerleşýär. Bu mekan 1000 ýyl mundan öňem Espi dež ýa-da Dež-e Sepid ýagny “Akgala” diýilip at berilipdir. · Gadymy Akgala Bu ýurdyň ilkinji “Mübärekabat” ady bilen bina bolan wagtyny Sefewileriň patyşasy Şatahmasp I-iň döwürnde, Esterabat şäherini goramak üçin bu galany saldyrypdyr. -diýilip maglumat beriliýär. Mübärekabat galasynyň bişen kerpiçden örülen iki sany mäkäm demirden yasalan gapyly derwezeleri bolupdyr. Bu derwezeleriň birisi günorta we beýleki birisi bolsa, demirgazyk jähetlere açylypdyr. Galanyň gündogar we günbatar taraplarynda gazylan oý-çukurlar ony goramak uçin niýetlenipdir. Galanyň howlusynyň günbatar meýdanynda Gajar hanedanlygynyň baş tutany Agamämmet hanyň dogany Söýünguly han Jahansuzyň 3 gatly bişen kerpiçden örülen ymaraty ýerleşýär. Galanyň iç tarapynyň dört gyrasyndaky her bir çetinde galdyrylan mäkäm galajyklaryň hersinde bir sany top arabasy niýetlenip goýulupdyr. [5] Bu gala Gajar patyşasy Nasretdin şanyň döwrüne çenli abadançylykda rowaç bolupdyr welin Gajar taýpalarynyň bu yerlerden göçüp gitmegi bilen, bu gala-da ýaşaýyjylardan boşap galyp, ýuwaş-ýuwaşdan harabaçylyga tarap ugraýar. Onda ýerleşen türkmen taýpa-tireleri bu galany merkez tutunypdyrlar. Ýaňy ýakynda Gürgen şäheriniň merkezliginde açylan täze Gülüstan welaýatynyň 1376-nji h.ş. ýylyň azar aýynyň 16-synda (1997) göýberilen 1 maddaly kanunyň 2-nji goşmaçasyna laýyklykda çykaran karary boýunça, Akgala hem Marawdepe şäherleri 1377-nji ýylda ýurduň bölünşik kanuny esasynda uly möçberdäki “Şäheristan” hatarynda yglan edilmeli! diýlen goşmaça kanun geçirildi. Häzir onuň köpçülik jemgyýet sany 120 müň 759 sany adamdan ybarat bolýar. Akgala bir şäheristan merkezligi hökmünde 4 dehistan, 96 oba bilen 90 müň sany jemgyýeti bar. Diýip beýleki bir çeşmede maglumat berilýär. Onuň has uly etraplarynyň biri Ammarolum şäherçesine tabynlykda täze döredilen Woşmgir etrabyny ýatlasa bolar. Türkmensähra şäherleriniň beýlekilerinde-de boluşy ýaly, äkgala şäherinde-de hepdelik bazarlary ýola goýulýar. Hepde günleri boýunça Akgalada Penşemme güni bazar ýola goýulupdyr. Bu bazarda-da beýleki bazarlarda boluşy ýaly türkmen el senagaty önümleri we iimit-harajatlary giňişleyin alyş-çalyş edilýär. Ykdysadyýet boýunça onda, ekerançylyk we suw hojalygy hem bir näçe kärhana-fabryklaryň ýerleşmegi şäheriň keşbini aktiwal senagat şäherçeleriniň merkeziligine öwürýär. · Akgala şäheriniň gadymy köprüsi Bu şäheriň ýene-de bir gadymy binalaryndan galan: Sefewiler döwründe Gürgen derýasynyň üstüne salynan daş köprü bolup durýar. Bu daş köprüiniň daş keşbinden seredeniňde Sefewiler döwrüniň yspuhan migmarçylygynda örülen, arhetektura gabat gelýäris. Bu köprüiniň Nasretdinşa döwründe alynan suratynda, onuň iki gayrasynda iki sany minara dikeldilipdir, welin bu minaralar bir zamanlarda ýykylyp, ýitip gidipdir. Bu köprüiniň gündogarlygynda ýaňy salynan uly köprü şäheriň esasy gatnow köprüsi hasaplanýar. Gadymy köprü bolsa, muzeý görnüşünde saklanylýar. Eýranyň şol döwür emeldary Razmaranyň berýän maglumatlaryna görä, “ Gadymy gala ýkylyp, ondan diňe birnaçe ýykylan diwar ýatyr!” diýip belläpdir. Bu şäheriň 3 km. Demirgazyk gyrasyndan taryhy “Gyzylalang” diwarlarynyň harabaçylyklary ýatyr. Aýdylýan rowaýatlara görä, bu diwar Güllidag daglyklaryna çenli dowam edip onuň 160 km. uzaklygy bolupdyr. Sefewi hanedanlygyndan bäri Akgala şäheriniň öz belli taryçalary bar. Eýranda 200 ýylaçenli dowam eden Gajar dinatsiýasynyň bu ýerleriň türkmenlerinden güç toplap Eýranyň patyşalygynda oturmagy bilen baglanyşykly taryhda köp materiallara gabat gelýäris. · Bendertürkmen şäherinden birnçe surat: *Şäheriniň gadymy suraty Türkmen ýaşuly Nuriýany
· Aşyrada deňiz gyralary
· Türkmen hojalygy ------------à [1] . Rezaşa döwlet güýjini eýeländen soň, şu ýyllarda Türkmensährada Osman ahunyň meşruta döwletini ýykyp, Türkmensährany ýarag güýjine basyp alýar. [2] . http://www.cgie.org.ir/shavad.asp?id=123&avaid=5107 ------------Daýeretol-mo’aref-e deýjitaly-ýe bozorg-e islamy [5] . Nasretdin şanyň öýleriniň
|