f). Etrek-Gürgen türkmenlerinin araçäginde ýüze çykan meseleler.

Her halkyň taryhynda beýik dowürleri hem bar, ezilen döwürleri-de bolýar. Taryhda  şeýle hadysany kabul etsek, onda türkmenleriň taryhynda-da XVIII asyryň II-nji ýarymyndan soň beýleki döwletler tarapyndan basybalyjylykly hem ýurt tozdyryjy taryhy tragediýalara duş gelinýäris.

Türkmen halkynyň medeniýetiniň baý bazasy üç döwletiň täsir sfērasyna öwrülip Ruslar, Iňlisler we Eýran döwletleriniň arasynda üleşige düşýär. Halk oňa bir bada boýün egmeýär. Oňa gaýtawul bermek üçin özbaşdaklygyny goramagyň ugrunda dürli syýasy we harby hereketlere baş goşupdyrlar.

Orta Aziýada, Ýewropanyň ekspluatatsion konkurentsiýa prossesini geçiren döwründe XVIII asyryň soňlary we XIX asyryň 60-njy ýyllaryna gabat gelýär. Bu region Rusiýa döwletiniň syýasy täsir sferasynyň astynda tabyn hanlyklara öwrülýär. Bolşewizm rewolýutsiýasyndan soň hem Moskowanyň syýasy gurbynyň doly baknalygynda galýar.

Şeýle taryhy hadysalaryň topalaňly turan tüweleýine garamazdan nesilme-nesil saklanyp galan türkmen medeniýeti öz asyllylygyny ýitirmedi. Şonuň üçin aýdyň taryh, medeniýet we din hem diliň birligi bu dürli taýpa-tireli kowmyň arasynda milli däp-dessurlary ösdürmäge jaýdar ýerliginiň bardygyny ynam bilen aýdasyň gelýär.

Umuman Orta Aziýadaky deň ykbally ýurtlar, uzak baknalyk bir döwürden soň olaryň taryhy we medeni miraslaryna laýyklykda garaşsyzlyk döwri başlanyp ösüş tapgyryna aýak basdylar.

Biz şu öňümizdäki duran işimizde arhiw çeşmelerden peýdalanyp hem dürli alymlaryň şu ugurdaky işlerine esaslanyp Etrek-Gürgen araçäkleriniň çekiliş tapgyryny gysgaça gözden geçireliň.

XIX asyryň 2-nji ýarymynda Orsýet patyşasynyň Orta Aziýadaky harby ekspansiýasy güýçlenip, goşunlar iki tarapdan ýagny gündogardan we günbatardan hereket edýärdi.

“Rus-Eýran araçäginiň geçmeli ýeri Rusiýa tarapyndan Türkmenistani eýelenmezinden öň, ýagny tesarizmiň Kaspy deňziniň gündogar kenarlaryndaky harby ekspansiýanyň başlanmazyndan 30-35 ýyl öň kesgitlenipdir. Araçägiň özi bolsa, 1837-nji ýyldan 45-50 ýyl geçenden soň, ýagny 1882-1885-nji ýyllarda iki ýurdyň (Rusiýanyň we Eýranyň) döwlet serhedine öwrülýär.” []  118

·   Aşyrada Aýdagy häzirki eýýäm

Piýotr I  Hindistana baryp ýetmäge ömri çatmady. Ol özünden soňky rus patyşalaryna goýup giden wesiýetnamasy boýunça ýurt açyşlyklaryny başladylar. 1837-nji ýylda rus goşuny birinji gezek Hazar deňziniň günorta- gündogar çüňkündäki Aşyrada ýarymadasyna girdiler. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi M. Annanepesow bu barada doly maglumat berýär. Ruslar 1839-njy ýylda Hywanyň günortasyna öňe süýşüp başlaýarlar. Dr. M. Aýdogdyewyň berýän maglumatyna görä, 1864-1865-nji ýyllarda Semireçýäni ,Çimkendi, Daşkendi, Syrderýa boýuny; 1868-nji ýyla çenli Samarkandy, Buharany; 1873-nji ýylda bolsa, Hywany basyp aldylar. Bu hereketleriň sebäbi bolsa, Owganystan Iňlisleriň golastyna geçeni üçin ýüze çykypdy.

Eýranda käbir taryhçylar türkmenleri şerçi ýa-da alamançy ýaly sypatlar bilen ýatlapdyrlar: “-Türkmenleriň Horasanyň, Astrabadyň ýoluny kesmek we şäherlere çozmagy kär edinipdirler!” -diýilýän hereketlerini ýöne ýerine däldigini aýtmakdan boýun gaçyryp, öz milletçilikçi pikirlerini öňe sürýärler. Şol türkmenleriň ol döwürde şu hereketlere baş goşan bolsalar, onuň esasy sebäpleri bar; Gajarlaryň Etrekde, Gürgende parahat ýaşap oturan türkmenleriň üstüne çozuşlary, Nasretdin şa günbatar türkmenleriň ilatyny hem özüne elgarama etmek üçin 1858-nji ýylda Japarguly hany agyr goşun bilen Garrygala ýollaýar.

Olar Garrygalanyň golaýyndaky “Monjykdepe” diýilen ýerde türkmenleriň serdary Nurberdi hanyň ýolbaşçylygyndaky birleşen türkmen güýçleriniň tarapyndan ýeňilýärler. Ondan soň Mary uruşy. Şeýle hem Apbas mürzäniň ýesir düşen türkmenleri Maşadyň sowuk gyşynda gynaşy we ş.m. köp sütemlere çydam etmejek türkmen Eýran patyşalygynyn emir-emeralarynyň çapawulçylykly hereketlerine garşy gaýtawul bermek üçin olaryň golastyndaky welaýatlaryna çozupdyrlar. ....

Türkmenler Eýran tarapdan görkezilýän ýurt tozdyryjy we halk eziji hereketleriň garşysyna gozgalaň turuzypdyrlar. Ikinji bir tarapdan türkmenleriň däbi boýunça degmedige degmändirler, ýöne degene-de welin, ar-namys almak üçin harby herekete baş goşup, ýola düşüpdirler.

Türkmenleriň gylyç-ýaragyna söýenip patyşalyga ýeten Gajarlar, birinji nobatda hut türkmenleriň özüne ýagy bolupdyrlar. Mämmet şa Gajaryň döwründe Hazar deňziniň gündogar kenar ýakasyndaky ýaşaýan Gürgenli ýomut türkmenler olaryň sütemleriniň garşysyna gozgalaňlaryny barha güýçlendiripdirler.

Olar haçanda Eýranyň harby güýji bilen ýüzme-ýüz durup basylan mahalynda, ýelkenli kaýyklary bilen Hazar deňze gaçyp atyp, kenar ýakadan daşlaşypdyrlar. Şeýle bolan ýagdaýda Eýran döwleti olary deňizde yzarlamaga hukugy ýokdy. Sebäbi Eýran-Rus arasyndaky bolan “Türkmençaý” şertnamasynda çykarylan karara  laýyklykda, Eýran döwletini Hazar deňzinden peýdalanmak we onda harby güýjüni döretmek hukugynyndan mahrum edilipdir. Şonuň üçin Mämmet şa Gajaryň buýrugy boýunça Ärdeşir mürze, Kyýat hanyň baş tutanlygyndaky türkmenleri basyp ýatyrmak we olary kowga basmak üçin Orsýet döwletinden 15 günlik möhleti bilen iki sany harby gämi Eýran döwletiniň erkinde goýulmagyny haýyş edýär. Ruslar bu islegi kanagatlandyrmak üçin iki sany harby gämini Esenguly aýlagyna ýola salýarlar.

Ýöne bu gämileriň gelmezinden öň Ärdeşir mürze türkmenlere agyr şikes berip ýeňýär. Ruslar bolsa, türkmenler bilen söweşe girmäni eýsem,  ýuwaşlyk bilen gatnaşyk açyp başlaýarlar. Rus döwleti 1840-njy ýyla çenli gämilerini şol ýerde saklaýarlar.

Türkmenler bolsa, şol ýylyň dowamynda ýene-de, gozgalaň turuzyp başlaýarlar. Orsýediň harby gämilei bolsa, türkmenleriň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin Aşyrada girip bu ülkede mekan tutup, öz ekspansiýa gurbyny güýçlendirýärler.

·   Adanyň ortasyndan gidýän ýol

Eýran döwleti oňa garşylyk görkezsede, Ruslaryň bu ýerde bolmagyny türkmenleriň garşysyna özlerine bähbitli hasap edipdirler. Elbetde, türkmenler hiç haçan daşky güýje boýun egmesizlik häsiýeti hem-de, ol “Ada” eýelik edeni üçin Ruslaryň bu Adada-da, özlerine harby ekspansiýa döretmegini halamadylar. Şonuň üçin ýomutlaryň Hydyr han we Kyýat han ýaly baş tutanlary olar bilen söweşe girişip başlaýarlar. Ol döwürde türkmenler syýasy babatdan diplomatsýasy pes derejede bolupdyr.

Uly döwletlerden gelen syýasy ilçiler we içalylar türkmenleriň durmuş ýagdaýlaryny, jemgyýetçilik düzümlerini we ahlak-häsiýetlerini öwrenip öz döwletlerine syýasy maglumatlar geçirip durupdyrlar. Şonuň üçin sada we garamaaýak türkmenler beýleki döwletleriň syýasy aldawlaryna ynanypdyrlar. Mysal üçin, Ruslaryň Aşyradada bolan mahallary Mazenderan welaýatynyň häkimi türkmenleri olaryň garşysyna öjükdirýär. Ruslar Eýran döwletine garşy arz edýär. Eýran bu meselede rolunyň bardygyny inkär edýär.

* Ruslaryň Aşyrada adasynda salan galasynyň diwarlary

Ruslar Aşyradany alanlaryndan soň Hazar deňziniň ýakasyndaky uly-kiçi derýadyr-aryklary hem eýeläp başlaýarlar. Türkmenler bolsa, iki döwletiň syýasy oýunjaklaryna öwrülýärler. Ruslar bu adada 1921-nji ýylyň 26-njy Fewralyndaky baglanyşylan şertnamasyna çenli galdylar. Soň bolsa, bu adany Eýran döwletine tabşyryp çykdylar.

Ruslar bir tarapdan kenar ýakadaky ýomut türkmenleri Mazenderan häkiminiň garşysyna küşgüren bolsa, beýleki bir tarapdan 1317-nji k.(1900-nji milady ýylda) ruslaryň yzarlaýan maksatlaryny bilmek üçin Nasretdin şanyň buýrugy boýunça Mazenderanyň häkimi bolan Seýfulmälek diýlen kişini türkmenleriň arasyna içaly edip ýollamagy makullaýarlar. Şonuň bilen birlikde Astrabatdaky goşun güýjüni güýçlendirmäge hem buýruk ýollaýar. Ikinji bir tarapdan Eýran bilen Rus döwleti Türkmenleri ykdysady we maddy taýdan gysyp başlaýarlar.

Netijede bolsa, türkmenler wagtma-wagt gozgalaň turuzup Eýrana hüjüm edýärler. Iki döwlet bu türkmenleri öz eksplatatsiýon gözlegçiligine almak üçin özara maslahat geçirýärler. Şeýle syýasatlaryň dowamynda 1901-nji ýylda iki tarapdan ýagny Eýran we Orsýet taraplaryndan wekilçilik toparlary bellenip, olar bilen birlikde bir näçe goragçy ofitserler we serbazlary Türkmensähranyň Kümmetkowus şäherinde komissiýa düzümini döredilýär. Bu komissiýada Eýran tarapdan mähändes Ali Aşref han, Orsýet tarapdan Samiranskýi baş tutanlyk edipdirler. Bu komissiýa “Kümmetkowus Komissiýasy” diýilip atlandyrylypdyr. Komissiýa öz işiniň dowamynda türkmenleri iki tarapdan agyr gözlegçilige alyp başlaýarlar.

1858-nji (käbir çeşmelerde 1861-nji ý.) ýylda Türkmenler Horasanda gozgalaň turuzyp başlaýarlar. Horasanyň häkimleri bolan Heşmet-et Döwle hem-de Kuwam-et Döwle olary basyp ýatyrmak üçin buýruk alýarlar. Ýöne bu iki häkimiň arasyna agzyalalyk düşüp, türkmenler bulary Marynyň ýakynyndaky bolup geçen söweşde ýeňip, olaryň köp sanly goşun-serbazlaryny ýesir alyp, Eýranyň ady belliklenen belli “Sary topy” hem tophanasy bilen ýeňiji türkmenleriň eline düşýär.

Bu masgaraçylykly ýeňilmeden soň otly köýnek geýinen Nasretdin şa ýeňilendigine garamazdan türkmenleri tabynlyga boýun egdirmek üçin ýene-de, başgaça syýasaty yzarlap başlady.

Mürze Muhammet han Sipehsalardan soň mürze Hüseýin han Sipehsalar, Nasretdin şanyň wezirligine saýlanýar. Ol türkmenleri Eýran döwletine syýasy tabynlyga geçirmek üçin, olary tamakyn etmegi isleýär. Şonuň üçin Hajy mürze Reza han Müäzzäm ol-Mälek diýlen şahsyýeti ýuwaşlyk bilen Mary welaýatyna ýollaýar.

Ol şeýle syýasaty hem alyp barmagy başarypdyr. Şondan soň Maryda bir häkim saýlaýarlar. Şol aragatnaşykda 20 sany türkmen ýaşulylary şertnama baglanyşmaga Tährana barýarlar. Emma Ruslar bu syýasatdan habarly bolup, şertnamaly baglanyşyljak gatnaşyga bökdenç döretýärler. Netijede bolsa, Eýran döwletiniň syýasy taýdan pese düşmegine sebäp bolýarlar. Nasretdin şanyň şeýle syýasatlary alyp barmagy bolsa, esasan türkmenleri özlerine tabyn etmek hem Iňlisleriň we Ýewropa döwletleriniň eksplatatsion bähbitlerini goramakdan ybarat bolýar.

Eýran bilen türkmenleriň şeýle dartgynly döwürlerine gabatlaşyp patyşa Rusiýasy 1864-1865-nji ýyllarda Samireçýan, Çimkent, Daşkent, Syrderýa boýuny; 1868-nji ýyla çenli Samargant, Buhara; 1873-nji ýylda Hywana ýaly welaýatlary basyp alýar. Şol döwürlerde-de Hazar deňziniň gündogar kenaryny eýelemegiň ugrunda iş geçirilýär. 1865-nji ýylda patyşa Ministrleriniň ýörite organy Krasnowodskini (Ilkinji ady “Gyzylsuw” soň “Şagadam”, Sowet döwründe “Krasnovodski” häzirki döwürde “Türkmenbaşy”) eýelemegiň möhletini belleýär. Emma Eýrany we onuň arkasynda duran Iňlisleri howsala salmazlyk üçin howlukmany, seresaplylyk bilen hereket etmegi karar edýärler. Sebäbi Eýrandaky baş ilçi Aniçkow bilen Daşary Işler Ministri Gorçakow dagylara türkmen meselesinde Rusiýa bilen Eýranyň bähbitleriniň biri-birine gapma-garşy gelýändigini duýdurýardy.

1837-nji ýyldaky dilden edilen ylalaşygyna garamazdan, Eýran Kaspy deňziniň bütin gündogar kenarlaryny öz territoriýasy, türkmenler bolsa, hemmesi öz raýaty diýip hasap edýärdi. Şonuň üçin hem Aniçkow ilki bada oňat taýynlyk jemläp, şol ýerlerde ýaşaýan türkmenleri ruslaryň gelmegine taýýarlap, Gyzlsuw aýlagyny dawasyz-galmagalsyz eýeläp, Eýrany gapyl galdyrmagy, ýagny amala aşyrylan işiň garşysynda goýmagy maslahat berýärdi. Hut şeýle-de boldy. Türkmenleriň arasynda Rusiýa Krasnowodskide söwda bähbidini goraýardy.

Olar diňe kerwensaraýlar gurup, goşun düşürmekçi däl, diýen habarlary ýaýradýardylar. Hakykatda bolsa, 1869-njy ýylyň 5-10-njy noýabrynda polkownik N. G. Stoletowyň baştutanlygynda gadymy Şagadam guýusynyň ýanynda harby desant düşürip, Krasnowodsk galasynyň düýbi tutulýar. Şeýlelik bilken bu wakalaryň dowamynda Hazar deňziniň günorta-gündogar çünkündäki Garasuw derýasyna çenli Orsýet döwletiniň täsir sferasynyň giňişligine öwrülýär.

Şeýlelik bilen Garasuw derýasy hem Horasanyň demirgazyk ülkeleri Orsýet döwletiniň täsir sferasyna öwrülip, şondan beýläk Eýran döwleti ol ýerleri öz täsirinden daşlaşdyrýar.  Ikinji bir tarapdan Ruslar bolsa, öz ekspansiýa güýjüni durnuklaşdyrmak üçin harby enjamlaryny merkezleşdirip, demirýol tehnikasyny çekip başlaýarlar.

Rusiýa patyşalaryna Hazar deňziniň gündogarynda geljekdäki öňde goýan maksatnamalaryny yzarlamaga mümkinçilik döreýär. Kaufmananyň 1873-nji ýylyň iýunynda Hywany almagy bilen bir tarapdan, 1878-nji ýylyň aýaklarynda ermeni maýor Lazarowyň Ýomut türkmenleri bilen söweşmegi, ikinji bir tarapdan general Skoplýowyň ýoluny türkmenler bilen ykbal çözüji söweşi ýerine ýetirmäge taýyn edýärler. Ol general köp sanly harby güýjüni demir ýol üsti bilen otla ýükläp janpida bolup duran Gökdepeli türkmenleriň üstüne çozýar. Ol ýerde janyny aýamany söweşen türkmenler ýatlardan çykmajak tragediýalar bilen basylyp alynýar.

Bu wakalardan soň, türkmenleriň bu gadymy potansýal ülkesi Orsýediň territorýasy hökmünde “Oblast Zakaspiskiý Morýa” ýagny “Hazaryň Gündogar Welaýaty” diýen ady bilen beýleki welaýatlara goşulşyp gidýär. Şeýlelik bilen Eýran-Rus döwletleri araçäk bellemek meselesine içgin girişilýär. Şol ýylyň dowamynda alynyp barylan gepleşikler netijesinde, 1881-nji ýylyň 9-10-njy Dekabrynda Eýran bilen araçäk çekmek barada ilkinji konwentsiýa gol çekildi. “Ahal şertnamasyny 1881-nji ýylyň 21-nji Dekabrynda Eýranyň Daşary Işler Weziri Säiýd han Mö’temen el-Mülk bilen Orsýediň esasy ilçisi we Doly Ygtyýarly Ministri Iwan Zinowýow gol çekişip meseläniň ownuk taraplaryny bellik edip geçýärler.”

1300-nji h.k., 1881-nji m. ýylda mürze Nasrulla han Müşir et-Döwle Orsýediň Doly Ygtyýarly Ministri Sarjdafer bilen duşuşygynyň netijesini Nasretdin şa şeýle ýazýar:

“Elgaraz eger bu etraplar Orsýede tabyn edilse, bu ýerde Aşgabat ýaly ygtybarly şäherler binýat ediler. Bu günler häkimleriň tarapyndan rowa kylynýan sütemlere ol ýurdyň ýerli ýaşaýjylary döz gelip bilmän şäherlere gaçyp atarlar. ýyl-ýyldan ýaşaýjylar azalyp häkimleriň salgyt üçin edýän sütemleri artyp başlar. Şeýle ýagdaýda demirgazyk Horasan ýurdynyň durnukly kuwaty pese düşüp galar. ”.

Ol Orsýediň doly ygtyýarly Ministri bilen duşuşygyndaky bolan ikinji bir habaryny Nasretdin şaha ýazan hatynda şeýle belleýär :

“Orsýediň welaýatlaryndaky we Genje şäherindäki Eýranly graždanlaryň synp gatnaşyklary hakyndaky mesele-de Orsýediň döwlet işgärleri olary gaçgak hökmünde tutup saklaýarlar. Olardan üç günlik möhletiň içinde ýa Eýrana ýa-da Orsýediň graždanlyk tabynlygyna geçmegi talap edýärler. Elbetde hat arkaly Mo,iýn el-wezera Orsýediň doly ygtyýarly wezirine derkär gürrüňleri aýdyp telegramma etmegi sorady hem-de bu söwdadan saklanmaklaryny talap etdiler.”.

Görnüşi ýaly Eýran bilen Orsýediň hem öz aralarynda serhet hakdaky dartgynly ýagdaýlar az bolmandyr. Şonuň üçin Nasretdin şa srhet boýundaky şäherleri berkitme pikiriň esasynda daşary işler wezirini ýagny mürze Säiýd han Mö,temen el-Mülki serhet nokatlary barada şertnama taýynlap gol çekmegi talap edýär. Ýöne welin bu ugurda esasy iş geçirip bilmeýärler. Iň soňunda bolsa, Iňlisler Muhemmet Hüseýn mähändes diýlen şahsa serhetleri geçirmäge iş belleýärler.

1299-njy k.ý., 1892-nji m. ýyldaky şertnamanyň ikinji baby boýunça 1303 k. ý., 1896-njy m. ýylda sahyp ygtyýarly Süleýman han Eýran tarapdan we polkownik Nikolaý Kormin Karawaýew Orsýet tarapdan serhediň çyzgysy barada bir protokol düzüp şonda serhet çyzgyny Babadurmaz galasynyň harabaçylygyndan başlap, Hazar deňziniň Gündogar-Günortasyndaky Esenguly etrabynyň öňündäki Esenguly aýlagy bellik edilýär. Ikinji protokol bolsa, Esenguly etrabyna degişli Çekişler obasynda serhet çyzgyny Etrek derýasynyň aşaky agyzyndan Esenguly aýlagyna çenli, Eýranyň baş komissiýasy injiner maýor mürze Ali Aşräf han bilen Orsýediň baş komissiýasy baglanyşyp şol territoriýadan karta çyzgysyny taýyn edýärler.

Ýokardaky agzalyp geçilen bellikleriň kämil görnüşi “Araçägiň aňyrsyndaky arkadaşlar ” atly eserde serhediň nokatlaryny doly suratda Babadurmaz galasynyň harabaçylygyndan tä Esenguly aýlagyna çenli nokatma-nokat belläp geçilýär.

“Öňde belläp geçilen konwentsiýa jemi dokuz maddadan ybarat bolup, onda araçäk belliklerini oturtmak, dürli ýerlerde araçägi takyk çekmek üçin iki tarapdan wekil bellemek, araçäkden aňyrdan gelýän derýalaryň suwlaryny paýlaşmak, araçäkden berkitmeleri aýyrmak, obalary göçürmek, söwda üçin araba ýollary gurmak, iki tarapa ýarag, ok-däri geçirmegi gadagan etmek, iki tarapdan dawa turanda araçy bellemek we ş. m. Şertleri öz içine alýar.”.

  Ýokardaky şertnamalar hem protokollaryň yzarlaýyş dowamynda Pöwrize (Firuze) we Horasan hakdaky şertnama hem baglanşylypdyr. Eýran bilen Orsýet döwletleri 1893-nji ýylyň 27-nji Maý aýynda Tähranda Eýranyň Sadr-Agzamy mürze Äli Äsgär (Aly Asgar) han Emin ol-Soltan (Eýran patyşasynyň emiri ýa-da ynanýan şahsy dimek.) hem Orsýediň doly ygtyýarly weziri Butuzow dagylar aralarynda gol çekişýärler.

Iňlis, Eýran hem Orsýediň Orta Azýa ýurtlaryna üns bermekliginde üç maksat gözöňüne tutulypdyr :

a). Yktysady we söwda maksatlary ,

b). Syýasy bähbitler ,

j). Ekspluatatsiýa hem ekspluatatsion bäsleşikleri alyp çykmak,

Yktysady babatdan Orsýede günorta we günorta-günbatar hem Hindistan regionlarynyň söwda bazarlaryna el gatmak üçin Hazar deňziniň gündogarynda demirýol enjamlaryny döretmek örän zerur bolup durýardy. Şol maksadyň dowamynda ýagny Owganystana hem Hindistana ýetmek üçin Türkmenistan esasy ýol hökmünde rol oýnaýardy.

Syýasy taýdan Iňlisler bilen bäsleşik hem olaryň güýjüni Hindistanda pese düşürip regiony öz kalonial tabynlygyna öwürmek maksady yzarlapdyr. Orsýet Türkmenistanyň üsti bilen gerekli harby güýjüni ýeňillik bilen Hindistanyň derwezesine çenli eltmegi başarýardy. Umuman bu iki maksadyň esasy ýerligi ekspluatatsion bäsleşiklerden ugur alypdyr.

1907-nji ýyldaky baglanyşylan şertnamadan soň Eýran üç bölege bölünýär :

a). Eýranyň Demigazyk bölegi Orsýediň täsir sferasynda durdy.

b). Bitarap Merkezi ülkeleri .

j). Eýranuň Günorta bölegi Iňlisleriň täsir sferasynda galdy.

Bu ülkeleriň ýaşaýjylary ruslaryň ekspluatatsion häsiýetli hereketlriniň ýeňil düşmejekdigini kem-kemden aňyp başladylar. Şonuň üçin Merkezi Aziýadaky ýerli ilat rus patyşalarynyň bu regionda üstlerinden agalyk sürmeginiň garşysyna üm-süm oturmadylar. Olar dürli alamatlar bilen öz garşylyklaryny görkezipdirler. Bu hereketlere çäre görmek üçin Rusiýa patyşasy Orsýet graždanlaryndan köp sanly bilimli adamlary Merkezi Aziýa emigratsiýa etdirmek bilen bu ülkäniň hökümetini tabşyryp ýerli ýaşaýjylary agyr gözzegçilige alyp başladylar.

1906-1910-njy ýyllara çenli Orta Aziýa göçüp gelen bu ýerli däl toparlaryň sany 2,5 miliona baryp ýetýär. Emma bu emigrantlaryň Merkezi Aziýanyň ýerli halklarynyň ýurtlaryny kasp etmek ýagdaýy ilatyň arasynda jemgyýetçilik näsazlyklaryny güýçlendirmäge sebäp bolýar. Mysal üçin “1916-njy ýyldaky gozgalaňy döwründe general Madritowyň jeza beriji goşunlary Etrekden aňry geçip, ýomutlary pulemýot okuna tutup gyrgynçylyga salmagy, köp sanly adamlary, aýal-oglan-uşaklary gyrdyryp ýüzläp- müňläp mal-garalaryny, ýer mülklerini talap, edenlerini edip ýörmegi hem ýokardaky aýdylan faktlara şaýatlyk edýär.

Olar hatda 1917-nji ýylyň 31-nji Ýanwarynda, ýagny tesarizmiň has gowşan pursatlarynda jeza beriji goşuny bilen Türkmrnsähranyňň Ýagly-Olum etrabynyň golaýynda 700-e çenli ilaty gyrgynçylyga salýar. Şonuň öň syrasynda Zakaspy Oblastynyň naçalnigi general Kalmakow rus goşunlarynyň 1916-njy ýylda Türkmensährany eýeländigini belläp, türkmenleriň ýaşaýan Etrek, Gürgen we Garasuw derýalarynyň ugrundaky ülkeleriniň doly anneksirlemegi we araçägi Horasan daglarynyň gerişinden geçer ýaly edip günorta süýşmegi teklip edýär. Ol şeýle diýär : “Eger-de ýomutlar bilen gökleňler Rusiýa raýatlygyny ykrar etmejek bolsalar, onda ýok bolup göçüp gitsinler, biziň özümiz köpeleris, olaryň subtropik hoş howaly gözel ýurdyna ruslary göçürip getireris. Gürgen barada meseläni gutarnykly Rusiýanyň peýdasyna çözmeli we bu baradaky köne düşünjeleri aradan aýrylmalydyr.”- diýip belleýär.

1916-njy ýylda Merkezi Aziýada ýer-ýurtlary eýeleriniň elinden çykarmak, algyt-salgytlar ýygnamak, uruş üçin harby saldatlary toplamak ýaly sebäpler boýunça ilatyň arasynda närazyçylyk döräp Rus patyşasynyň garşysyna göreş başlanýar. Birinji gezek 1916-njy ýýlda Hojant şaherinde aýaga galýarlar. Gyrgyzystanda Pežwask we Tokmak  şäherlerini, Ruslara garşy göreşjeňler gurşaýarlar. Ýöne bu göreş Türkmenistanda uzak mütdete çenli dowam edip, gaýdýar.

1917-nji ýylyň Fewral ynkylabynda patyşa režimini ýykýarlar. W.I. Leniniň buýrugy boýunça Orsýetde wagytlaýynça daýhanlar we işçiler hökumeti dikeldilýär. Şol ýylyň Maý aýynda Lenin Orsýediň musulmanlaryna “ Orsýet Musulmanlarynyň Konfrensiýasyny” geçirmäge rugsat edýär. Bu konfrensiýanyň esasy temasy ýerli musulman halklaryň arasynda ylaýtada Merkezi Aziýa “ Doly Ygtyýarly Yslam Fedral ” döwletlerini dikeltmek barada bolupdyr.

1917-nji ýylyň maý aýyndaky geçirilen “Yslam kongresinde” W. Lenin Türküstanda “Doly Ygtyýarly Fedratiw Respublykasyny” dikeltmek baradaky maslahatda ony hemaýat edip gollandygyny yglan edýär.

Wagtlaýyn döredilen döwlet komiteti bozulyp, Sowet hökumeti dikilenden soň Kokant şäherinde musulmanlarň dördünji Yslam Kongresi gurulýar. Bu geçirilen kongresde Buhara emirligi bilen Hywa hanlygyndan başga “ Doly Ygtyýarly Türküstan Respublykasyny” yglan edilýär. Soňlarda bolsa, ýagny 1918-nji ýylyň Maý aýyndaky Sowetleriň regiondaky bäşinji kongresinde “Türküstanyň Sowet Fedral Respublykasy” yglan bolýar. Şeýlelik bilen Türküstan Respublykasy, Rusiýa Fedratsiýa Sowetiniň bir bölegi bolýar. Şol ýylyň Iýun aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda sowetisimiň garşysyna galma-gal döreýär. Kommunistleriň garşysyna turan rus ofisserleriň ýerli ilata goldaw bermegi bilen şäheri öz golastyna alýarlar. Britaniýa döwletiniň hemaýat edip arka durmagy bilen bolşwikleriň garşysyna döwlet ulgamlaryny gurnap başlaýarlar.

1919-njy ýylyň Iýul aýynda Türkmenistanda kommunistleriň garşysyna galma-gal turuzan güýçler daşary ýurtlara gaçyp atmaga mejbur bolýarlar. Ýene-de Türkmenistan Sowet Döwletiniň ulgamyna girizilip gidýär.

1924-nji ýylda bolsa, Sowet Döwleti Orta Aziýadaky milletleri Sowet Döwletiniň ulgamyndaky tabyn respublykalara bölüp aýratynlaşdyryp dikeltýarlar.

* Etrek-Gürgen türkmenleriniň araçäginde ýuze çykan meseleler atly mowzugy boýunça ulanylan edebiýatlar :

1. Mämmäd Mohber,”März’haý-e Iran”, esnad-e vezarät-e omur-e hareje, Tehran – 1324 h.ş., säf. 8 ta 11 .

2.Golbän Mähämmäd, “Nämaýi äz Särähs där dowre-ýe Gajariýe”, mäjälle-ýe bärräsiha-ýe tarihi, sal-e häştom, şomare-ýe 5, Tehran-1352 h.ş., säf. 137

3. Şol ýerde

4. Aýdogdyew M.,”Araçägiň aňyrsyndaky arkadaşlar”, “Magaryf ”, Aşgabat – 1992 ý.

5.Şirazi Häbibulla Äbulhäsän, “Milliýätha-ýe Asiýa-ýe miýane”, däftär-e motale,at-e siýasi vä beýnolmäläli,çap-e ävväl, Tehran – 1370 h.ş., säf. 125 .

6. Annanepesow M., golýazma makalalary, Aşgabat- 1987 ý.

7. Kawusy-ýe Äragy Mähämmädhäsän, “Moraselat där bab-e Asiýa-ýe Märkäzi”, /mokatebat-e säfir-e Ingelis där Sankt-Petrborg ba Ländän vä mä,muran-e Ingelis där Iran, där mured-e särhäddat-e Äfganestan, Rusiýe vä Iran be sal-e 1884 m./, Märkäz motale,at-e Asiýa-ýe Märkäzi vä Gäfgaz, Mo,ässese-ýe çap vä enteşarat-e Väzarät-e omur-e hareje-ýe Iran-çap-e ävväl , 1373 h.ş.

8. Äsgäri-ýe Hangah D.A., Kemali D.M., “Iraniýan-e torkmän”, näşr-e “Esatir”, Tehran – 1374 h.ş. , säf. 53.

**********



118.[[1]]. Aỳdogdyew M., “Araçägiñ añyrsyndaky ildeşlerimiz”,  Aşgabat – 199….?