g). Eýranda Atçylyk

Eýran Yslam Respublikasynyň “Touse’e-ýe saderat” atly halkara žurnalynyň öz birinji sanynda, “Eýran atlary 100 ýyldan soň dünýä eksport eilýär:” diýlen mowzuk berilipdir. Şonda şeýle setirlere gabat gelýäris.

Eýranyň Türkmen we Hazar atlarynyň iň soňky gezek daşary ýurtlara eksport bolanyndan eýýäm 100 ýyl geçipdir. Indi bolsa, atçylaryň kooperatiw firmasynyň tagallasy we “Jahad-e Keşawärzi (ekerançylyk hojalygy)” ministrligi hem “At çapyşyk ýarym federasiýasy” we “Çowgan oýunlary” sportynyň kömegi bilen Eýranyň soý atlary dünýäniň dürli künjeklerine eksport boljakdyr.,, _ Diýip nygtaýarlar.

Iň soňky gezek Gajar türkmenleriniň hanedanlygy mahaly Nasretdin şahyň döwründe, daşary ýurtlylar Eýranyň Türkmen atlaryna gyzyklanyp, atlary gämi bilen öz ýurtlaryna alyp gidipdirler.

Eýranyň “äsbdaran kooperatiw firmasy” hem “Türkmen Atlaryny Nesilleşdiriş we Geňeş Firmasynyň” ýerine ýetiriji müdiri Abdyljelil Kyýadynyň aýtmagyna görä: “ Eýran atlaryny (türkmen atlary) täzeden eksport edilip başlansa, onda bu sungaty ösdürmegiň we atçylyk önüminiň giňeldiş şertleriniň taryhda ýene bir gezek ör-boýuna galjakdygy ikiuçsyzdyr.” Ol geçen ýyllarda bu sungatyň daşary ýurtlara eksport edilmediginiň sebäbini ýurtda  gurakçylygyň bolandygy üçin -diýip nygtaýar.

Geçen ýyllarda önümiň gymmatlygy we içeri bazaryň ýoklygy sebäpli Eýranda at saklamak meselesi kynçylyk bilen gabatlaşdy. Bu sungata höwesi bolan seýisler we atçylar diňe öz göwünleri we ata bolan söýgisi üçin bu iş bilen meşgullanýardylar.

Eger atçylyk sungatynda şeýle kynçylyklar dowam etse Eýranyň türkmen soý atlary genetiki boýunça ýitip ýurduň gadymy we uly baýlygyny elden gidirip, işsizlik dörär! – diýip belleýärler.

A. Kyýady öz sözüniň dowamynda şeýle belleýär: “Atlary eksport etmeklik, Eýran atlarynyň ýitip barýan nesilleriniň täzeden janlanmagyna sebäp bolar. Iki ýyl bäri Kanada Federassiýasynyň “Milli atçylar komandasynyň” aktuwal bir topary “Hazar” we “Türkmen” atlary satyn almaga çynlakaý alada edip başladylar. “Äsbdarlar kooperatiwi” firmasynyň ýerine ýetiriji müdiri Kanada Federassiýasyna eksport etmek üçin göz öňüne tutulan atlary bir aýlap Eýranda we 2 aýlap Kanada-da karantyn gözleginde saklanjagyny belläp şeýle diýýär: “Häzirki wagt 22 sany Türkmen atlary, 18 sany Hazar atlary we 17 sany hem beýleki sürülerden we dürli adamlardan kanadaly toparyň tarapyndan saýlanyp, göz öňüne tutuldy. Şonda Türkmen atlarynyň öňünde goýulan bahasy 50 müň dollar görkezildi.”

Türkmen Atlaryny Nesilleşdiriş we Geňeş Firmasynyň müdüri Dr. Gyýady(Jergelan)

Ol üstümizdäki ýylyň dowamynda eksport ediljek atlary satmakdan maksat, ýurda walýuta siňdirmek niýeti bilen däl-de, eýsem atlaryň Eýrandaky pes bahasyny deňeşdirenimizde, atlaryň halkara bahasyndan has arzan oruny özüne eýeleýär. Şonuň üçin halkara bahasyny ýokarylandyrmakda öz täsirini galdyrmakdadyr. ...

Kyýady şeýle diýýär: “Üstümizdäki ýylda atlary eksport etmekden maksadymyz; Türkmen atlarynyň nesllerini dünýä bazarlaryna çykarmak we tanatmak hem halkara dünýä bazarlarynyň derwezesini-de, Eýran atlarynyň öňüne açmakdyr.”.

* Bendertürkmen atçapgy meýdanynda türkmen atoglany

Ýurtda esasanam Bežnurdyň Raz we Jergelan oazislerinde atlary ösdürip ýetişdirmekde Hojalyk Ministrliginiň, maldarçylyk işleriniň orunbasarlygy hem ýurduň çowgan we atçapyşyk Federasiýasynyň tehniki orunbasarlyklarynyň görkezýän kärdeşlikleri babatda jenap Kyýady agzap geçip şeýle diýdi: Eýran we Türkmenistanyň serhetlerinde ýerleşen bu oazisde köpçülikde türkmen soý atlary terbiýeläp kemala ýetirmekde çäksiz umyt we gyzyklanmalar döretdi.[1]

Eýranda at we atçylyk işlerine esasanam Türkmensährada has ähmiýetli garaýarlar. Şonuň üçin Kümmetkowus, Bendertürkmen hem Akgala ýaly şäheristanlarda ýörite atçapgy meýdanlary döredilipdir. Şolaryň arasynda Kümmetkowus şäheriniň atçapgy ýaryş meýdanynyň kolleksiýasy ýaňy ýakyn ýyllarda ähliýurt boýunça Orta Aziýada iň bir uly we owadan sport kolleksiýasy adyny özüne eýeripdi. Ýöne şu günki gün ulylykdan diňe ady galypdyr. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alnadan bäri gadymdan gelýän türkmen däp-dessurlaryna üns berilip başlandy. Şolaryň arasynda atçylyk meselesine hem örän gyzykly üns berilip ony ösdürmegiň ugrunda toý baýramçylyklarda dürli ýaryşlar goýulyp hemem ony ylmy taýdan ýaýbaňlandyrmagyň ugrunda dürli konferensiýalar we seminarlar ýola goýuldy. Hatda käbir ýaş alymlar mysal üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh Institutynyň alymy Öwez Gündogdyýew ýaly alymylar, türkmenleriň taryhynda atçylyk meselesi barada ylmy işler hem ýazyp goradylar.

Garaşsyz Türkmenistanda bu meseläniň ähmiýeti ýokarlanany üçin Türkmensährada-da öz täsirini ýetirip, bu işe gyzyklanylyp başlandy. Kümmetkowus şäheriniň ippodrom ( at çapgy ) meýdany halkyň we gazýet işgärleriniň ünsüni özüne çekip ol hakda makala hem ýazypdyrlar. Bu at çapgy meýdany hakda Gülüstan gazýeti oňa ýetişiklik edilmäni, gözden düşürileni üçin tankydy göz bilen “Ýurduň iň uly atçapgy kolleksiýasy täzeden gurulmaga mätäçdir” diýlen bir makala çap edipdir.[2]

Eýranyň ykbalyndan öň gurulan bu kolleksiýany gözden düşürilip seredilmändir. Onda, üýtgedilip gurulmandygy sebäpli harabaçylygyň nyşanyny hem ýumrulan taraplaryny edil giren badyňa onuň asfalt köçelerinden görse bolýar. Onuň köçesi iň uly we owadan atçapgy meýdanynyň kolleksiýasynyňky diýeniňden, akgyn-çukgynly bir köçelere meňzäp dur diýeniň jaýdar bolýar.

* Türkmen atçapgysy

Atlary saklanýan tomus ýataklaryna aýlanyp göreniňde atşynaslar, seýsler hem olaryň ýortowullarynyň atlara ýetişiklik edip duranyny görýärsiň. Şeýle hem çapyksuwar at oglanlaryň ýatyp-turýan hem naharlanýan mekany şol ýataklardadygyny aňyp galýarsyň. Atlary saklamak üçin niýetlenen bu ýataklar, atçapgy sportynyň esasy sermaýadarlarydygyny ýatdan çykarmalydäldir.

Atlaryň bu ýataklarynda ýaşaýan adamlaryň aýtmagyna görä, bu mekanda arassaçylyk diýlen zadyň namy nyşany ýok, esasanam ýaz aýlarynyň çapgylarynyň başlan wagty howa yssylaşyp başlanýar. Şonda ol ýeriň hemişelik myhmany sypranyň üstündäki çörek suwlaryň daşynda aýlanyşyp, uçuşyp ýören siňekler bolup durýar. Bu at ýatakhanasynyň arka tarapyndaky ekerançylyk üçin niýetlenen açyk meýdanda görnüp duran jaýlar hem atlara berilýän bede samanlaryň ammarlarydyr.

Ippodrom aýlawynyň göze ilteşýän demir aýaklarynyň betundan gurulan oturgyçlarynyň oýulyp durmagy, muňa hiç hili seredilmäni harabaçylyga öwrülendiginden habar berýär.

Kümmetkowusyň ippodrom kolleksiýasy öňlerde ösen elektronik ulgamlary bilen ýagny photofinishing (soňky çyzga ýetip öňe çykýan atlary belleýän foto enjamy), ýapyk arbitally telewizorlar ýaly enjamlar bilen kämilleşipdir. Ýöne bu gün ol çärelerden hiç hili alamat galmandyr. Aýtmaklaryna görä, olary başga bir ýerlere äkidilipdir.

* At çapyşyga taýýarlyk görülýär

Atçapgy meýdanyny biri-birinden aýralaşdyran demir setka diwarlary ýere ýykylyp öz häsiýetini ýitirmegi hem bu kolleksiýa ýetişiklik edilmändiginiň alamatydyr. Bu setka diwarlarynyň aňry gözýetimleri bu kolleksiýanyň ekeran meýdanlaryny goramak üçin niýetlenen enjamlaryň hem ýykylyp ýatandyklary göze ilteşýär.

Kümmetkowus şäheriniň sport ippodrom kolleksiýasy diňe bir sport gurluşyklary däl-de, eýsem onda adamlar üçin ýatakhana hem iki sany ýaşaýyş plýažy dynç almak üçin niýetlenen gurluşyklary hem bar. Bu kolleksiýanyň ýerine ýetiriji müdiriniň aýtmagynagörä, bir miln. 500 müň riýal býudjet bilen şu ýylyň dowamynda bir sany ýaşaýyş plýažynyň ýetmezçiliklerini täzeden gurlyp, ony gerekli çäreler bilen enjamlaşdyrdylar. “Yslam Respublika” habar pressiniň habarçysy bu plýažy barlap görende, ony abraýly enjamlaşdyryp täzeden remont bolamdygyny nygtapdyr.

        soňky çyzyk

         Ýaryş döwürlerde her hepde 5 müň sany atçapga muşdak tomaşaçylary özünde ýerleşdirýän bu kolleksiýa, iliňe bir kiçi öýi, ol hem ýaňy ýakynda dikilen namazhanadan ybarat bolýar. Açyk ýalazy çemenleriň üstünde namaz okap duran adamlary göreniňde ýa-da bu namazhanadan habarlary ýok ýa bolmasa-da, ol ýere namaz okamaga gyzyklanmaýarlar. Gum-syrkyn garyşyp duran açyk meýdandaky ýerde iýgi-içgi satyşyp oturan satyjylaryň özlerini alyp barşyny göreniňde, olaryň satyp duran harytlarynyň arassalygy hakda bir uly sorag ýüze çykýar. Olary göreniňde tomaşaçylaryň talabyna laýyk her bir arassa restoran ýa-da namazhana salmaga gurplary çatmadymyka? Diýlen sorag ýüze çykýar. Bu kolleksiýanyň öňki arassaçylyk enjamlaryny gören her bir synçy adam ony soňky wagtlarda täzeden guruljak bolandygyna ünsi çekilýär. Eger şeýle bolan ýagdaynda bu serwisler talaba laýyk bolup durardy.

Bu kolleksiýada diňe bir sport gurluşyklary däl-de, onda ekerançylyk ýerleri hem bagçylyk meýdanlary-da bar. Onda gurap solup oturan bag-bakjalar oňa ýetişiklik edilmändigini aňladýar, her ýylda bugdaý ekişine göýberilýän 100 gektar ýere hem-de 27 gektar iň önümli ekerançylyk ýerde ýerleşen bagçylyk meýdany onuň esasy sermaýasy bolup durýar. Onuň müdiriniň aýtnagyna görä, “Geçmişde örän çuňňur gazylan skwažina guýy gurluşygy hem beýleki ekeran enjamlaryny ýöriteleşdirmekde hiç hili çäre görülmändir.”

Onuň jogapkär işgäri Abdylkerim Suwrynyň aýtmagyna görä, bu kolleksiýada ekerançylyk üçin niýetlenen üç sany guýysyndan iki sany doly bozulan, ol birisi işlesede suw çykaryş gurby iňňän pes derejede dur.

Bu işgär şeýle diýýär: “Onda ulanylýan 8 traktordan 4 traktor işlemäge gurby çatýar. Beýlekiler bolsa, bozulany üçin ulanylmaýar. Ol ýokardaky kemçilikleri nygatamk bilen, bu kolleksiýany täzeden doly gurmak üçin pesinden 2 milliard riýal pul çykdajysy gerekdigini belleýär.”

* At ürşmesi türkmen zenan elinde.

Wezipesini ýylyň başlarynda boýun alan Kümmetkowusyň ippodrom kolleksiýasynyň müdiri şeýle diýýär: “Bu kolleksiýanyň kemçilikleri we bozulmaga tarap hereket etýän nuksanlyklaryny we işde ýüze çykýan bökdençleri hakda gerekli barlaglary geçirildi kem-kemden bu nuksanlaryň ýerini doldurmaga ädim ädilýär.”

Elbetde täzeçe gurmak prosesi arassaçylyk serwisleri we ýaşaýyş plýažlary başlansada munuň kemçilikleriniň köpdigi sebäpli döwletiň býudjet serişdelerinden puly köpräk göýberilmegi talap edýär.[3]

Eýranda atçylyk hünäri dile gelende Eýranyň Gajar hanedanlygynyň prinsessi Luiza Firouzy ýatlamasaň bolmaz. Sebäbi bu zenan öz döwründe “ Banuýe äsb-e iran (Eýranyň At Hatyny)” dilen ada eýe bolupdyr. Bu zanan hakda wikipediýanyň açyk inseklopediýasynda şeýle setirlere gabat gelýäris: “ – Amerikada dogulan Louise Firouz Eýranyň atşynasy hem atlaryň täze tohumlaşdyryş ylmynyň döredijisi hökmünde tanalýar. Şeýle hem ol Eýranyň Gajar soltanlyk maşgalasyndan we Eýranlylaryň prinsessi bolmaklygy bilen,  ady “ Eýranyň At Zenany”  lakamy bilen hem meşhurdy.".[1]

Luise Firouz türkmen Kaspien atly atlaryny(Hazar atlary) täzeden ösdürip ýetişdiriş, Eýranda atlary nesilleşdiriş ulgamlarynyň dübüni tutan şahsyýetleriň ýeke-täk biridir. Hazar atlary tohumy türkmen atlarynyň has ýitip barýan nesilleri bolupdyr. Firouz hanym ony täzeden instrumental döretmegi başarypdyr.

Ol özüniň ýarym asyr ömrüni Eýranyň demirgazyk böleginde geçirýar. Soňky wagtlarda Türkmensährada “Türkmen Atlary Nesilleşdiriş we Geňeş” firmasy bilen ýakyndan işleşip başlap, türkmen işöwürlere gerekli kömekleri berip durupdyr.

Aşakda Türkmen atlarynyň ýokary bilimli işöwüri Luise Firouz hakda berilen linklere hem ünsiňizi çekýärin:

1. Louise Firouz, Horse Breeder, Dies at 74 http://www.nytimes.com/2008/06/02/world/middleeast/02firouz.html

2. Louise Firouz Champion of the Caspian Horse, dead at 78 http://www.iranian.com/main/singlepage/2008/louise-firouz

... Bu Gajar hanedanlygynyň at-esbaply zana maşgalasy hakynda iň soňky sapar metbugat sahypalarynda dünýäden gidendigi hem gysgaça durmuş terjimehaly hakynda maglumatlar beripdirler.:

**************

* At çapgy meýdany

* çapgynyň gyzykly sahnasy

* Dazlym atly at

·        Soňky aýlaw

* Baýrak alan at


[1] Touse-eỳe sadrat, sal-e sewwom şomareỳe äwwäl, Tehran-1380 ş., 33-32 sah

[2] Golestan-e Iran ”, (görk. iş), 7 sah.

[3] Şol ỳerde