b). Mawy ýangyç, demir ýol we senagat gurluşyk meseleler. “Türkmengiprowodhoz” institutynyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, Pulhatyn diýilen ýerde ýerleşjek / Sarahs / suw howdany suwuň I milliard 250 million kub metrini ýerleşdirer. Bu bolsa türkmen-eýran serhediniň iki tarapyndan ýerleriň 20 müň gektaryny suwarmaga mümkinçilik berer. Kiçeňräk elektrik stanciýalaryň 2 sanysyny goşmak bilen,şu suw howdanynyň ähli desgalarynyň bahasy ABŞ-nyň 167 million dollaryndan gowrak bolar. Eýranyň Energetika Ministriniň orunbasary R. Zargýar geljekki bendiň özara peýdaly we uzak möhletleýin türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtap, bendiň gurluşygy boýunça bilelikdäki direkciýa goňşy döwletleriň territoriýasynda, şeýle hem üçünji ýurtlaryň buýurmalary boýunça şular ýaly suw desgalarynyň taslamalaryny amala aşyrmak üçin zerur bolan tejribäni toplarlar diýip ynam bildirdi.[1] Tähranda geçirilen nebit we gaz babatda hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-eýran gepleşikleri netijeli boldy. Şol gepleşikde ýangyç-energetika babatda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini hemme taraplaýyn ara alynyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Gurbanmyradowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň hökümet delegaciýasy Tährana ugrady.Delegaciýanyň düzüminde Türkmenistanyň nebit we gaz ministri R.Orazow “Türkmennebitgaz” Döwlet söwda korporaciýasynyň başlygy B.Rejebow, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ÝO.Kepbanow gatnaşdylar. Eýran Yslam Respublikasynyň nebit we gaz ministri B.Zangeniň baştutanlyk edýän Eýranyň hökümet delegaciýasy bilen iki günlük gepleşikleriň başynda nebit,gaz toplumlaryny, şol sanda Hazar zolagyndaky toplumlary bilelikde işläp taýýarlamagyň meselelerine garalar,üçünji ýurtlaryň uly kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gejekki ugurlary boýunça türkmen energetika serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň türkmen gazyny üçünji ýurtlaryň bazarlarynda erleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmen delegaciýasy Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, onuň Eýran tarapy bilen ähli guramaçylyk-tehniki, maliýe hem-de ýangyç-energetika babatynda köp taraplaýyn türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň beýleki ugurlaryny giňişleýin öwrenmäge ygtyýarlylygy bar. Döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky özara peýdaly hem-de hukukly hyzmatdaşlyk iki goňşy halklaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär we ol haýsydyr bir üçünji ýurtlaryň bähbitlerine ters gelmeýär, bu giň halkara hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýar! -diýip, Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary derejedäki ýolbaşçylary yzygiderli belleýärler.[2] Türkmenistanyň nebit-gazy barada dünýäniň dürli ýurtlary gyzyklanýarlar. Bu ýangyjy diňe bir ýurduň üsti bilen däl-de, eýsem dürli ýerlerden hem gaz turba çekmäge mümkinçiligiň bardygy şu günki gün mälimdir. 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazarüsti ýagyç geçirijiniň taslamasynyň konsersiomynyň agzalary bolan “Pi-Es-Ji Interneşnal”, “Şell Eksploreýşn”, şeýle hem “Behtel Interpraýzis” we “Jeneral Elektrik Kapital Konstakşn änd Faýnes Grupp” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygyň baryşynda çarçuwaly Ylalaşyk-Hazarüsti Gaz Geçirijiniň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň esasy döwletara dokumenti ylalaşyldy, bu kompaniýalar bolsa, “Pi-Es-Ji” kompaniýa pikirdeş kompaniýalardyr. Konsersiomyň baştutany “Pi-Es-Ji” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Edward Smitiň Türkmen-presse aýdyşy ýaly, Hazarüsti döwletleriniň dördüsiniň baştutanlary Ankarada bu möhüm dokumente gol çekmekçidirler. Konsersiomyň agzalary türkmen gazynyň örän uly göwrüminiň bardygy, “Hazarüsti Gaz Geçirijiniň” taslamasyny emele getirdi! -diýip, bellediler. Türkmen gazynyň tassyklanan kommerciýa gazy taslamanyň esasy delilleri bolup çykyş edýär. Duşuşygyň baryşynda Türkmenistan bilen Iňlis-Golland “Şell Eksploreýşn” Kompaniýasynyň arasynda önümleri paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň düzgünlerini işläp taýýarlamagyň meselelerine hem degip geçildiler, bu kompaniýa Türkmenistanyň “Türkmennebit” Döwlet koncerni we “Türkmengaz” bilen bilelikde özüniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň häsiýetini resmileşdirmegi ýakyn wagtda tamamlamagy göz öňünde tutýar. Bu kompaniýanyň wice-prezidenti S.Wisseriň aýtmagyna görä, häzir “Şell Eksploreýşn” gaz ýataklarynyň geljegi uly toplumdaky barlag işlerine goşuldy. Bu gaz ýatagy bolsa, Hazarüsti Gaz Geçirijiniň uglewodorod çeşmeleri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzyň nebit çykaryjy pudagy gije-gündizde 20 müň tonna nebit çykaryp başlady. Şu pudagyň üstümizdäki ýylyň sekiz aýynyň dowamyndaky işiniň jemleri Türkmenistanyň Nebit-Gaz Senagaty we Mineral Serişdeler Ministrliginiň hünärmenleriniň şunuň ýaly derejäniň durnuklydygy hakyndaky netijesini tassyklaýar. Mysal üçin, “Türkmennebit”. Döwlet koncerniniň kärhanalary 1-nji sentýabra çenli 3,9 million tonna nebit çykardylar bu bolsa, geçen ýyldaky /1998-nji ýyldaky/ netijeden 12 göterim köpdür. Ýurdumyzyň günbataryndaky çykarylan gazyň ýarasyna golaýy Körpeje- Kürtkuý[3] gaz geçirijisi boyunça Eýrana iberildi. Suwuk katalitik kreking ustanowkasynyň durkuny täzelemek baradaky indiki taslamany amala aşyrmagyň depgini hem güýçlenýär. Bu ýerde Fransiýanyň “Tehnip” firmasy hem-de Eýranyň Milli Nebit Kompaniýasy tagallalaryny birleşdirdiler. Olar su ustanowkany indiki ýylyň /2000 Y./ başynda ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarlar.[4] Ykdysady babatda Eýran bilen Türkmenistanyň serhedi açylandan beýläk Eýranly täjirleriniň köpüsi Orta Aziýadaky ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynda zyýan çekenleri üçin söwda gatnaşyklaryň prinsipi barada täzeçe seredilip başlandy. Garaşssyz Türkmenistan bilen Eýranly täjirleriň söwda gatnaşyklaryny aktiw bilelikde alnyp barylmagy üçin Türkmensähranyň Gülüstan welaýýatyndaky Bendertürkmen port şäheri bilen Aşagabat şäherinde uly söwda merkeziniň açylmagyny teklip edildi. Bu uly firma Aşgabatda eýranly maýýadarlaryň söwda işlerini usully ýöretmek üçin 100 müň kwadrat metr meýdany bilen 7 müň kwadrat metr fundamenti hem 54 powlen /powlin/ guramalary we beýleki mümkinçilikleri ýagny restoran, ýatakhana we arassaçylyk serwisleri, harytlaryň gümrük hasabatlary hem gümrükden çykaryş edara dolanşyklaryna bölünip, baskul /uly gapan/ konselýariýa edara hyzmat işleri, transport ofisleri, harytlary saklaýyş çäreleri /ammarlaýyjy ýa-da sklad/... ýaly enjamlar bilen salynýar.[5] Eýranyň Türkmenistandaky Gümrük duralgasy
Gülüstan adyndaky bu firma Gülüstan welaýatyndan daşary sermaýa dolanşygyny giňleşdiriş firmasy esasynda işlär. Onuň baş müdiri Baýramämmet Wekili öz beren söhbetdeşliginde şeýle diýýär: “ Bu firma eýranly täjir maýadarlaryň serhetden daşary göýberilýän sermaýa dolanşyklaryny usully garmoniýada alynyp barylmagynyň merkezi hökmünde işlär. Bu firmanyň merkezi Bendertürkmen port şäherinde ýerleşer.[6] Şol ugurda türkmen täjirleriniň gatnaşyklary has aktiwleşip barýar. Gülüstan welaýatyndaky täjirleri şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi eksport-import işlerinde ýeňillik dörejekdigini aýdýarlar. Şolaryň arasynda Bendertürkmen şäherinden bolan türkmen täjiri Abdyrahym Borna şeýle diýýär: “Şunuň ýaly gümrükhananyň ähmiýeti göýberilýän harytlaryň hili taýdan oňatlaşmagyna tamamlanyp, dünýä standartlaryna gabatlaşyp öndüriler”.[7] Türkmen-Eýran gümrukhanasynyň ammar guruluşygynyň salynan wagt Şeýle rowaçlyklaryň ýüze çykmagyna Türkmenistanda ýola goýulan bazar ykdysadyýetini ýokarlandyryş syýasatlarynyň işeňňir alynyp barylmagynda mümkin bolýar. Şunuň ýaly ykdysady we söwda aragatnaşyklaryň ýola düşmegi üçin Türkmenistanyň prezidenti S. Niýazow 1991-nji ýylyň oktýabrynda TSSP-iň delegaciýasynyň agzalary bilen däp bolan Tähran Halkara Ýarmarkasyna baryp gördüler. Soňra ol we A.A.Welaýati Tährandaky geçirilen gepleşikleriň netijelerinden kanagatlanmak bilen aýeroportda ykdysadyýet, ylym we medeniýet babatdaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler.Ýadygärlik sowgatlaryny alyşdylar. S. A. Niýazow Tährandan Sary şäherine ugramazlygyň öň ýanynda TSSR-iň habarçysyna beren interwýusynda Eýran Yslam Respublika saparynyň şowly geçendigini, Oz ygtyýarly Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikanyň deň hukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça geçen ylalaşyklarynyň möhümdigini bellediler. Eýrana sapary wagtynda ol ymam Homeýniniň Kum şäherindäki guburyna Sary we Maşat şäherlerine baryp gördi.[8] Şeýle hem “1992-nji ýylyň 30-nji ýanwary S. A. Niýazow ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Alyriza Salaryny we Eýranyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Gulamriza Bagyryny kabul etdi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna Türkiýe, Eýran, Päkistan ýaly ýurtlar girýär. Bu gurama Türkmenistanyň hem girmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyldy.[9] Şeýle hem “şol ýylyň fewral aýy S. A. Niýazow Eýranyň prezidenti Aly Akbar Haşemirafsenjany Ykdysady Hyzmatdaşlyk /EKO/ Guramasynyň agzasy bolan ýurtlaryň /EKO-nyň / ýygnagyna gatnaşmaga ýazmaça çakylyk aldy”[10] Türkiýäniň habar jurnalynda Türkmenistan, Eýran we Türkiýäniň üsti bilen göýberiljek gaz-turba çekiliş proýektine “Türkmenistan-Eýran-Türkiýe “Dogalgaz Buraw Ýoly” -diýlip atlandyrypdyrlar.[11] Bu proýekte ýagny Türkmenistan-Eýran-Türkiýe Dogalgaz Burawynyň çekiliş maksatnamasyna dünýäde ady belli “Şell” firmasy hem goşulmak isläp, proýekti çaltlaşdyrmak üçin Türkmenistanyň döwlet baştutany Saparmyrat Niýazowa öz tekliplerini gowşurýarlar.[12] “Şell” firmasynyň başlygy Alan Paraleý, S. Niýazow bilen duşuşandan soňra,: “ Biziň firmamyz Türkmenistanyň dogalgazyny Ewropa ýurtlaryna-da ýetiriş proýektini minnetdarlyk we höwes bilen alyp barar!” diýip nygtady. “Aşgabat zyýaratynyň maksady bilen bagly bir sorag “Türkmenistan Eýran-Türkiýe” tebigy gaz geçirmek meýilnamasynyň amala aşyrylmagynyň tizleşdiriliş babatda pikirler orta atdym!” -diýip aýdan Paraleý,ýene-de: “Türkiýe-Türkmenistan-Eýran häkimiýetleriniň niýetlän bu meýilnamasyna “Şell” hem goşuluşsa bu işiň amala aşyrylmasyna ähmiýetli täsir etjekdir” -diýip, nygtady.[13] 1990-nji ýyldan bäri dünýäde hususanam Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçip duran özgerişler Eýranyň Demirgazyk bölegindäki welaýatlara hem öz täsirini galdyrýar. Şeýle özgerişler bilen birlikde Gülüstan welaýatyndaky /Türkmensährada/ taryhyň ýowuz şertlerinde port häsiýetinden düşürilen Bendertürkmen port şäheri täzeden janlanýar. Bendertürkmen port şäheri Hazar deňziniň günorta-gündogar çüňkünde strategik häsiýetli mekanda erleşýär. Bu şäher ikinji jahan urşuna çenli “port” görnüşini saklap onda dünýäniň dürli ýerine gel-gitli syýasy-medeni, ykdysady hem söwda ugurlarynda deňiz gatnaşyklary bolup durupdyr. Iň soňky sapar ikinji jahan urşunda öňki SSSR-iň faşistik Germaniýa üstün çykmagynda-da bu port şäheriniň üsti bilen Amerikanyň ýarag we harby enjamlaryny SSSR-iň goşunlaryna ýetirilip durulmagy sebäp bolupdyr. Ikinji jahan urşy döwründe faşistik Germaniýa üstün çykylmagynyň bir uly sebäpkäri bolany üçin bu şähere we häzirki Güdürolum geçelgä “Pol-e piruzi /üstünlik köprüsi” -diýlen, ady berlipdir. II-nji jahan urşundan soň jahan syýasatlarynyň üýtgemegi bilen bu şäheri deňiz port häsiýetinden pese düşürildi. Ýöne häzirki zaman onda dürli port enjamlary täzeden dikeldilip başlany bäri şäher öz hakyky adyna eýe bolmagyň ýörelgesine düşdi. Bu şäher 60 ýyldan soň täzeden janlanýar. Bu şäheriň deňiz gyrasynda “Eskele” diýlen port enjamlary öňki wagtda gurlup “priçal” enjamlary ulanylman çüýräp galypdyr. Häzirki zaman bu enjamlary has giňişleýin alnyp barylýar. Eýran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyň hem Garaşsyz ýurtlaryň aragatnaşyklary açylandan beýläk günsaýyn diýen ýaly bu şäheriň hem ähmiýeti has ýokarlanýar. Bu port şäherinden Gülüstan welaýatynyň deňiz söwda eksportlarynyň köpüsini Türkmenistan bilen Gazagystana ýollaýarlar. Şeýle hem bu şäheriň balykçylyk Şilat edarasynyň tarapyndan gyzyl balyk, işbil önümleriň iňňän köpüsi öndürilýär. Bendertürkmen şäheri Orta Aziýa ýurtlaryna iň ýakyn port şäheriniň biri hökmünde, onda demirýol enjamlary hem region boýunça eksport göýberiji gurby, nebit we oňa degişli materiallary tranzit etmäge ähmiýeti has ýokarlanýar. Bendertürkmen şäheristanynyň welaýat häkimi Agaýi Akbary şeýle diýýär: “Deňziň özegini uly gämileriň gatnawy üçin deňziň ýörite çuňlaşdyrylan belli meýdany boýunça marşruty, çuňlaşdyrma çäreleri ýerine ýetirilenden soň, 500 tonna agramly gämileriň gel-gidi başlanar”. [14] 1998-nji ýylyň dowamynda /bir ýyl/ 9483 daşary ýurtly uly konteýner maşynlar 190 müň tonna haryt bilen Inçeburun gýmrukhanasyndan tranzit ýollanylypdyr. Şeýle hem 130 müň tonna haryt 8225 sany Eýranyň öz içeri uly konteýner maşynlarynyň üsti bilen Inçeburun serhetinden Orta Aziýa hem Orsýet ýurtlaryna göýberilipdir. Türkmenistanyň Horasan welaýatynyň Gowdan-Bajgiran serhet geçelgesinden üstümizdäki 8 aýyň dowamynda geçirilen harytlaryň hasabaty boýunça şonuň 98 göterimi ýagny 10988 sany maşyn Eýranyň ýük harytlaryny geçirilipdir. Şolardan 6568 sany awtoulaglar turist görnüşinde 3693 sany maşyn daşary ýurtlardan we 727 sany awtoulaglar ýönekeý gatnaşyklar boýunça geçirilipdir. Şeýle hem şol bir wagtyň özünde 1269 sany ýolagçy awtobus ulaglary bilen gatnadylypdyr. Bütin Eýran boýunça Bajgiran geçelgesi Eýranyň Bazirgan, Astara hem Husrowy serhet geçelgelerinden soň dördünji ýerde orun tutýar”[15] Şeýle bir erkin gatnaşyklaryň düýbi 1992-nji ýylda tutuldy. Şol ýylyň 16-nji fewralynda S. Niýazow Türkmenistanyň hökümet delegaciýasyna baştutanlyk edip, Eýranyň, Päkistanyň, Türkiýäniň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk guramasynyň konferenciýasyna gatnaşmak üçin Tährana ugrady. Şol aýyň dowamynda (17ne) ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň işine gatnaşdy. Şol günüň dowamynda Eýranyň üstünden gaz geçirijisini çekmek hakynda Maşat Sarahs-Tejen demir ýolunyň gurluşygy barasynda,serhet geçelgelerini halkara geçelgelerine öwürmek barada gürrüň etdiler. Şol konferensiýada S. Niýazow Kaspi boýundaky döwletleriniň guramasynyň /Eýran, Azerbaýjan, Türkmenistan we Russiýa bilen Gazagystandan gözegçileriň gatnaşmagyndaky/ mejlisine gatnaşdy. Mejlis Kaspi deňziniň boýuny bilelikde peýdalanmagyň perspektiwalaryna garadylar. Ýene-de şol saparda S. Niýazow bilen A. H. Rafsenjanyny Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky memorandumyna gol çekdiler.[16] Eýranyň “jar” atly jurnaly, “Eýran bilen-Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygy” mowzugda ýurtlar arasynda ylmy, senagat we söwda ugurlarynda göýberilýän metbugat serişdeleriniň biridir. Onda ýatlanan dürli gatnaşyklar hakynda makalalar goýberilýär. Şolaryň birinde “Ewropa we Aziýa ýurtlary materikada koridordyr!” -diýlen temada Eýran Yslam Respublikasynyň geografiki şertlerine demirgazykda Hazar deňzi bilen araçäk bolup günortadan bolsa, Pars aýlagynyň yssy suwlaryna degişli bolany sebäpli, Aziýa bilen Ewropany birleşdirýän strategiki ähmiýetiniň bardygyny nygtap geçýär.[17] Orta Aziýa Respublikalary SSSR bileleşigi dagandan bäri Orşýetden aýratyn we doly garaşsyz syýasat alyp barmagy maksat edinip özleri kämil döwlet hökmünde ýurdy dolandyrjakdyklaryna we üçünji müň ýyllyga garaşsyz ýurt bolup girjekdiklerine ynam bilen gadam basýarlar.Olar diňe özleri bolup dünýä transportyna çykmaga ymtylýarlar. Häzir Türkmenistan-Eýran demir ýoly işläp başlany bäri iki ýurda doly girdejili iş bolup durdy. Şol arada Özbegistan hem “Kaspiden transport koridor” ugry bilen Aşgabat-Türkmenbaşy(Şagadam)-Baku ýoluny ulanyp ýurduna ykdysady üstünlikleri döretdi.[18] Amerika döwleti energiýa goýumlary boýunça Hazar we deňiz ýaka ýurtlary dünýäde iň baý ýurtlary hökmünde hasap edip, Hazar deňziniň nebtini almakda öz daşary ýurtlara goýberýän maýa goýumlary boýunça ilkinji nobatda durýar.[19] Gülüstan welaýatynyň deňizde awçylyk önümleri hakda “Gülşän-e Mehr”, “Peýk-e Hazar” hem beýleki oňa degişli welaýat gazýet-jurnallarda gerekli maglumatlar berilýär. Şolaryň arasynda “Gülşän-e Mehr” gazýetinde “Gülüstan welaýatyndan 9 müň kilogramdan gowrak işbil önümleri Ewropa bazarlaryna ekspot edildi!” diýlen mowzug bilen şeýle maglumatlary orta atylýar: Gülüstan welaýatynyň mal-gara medisinasynyň general müdürligi şeýle diýdi: “Şu ýylyň dowamynda /2001 ý./ bu welaýatdan 9 müň bir ýüz otuz alty kilogram işbil önümleri Ewropa soýuzyndaky ýurtlara eksport edildi. Yslam Respublikasynyň habar agentliginiň beren habaryna görä, Huseýin Zehmat Irna habar agentligine çarşenbedäki söhbetdeşliginde goşmaça şeýle diýdi: “Gülüstan welaýatyndan Ewropa soýuzyndaky ýurtlara, üstümizdäki ýylyň dowamynda 17 müň we 930 kilogram işbili, gyzyl balyklaryň eti hem bu soýuzyň göz öňüne tutan kada-düzgünleri boýunça eksport edildi. Onuň aýtmagyna görä, Gülüstan welaýatynyň mal-gara medisina saglyk saklaýyş Merkezi edarasynyň tarapyndan tassyklanylan eksportlar, Ewropa birleşiginiň ynamly edarasy hökmünde islendik arassalygy we standart hilini göz öňüne tutup şol ýurtlar üçin gaplanyp eksport edilýär. Ol şeýle diýdi: “Welaýat mal-gara medisinasy” edarasy tarapyndan “Inçeburun” gümrükhanasynda ýerleşdirilen mal-gara baradaky karantin post mal-garalaryň ham deri önümleriniň tranzit göýberilişine gözegçilik edip, şol ugurda şu ýylyň dowamynda 16 müň sany goýundyr sygryň derisi we goýunyň içegesiniň eksport edilmegine tranzit rugsatnamasyny göýberdi. Ol sözüni şeýle dowam etdirilýär: “Bu ýükler Orta Aziýa ýurtlaryndan getirilip Türkiýä tarap äkidilýär. Olary Inçeburun gümrükhanasynda ýerleşdirilen “Mal-Gara Karantina” bölüminde ähli arassaçylyk we saglyk saklaýyş şertlerini barlagdan geçirilip, tranzit rugsatnamasyny berilip göýberilýändir. Doktor Zehtap welaýat boýunça mal-gara medisina tarapyndan takyk gözegçiliginiň bolýandygyny nygtamak bilen şeýle diýdi: “Ýylyň başky 3 aýlygyndaky et kombinatynda öldürilen mal-garalardan 5 müň sany sygyr, goýun we guşlaryň läşleri we 10 müň sany bagyr-öýken saglyk saklaýyş şertlerine gabat gelmändigi sebäpli olary gadagan edilip ýok edildi.[20] Ýurtda söwda ulgamlaryny ösdürmek üçin pul gatnaşyklarynyň tertibini ýola salmak gerekdi. SSSR-iň durgunlyk döwründen çüýräp galan bank ulgamlaryny täzeden işläp ösdürmegi talap edýärdi. Şol ugurda Türkmenistanyň prezidenti S. Niýazow dürli çäreleri alyp barmaga synanyşdy. Bank ulgamyny täzeden kadrlaşdyryp olary Ýaponiýa, Amerika, Germaniýa we Eýran ýaly bank ulgamlarynyň ösen ýurtlaryna iş öwrenmäge ýolladylar. 1992-nji ýylyň 4-nji martynda S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana resmi sapar bilen gelen, Merkezi bankynyň başlygy Adeli kabul etdi. Týrkmenistana Eýran kreditleriniň berilmegi, türkmen ýaşlaryna bank işini öwretmäge ýardam etmek meselelerine garaldy. Şeýle hem 1992-nji ýylyň 9-nji maýynda S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aly Akbar Haşemi Rafsenjany bilen duşuşdy we iki döwletiň hyzmatdaşlygy hakynda gepleşik geçirildi. Şol aýyň 11-nji güni Rafsenjany bilen bilelikde Eýranyň uly söwda Merkeziniň prezidensiýasyna we Türkmenistandan Eýranyň “Sadrat” bankynyň bölüminiň açylyşyna gatnaşdy. Şol günüň dowamynda S. Niýazow bilen Rafsenjany Mary welaýatyna sapara çykdylar. Olar Mary etrabynyň “Ýeňiş” kolhozynyň zähmetkeşleri bilen, duşuşdylar. Şeýle hem olar dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky memoranduma bank işleri baradaky tranzit aragatnaşyklar hakyndaky dokumentlere gol çekdiler. Netijeler 1992-nji ýylyň 13-nji maýynda “Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk prinsipleri hakyndaky memorandum çap edildi. Oňa S. Niýazow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti A. H. Rafsenjany 11-nji maýda Aşgabatda gol çekipdirler. [21] Görüp otursak nebit-gaz meselesi ýyl saýyn geçdigiçe dünýä konkurensiýasynda iň gymmatly maddalaryň birine öwrülipdir. Bu gymmatly maddany öz gerekli ýerinde amatly bahadan ýerleşdirmek üçin Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri aladasyny edilip gaýdyldy. Şeýle aladalaryň esasynda 1992-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň prezidenti S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit Ministri Gulamriza Agazada bilen duşuşdy we türkmen gazyny Eýranyň üstünden geçirmek meselesi boýunça gürrüňdeş boldy. Şol aýyň 16-na Eýranyň Daşary Işler Ministriniň orunbasary Mir Mehdi we Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Bagyry bilen duşuşdy. Iki ýurduň arasynda awtomobiller arkaly ýük daşamak, Maşatda we Maryda konsullyklary açmak hem beýleki meseleler hakynda gürrüň edildi.[22] Eýranyň üstünden Ewropa ýurtlaryna nebit-gaz göýbermeklik Garaşsyz Türkmenistan üçin amatly şert bolsa-da, Amerika döwleti öz soýuzdaşlary bilen bu meselä täzeçe seretdi. Ýokarda ýatlap geçişimiz ýaly Hazar deňziniň astyndan geçiriljek turbanyň uzynlygy 2000 kilometre barabar diýlip hasap çykarylypdyr. Halkara işöwürleriň aýtmagyna görä, bu meýilnamany ýöriteleşdirilip ýerine ýetirmek üçin,dört milliard dollar çykdajy talap edýändigine güwä geçdiler. Bu gaz geçiriji turba arkaly Türkmenistan bir ýylda 16 milliard kubametr gazyny her müň kubametr boýunça 78 dollardan Türkiýä satmaga mümkinçilik gazanyp maksat edinýärler. Bu şertnama ony gol çeken ýurtlar ylaýtada Türkmenistan üçin strategiki ähmiýeti bolup durýar. Sebäbi diýseň syýasy taýdan bu respublikalaryň garaşsyzlygyny mäkämleşdirýär. Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky ýurtlar bu şertnama gol çekmegi bilen öz garaşsyzlygynyň ugrunda aýgytly bir ädim ädipdirler diýip hasap etse bolar.[23] Eýran-Türkmen hemme taraplaýyn gatnaşyklarynda nebit-gaz meselesi ähmiýetli gatnaşyklaryň biri hökmünde alnyp barylýar. 1993-nji ýylyň 29-nji noýabrynda Saparmyrat Niýazow Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde elektrik energiýasyny Türkiýä, Demirgazyk Eýrana we Ermenistana bermek, şeýle hem Eýranyň Demirgazyk welaýatlary bolan Mazenderan /Häzirki Gülüstan welaýaty hem şonuň içinde/ we Horasany gaz bilen goşmaça üpjün etmek baradaky toslama garadylar.[24] Şeýle hem 1994-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Saparmyrat Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Mehdi Haşemi Rafsenjanynyň baştutanlygyndaky Eýranyň nebit we gaz baradaky spesiýalistleriniň delegasiýasyny kabul etdiler.[25] Şeýle dostluk we doganlykly ähli taraplaýyn gatnaşyklaryň esasynda Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanda ykdysadyýeti ösdürmegiň ugrunda dürli işler alnyp barylýar. Şolardan hem eýranlylaryň tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanda gurulan “ Kaolin kärhanasy” bolup durýar. Bu kaolin arassalaýjy 20 müň tonnalyk zawod Eýranda spesiýalistleriň /işöwürleriň/ ykdysady toparlarynyň tarapyndan alnyp baryldy. “Eýran” gazýetiniň ykdysady habarçysynyň habar bermegine görä, 1993-nji ýyldaky Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapar edip, iki ýurduň ylalaşyk şertnamasyna gol çekişenden soň, Eýranyň “Eksportlary Giňeldiş Banky” bu kärhanany gurmak üçin 7 million 600 müň dollar maýa goýum Türkmenistanyň ygtyýarynda /erkinde/ goýdy. Ýaňy-ýakynda bu proýektiň alnyp barylyşyndan barlag geçiren Eýranyň “Magdan we Metal Ministrliginiň” halkara işleriniň ýokary müdiri Muhammettagyzada Ensarynyň aýtmagyna görä, “Bu kärhananyň soňky guruluş etaplary hem Eýranly işöwürleriniň tarapyndan Aşgabat şäheriniň günbatarynda ýerine ýetirilip dur. Onuň 90 göterimi gurulyş enjamlary Eýranyň özünde ýasalýar. Şeýle hem bütin proýektiň çyzuw işleri, gurluşyk işleriň tehniki enjamlarynyň ýasalmagy we bu proyektiň oturdylmagy eýranly injinerler toparynyň tarapyndan ýerine ýetirilýär.[26] 2000-nji ýylda Eýranyň Horasan welaýatynyň üç geçelge nokadyndan 4800 sany eýranly Türkmenistana sapar edipdir. Emma oňa derek bu sanyň 9 essesi ýagny 43 müň adamdan gowurak türkmenistanly Eýrana gidip-gelipdirler. “Jemhury Yslamy” habarpressiniň habar bermegine görä, eýranlylar köplenç Aşgabat şäheriniň 40 kilometrindäki “Bajgiran” serhet geçelgesinden Türkmenistana sapar edipdirler. Olaryň Aşgabada geçenleriniň sany geçen ýylda 3470 sany adamdan ybarat bolupdyr. Şeýle hem “Lütfabad” / artyk / serhet geçelgesi Türkmenistan ilatynyň iň möhüm geçelgesi bolup durýar. Sebäbi geçen ýylyň statistikasy boýunça 36525 sany adam bu serhet geçelgesinden geçmegi onuň şaýadydyr. Lütfabad, Bajgiran we Sarahs geçelgelerinden başga-da Gülüstan welaýatyndaky / Türkmensähra / “März-e pol / Güdürolum /” serhet geçelgesi hem iki ýurduň ilatynyň köp sanda gel-gitleriniň şaýady bolup durýar. Eýranly serhet işgärleriniň aýtmagyna görä, bu geçelgeden köplenç agyr ýükli transport ulaglarynyň gel-gitleri bolup durýar. Berlen statistikanyň görkezmegine görä, türkmenler geçen ýylyň murdat, aban we azar / iýul, awgust, sentýabr / aýlarynda iň köp gatnawlary Eýrana ýola goýupdyrlar. Onuň deregine bolsa, Eýranly ilat köplenç mart aýynyň nowruz günlerinde Türkmenistana sapara edipdirler.[27] Iki ýurduň aragatnaşyklarynyň açylandan beýläk iki tarapyň ilaty ululy-kiçili dürli söwda gatnaşyklary alyp bardylar. Şeýle gatnaşyklaryň düýbi 1993-nji ýyldan bäri giň gerim alyp gaýtdy. Şol ýylyň 1-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary Işler Ministri Aly Akbar Welaýatynyň baştutanlygyndaky delegasiýasynyň Türkmenistana resmi sapary we onuň S. Niýazow bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda regiondaky ýagdaý, syýasy, söwda-ykdysady we beýleki babatlardaky gatnaşyklary giňeltmek problemalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary hakyndaky memoranduma gol çekildi. Şol ýylyň 30-njy aprelinde bolsa, S. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda Ministri Wahibini / Wahajyny / kabul etdi. Kabul edişlikde iki döwletiň özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Bank ulgamlaryny kämilleşdirmek, awtomobil ýol gurmak, deňiz we howa gatnawyny ýola goýmak ýaly meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.[28] Häzir umumy ilat gatnaşyklary has giň gerim aldy. Köpüsi işöwür türkmen zenanlaryndan düzülýän toparlar öz satyn alýan harytlaryny Türkmenistanyň bazarlarynda ýerlemek üçin Eýrana gatnaýarlar. Bu toparlar Eýranyň arzan satylýan harytlaryny satyn alyp Türkmenistanyň bazarlarynda ylaýta-da “jygyllyk bazarda /ýekşenbe bazar/” we harytlary kültüm satylýan ýerlerde ýerleýärler. Edilýän harytlaryň käbirleri Eýranyň ikinji we üçünji sortdaky harytlaryndan ybarat. Olaryň pes hilliligine garamazdan hiç hili barlagsyz Türkmenistana geçirilýändigi, bu söwdegärleri gyzyklandyrýar. Ikinji bir tarapdan Aşgabadyň bazarlarynda Eýranyň ygtybarly kärhanalarynyň önümleri hem göýberilip dur. Olar beýleki harytlar ýaly diňe konkurenciýa girişip bilmeýändigi üçin däl-de, eýsem, olary bazarlarda satmak müşderileriň arasynda ýaramaz täsirleri galdyrýar. Ygtybarly kärhanalaryň önümleri bolsa, Türkmenistan ilatynyň hemişelik isleg bildirýän harytlarydyr. Iýmit, ýelim gap-gaçlar, adyýol we arassalaýyjy maddalar ýaly harytlar türkmen zenanlaryň iň möhüm harytlary hökmünde Horasan welaýatynyň bazarlaryny özüne mahsus edipdir. Dürli pasyllarda miweleriň gidişi oňat rowaçlykdan habar berýär. Türkmenistanyň bazarlarynda beýleki ýurtlaryň hem harytlary görünýär. Emma şeýle şertlerde Türkmenistanyň bazarlarynda Hytaý bilen Türkiýe öz harytlaryny ýerlemäge ýokary mümkinçilikleri özlerine mahsus edipdirler. Eýran Yslam Respublikasy öz tarapyndan wizuw meselesini ýatyrandan beýläk türkmenler geçen ýyllarda “içlik” serhet pasportlary bilen has erkin Eýrana gatnap başladylar. Emma ilatyň ulanýan içlik serhet pasporty diňe serhet boýundakylara mahsus bolup durdy. Bu içlik serhet pasportynda 40 kilometr iki ýurduň içki serhetinden daş çykmasyzlyk kanuny Eýrandan haryt daşaýan eýranly türkmen söwdagärleriniň öňünde uly böwet bolup durdy. Türkmen zenan maşgalalaryň köp bölegi diňe şu ugurdan öz güzeranlaryny geçirýärler. Olar her sapar gümrük salgydyndan boşadylyp, 1000 dollara barabar Eýrandan Türkmenistana haryt daşamaga mümkinçilik döredildi. Eýranlylar dolanyp gelişlerine özleri bilen az haryt getirýärler. Sebäbi ol ýerdäki harytlaryň bahasy şol harydyň Eýrandaky bahasy bilen deň, kähalatlarda gymmatly hem bolupdyr.[29] Eýranyň “Ebrar Egtesady” atly gazýetinde; Eýranyň üstünden Ermenistana gaz eksport ediljekdigi hakynda şeýle maglumatlara gabat gelýäris: “Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Niýazow ermeni orundaşy bilen duşuşygynda Türkmenistanyň gazyny bu ýurda satmak hakda gürrüňdeşlik geçirdiler”.[30] Garaşsyz Türkmenistanyň nebit-gaz önümini daşary ýurtlara eksport etmegiň aladasy köpden bäri alnyp barylýar. 1994-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Eýranyň nebit-gaz ministri Agazade Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen Ewropa çekiljek gaz prowodynyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirilip başlanmagyna taýýarlyk görülýändigi hakynda habar berdi.[31] Şeýle hem 1995-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň prezidentiniň baştutanlyk etmeginde gazy we nebti Türkmenistandan dünýä bazaryna eksport etmegi guramagyň meseleleri baradaky döwletara sowetiniň mejlisi boldy. Oňa Türkmenistanyň , Eýranyň , Russiýanyň, Türkiýäniň we Gazagystanyň energetika kompleksleriniň baştutanlary gatnaşdylar. Saparmyrat Niýazow Türkmenistan-Eýran-Türliýe-Ewropa gaz prowodynyň gurluşygynyň dürli aspektleri hakynda şeýle hem Türkmenistandaky nebit-gaz ýataklarynyň özleşdirilişi barada gürrüň berdi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň territoriýasynda-da, Eýranda-da gaz prowodynyň gurulşygyny bir wagtyň özünde 1995-nji ýylyň maýynda başlamagy karar etdiler.[32] Merkezi Aziýadan önýän nebit-gaz önümleri hakda dünýäde uly döwletleriň arasynda bäsleşlik gidýär. Eýranyň “hämşähri” gazýetiniň Orsýediň “Nezawisimaýa” gazýetine salgylanyp “Amerika dünýäniň nebit ýataklarynyň yzynda” atly göýberen makalasynda şeýle bellikleri belläp geçýär: “Eger-de Amerika Özbegistandan, Gazagystandan we Türkmenistandan arzan gaz satyn alyp bilse, Opeýk we Orsýediň häzirki nebit-gaz hakdaky ykbal çözüji ýerligi maliýe we syýasy taýdan has pese gaçar.” diýip nygtalýar.[33] ... - Balyk awçylygy: Kaspi deňziniň baýlyklarynyň biri hem onuň işbilli gyzyl balyklary bolup durýar. Kaspiniň günorta-gündogar gyralarynda bu önüm rejeli peýdalanylýar. Onuň önümi her ýylyň belli möwsüminde ýagny tomus we güýz pasyllarynda ýerine ýetirilýär. Beýle önümlere Eýranyň “Şilat” edarasy gözegçilik edýär. Gülüstan welaýatynyň “Şilat” edarasynyň umumy gatnaşyklarynyň habar bermegine görä, welaýat boýunça “Şilat” edarasynyň baş müdiri Dr. Seýidapbas Huseýin şeýle yglan edýär: “Welaýatyň işbilli gyzyl balyklary awlaýan awandalar, Eýran bilen Türkmenistanyň / Magtymguly adyndaky Serhet Gözegçilik Nokady/ deňiz serhetlerinden başlap Miankala ýarym adasynyň günbatar serhetlerine çenli işbilli gyzyl balyklary awlamaga girişdiler. Ol şeýle diýdi: Elimizdäki bar bolan statistiki maglumatlara görä, Eýranyň 43 göterim işbil önümleri Gülüstan welaýatynyň Şilat edarasynyň tarapyndan öndürilýär. Geçen ýylyň dowamynda bu edara tarapyndan 40542 kilogram işbil öndürilipdir. Şeýle mukdardaky önüm göz öňüne tutulan meýilnamadan 6 tonnadan agdyk artykmajy bilen öndürilipdir. Bendertürkmen şäheristanynyň “Şilat” edarasynyň müdiri Mähändes Alijan Fahretdin şeýle diýýär: “Işbilli balyklary awlamak üçin 295 sany işjeň awandalar 91 sany aw gaýyklary bilen “Şerekät-e Sahami-e Hass-e Wahdat” hususylaşdyrylan edara ulgamynda we “Şerekät-e ta,avoný-e Kümüşdepe” kooperatiw düzgüninde sazlaşdyrylyp gulluk edýärler. Ol Miankala aw zonasynda ilkinji 15 kilogramlyk agramly balygyň tutulandygyny habar berip şeýle diýýär: “-Bu “Çalbaş” diýlip atlandyrylýan işbilli balykdan 5 kilogram işbil emele gelipdir. Dr. Seýidapbas Huseýni şeýle diýýär: “Welaýatda “Sedd-e Woşmgir” atly suw bendinde işbilli balyklary köpeldiliş çärelerini ýöretmek üçin 2 sany merkez açylyp awlanýan balyklaryň möçberine görä her ýylda millionlarça işbilli balyklaryň awçalaryny (balyk çagalary) ýetişdirilip 3-den 5 gram agramlaryna ýetende ýatlanan köpeldiliş merkezinden deňziň balyk baýlygyny ýitirmezsizlik üçin deňze göýberilýär.[34] ... * * * Eýran-Türkmen gatnaşyklaryny senagat boýunça ýokary depginde alynyp barylýar. Esasanam nebit-gaz pudaklarynda eýranlylar has işeňňir gatnaşýarlar. Eýranyň Milli Nebit-injenering Gurluşyk Kompaniýasynyň bölümleri türkmen ýangyjyny Eýranyň demirgazyk welaýatlaryna berýän Körpeje-Gurtguýy (Kürtkuý) gaz geçirijisine täze uzelini birleşdirmek işlerine başladylar. Bu kompaniýa gaz geçirijisiniň gurluşygy başlanan wagtynda 1996-njy ýyldan bäri onuň baş potratçysydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmen-Eýran gaz geçirijisi 1997-nji ýylyň dekabrynda dabaraly açylyşy bolup geçdi. Bu gaz geçirijisi şol wagtdan bäri “Türkmen Nebit-Gaz” döwlet koorporaciýasynyň hem-de Eýranyň Nebit Ministrliginiň Milli Gaz Kompaniýasynyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, wagtlaýyn ulanmak düzgüninde işleýýär. Gurluşyk hakyndaky şertnama boýunça eýranly potrotça serhetdäki ölçeýji uzeli hem-de Körpeje ýatagyndaky gazy toplumlaýyn taýýarlaýjy desgany tabşyrmaklyk galdy. Şu iki desganyň bahasy bolsa, şertnamanyň umumy bahasyna girýär. Ol bolsa, ABŞ-nyň 195 million dollaryna barabardyr. Işe girizilen pursatyndan bäri gazy ibermäge taýýarlamak işlerini türkmen gurluşykçylarynyň Körpeje ýatagynda gurlan pes temperaturaly gaz paýlaýjy enjam üpjün edýär. Şunuň netijesinde hem ol wagtlaýyn işläp başlady. Emma bu enjam diňe gazyň ýylda 5 milliard kub metrine golaýyny üpjün edip bilýär. Gaz geçirijisiniň taslamada bellenilen kuwwatlylygy bolsa, 8 milliard kub metre barabardyr. Körpeje ýatagynda gazy toplumlaýyn taýýarlaýan desganyň gurluşygy häzir ahyrky tapgyryna gadam basdy. /1999-njy ýyl/ ... Gurluşyk- montajlaýyş işleriniň 80 göterime golaýy ýerine ýetirildi. Eýranly hünärmenleriň ynandyryşlary ýaly gurluşyk şertnamasy şu ýylyň ahyrynda doly tamamlanar.[35] Söwda we senagat gatnaşyklarynda düpli alnyp barylan hyzmatdaşlyklaryň uly göwrümüniň biri “ Körpeje-Gurtguýy ( Kürtkuý)” gurluşygydyr. “Körpeje-Gurtguýy” Türkmen-Eýran Gaz Geçirijiniň ulanylmaga berlen wagtyndan bäri geçen sekiz aýda ( 1998 ý.) Türkmenistandan, Eýrana ilkinji milliard kub metr gazyny akdyryldy. Prezidentler Saparmyrat Niýazow we Seýt Muhammat Hatemi bu gaz geçirijiniň işe girizilmegini iki döwletiň hýzmatdaşlygy hökmünde hem, sebitiň ýangyjyny dünýä bazaryna eksport etmegiň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi höküminde hem bellidir . Häzir Türkmenistan üçin 200 kilometirlik gaz geçiriji (taslamasy işlenilip taýarlanylýan 1400 kilometirlik Türkmen-Eýran Türk gaz geçiriji bilen deňeşdireniňde örän kiçi ) geljegi uly eksport önümleriniň hakyky hereket edýän eke-täk ýoldur. Körpeje gaz geçirijisinden her gün 4 million kub metr gaz akdyrylýar. Bu möçber gyş aýlarynda Eýranda gazy köp ulanylmagy sebäpli 12-14 million kub metre çenli artar. Gaz akdyrýan gurallaryň toplumý gurulandan soň, gaz geçirijiden gije-gündizde 25 million kub metr gaz göýberiler. Onuň gurluşygyny Eyranyň Milli Nebit Injinering Gurluşyk Kompanýasy alyp barýar . Bu gurluşygyň bahasy 190 million amerikan dollary bolup, ony gaz geçiriji boýunça berilýän gazyň hasbyna töleniler. Gaz satyn almak-satmak baradaky şertnama laýyklykda Körpeje gaz ýatagynda bir müň kub metr gazyň bahasy 40 dollardyr. Gazdan alynýan 40 million amerikan dollarynyň ( 1 milliýard kub metr gazyň bahasy) 14 milliony, ýagny 35 göterimi Eýranyň Milli Nebit Gurluşyk Kompaniýasynyň ygtyýarynda galýar. Belenilen görkezijilere görä, 1999-njy we 2000-nji ýyllarda 5 milliýard kub metr gaz berler.[36] “Türkmen” gazyetiniň 2002-nji ýylyň 11-nji fewralynda çykan sanynda; Eyranyň häzirki ösüşi, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Seýid Ibrahym Derazgisu şeýle gürrüň beryär: “Häzirki zaman Eýran jemgyýeti ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilen gumanitar özgerişleri geçirmek babatynda berk durup hereket edýär. Eýranyň nebit eksporty geçen ýylda 9,1 göterim ösdi, onuň senagatynyň jemi içki önümdäki paýy 17,6 göterim boldy. Şonda senagat önümleriniň içine 450 müň awtomobil, 22,08 million tonna siment, 14 million tonna nebit himiýasynyň önümleri, 7 million tonna polat we 125 müň tonna mis hem girýär. Geçen ýylda bolan gurakçylyga garanyňdan 8,673 million tonna bugdaý. 2,348 million tonna şaly ösümleri. Sarp edijiler 5,5 million tonna süýt we 1,890 million tonna et aldylar.”. Şeyle hem ol öz güriňiniň dowamynda Eýranyň giň çäginde suw bentleriniň gurulandygy we gurluşykda duranlar hakda hem-de olardan ýurda gerekli bolan elektrik energiýasynyň alynyş möçberi we şol senagat ösdürişe degişli enjamlara göýberilýän maýa goýumlaryň mukdary hakda jikme-jik gürrüň geçýär. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek gerek. Häzir biziň ýurdumyzda taryhy ýaşap geçýän türkmenleriň medeniýetiniň ösmegine uly üns berilýär. Bu Magtymgulynyň we beýleki meşhur türkmen danalaryň döredijiligi barada-da şeýledir. Eýranda türkmen-pars dilerinde gazýetdir žurnallar çykarylýar. Döwürleýin neşirleriň ençemesinde Türkmenistanyň jemgyýetçilik we medeni durmuşyna dahylly mowzuglar mydama hereket edýär. Eýranda Türkmenistana we onuň medenietine sarpa bildirilýändigini tassyklaýan ýene bir zat, ol hem bolsa, Magtymgulynyň jaýlanan ýeri bolan Aktokaýda pähimdara gurlan ajaýyp mowzoleýdir. Türkmenistanyň Prezidenti öž çykyşlarynda türkmenleriň we eýranlaryň taryhy we medeni geçmeşiniň umumylygynyň häzirem biziň ýurtlarymyz bu däbe öwrülen gatnaşyklary dikeltmek üçin köp işleri edýändigini ençeme gezek aýtdy.[37]” -Diýip Eýran Yslam Respublikasynyň doly ygtyýarly ilçisi gürrüň berdi. Nebit-gaz pudagy Eýran-Türkmen gatnaşyklary boýunça esasy üns bilen alynyp barylýan meseleleriň birine öwrüldi. 1998-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň delegatsiýasy Tähranda geçen ikinji halkara Nebit-Gaz Konfrentşiýasynyň işine gatnaşdy. Onuň barşynda Hazar deňzi sebitiniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly tehniki meselelere garaldy. Türkmenistanyň Nebit-Gaz senagaty we mineral serişdeleri Ministri Rejepbaý Arazow öz çykyşlarynda ýurdyň nebit-gaz pudagynyň ösüşine umumy analiz berdi, şeýle hem türkmen nebitini hem-de gazyny Eýranyň üsti bilen Ýewropa çykarmak, babatda taslamalaryň esasy häsiýetnamalary bilen tanyşdylar. Türkmenistan eksport üçin mümkinçilikleri açýan islendik nusga bilen deň derejede gyzyklanýar we ilkinji amala aşyryljak taslamalary ileri tutular.- diýip bellenilip geçildi. [38] Söwda we ykdysadyýet gatnaşyklary diňe bir Türkmen-Eýran däl-de, kähalatlarda üç taraplaýyn iş alyp barmaga hem şert döreýändigini aýtmak gerek. Türkmen energiýa serişdeleriniň geljekgi turba geçirijileriniň ýollarynyň köp dürlüligi hakynda, Saparmyrat Niýazowyň pikirine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerinden peýdalanmak baradaky Ygtyýarly organ Türkmen hem-de Gazak nebitini Eýranyň bazarlaryna çykarmak bilen gyzyklanýan daşary ýurt kompaniýalary bilen ylalaşyklaryň ikisini baglaşdylar. Mysal üçin, Gazagystan Türkmenistan Eýran nebit geçirijisiniň türkmen böleginiň tehniki ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamakda hyzmat etmek babatda bir wagt ýaňlanan teklibi oktýabyryň başynda Fransiýanyň “Tomal” Kompaniýasy berkitdi. Bu taslama Tengiz we Täze Üňüz sebitlerinden çig Gazak nebitini iberilmegini göz öňünde tutýar. Oňa ýurdyň günbatar sebitleriniň Türkmen nebitiniň akymy hem goşulmaly. Türkmenistanyň günbatarysynda nebitiň gorlaryna garaşsyz halkara eksportlary 960 million tonna möçberinde çaklaýar. Hazar deňziniň ýalpaklygynyň territoriýalaryny nazarda tutsak, onda çaklaýyş gorlary 1,5 milliard tonna çenli artýar. Türkmenistan eýýäm 200-nji ýylyň ahyryna çenli daşary ýurtlary hyzmatdaşlary bilen bilelikde nebitiň çykarylyşyny 8-9 million tonna çenli ýetiriljekdigini göz öňünde tutulypdy. Nebiti Eýranyň gaýtadan işleýän zawodlaryna iberilmegi bolsa, “SWOP” operasiýasynyň esaslarynda guralar. Onuň ekwiwalent mukdary Pars aýlagyndaky iberijilere beriler.[39] Ykdysadyýet ugurlarynda ýerasty baýlyklary peýdalanmakda alnyp barylan netijeli işleriň dowamynda garaşsyzlygymyzyň 8-nji ýyly ýagny 1999-njy ýylyň birinji çärýeginde we ondan öňki ýylyň görkezijileri boýunça deňeşdireniňde Türkmenistanyň nebit gurby 113 göterime ýetip, gazyň çykarylyşy bolsa, 217 göterimden gowurak bolupdyr. Türkmenistanyň Nebit-gaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde habar berişleri ýaly, Türkmenistanyň tebigaty gazynyň Ukraina we Eýrana tarap eksport akymy 6,4 milliard kub metre ýetipdir. Olardan şol ýylyň birinji aprel aýyna çenli “Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisi boýunça gazyň 5,89 milliard kub metri, “Körpeje-Kürtkuý” Türkmen Eýran gaz geçirijisi boýunça bolsa, 589 million kub metri akdyrylypdyr. Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda 2002-njy ýylyň maý aýynyň 22-den 29-na çenli Eýranyň halkara firma kompaniýalarynyň senagat önümlerini Şäheriň Hemişelik Sergi Merkezi /WDNHA/ jaýynda sergä göýberildi. Bu sergi hakda Gülüstan welaýatynyň “Halkara Sergi” firmasynyň ýerine ýetiriji müdiri jenap Hasami öz gepleşiklerinde şeýle diýýär: “Bu halkara sergä Eýranyň önüm dolanşyklarynda duran firma-kompaniýalarynyň 40 sanysy 70 dürli tehniki we injenerlik önümleri bilen çykyş etdiler”. *** Eýran bilen Türkmenistanyň serhedi açylandan beýläk Eýranly täjirleriň köpüsi Orta Aziýadaky ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynda zyýan çekenleri üçin, beýle söwda gatnaşyklara täzeçe seredilip başlandy. Garaşsyz Türkmenistan bilen Eýtranly täjirleriň söwda gatnaşyklaryny usully hem aktiw garmoniýada alynyp barylnagy üçin Türkmensähranyň Gülüstan welaýatyndaky Bendertürkmen port şäheri bilen Aşgabat şäherinde uly söwda merkeziniň açylmagyny teklip etdi. Bu uly firma Aşgabatda Eýranly maýadarlaryň işlerini usully ýöretmek üçin 100 müň kwadrat metr meýdany bilen 7 müň kwadrat metr fundamenti hem 54 powelion otakçalary we beýleki mümkinçilikleri ýagny restoran, ýatakhana, saglyk we arassaçylyk serwisleri, harytlaryň gümrük we rastomožnyýe işleri bölümi, uly gapan (baskul), koselýariýa we edara hyzmat işleri, transport ofisleri, harytlary saklaýyş çäreleri (sklad) ýaly ... enjamlar bilen salynar.” [[40]] 74-75 Bu firma “Gülüstan” adyndaky Gülüstan welaülistan welaatyndan daşary sermaýa dolanşyklaryny giňeldiriş firmasy, esasanda işlär. Onuň baş müdiri Baýrammämet Wekili şeýle diýýär: “Bu firma Eýranly täjir maýadarlaryň serhetden daşary göýberýän sermaýa dolanşyklaryny usully garmoniýada alynyp barylmagyň merkezi hökmünde işlär, Bu firmanyň merkezi Bendertürkmen port şäherinde ýerleşýär.”[[41]] Şu ugurda türkmen täjirleriň gatnaşyklary has aktiwleşip barýar. Gülüstan welaýatyndaky täjirler şeýlemümkinçilikleriň döredilmegi hakda hem eksport-import işlerinde ýeňillik boljakdygyny belleýärler. Şolaryň arasynda Bendertürkmen şäherinden türkmen täjiri Abdylrahym Borna şeýle belleýär: “Şeýle gümrükhananyň ähmiýeti göýberilýän harytlaryň hiliniň oňatlaşmagyna tamamlanyp dünýä standartlaryna gabat gelýän önümleri öndürilmäge sebäp bolar”.[[42]] *** Eýranyň Aragatnaşyk Ministrliginiň bürençegindäki “Telman” firmasynyň wekili jenap Musa Jürjäniniň beren maglumatyna görä, “bu sergä Eýranyň Gülüstan, Horasan, Mazenderan, Tähran, Esfehan we beýleki welaýartlardan öz dürli gurluşyk, senagat, zawoda we beýleki ugurlardaky önümleri bilen goşulyp her önümiň nusgalarydyr maketalaryna sergä goýdular.”. Ol bu gepleşigiň dowamynda şeýle diýýär: “Bu sergide göýberilen önümleriň hili halkara dünýä standartlaryna gabatlaşdyrylan önümlerden ybarat bolýar. Bu serginiň açylmagyna sebäp bolan iki ýurduň mertebeli Prezidentleri jenap Hateminiň Garaşsyz Türkmenistanda Saparmyrat Türkmenbaşy bilen duşuşyklaryndan soň göýberildi. Bu waka iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň barha berkemegi we ykdysady ösüşlerinde yz galdyrar, diýip umyt edýäris. Bu sergä goşulan tehniki we injenerlik firmalar halkara gatnaşyklarda abraý gazanan firmalardyr. Olar daşary ýurtlarda fundamental meýilnamalary alyp barýarlar. Mysal üçin telefon aragatnaşyk “Telman” firmasy häzir Afrikada Tunis hem-de Gyrgyzystanda Eýranyň öndürýän telefon aragatnaşyk tehnikalarynyň iň soňky modellerini ýöriteleşdirýärler. Gepleşigiň dowamynda Musa Jürjäni iki ýurduň medeni gatnaşyklaryndaky alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Ol Eýranyň Gülüstan welaýatynyň medeni özgerişleri barada birnäçe gazýet-žurmnallaryň türkmen-pars dillerinde çykýandygyny nygtap, Eýranda diňe bir türkmen däl-de, eýsem beýleki halklar hem türkmen taryhy, edebiýaty we däp-dessurlary bilen gyzyklanýarlar. [1] . Türkmenistanyň täzelikleri, türkmen press. Aşgabat- 06.09. 1999 ý., 4 sah. [2] . Türkmenistanyň täzelikleri,türkmen press, Aşgabat 11.10. 1999 ý., 5 sah. [3] . Bu şäher ady Türkmen habar çeşmelwerinde “Gurtguýy” görnüşde berilipdir. [4] . Türkmenistanyň täzelikleri, türkmen press. Aşgabat 06.09.1999 ý., 3 sah. [5] . Peýk-ehäzär, sal-eçaharom, şomareýe 138-4 sah. [6] . Peýk-e häzär., /görk.iş / . [7] . Ruznameýe gostäreş-e sänäm-e sängin-sal-e nohoş şom. 446- doşanbe esfänd 1377 ş., (1999 m.)- 12 sah. [8] . Garaşsyz. /görk. iş/, 120 sah. [9] . Garaş.Ynam.Gadam. 139 sah. [10] . Şol ýerde 139 sah. [11] . Türk jemhuretleri. Habar býülteni. Saýi: 16, awgustos, 1997-Türkiýe. 30 sah. [12] . Şol ýerde. 31 sah. [13] . Şol ýerde. 31 sah. [14] . Peýk-e Häzär, sal-e çaharom, şom.139,çahar şänbe 11 azär 1377ş. Tähran 3 sah. [15] . Ruznamaýe “Gostäreş-e sän,ät-e sängin” sal-e nohom-şomareýe 446-doşanbe 13 esfänd 1377 (1999). 7 s. [16] . Garaşsyz., /görk. iş/, 141 sah. [17] . Djar, № 10. iýun 2000 g., 5 sah. [18] . Şol ýerde. 6 sah. [19] . Djar, / görk. iş / 9 sah. [20] . Golşän-e Mehr, sal-e dovvam, № 59, 21-nji 2001., 5 sah. [21] . Garaş. Ynam. Gadam…-152 sah. [22] . Garaşsyz., /görk. iş/, 142 sah. [23] . Il gün, № 12, /görk iş /, 35 sah. [24] . Garaşsyz., /görk iş./ , 250 sah. [25] . Şol ýerde. 261 sah. [26] . Ruzmame-ýe “IRAN” sal-e dovvam-şomareýe 424- ekşenbe 31 tirmah 1375 ş./1996 M./,-tehran 13 sah. [27] . Gomän-e mehr. Sal-e dovvam, şomareýe 61, şänbe 13 mordad mah 1380 ş. Tehran-10 sah. [28] . Garaş. Ynam. Äd.- 210 sah. [29] . Golşän-e Mehr, № 61, /görk iş/, 10 sah. [30] . Ebrar e egtesadi, şomareýe 1071, şänbe 11 esfänd 1380 ş./fewral 30. 2002/ -
[31] . Garaş. Ynam.Ädim…312 sah. [32] . Şol ýerde. 315 sah. [33] . Hämşähri, sal-e dähom, şomareýe 2678- /mart 16, 2002., Tehran 14 sah. [34] . Golşän-e Mehr, sal-e sevvom, şomareýe 66, şänbe 17 şähriwär 1380- Tehran-4 sah. [35] . Türkmenistanyň täzelikleri, türkmen press, Aşgabat- 04.09.1999 ý., 6 sah. * Pars dilinde aýdylyşy “Kord-kuý” manysy kürt oba diýmek, türkmençe aýdylyşy Kürtkuý ol “Gurtguýy” diýlişde ýalňyş. [36] . Türkmenistanyň täzelikleri , türkmen press, Asgabat 04.09.1999 ý., 6 sah [37] Türkmenistan, №36( 23355), 11-nji few. Aşgabat 2002 nji ý., 4 sah. [38] . Türkmenistanyň täzelikleri, türkmen press, № 45/ 239/, Aşgabat- 9 noýabr, 1998 ý., 4-5 sah. [39] . Türkmenistanyň täzelikleri, türkmen press, № 41/35. Aşgabat 5. 04. 1999 ý., 6 sah. 74. Türkmenistanyň täzelikler, türkmen press, №14/260/, Aşgabat-5.04.1999 ý., 5 sah. 75.[[40]]. Şol ỳerde. 76.[[41]]. Ruzname-ỳe “ Gostäreş-e sän,ät-e sängin ”, sal-e nohom, şomare-ỳe 446, doşänbe 13 esfänd mah-e sal-e 1377 ş., motabek ba 1999 m., Iran säf. 12 76. روزنا مه " گـسـترش صـنـعـت سـنگـین"، سا ل نـهم، شما ره ۴۴۶، د وشنبه ۱۳ اسـفـنـد ما ه ۱۳۷۷ ش.، مـطـا بق با ۱۹۹۹/ م.، ا یرا ن، ص. ۱۲ 77.[[42]]. Şol ỳerde.
|