N E T I J E: Garaşsyz Türkmenistan bilen EYR-nyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň başlanmagy we ösdürilmegi ylmy-populýar işimizi jemläp aýtsak 10 ýylyň hasabaty diýsek ýalňyşmarys. Sowet diýdimzor ulgamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda demir gözenek bolaandygy hemmämize mälimdir. Taryha nazar salsak şol demir gözenegi haçan gurulyp başlanandygyny bilse bolýar. Rus patyşasy bilen Eýran şasy tarapyndan şerhediň çäklerini mälim etmek üçin “Gülüstan”, “Türkmençaý”, “Ahal-Teke”, “Güljemalhan”, ... ýaly, şertnalar düzülýär. Büs bütin bütöwi türkmen topragy ikä bölünyär. Etrekden tä Garasuwa çenli türkmenler Eýranyň gol astyna düşmek bilen bolýarlar. Soňra Sowet döwründe Stalynçykyk ulgamy serheti hasam berkitmäge çalyşýarlar. Iki tarapda galan türkmen kowum garyndaşlar biri-birini görmekden mahrum bolýarlar. Indi olar biri-birini görmek üçin diňe Moskwanyň üsti bilen tanyşyp bilerdiler. Bu meselede Eýran şalary Sowet ýolbaşçylardan yza galanokdylar. Diňe Eýranda 1979-njy ýylyň Fewral (Bahman) aýyndaky bolan yngylaby(rewolýutsiýasy) we Türkmenistanda 1991-nji ýylyň Oktýabr aýyndaky gazanan garaşsyzlyk derejesi serhetdäki demir gözenekleri aýyrmagy başarypdyrlar. Türkmen-Etrek ykdysady, medeni gatnaşyklar ýola goýulýar. Olaryň arasynda açyk gapylar syýasaty, söwda gatnaşyklarynda EKO döwletleriň hyzmatdaşlygy täze ýola urukdyrýar. Şol ýollarda ýüpek ýoly nusga hökmünde alnyp Tejen-Saragt-Maşat demir ýoly mysal bolup durýar. Belli “Eýran Niýuwz (Iran News)” gazýetiniň žurnalisti M. Gowasalli “Türkmenistan asuda döwlet” ýa-da, “Türkmenistan GDA döwletleriniň içinde öňde barýar!”, atly makalalar hasam Türkmenistanyň ösüşini giňden görkezýär. Türkmenistanyň nebit-gaz, pahta, ýüpek, ýüň, ccedil;it-mata, ... ýlay önümleri, ony baý döwlet hasabyna girizýär. Eýranyň hem işöwür kärşynaslary, Türkmenistanyň söwda we ykdysady taýdan ýokary gurbynyň bardygyny ykrar etdiler we onuň bilen ykdysady söwda gatnaşygy ýola goýuldy. Eýranyň bakja-miwe we gök önümleri, türkmen bazarlaryna düşüp başlaýar. “Körpeje-Kürtkuý” gaz turba geçirijisi, gatnaşygy iki taraplaýyn girdeji berýän pursatlara öwrülip gider. Eýranyň gara ýol gurujylary Türkmenistanda ýol gurmakda öz ussatlyklaryny görkezýär. Söwda gatnaşyklarynyň bir pudagyndaky alynyp barylýan döwletara söwda-da Eýranyň awtobuslary Türkmenistanyň köçelerinde köpelip, özüne belli bazary eýeleýärler. Eýranyň ýer, ekerançylyk, maldarçylyk işöwür ussatlary, Türkmen kowumdaşlaryna hem öz iş usullaryny öwredýärler. Türkmenistanyň sergi jaýlarynda, Eýanyň Horasan, Mazenderan, Gilýan, Gülüstan, ýaly welaýatlaryndan gelen harytlary sergä goýberildi. Olar türkmen maýadarlarynda hem gyzyklanmalar döretdi. Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda çözmeli meseleler hem az däl. Meselem Hazarýaka meslelesi, Ekologiýa, balykçylyk, Hazar deňiziniň serhetlerini kesgitlemek ýaly, ýa-da Tejen derýasynda bilelikde bent gurmak, medeni-jemgyýetçilik gatnaşyklary göwünejaý orun tapýar. Iki tarapyň kitap sergilerini gurmak, sungat işgärleriniň gatnaşyklaryny gowulandyrmak. Şol gatnaşyklarda Eýrandaky Türkmenleriň ykbaly hem gowulyga tarap ösüp başlamagy netijeli bolup durýar. Olara hem köpçülik habar beriş serişdelerini öz ilatynyň arasynda ýaýratmak, çaphanalary açmaga rugsat berilýär we ş.m., Umumy aýdanyňda Eýran-Türkmen gatnaşyklary halkara möçberde diňe gowlykda görkezmek bolýar. ... Eýran-Türkmen Köptaraplaýyn Gatnaşyklarynyň başlanmagy ... temasy boýunça salgylanylan; Edebiýatlar we Çeşmeler: 1. Garaşsyzlygyň Ynamly Ädimleri, Aşgabat, 1996-njy ý.. 2. “Ettela’at”, sal-e 1379 h.ş. ý., № 22092 - Tehran. 3. “Fäslname-ýe Ettela’at-e syýasy”, sal-e 1377, № 133-134-Tehran. 4. “Peýk-e Häzär”, № 158 22, Ordibeheşt sal-e 1387, 5. “Ettela’at”, 29 Bähmen sal-e 1370. 6. “Ettelaat-e syýasy-ektesady”, № 75-76, sal-e 1372. 7. “Türkmenistan gazýeti”, № 285, 15 Noýabr 2001. 8. “Türkmenistan gazýeti”, № 36, Fewral 2001. 9. “Rahname-ýe keşwärha-ýe moştäräk-el monafe’ we jemhuri Baltik”, Tehran, 1374 (1995 ý) 10. “Türkmenistanyň täzelikleri”, Türkmen press, Aşgabat 1999, 6 sent. 11. “Ruzname-ýe gostäreş-e säna-ýe’e sängin, 1377 (1999 ý) № 446, Esfänd. 12. “Türk jemhuriýetleri Habar Biýuleteni”, 1997, Awgust. 13. “Peýk-e Häzär”, sal-e 1377, 11 Azer, № 139 14. “Golşän-e mehr”, sal-e 2001, № 59 15. “Iran “, sal-e 1375 (1996 ý) № 424, 31 Tir mah. 16. “Golşän-e mehr”, sal-e 1380, 13 mordad, № 61 17. “Ebrar-e egtesadi”, sal-e 1380, 11 Esfänd, № 1071. 18. “Hämşähri”, sal-e 2002, 16 Mart, № 2678. 19. “Golşän-e mehr”, sal-e 1380, 17 Şähriwär, № 66. 20. “Türkmenistan gazýeti”, 2002 ý., 11 Fewral, № 36. 21. “Fäslname-ýe därýa-ýe häzär”, sal-e 1378, № 10. 22. “Il gün”, 1999-njy ý., № 12 23. “Türkmenistan gqazýeti”, 2002-nji ý., 20 Aprel, № 98. 24. “Dostluk žurnal”, EYR ilçihanasynyň medeniýet merkezi, sal-e 2002 . 25. “Türkmenistan gazýeti”, 2002-nji ý., 23 Aprel. 26. “Türkmenistan gazýeti”, 2002-nji ý., 24 Aprel. 27. Sabahy Ahmed, “Açylan derwezeler”, Aşgabat, 2002-nji ý.. 28. “Zaman gazýeti”, 1996-njy ý., 17 Oktýabr. 29. Fäslnameýe “Ýaprak”, sal-e 1379, № 8-9. 30. “Golşan-e Mehr”, sal-e 2001, № 59. 31. Saparmyrat Niýazow, “Ruhnama”, 2001-nji ý.,175 sah. 32. “Pragy”, žur., 2001-nji ý., № 5- 6- 7. 33. “Keýhan gazýeti”, sal-e 1999, 9 Maý, № 77. 34. “Peýk-e Häzär”, sal-e 1387, 22 ordibeheşt, № 158. 35. “Ruzname-ýe Keýhan”, sal-e 1378, № 16528, 19 Hordad. 36. “Golestan-e iran”, sal-e 1378 h.ş., 17 Hordad. 37. “Golestan-e iran”, sal-e 1378 h.ş., 31 Hordad 38. “Ruzname-ýe Iran”, sal-e1375, № 432. 39. “Golşän-e mehr”, sal-e 1379, № 27. 40. “Touse’e-ýe saderat”, sal-e 1380, № 1. ... |