SÖZBAŞY Taryh ylymlary bilen baglanşykly taryhy wakalar, gadymdan bäri danalaryň ünsünde taraşlanyp dünýäniň gowgaly şertlerinde kä ýitip, kä tapylyp gaýdypdyr. Şol bir wagtyň özünde halk öz milli häsiýetine öwrülende, taryh we medeniýet hem öz ähmiýetine eýe bolupdyr. Eger-de akyl-paýhas öz milliligine göz ýetirse, ýagny milli galkynyş hereketiniň başlanandygyny äşigär edýär. Bu hereketi dowam etdirmek üçin ähli durkyň bilen zehin hem ukybyňy, ýapyk we gümürtik geçen wakalary açyklamaga, kömege alynýar. Danalaryň özünden miras galdyran ylymyny öwrenilip beýlekilere geçirmegiň aladasyna çykmagy maksat edinilýär. Şeýle bolmadyk ýagdaýda onda taryh öz belentliklerine eýe bolup bilmezdi. Durmuş diýilen zat zamananyň düzümünde ähli takdyrlary we jemgyýetiň ykbalyny özleşdirip şol bir wagtyň özündäki döwür ölçeglerine öwrülýär. Taryhçy oňa siňe seredip meseläniň çözgüdüni tapmaga ýardam edýär. Bu ýerde wakalary galpsyz, adalatly beýanyny tapmak hem çözmek danalaryň öňünde goýulan borçlary diýip düşünilýär. Taryhyň uzak akymyndan bäri gözbaş alyp gaýdan ýer, suw we hojalyk meýdanlaryny eýelemegiň ugrunda uly topar jemgyýeti bilen kiçi toparlaryň arasynda çaknyşyklar bolup durupdyr. Bu göreşlerde haýcy-da bolsa, biri üstün çyksa, beýleki toparlary belli bir derejede döwrüň talabyna görä, özlerine tabynlykda ezipdirler. Gurplanan topar bolsa, ýurt açyşlyklara baş goşupdyrlar. Elbetde bu ýerde yktysadyýet esasy rol alyp baran bolsa, ideýalogiýalar hem dini hadysalar we hakydalar bilelikde ýüze çykyp köptaraplaýyn çozuşlara delil bolup durupdyr. Umuman adamzat taryhda üç görnüşli ýaşaýyş durmuşy amala aşyryp gaýdypdyr. Ýgny “göçme-gonma”, “ýarym göçme-gonma” we “oturumlaşma”. Munuň sebäbi bolsa, il-halk özlerini tebigat hem syýasy jemgyýetçilik şertleri bilen sazlaşdyrmaga mejbur bolupdyrlar. Mysal üçin Eýran taryhçylarynyň aýtmagyna görä, “X asyr biziň erämizden öň “Aristler” Orta Aziýa bilen Eýrana göçüp gelenlerinde iki uly topara bölünüpdirler. Birinji topar “Ariýaýlar” Eýranyň günorta territoriýasynda oturumlaşyp ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ikinji topar bolsa, olaryň kowumdaşlary “Turanlar ”(Bu söz aslynda “tur” diýmekdir. “turan” diýlen görnüşünde “tur” düýp sözi bolup “an” gadymy pars dili dessurynyň san goşulmasy bolup goşulýar. Tur + an = Turan. Emma gadymy Oguzlar muňa “turk” diýipdirler, sebäbi “k” goşulmasy gadymy türk dili dessurynyň köplük san goşulmasy hökmünde ulanylypdyr. Ýöne häzirki döwürde türkmen dilinde ol goşulma ulanylmaýar. Şonuň üçin “türk” sözi bilen “turan” sözi bir sözdigi anyklanylýar.) Mawrannähr (Syr derýa bilen Jeýhun derýanyň aralygy) we Hazar deňziniň demirgazygyndan Gürgen aýlagyna çenli mesgen tutupdyrlar. Bu toparyň uly bölegi esasan maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Oguzlar VI asyrda uly kowum hökmünde Hytaýdan Garadeňziň gyralaryna çenli ähli kowumlardan ägirt uly imperiýa döredipdirler.”. Şeýle gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdan taryhyň göwresinden dünýä ýaýrp giden türkmen nesilleri döreýär. Yslam dininiň dörän döwrüni gözöňüne tutanymyzda, araplaryň arasynda yktysady kemçilikleriň ýüze çykmagy bilen bilelikde dini hereketler hem başlanýar. Sebäbi jemgyýeti din ölçeglerinde herekete gönükdirmeseň yktysadyýetde ýetmezçiliklere döz gelmek aňsat bolmandyr. Ýagny döwrüň talabyna görä, dini pikir ýa-da hakydany öňe sürmek bilen, jemgyýeti hatda talaňçylykly çozuşlara gatnaşmaga-da iteripdirler. Gürrüňi açyklap aýtsak, eger taryhda ähli çozuşlarda we hereketlerde yktysadyýet esasy rol alyp baran bolsa, ideýa garaýyşlar hem şonuň bilen bir hatarda bu çozuşlara delil bolupdyr. Orta Aziýanyň ilatlary ilaýta-da türkmenleriň bir böleginiň durmuş ýaşaýyşlary esasan maldarçylyk bilen meşgullanandyklary üçin ýarym göç ýagdaýda ýaşapdyrlar. Şonuň üçin şol şertde ýaşaýan türkmenleriň bir bölegine “çarwadarlar” ýa-da “çarwa” türkmenler, beýleki bir bölegi oturumly bolup ýaşany üçin olara “çomur” türkmenler diýipdirler. Ýomutlaryň arasynda şeýle ýagdaý Orsýet bilen Eýranyň arasyna resmi serhet çekilinçä gyşlarda Gürgen jülgelerinde bolup, tomuslarda bolsa, Balkana Etrege tarap süýşýpdirler. Şeýle halat diňe bir türkmenlerde däl-de, eýsem beýleki ilatlarda-da bolupdyr. W. Aýronzyň aýtmagyna görä, ýomutlar özlerini syýasy taýdan sazlaşdyrmak üçin şeýle ýaşaýyşa baş goşupdyrlar. Haçanda Eýran döwleti türkmenleriň üstüne çozanda, olar türkmenistana tarap süýşüpdirler. Haçanda Orsýet tarapdan gysylanlarynda Gürgen jülgelerine gaçyp atypdyrlar. * Türkmensähranuň kartasy |