Yza gaýdyň
Çap ediñ

***  BEÝIK TAŇRYŇ ADY BILEN*** 

Eỳran türkmenleriniñ medeniỳetiniñ taryhy ” ady bilen göỳberiljek dissertasiỳa, 1991-nji ỳyldan başlanyp 1996-njy ỳylyñ yanwar aỳynda Türkmenistanyñ ylymlar Akademỳasynyñ Ş. Batyrow adyndaky Taryh Institutynda, Türkmenistanyñ academigi professor Myrat Annanepesoviñ ylmy ỳolbaşçylygynda, Turkmenistanyñ ylymlar Akademyasynyn Ş. Batyrow adyndaky Taryh Institutynyn direktori, Atamammedov Nury Weliyewiçing direktorlig hem ỳobaşçylygynda, Türkmenistanyñ Bilim Ministery we Türkmenistan Ylymlar Akademyasynyñ Yokary Attestatsion Komissyasynyñ yolbaşçy agzasy Karayev Erjepdurdy Karayewiçyñ alyp barmagynda we Türkmenistanyñ Ỳokary Ylmy Sowet agzalary hem beỳleki alymlar; Türkmenistanyñ filologiỳa we edebiỳat ylymlarynyñ professory Nurmuhammet Aşyrpur Meredow, Eỳran türkmenleriniñ lidry Welimuhammet Ahun Arzaneş ... huzurynda, Türkmenistan Ylymlar Akademyỳasynyñ Ş. Batyrov adyndaky Taryh Institutynyñ ylmy işgäri sayskatel  Hangeldi Ownuk Arazgeldi ogly tarapyndan ylymlaryñ kandidaty diýen derejesini almak üçin goraldy.

Su ylmy işi başdan – ayak yzgiderli makala görnüşde goyberip durarys.

         مـو ضـوع  پا یا ن نـا مـه  د وره  نا مـــزد ی عـلـوم   د کتر خــا نـگلـــد ی   ا و نـــق   که د ر آ ینـده 

بصـورت کتا ب  مـــنــتـشـــر  خــــو  ا   هـــــد   شـــــد  . 

عـشـق آ بـا د – ۱۹۹۵/ م


G I R I Ş

Öz gözbaşyny asyrlaryñ jümmüşünden we taryhy wakalaryñ içinden alyp gaỳdan däp-dessurlar her halkyñ durmuşynda, gylyk-häsiỳetine psihologiỳasyna görä, emele gelipdir. Şeỳle aỳratynlyk Eỳran türkmenlerine hem özboluşly häsiỳetde degişli bolup, bu türkmenleriñ hem özüne mahsus bolan ruhy medeniỳeti bardyr.

XIX asyr türkmen halkynyñ ruhy medeniỳeti we edebiỳaty ondan öñki türkmen medeniỳetiniñ dowamydyr. Onuñ mazmunydyr formasyndaky aỳry-aỳry alamatlar bu asyrda döräp kemala geldi. XIX asyrdaky türkmen halkynyñ ruhy medeniỳet we edebiỳat özüniñ taryhlygy hem anyklygy bilen tapawutlanỳar. Jemgyỳetde, durmuşda bolan özgeri şler ruhy medeniỳetde özboluşly aỳratynlyga eỳe boldy. Ruhy medeniỳete anyk göz ỳetirmek üçin, ilkinji nobatda şol döwürdäki türkmenleriñ ỳaşan ỳerlerine, döwletara araçäklerine gysga ekskurs etmek gerek.

“XIX asyrda türkmenleriñ eỳelän ỳurt- meỳdanlary günbatarda: Hazar deñizi, günortada: Gürgen derỳasynyñ ileri meỳdanlary şeỳle hem Köpetdag hem Parapamyz dag gerişleri, gündogarda: Amyderỳanyñ sag kenaryndaky çöllükler we sähralar, şeỳle hem Horezm еtraplary, garagalpak we özbek raỳonlary, Demirgazykda: Üst ỳurt we onuñ demirgazyk kerti bilen çäklenỳärdi”.[1]

“Etregiñ gündogar territoriỳasynda ỳerleşen Deşdi Gürgen (Türkmensähra) ilerde Elbrus daglyklarynyñ jeññellik eteklerine çenli (Elbrus daglarynyñ gündogar ujy) dowam edip, gündogar serhedi bolsa Horasanyñ daglyklaryna çenli baryp ỳetỳär. Eỳrandaky türkmen welaỳatlary bolsa Horasan welaỳatynyñ Goçan, Bižnurt we Sarahs etraplaryndaky günbatar- demirgazyk daglyk we düzlüklerinde şeỳle hem Mazenderan welaỳatynyñ gündogarynda ỳerleşen Deşti Gürgeniñ (Türkmensähra) territoriỳalarynda ỳerleşỳär. Munuñ meỳdany 20 müñ kwadrat kilometre barabardyr. Eỳranda esasan ỳomutlar, gökleñler, tekeler we nohurlar ỳaşaỳarlar. Ýomutlar, esasan, Türkmensährada, ỳagny Kaspi deñziniñ gündogar kenaryndan başlap, Kümmetkowus we onuñ demirgazyk etraby bolan Marawdepe we Gazangaỳa çenli aralykda ỳaşaỳarlar. Ýomutlar Japarbaỳ we atabaỳ diỳen iki uly şaha bölünỳ ärler”.[2] “Biziñ elimizdäki maglumatlara görä, häzirki döwürde Eỳranda 1,5 million türkmen ỳaşaỳar.( 1358-nji hij.şemsi ỳyldan öñki hasabaty boỳunça “ H.Ownuk”)” [3]. Häzirki döwürde ỳagny 2006-nji M. ỳyla ,çenli, “2.5 million türkmen ỳaşaỳar”- diỳip hasabat berilỳar.

1871-nji, 1881-nji ỳyllarda Rus-Eỳran ç aknyşyklarynyñ netijesine Eỳranda Gajarlar dinastiỳasynyñ patyşalary bilen russiya patyşalarynyñ arasynda serhet çekmek meselesinde şertnamalar emele gelỳär. Şol esasda “ Türkmençaỳ”, “Gülistan”, “Ahal-Teke”, “Güljemal han” … diỳilip atlandyrylan şertnamalarda Eỳran patyşalygy bilen rus patyşalygynyñ arasyndaky serhetleri anyklamak we çekmek taỳỳar edilỳär. Häzirki özbaşdak türkmenistan bilen serhetden añyrky Türkmensä hranyñ demirgazyk sernetleri hem şol şertnama esasynda taỳỳar edilen araçäk bolup galỳar. Soñ rus patyşalygy ỳykylyp, SSSR döredilenden soñra hem bu araçäk öñküligine galypdyr.

Görnüp duran faktlar boỳunça türkmenler (Türkmenistan) bilen Eỳran patyşalygynyñ araçägi häzirki Etrek derỳasy däl-de, eỳsem ondan 70 kilometr ilerde Gürgen derỳasyndan- da añyrdaky Garasuw derỳasynyñ añry çäkleridir. Ýazyjy Walentin Rybin “Horezmiñ ỳedi çöli” atly eserinde: “Eỳran bilen türkmenleriñ serhedi bolan “Garasuw” derỳasynyñ gyralarynda uly derỳa döräpdir” diỳip, türkmenleriñ tebigy serhediniñ dogrusynda anyk maglumat berỳär. [4]

Rus syỳahatçysy G.S.Karelin 1839-njy ỳylda bu barada şeỳle ỳazdy: “Türkmenleriñ ỳomut taỳpasy Garasuw, Gürgen we Etrek derỳalarynyñ suwlary bilen suwarylỳan hasylly ỳerlerde oturỳarlar. Garasuw derỳasy ỳomutlary Eỳrandan bölỳär, astrabatlylar hem ony hakyky araçäk hasap edỳärler. Sebäbi Garasuwyñ sag kenarynda ỳekeje-de pars obasy ỳok.”. [5] Emma Eỳran patyşalary iñlisleriñ goldamagy bilen serhedi Etrekden çekmegi başardy.

1924-nji ỳylda ilkinji gezek Eỳran türkmenleriniñ ähli taỳpa-tireleri ỳygnanyp, Omçaly şäherinde türkmenleriñ Buharada ỳokary bilimini tamamlap gelen ruhany şahsyỳeti Osman Ahuny ähli türkmenleriñ birinji prezidenti edip saỳlaỳarlar.

Şondan Osman Ahun Eỳran bilen Türkmenleriñ arasyndaky serhet meselesine aỳratyn üns berỳär. Ol araçäk meselesinde Eỳran patyşasy bilen ylalaşyga gelipdir we şol şertnama Eỳran patyşalygy tarapyndan gol çekilipdir. (Şol şertnama esasyndaky serhet çäkleriniñ bellik edilen protokolynyñ asyl nusgasynyñ bir sanysy Gürgen türkmenleriniñ ỳaşyulylarynyñ birisiniñ elinde saklanyp galanlygy hakynda maglumat bar).

Ýöne, öñki rus imperiỳasy bilen iñlis imperiỳasynyñ arasyndaky söwda gatnaşyklarynyñ ähli türkmenleri ikä bölmegi bu haỳyrly işiñ köküne palta urỳar. Eỳran patyşasy iñlisleriñ goldaw bermegi bilen güỳçlenip, serhet baradaky karary aỳakaşaga oklaỳarlar.

Gurultaỳdan soñ, birinji ỳylyñ dowamynda türkmenleriñ erkin garaşsyz guramasynyñ üstüne çozulyp, bu täze döredilen we ugrugyp başlan häkimiỳet dargadylỳar. Onuñ halk tarapyndan saỳlanan ỳolbaşçylary yzarlanyp, ỳurdy terk etmäge mejbur bolupdyrlar. Olar pena isläp, gaỳraky Türkmenistana özlerini atỳarlar. …

1978-nji ỳylda Eỳranda ỳaşaỳan halklar imperiỳalizme garşy, azatlyk we demokratiỳa üçin göreşe galkynỳarlar. Muhammet Rza Pählewiniñ merkezleşen hökümetine garşy dürli demonstrasiỳalarynyñ möwç urmagy bilen, Eỳran türkmenleriniñ arasynda hem depelenen hukugy gaỳtaryp almak ugrunda hereketler we syỳasy güỳçler ỳüze çykỳar. 1979-njy ỳylda Eỳranda Pählewiler patyşalygynyñ şasy ỳykylyp, Eỳran Amerikanyñ imperiỳalistik koloniỳal ekspluatiỳasyndan azat bolỳar. Şol döwürde türkmenleriñ öz ykbalyñy özüñ çözmek, elden giden hukugyñy (ỳer, suw, medeni-syỳasy …) gaỳtaryp almak hakdaky pikirleri we hereketleri taryhda ỳene bir gezek galkyna çykỳar. Şonuñ bilen birlikde, halky türkmen dilinde sowatly etmek işleri hem ör boỳuna galỳar. “Oba şuralaryny, daỳhan şuralaryny döretmeli!”, “Okuw gerek, hat gerek, türkmençe mekdep gerek, elden giden ỳerleri gaỳtadan almak gerek!” diỳlen şygyrlar bilen köçelerde demonstrasiỳa hereketleri emele gelỳ är.

1980-nji ỳylyñ başyndaky türkmenler bilen täzeden güỳç alan fundamental guramalar arasynda bolup geçen Kümmetkowus şäherindäki çaknyşykda ỳene bir gezek özbaşdak awtonomiỳa berilmegi talap edildi.

Öñki geçirilen serhet şertnamasy goldalynyp, serhedi täzeden dikeltmek barada karara gelmegi halk  we onuñ syỳasy guramasy tarapyndan talap edildi. Şol döwürde Eỳran türkmenleriniñ alan awtonomiỳasy bir ỳyldan gowrak wagt dowam etdi. Ähli ỳer, suw, ekerançylyk (umuman ykdysadyỳet), medeni reformalar türkmenleriñ merkezleşdirilen “Sytad”[6] guramasynyñ tagallasy bilen ỳöriteleşdirildi.

1981-nji ỳylda ỳeri paỳlanan käbir gaçgak baỳlar Eỳranda täze forma tapan hökümetiñ kömegi bilen halka garşy täze bir çaknyşyk guraỳarlar. Şeỳlelikde türkmenleriñ merkezi bolan Kümmet-kowus şäherinde geçip duran ylalaşykly metingi hökümetiñ ỳöriteleşdirilen (pasdar) atly harby güỳji, oka tutup, erkinlik ỳene-de bir gezek wagşylarça basylyp ỳatyrylỳar. Şeỳle ỳagdaỳda, serhet meselesi ỳene-de yzarlanman galỳar.

Şu ỳerde terretoriỳa babatda XVIII-XIX asyrlarda dörän käbir ỳagdaỳlary nygtap geçmek zerurlygy ỳüze çykỳar. Şol döwürlerde türkmenleriñ halkynyñ belli bir merkezleşen häkimeti bolmandygy zerarly, olar etrapdaky uly döwletleriñ tabynlygynda bolupdyr. Meselem: Maññyşlak, ỳa-da Horezm türkmenleri Hywa häkimiỳetine, Çärjew, Kerki, türkmenleri Buhara häkimine, Pendi, Mary, Tejen, Saragt, Ahal, Gyzylarbat türkmenleri Eỳran, Hywa, Buhara hanlyklaryna, Etrek Gürgen türkmenleri bolsa Eỳran, Hywa häkimlerine tabyn bolmagy mejbur edilipdir. [7]

Syỳasy galkynyş esasynda şol döwürde ähli türkmenleriñ arasynda özbaşdaklyk, milli, ruhy medeniỳetleriñ garaşsyzlygy baradaky pikirleri rejeli ỳöredipdirler.

Şol döwürde ähli türkmen halkynyñ arasynda bolşy ỳaly, Eỳran türkmenleriniñ arasynda hem köne ỳazuwda her kim özi üçin öwrenip-ỳazypdyr. Emma esasy okuw gurply maşgalalar üçin bolupdyr. Häzirki döwürde okuw-ỳazuw diñe pars dilindedir.

XIX asyrdaky medeni-edebi esaslar barada aỳdylanda, magaryf ỳagdaỳlaryna aỳratyn ser salmak gerek. Şol döwürde-de okuwlar arap-pars dilinde alnyp barylypdyr. Türkmen dili ünsden düş ürilipdir. Mekdeplerde “Kuran” arap dilinde ỳat tutulypdyr, harplar öwredilenden soñ, yslam diliniñ taglymatlary, däp-dessurlary ündelipdir. Esasan “Sopy Allaỳar”, “Rownakyl yslam” we dini hukuklar hakyndaky “Çar kitab” öwredilipdir. Maglumat we taglymat esasynda däl-de, eỳsem pars we arap dillerine türgenleşmegiñ hatyrasyna Nowaỳynyñ, Fuzulynyñ, Hafyzyñ we Bidiliñ käbir eserleri-de okalypdyr.  

Beỳle okuw düzgüni 2-nji jahan urşundan soñ Eỳran patyşalygynyñ ỳörite düzgününe öwrülỳär. Ikinji jahan urşyndaky soñky bolan özgerişikler, umuman dünỳä möçberinde bolşy ỳaly, Eỳranyñ çäklerinde-de düỳpli we esasy syỳasy reformalar ABŞ-nyñ prezidenti Jenap Niksonyñ Eỳranyñ şasyna görkezmesi bilen ỳerine ỳetirilỳ är. Terbiỳe we okuw düzgüni bolsa, şol syỳasatyñ esasynda ỳöredilip başlanỳar.[8]- [9]

Soñky 20 ỳyllykda okuw düzgüni Fransiỳanyñ okuw sistemasy boỳunça düzülỳär. Emma Pählewiler dinastiỳasynda bolşy ỳaly häzirki döwre çenli hem türkmen dilinde hiç hili okuw ỳola goỳulmaỳar. Şonda-da Eỳran türkmenleri zamanyñ çylşyrymly öwrümlerine garamazdan, ruhy medeniỳetiñ öz hakyky häsiỳetini saklajak bolup alada edỳär.

Orta Aziỳada yslam dini agalyk ediji ideologiỳa bolan döwri käbir görnükli alymlar we ỳazyjylar döräp, meşhur ylmy merkezlerde öz döwrüniñ progresiw bilimini alyp, türkmen sähralaryna dini taglymatlaryñ täsirini hem yzygiderli ỳetirip durupdyr.

Emma taryhy we ykdysady şertlere görä, halkyñ köp bölegi beỳle zatlary kabul etmäge taỳỳar bolmandyr. Şonuñ üçin käbir ỳagdaỳlarda diñe biperwaỳ garalypdyr. Bu ỳagdaỳ Ýewropa syahatçylarynyñ tiz gözüne ilipdir.

XIX asyryñ birinji ỳarymynda bu barada, A. Biorns şeỳle ỳazỳar: “Türkmenlerde metjit ỳok. Olar öz namazlaryny garaöỳde ỳa-da açyk ỳalazy ỳerde okaỳarlar. Olaryñ mollasynyñ sany köp däl, ruhanylara, umuman, az hormat goỳulỳar”[10]

XIX asyryñ ikinji ỳarymynda A. Wamberi hem bu ỳagdaỳ barada şeỳle ỳasỳar: “Türkmenlerde diniñ täsiri diñe aỳratyn ỳagdaỳlarda ỳüze çykỳar. Fanatik Buharadan geçen din, köpleriñ pikir edişi ỳaly, olarda (türkmenlerde ) onçakly täsirli däl.” [11]

Soñky döwürlerde halkyñ ruhy baỳlyklarynyñ uly bölegi bolan çeper döredijilik (edebiỳat, sungat) diỳlen zady her hili ỳollar bilen aradan aỳyryp, assimilleşdiriljek bolunsa-da, şowunistik syỳasatlar bu maksadyna ỳetip bilmän gelỳär. Gaỳtam, 1979-njy ỳyldan beỳläk halk edil özüni ỳitirip tapan ỳaly ỳagdaỳda, syỳasy-medeni hereketleri güỳçlendirip ugrady. Soñky 30 ỳyldan bäri Eỳran türkmenleriniñ arasynda, her näme-de bolsa, türkmen dilinde ỳazylan käbir kitaplar çykyp başlady. Magtymgulynyñ goşgy diwany häzir üçünji gezek çap edildi. Şeỳle hem soñky ỳyllaryñ dowamynda “Ýusup-Züleỳha”, “Saỳat-Hemra”, “Zöhre-Tahyr”, “Misgingylyjyñ diwany”, “Emir Hemze”, “Zeỳnelarap”, “Mätäjiniñ diwany”, “Görogly”, “Seỳdi Hoja”, “Gül-Bilbil”, “Türkmen diliniñ gysga sözlügi”, “Hüỳrlukga-Hemra”, “Mirhaỳdar Hoja we Mirsöỳün Hoja”, mämet şahyr we Meret şahyr …ş.m.   ỳaly kitaplar çykyp, halk arasynda höwes bilen okalyp gelỳär.

Umuman aỳdanymyzda, her hili kynçylyklara garamazdan, Eỳran türkmenleriniñ ruhy medeniỳeti özüniñ ösüş tapgyrlaryny başdan geçirỳär. Şol ruhy medeniỳetiñ aỳry-aỳry ugurlarynyñ ösüş basgançaklary bolsa, birsydyrgan däldir. Bu hakda geljekki baplarda barlag ederis.

XVIII-XX asyr türkmen edebiỳatynyñ we sungatynyñ taryhy barada söhbet açyljak bolsa, hökman Eỳranyñ häzirki terretoriỳasynda ỳaşaỳan türkmenleriñ edebiỳ atynyñ, halk döredijiliginiñ, sungatynyñ taryhy barada gürrü&nt ilde; etmeli bolar. Çüñki şol döwür türkmen ruhy medeni ỳetiniñ taryhyny bu terretoriỳada ỳaşap geçen edebiỳ at we sungat wekilleriniñ döredijiliginden üzñe göz öñü ne getirmek mümkin däl. Şeỳlelikde, Eỳran türkmenleriniñ soñky-segsen-ỳetmiş ỳyllyk dagynyk edebiỳaty hem şol agzalan döwrüñ klassik edebiỳatyndan gözbaş alyp gaỳdỳar.

Eỳsem-de bolsa, Eỳran türkmenleriniñ soñky ỳ etmiş-segsen ỳyllyk edebiỳatynyñ we sungatynyñ Eỳranyñ Amerikan bružuaziỳasyna bagly häkimiỳeti tarapyndan basgylanyp, onuñ umumy ruhy pars medeniỳeti bilen assimilleşdiriljek bolunmagy onuñ ösüşüne päsgelçilikler bermän durmady. Bu ỳagdaỳ halkyñ dowam edỳän milli zulma garşy tolgunyşyklarynyñ möwç alyp gidibermegine-de päsgel berỳärdi.

Eỳran türkmenleriniñ ruhy medeniỳeti käbir ỳagdaỳlarda Türkmenistandan berilỳän radiotolkunlarynyñ üsti bilen öz ösüş etapyny dowam etdirỳärdi. Emma amerikan syỳasatçylarynyñ öwretmegi bilen eỳran patyşalygynyñ syỳasatçylary Türkmenistan radiỳosynyñ berỳän programmasynyñ garşysyna Eỳranda ỳörite türkmenler üçin Gürgen radiỳosynyñ türkmençe gepleşiklerini ỳola goỳdylar. (Bu hakda Türkmenistanyñ Ministerler Kabinetiniñ Ỳanyndaky Taryh Institutynyñ esasy ylmy işgäri Serdar Atayewyñ “ Gürgen Radiostansiyasynyñ döreỳşi barada” yazan eserine ser ediñ! “ H.Ownuk”) .

Şeỳle-de bolsa, Türkmensähranyñ terretoriỳasynda toỳ-tomaşada we beỳleki üỳ şmeleñlerde türkmen aỳdym-sazlary bilen çykyş edilỳärdi. Munda elbetde, Türkmenistan radio merkezinden  berilỳän aỳdym-sazly gepleşikleriñ uly rolunyñ bolandygyny hiç bir jähtden inkär etmek bolmaz.

Şeỳlelikde gepleşikdäki taryhymyzdan gözbaş alyp gaỳdan türkmen edebiỳatynyñ we sungatynyñ baỳ bazasy dürli milli sütemleriñ garşysyna ỳan bermedi. Kähalatlarda ỳitip gitmäge çenli mejbury ỳagdaỳy başdan geçirmeli bolsa-da, türkmen ruhy medeniỳeti halkyñ ruhynda mäkäm orun alyp, öz örñäp-ösmegine dowam etdirdi. Bu günki gün şol ruhy medeniỳet nesilleriñ añynda dowam edỳär. Şeỳlelik bilen Eỳran türkmenleriniñ arasynda köneden gönezlenen, täzeden bezelen ruhy edebiỳat-medeniỳet we sungat emele geldi.

Biz şu işimizde dürli çeper edebiỳat we taryhy çeşmeleri peỳdalandyk. Elbetde, bu ỳerde esasy pikir umuman edebiỳatyñ üsti bilen taryhy wakalary beỳan etmeklige gönükdirilỳär. Şonuñ üçin temanyñ iñ çuñ yzarlanỳan maksady XIX asyrdan, tä Türkmenistanyñ Garaşsyzlygyna çenli döwür içindäki Eỳran türkmenleriniñ geografiki we jemgyỳetçilik ỳagdaỳlaryny görkezmekden ugur alynỳar.

Şol maksadyñ esasynda ençeme alymlaryñ dürli dillerde ỳazan eserlerini peỳdalandyk. Olar, umuman, 4-5 dile bölünip, hususan türkmen, rus, pars we iñlis dillerindäki görkezilen çeşmelerden ybaratdyr.

Bu çeşmeler Eỳran türkmenleri barada haỳsy ideologiki esasda ỳazylandygyna garamazdan, awtor üçin anyk meseledir. Sebäbi her bir eseriñ haỳsy döwür, sistema hem jemgyỳetçilik bilen baglanşyklydygyny bilmek, üns beren adam üçin mälim meseleleriñ biridir. Biz Türkmenistanyñ sowet döwründäki ỳazyjy we alymlaryñ işlän ylmy işlerini we olaryñ öñe süren ideỳalaryny häzirki Garaşsizlyk döwri hem Oktỳabr rewolỳusiỳasyndan öñki edilen işler bilen deñeşdirenimizde, olaryñ biri-birinden tapawutlydygy tebigy bir zatdyr.

Eỳran ỳazyjy we alymlary barada hem 1975-1982-nji ỳyllaryñ özgerişiklerinden öñki ideỳalary bilen, ondan soñky ideỳalary örän tapawutlydyr. Elbetde, Eỳran barada soñky 50 ỳyllykdan bäri umumy sistemany göz öñünde tutsak, ỳazyjy we alymlaryñ işlerinde ideỳa täzeligi örän cäklidir. Ýöne bu topara perogresiw hem demokratik ideỳany ündeỳän alymlaryñ we ỳazyjylaryñ ỳöreden aỳry-aỳry pikiri bu topara girmeỳär. Sebäbi ol ösen düşünjeli gatlak nesilden-nesile geçip duran, hemişelik ideỳalar bolan gumanizmi, sosiỳalizmi we jemgyỳetçiligiñ pikirini goldamak ỳaly adalatly ideỳalary ündeỳärler. Şeỳle ỳagdaỳlary buržuaz-bỳurokratik hökümet sistemalary berk gysaçda saklap, olaryñ eserleri seỳrek neşir bolup, köplenç sistema tabyn bolanlaryñ eserleri el ỳeterde bolup durỳar. Mysal üçin, pars çeşmeleriniñ biri Asadulla Moỳiniñ Eỳran türkmenleri barada : “ Gürgen sährasynyñ geografiỳa we taryhy geografiỳasy ( جغـرا فـیـا و تا ریخ جغـرا فیـا ئی دشت گـرگــا ن”) atly eserinde, onuñ alyp barỳan ideỳalaryny umuman göz öñünde tutanymyzda, şol döwür türkmenleri barada beren maglumatlaryny hakykatyñ hatyrasyna peỳdalangymyz gerek. Ýogsam bolmasa, bu eseriñ bir ỳerinde “Türkmen garakçylarynyñ garşysyna göreşen Mazenderan we Gilan welaỳatlarynyñ birnäçe “tüpeñçi feodallaryny” ỳatlap geçỳär. Elbetde, biz üçin ol türkmenler “Garakçy” däl-de, eỳsem Etrek-Gürgen boỳundaky erkin ỳaşap ỳören maldarlar-çarwa türkmenleridir. Emma bu çarwa türkmenleri öz gününe goỳman, wagt-wagt üstlerine dökülip duran Eỳran feodallarynyñ talañçylykly çozuşlary bize taryhdan mälimdir. Biz-türkmen alymlary şol eserlerde hakykatyñ çöwre ỳüzüni görüp bilỳäris, emma pars alymlary üçin ol türkmenleri basyp ỳatyran gahryman hökmünde görkezilỳär.

Ýene-de şoña meñzeş A.Sarlynyñ “ Taryhda Türküstan ( تـرکــسـ تا ن د ر تاريخ” ( atly eserinde hem kähalatlarda anyk taryhy wakalara, ylmy faktlara gapma-garşylykly gelỳän garaỳyşlar esasynda analiz berilỳär.

Beỳleki bir ỳagdaỳda sowet döwründäki şarkşynhaslar işlerinde hem Eỳran türkmenleri we olaryñ garaşsyzlyk ugrunda alyp baran göreşleri barada nädogry garaỳ yşlar aỳdypdyrlar. Emma ỳene bir tarapdan hem käbirleri dogry suratda hakyky ylmy derñewi geçiripdirler, Olaryñ her haỳsysy öz derejesinde ähmiỳetlidir. Mysal üçin, I.A.Ýusupowyñ eseri bilen professor Hummat Ataỳewiñ işinde Eỳran türkmenleri barasyndaky garaỳ yşlary tapawutlanyp gidỳär. Eger I.A.Ýusupow we A. Oraztaganow ỳaly ildeşlar Eỳrandaky türkmenleriñ sütüme garşy göreşlerine prowokasiỳon we reaksiỳon diỳip- häsiỳetnama beren bolsalar, H.Ataỳew oña progresiw we halk azat edijilik hereketi diỳip. Dogry analiz beripdir.

Ýokarda bellenilip geçilen pars dilinde seỳrek çykan işleriñ hatarynda “Eỳranyñ 30 ỳyllyk taryhy   ( تاریخ   سی سا له ا یرا ن )” ỳaly şoña meñzeş eserlerden giñ peỳdalanyldy. Ol 1968-1979-njy ỳyllardaky sosiỳal-demokratik hereketleriñ täsirinde “Fedaiỳan” atly marksistik guramanyñ belli teoriỳasyỳaçysy Bižen Jazaniñ işlän rewolỳusion tezisidir. Şonuñ ỳaly eserler şol döwürlerde gizlin halatlarda işlenilip çap edileni üçin, olaryñ çap bolan ỳeri we senesi näbelli bolup galỳar.

Işde köp peỳdalanylan çeşmeleriñ birnäçesi Ýewropadaky pars-türkmen dilinde çykan eỳran türkmenleriniñ syỳasy-medeni guramasyna degişli “Eỳran Türkmenistany”, “Il güỳji”, “Täze ỳol”, “Söz”, “Türkmen ilim”,… ỳaly gazỳet žurnallardyr. Olarda çap bolan ylmy materiỳallar progresiw alymlaryñ işlerini hemme taraplaỳyn analizleỳän ylmy makalalar hem maglumatlardyr. Bu gazỳet-žurnallar köp möçberde däl-de, seỳrek nusgalarda çykyp, nähilem bolsa-da, biziñ elimize gelip gowuşdy.

Häzirki döwürde Eỳran jemgyỳetçilik şertlerinde syỳasy, ykdysady pozisiỳasy, esasanam ykdysadyỳet meỳdanynda dürli üỳtgeşmeleri başdan geçirỳär. Käbir şertlerde progresiw, syasy we jemgyỳetçilik hereketleri demokratik gazỳet-žurnallaryñ çykmagyna sebäp bolỳar. Emma şonuñ ỳaly gazỳet-žurnallar yzygiderli çykmaga mümkinçilik tapman, esassyz sebäplere görä olaryñ öñi alynỳar.

Şolaryñ arasynda azerbaỳjan we türkmen dilinde 4-5 nomer sana çenli dowam eden “Ýol”, “Durmuş”, “Ak ỳol” žurnallary Garaşsyz Türkmenistanyñ ylmy merkezlerine çenli gelip gowuşdy. Olardaky bar bolan maglumatlar Eỳran türkmenleriniñ häzirki döwürde ỳaş ỳazyjylarynyñ we şahyrlarynyñ hem sungatçylarynyñ işlerini görkezỳärdi. Emma gynansak-da, şonuñ ỳaly progresiw işleriñ gysga wagtyñ dowamynda ỳogyna çyklylỳar. Bu ỳagdaỳlar bolsa, Eỳranda dowam edip duran umumy syỳasy, jemgyỳetçilik babatdaky krizisleriñ näderejedigini görkezỳär.

Şeỳle çeper edebiỳatlar soñky 7-8 ỳyllykda türkmenleriñ taryhy, etnografiỳasy, çeper edebiỳaty we ene dili baradaky ỳazylan eserleri göỳberip başladylar. Mysal üçin, türkmen dilinde çykan “Goşgy ỳygyndysy (مجموعه شعر)” “Sawçy” ady bilen şahyr Setdar Sawgydan, Mämmetreza Bekdili diỳen awtoryñ “Eỳran türkmenleri ( تـرکـمنهای ا یرا ن)” atly işi, Azyrbaỳjan dilinde çykỳan “ Varlyk (وارل ئق)” žurnaly D. Jowad Heỳatyñ tarapyndan we onuñ “Türki şiweleriñ we dilleriñ taryhy” diỳen ylmy işi, Z. Arşy we N. Kasariỳanyñ albom görnüşündäki 30 sahypalyk giriş bilen başlanỳan “Eỳran türkmenleri (ترکمنها ی ا یرا ن)”, A. Sarlynyñ “Tü rkmenistanyñ taryhy (تاریخ ت رکمنستا ن)” diỳen işi we “Magtymguly Pyragynyñ pars dilinde terjime bolan eserleri” … ỳaly täzeçe işlenen işlere duş geldik. Elbetde, olaryñ köp bölegini ulansak-da, soñky çykanlaryny wagtyñ gysgalygy zerarly peỳdalanmaga mümkinçilik tapyp bilmedik.

Iñlis dilindäki pars dilinde terjime bolan hem terjime bolmadyk çeşmelerden ỳeterlikli mikdarda peỳdalandyk. A. Wamberiniñ pars dilinde çykan “Aldawçy derwişiñ Orta Aziỳa hanlyklaryndaky syỳahaty (سیاحت در ویشی دروغین د ر خا نا ت آسیای مرکزی)”, 1936-1851-nji ỳyllarda Aşyrada-da ruslar bile bolan iñlisleriñ wekili Leỳdi Şeliñ “ Ýatlama (خا طرا ت)” atly syỳahatnamasy, S. Saỳksyñ “Eỳran taryhy”, A.H. Mahdewiniñ “Eỳranyñ daşary ỳurtlar bilen gatnaşygy (تاریخ روابط خارجی ایران) ” atly işi, K. Dogobiỳonyñ “Türkmenler bilen söweş (جنگ با ترکمنـهــا) ” nowella-roman görnüşdäki eseri … ỳene şoña meñzeş edebiỳatlar we taryhy çeşmelerden peỳdalanyldy. …

DOWAMY BAR....