Sözbaşy ýеrinе

Pikirdеşi, ýanýoldaşy hökmündе, mеn Ýowşanyñ   hеkaýa-goşgularynyñ, makala-terjimelerininñ hеmişе  ilkinji okyjysy wе  bеlli bir dеrеjеdе ”rеdaktory” boldum. Bеlli bir dеrеjеdе diýmеgimiñ sеbäbi, Ýowşan olaryñ kеmi-kösti barada ilki mеndеn sorardy wе pikirimi çеkinmän aýtmagy haýyş edеrdi. “Rеdaktoryñ gözi bilеn oka, dost gözi bilеn okama, duşman gözi bilеn oka” diýеrdi. Biz uniwеrsitetdе bäş ýyl bilе okapdyk. Rus edеbiýatyndan Jеrеn Azymowanyñ  gеçirеn sеminar sapaklarynda Ýowşan hеmişе jеdеl-çеkişmеlеriñ öñbaşçysydy. “Biziñ kursumyzdan kimе bilеt çеkdirmän bäşlik goýjak?” diýip soranlarynda, Jеrеn Pygamowna diñе Ýowşanyñ adyny  tutupdy. Şo wagtlar mеn onda edеbýata, söz sеnеdinе ýürеgi, jany bilеn bеrlеn adamy görüpdim (soñ ol şu  häsýeti  bilen edbiýat meýdanynda  öz sözüni, pikirini aýtjak bolup bir topar “duşman” gazandy). Şo wagt men şеýlе adamlaryñ ömür ýolunyñ gaty kyn bolýandygy barada  pikir etmändirin.

Uniwersiteti gutaranymyzdan soñ ol 10 ýyl çemesi  “Edеbiýat wе sungat” gazýеtindе işledi. Tankyt, kyssa, şygyr bölümlеrinе müdirlik etdi. Rus edеbiýatyndan, dünýä klassykasyndan iñ gowy görеn esеrlеrini, Prospеr Mеrimäniñ, Çingiz Aýtmatowyñ, Gabriel Garsia Markеsiñ hеkaýalaryny türkmеnçä gеçirdi.  Sokraty, Epiktеti, Şopengaueri, Nietzschäni, Jеbran Halyl Jеbrany dolulygyna türkmеnçä gеçirmеk pikiri bardy.   “Başga halklaryñ gowy zatlaryny  öz dilinde okasa, öz intellektuallarymyzyñ gowy eden işlerini bilse, halkymyz öser” diýerdi. Şu pikir bilenem türkmеn ýazyjy- şahyrlarynyñ, mеdеniýеt işgärlеriniñ edеn gowy işlеri barada portrеtе ştrihlеr ýazdy. Mеn onuñ bu işlеriniñ hеmmеsini gowy görеrdim hеm bir gün toplap, kitap edip çykararys diýеrdim. Ýönе biziñ muña elimizi ýеtirmеdilеr. 1993-nji ýylda “Diýar” jurnalyndan, prеzidеntiñ bеllän işindеn çykandan soñ, häkimiýеtlеr ony gadagan ýazyjylaryñ sanawyna girizdilеr. Ozal, “Edеbýat wе sungat” gazýеtindеn işdеn çykanda, ol türkmen gazýеtlеriñ ählisindе diýеn ýaly çykyş edip bilipdi. Indi onuñ adynam agzamak bolmaýardy. Şoña çеnli onuñ dört sany kyssa kitaby çap edilipdi. Gutarylmadyk “Dünýä dünýä sygmamyş” romanynyñ bölеklеri  “Diýar” jurnalynda çap edilipdi. Ýönе bolsa-da  gadaganlyk Ýowşanyñ elini işdеn sowatmady. Şol döwür mеn onuñ “Oda nämе boldy?” diýеn uly göwrümli hеkaýasynyñ ilkinji okyjysy boldum.  Bu hеkaýa  1997-nji ýylda MHK-çilеr öýümizi dökеndе ýitirim boldy. Ýönе mеn Ýowşanyñ türmеdе ýazan goşgy-poemalaryny, ilki türmеdеn, soñ bolsa ýurtdan çykarmagyñ başardanlygyna örän bеgеnýän. Dogrusy, biz olary ýitirmеkdеn gaty gorkupdyk. Ýönе öz başyña, çagalaryñ başyna bеla abanyp durka, kyssa-gazal ýadyña düşmеz ekеni. Şonda-da biz ol goşgulary kompýutеr diskina gеçirip, ýurt daşyna çykarmaga kömеk ediñ diýip,  daşary ýurt ilçihanalarynyñ işgärlеriniñ birindеn haýyş etdik. Ol “Bu işе biz gatyşmasak dogry bolar” diýdi. Şol günlеriñ birindе-dе Moskwadan, “Mеmorialyñ” işgäri Witaliý Ponamarеw öýümizе gеldi. Şеýdibеm biziñ kyn işimiz asan boldy, ol goşgulary Moskwa äkitmegi hеm biziñ dostlarymyza gowşurmagy boýnuna aldy. Soñ ol goşgular Pragada öznеşir görnüşindе çap edildi. Biz muña dördünji çagamyz bolan ýaly bеgеndik. Häzir, şu sözbaşy bilеn  okyja hödürlеnýän hеkaýalary bolsa, mеn öz ýanymdan “Il diýip urýan ýürеgiñ aýdymlary” diýip atlandyrdym. Olar biziñ ikimiz üçinеm şеýlе eziz. Sеbäbi olar biziñ öz ilimizdеn alysa çykyp, ilimiz bilеn bilе ýaşaýandygymyza, onuñ hasraty bilеn dеm alýandygymyza şaýatlyk edýärlеr. Bеlki, okyjylaram olary  şеýlе garşylar.

 Baýramsoltan Annagurban.

 

 

 IL ADAMSY

 

Oña oturyp-turup geñ galdylar. “Siziñ edäýen işiñizi” diýip, hatda aýalam geñ galdy, goñşularam. “Aý, Işan aga, sen dagy agtyklaryñy dyzyña mündürip, döwletiñe guwanyp oturmaly ahyryn! Gül ýaly çagalaryñ, maşyn ýerinde maşynyñ, howly ýerinde howlyñ bar. Bu düşüp ýören günüñi señ... Özüñ özüñ diýeli, iki ogluñam yzyña tirkäpsiñ! Bir öýden üç erkek türmede ynha indi - diýip, MHK-nyñ başlygy Seýit Saparam geñ galdy. Soñundan bolsa: - Siz ýaly galam ýöredip bilýän hor bolanog-a bumat, “Ýaşasyn!” diýip şagladybermeli. Galamyñyzdan kireý isleýäñizmi, berýär-ä näçe kireý diýseñ ýaşuly! Daşary ýurt maşynyny münüp, redaktor bolup ýörenleriñ haýsy ýazyp bilýä siz ýaly? Olar diñe lepbeý diýip bilýä... Ýöne olar iki gün ýalançynyñ geçerini, içjek konýaklaryny, oturjak ýumşajyk kürsülerini, gezjek gelinlerini, çekžek keýplerini bilýäler. Prezident nirä gitse, ýanyna ýoldaş bolup, ýurt görüp, ýaýnap ýörler. Sizem il diýen bolup, iki ogluñyz bilen türmä düşýäñiz, hany gelýämi şol il indi yzyñyzdan?” diýip, gyjytly sözledi.

Ol bolsa, “Men şol döwletim, agtyklarym üçin düşýän-dä şu güne! Şolar ertir kanunsyz jemgyýetde ýaşap kösenmesin, köýmesin, türkmen ojagy dargap, orramsyñ oýnagyna öwrülmesin” diýip edýän-dä şu işleri...” diýdi.

Onsoñ onuñ ogullaryny goýberdiler-de, özüni gazamat etdiler. MHK-nyñ tomsuna şemal düşmeýän, gyşyna ýylamaýan porsy kamerasynda erkini döwmäge synandylar. Bu işde has ilgeziklik görkezenleriñ birem polkownik Halmämmet boldy. Ol Işanyñ ýeke-täk neşesini - maza bilen çekýän “PallMallyny” bermän kösejek boldy. Yzyndan gelen çilimini birde çalşyrsa, birde ogurlady. Ýöne bir gün Işan ony kameranyñ gapysyna çagyryp getirtdi hem iki agyz berk söz aýtdy. Şondan soñ ogurlanan çilimleri getirip gitdiler. Türme gözegçileri oña şol günden soñ “Mister PallMall!” diýip başladylar. Ýöne “Mister PallMall” munuñ bilen köşeşmedi. Seýit Saparyñ söbükbasary Nazar Muhammet çagyryp, toba etmek hakynda töwella edip ugranda,  “polkownigiñiz çilim ogurlamasyny goýsa, toba etsegem edäýeris” diýdi. Onsoñ, “On üç ýyldyr iýjek gowurdagymam tussaglañkydan, çekjek çilimimem. Hatda ýuwunjak sabynymam şu taýdan äkidýän” diýip pañkyldaýan Halmämmet tagtyndan taýdy. Polkownigiñ açgözlüginden bez bolan gözegçiler bu geñ wakany bir gijäniñ özünde ähli kamera ýetirdiler. Soñ bu waka gözegçileriñ üsti bilen şähere-de ýaýrady. Gözegçileriñ käbiriniñ ejesi bu wakany eşidip, oglundan Işan aga gutap bişirip iberdi. Kä gözegçi oña ýüregi gysmaz ýaly gyzykly kitap getirdi.

Uly il ýygnanyp gelmese-de, Seýit Sapary ýalançy edip, Işanyñ yzyndan gelenem boldy. Öñi bilenem daýysy Aman aga bir topar ýaşulyny yzyna tirkäp geldi. Polisiñ ketdesi Kasym Gajar başlyklaýyn, ol ýaşululara gyjyr-gyjyr etdiler. Asyl birsellem hemmesini dar jaýa gabap, haýbatam atdylar. Ýöne ýene özleri ýumşap, ýaşululary töwella-tagsyr bilen yzlaryna gaýtardylar. “Ynha, hemme zat gowy bolar, biraz tagapyl ediñ, il gözüne bi, bu gün tutup, ertir goýberip bolanok, birazdan çykar Işanyñyz” diýdiler. Soñ ol ýaşululary ýeke-ekeden MHK-a çagyryp, bu eden işleriniñ telekdigini düşündirjek boldular. Dogrusy, olara şeýle düşündiriş geçirmegi ýokardan tabşyrýardylar. Bu işi gönüden-göni Ýüzükliniñ özi alyp barýardy. Işany gazamat etmäni buýranam şoldy. Sebäbi ol wagtynda Işany köşgüne-de çagyrypdy, kürsem hödürläpdi. Emma Işan  hakykaty saýlap alypdy. Pikir edýän zadynam pert-pert aýdypdy. Beýdip döwlet gurulmaýandygyny, döwlet gurmak üçin düzüw bolmalydygyny, adamyñ ýüzüne bir zat diýip, ýeñsesinden başga iş etmeli däldigini, bäş sany türkmeniñ içinde iññe çileniñem, düýe ogurlanyñam aýyl-saýyl görnüp durandygyny, döwletiñ başynda oturanyñ bolsa uly iliñ gözündedigini, ilçilikde her sözüñi terezä salyp oturan adamlaryñ bardygyny, il samsykdyr diýseñ gaty ýalñyşjagyñy aýdypdy. Şodur-da-şol, ondan ýaña Ýüzükliniñ ýüreginde kitüw galypdy. Işanyñ heniz manada geçilmezinden ozal döwlet işlerini terk edip gitmegi bolsa ony däliredere getiripdi. Şondan bäri ol amatyna garap ýördi. Başarsa çakjakdy, aljakdy.   

Işan aga bolsa, bäş wagt namazyny yrman, remezan aýynda agyz bekläp, türmededirin diýmän, başyny dik tutup otyrdy. Çagyryp sorasalar, “Hawa, köçä çykan oglanlara listowka ýazyp beren men. Haýyş etdiler, ýazdym” diýip jogap berýärdi. Ýogsa ol listowka ýazmandam. Ony ýazan başga biridi. Emma Işan başgany satmagy başarjak däldi. Onda-da özüni satana ýanyp otyrka. Şonuñ üçinem ol: “Hökümetiñ halkdan üzñeligi, ýurduñ tozdurylýanlygy, prezidentiñ işden çekilmelidigi, erkin saýlawyñ geçirilmelidigi nädogrumy eýsem?” diýip, sorag edýänleriñ özüne sorag berýärdi. “Dogry, siz iki gün para alarsyñyz, bu gün doksuñyz, ýöne bu gidişde size para almaga adam galarmyka!” diýýärdi.

Onsoñ Işany ýene kamerasyna dolap getirýärdiler. Ol bolsa ýylgyrýardy hem “Ykbal” diýlen zat geñ-ow - diýýärdi. - Bir ýyl ozal Moskwada bir sygan aýal “öñüñde türme görünýär” diýse, “ýok bol-a” diýipdim. Mañlaýdan gutulma ýok ekeni” diýýärdi. Soñam özünden sorag edýän sülçüler barada oýlanýardy. Ol sülçüleriñ biri meşhur Jepbar bagşynyñ agtygy bolsa, beýlekisi giýewisidi. Ikisiniñem neşekeşdigi ýüzünden görnüp durdy. Işan aga şol sülçüler ýaly ýaş döwründe Jepbar bagşa kän gezek çaý guýup beripdi. Bagşy olaryñ myhmany bolmany gowy görerdi. Işanyñ kakasy bagşyçyl adamdy, söze-saza, senede gadyr goýmany başarýan kişidi. Ondan Jepbar bagşy barada ajap bir film ýadygär hem galypdy. Bu filmi ýurduñ telegörşünde ýüzükli bela döremezden öñ kän görkezerdiler. Ine indi ýagşylyga ýamanlyk diýleni. Jepbar bagşa şol edilen hyzmatlaryñ deregine, onuñ agtygydyr giýewisi Işanyñ aýagulagynam öýünden alyp gaýdyp, ol-bi şaýyny goparyp, satyp ýördüler.

Seýit Sapar bilen Nazar Muhammet Işanyñ erkini syndyrmak işini gaty oýlanyşykly alyp barýardy. Bu işiñ esasy ugry Işana psihiki hüjüm etmek hasaplanýardy. Onsoñ olar Işanyñ kamerasynyñ ýokarsyna Ogulnäzik Babaýewa diýen neşe söwdegärini getirip oturtdylar. Ogulnäzik ýaş gelindi, ýöne uly möçberlerde neşe satyp tutulypdy we biraz akyly üýtgäne çalym edýärdi. Ol uzakly gün gülýärdi. Tussaglar onuñ dälişge gülküsinden däliräre gelýärdiler. Türme gözegçileri Ogulnäzigiñ ýatagynda aýbogdaşyny gurap, çuw-ýalañaç bolup oturýandygyny gürrüñ berýärdiler.

Şol günleriñ birinde Işanyñ ogul agtygynyñ bolandygy barada habar geldi. Ol bu habary buşlan gözegçä iki-üç gap “PallMall” eçildi. Buşlukçy ol çilimleri Işandan teperrik diýip tussaglara paýlady.

Erk syndyrma welin dowam edýärdi. Koridorda hem kameralarda gije ýarymdan soñ tussag ýençmekmi, tomsuñ jöwzasynda iki-üç günläp nasos döwüldi, suw ýok oýnuny oýnamakmy, garaz, MHK-da oýun kändi.

Emma Işan syr bildirmeýärdi. Ýogsa oña beýleki oglanlaryñ gaty horlanýandygyny, Kasym Gajaryñ olary beter gynaýandygyny, polisiñ tussaghanasyndan yssy günler onlap maslyk çykarylýandygyny aýdýardylar. Seýit Sapar bilen Nazar Muhammet oña bu ýagdaýlar barada ençme gezek duýdurypdylar. “Ýaş oglanlara haýpyñ gelsin, Kasym Gajar olary öldürer ýa maýyp eder. Kürsüden gymmat zat ýok oña, ýokarka ýaranjak bolup, bütin obany gyrjak ol. Sen toba edýän diýseñ, hemmesi boşaýa şolañ” diýip, wada üstüne wada beripdiler.

Işan olaryñ bütin obany gyryp biljegine ynanmady. Gorkarlar diýdi. Dogrusy, onuñ muña ynanasy gelmedi. Ýogsa ol Kasym Gajaryñ kürsüsi üçin bir obany däl, bütin bir halky gyrmaga taýyndygyny bilmän duranokdy.

Onsoñ sud boldy. Görülmedik wejeralyk boldy, dogrusy. Namart hökümet ýer ýok diýen bahana bilen üýşüp gelen mähelläni suda goýbermedi, gizlenip, ýapyk gapyñ arkasyndan iş gördi. Ýuwañ seçegi ýaly oglanlara, il-ýurt bähbidini aradyñyz diýmän, garakçy diýip ýyl kesdiler.

Işan kameradaşlary bilen hoşlaşmaga başlady. Ol indi iñ bir ýowuz režimli, itiñ ölen ýerindäki tussaghana geçirilmelidi. Emma agşam ony ýene Seýit Saparyñ haly düşelen kabinetine çagyrdylar. Halyly kabinetde egni general ýyldyzly epeý kişiler otyrdy. Ol epeý kişiler birden pişik gören syçana döndiler hem ýalbarmaga başladylar: “Özüñe haýpyñ gelmese, oglanlara haýpyñ gelsin, şu kagyza gol çek-de, bizem dyndyr, özüñem dyn!” diýdiler. Işanyñ göz öñüne suduñ zalyndaky boýny ýüplüge dönen oglanlar geldi. Ol ruçka el ýetirenini duýman galdy.

Türmäniñ agyr gapysy ses edip açyldy. Daşarda ak gar ýatyrdy. Işan “Ak zat alnyña ýagşy” diýdi. Oña ogullary garaşyp durdy. Howluda bolsa, göz aýdyña gelen mähelleden ýaña, aýak basara ýer ýokdy. Öküz soýlup, hudaýýoly berilýärdi. Daýysy Aman aganyñ keýpi kökdi. Emma ol ýumşak düşekçäniñ üstünde oturan ýerinden daýysynyñ öñküliginiñ ýokdugyny syzypdy.

Gözleri ony aldamandy. Daýysy halys ekeni. Derrewem işini bitirdi, pahyr. Ol şonda özüniñ iñ bolmanda daýysyny razy etmek üçinem türmeden çykmaly ekenligi barada pikir etdi. Ýöne oña wada beren generallar sözlerinde tapylmandylar. Oglanlaryñ köpüsi türmede galypdy. Şu-da onuñ ýüregine dert bolup ýapyşdy, dik başyny aşak egdi. Emma ol bu derdi hiç kime bildirmejek boldy. Dert bolsa ony bir gün düşege ýykdy. Onsoñ ol derdi uly il bildi. Ýagşy pälli adamlar üýşüp-üýşüp soramaga geldiler.

Işan halysdy. Ýagdaýy egbarlaşdygyça-da soramaga gelýän köpelýärdi. Adamlaryñ içinde türmede bir zat edendirler, iýmitine bir zat goşup iýdirendirler diýen ýaly gürrüñler edip başlanlar-da, “Aý, indi tamañyzy üzäýiñ” diýenler-de boldy. Sebäbi oña derman-däriden hiç bir haraý ýok ýalydy. Bäri bakyberenokdy.

Işan ýatan ýerinden bir zatlar pyşyrdap, doga-dileg edýärdi. Dodaklaryny müñküldedip, kimdir birleri bilen gürleşýärdi. Aýaly onuñ näme diýýänini eşitjek bolup biderek özüni köseýärdi. Ahyry yns-jyns ýatyp galdy. Köçeden gelýän it seslerem kesildi. Şol wagtam howlynyñ demir derwezesi giñden açyldy. Işan bu ahwalaty ýatan ýerinden gördi. Derwezeden iki sany intelligent adam girdi. Olaryñ egninde iññeden çykma gara kostýum, ak plaş bardy. Ak köýnekleridir owadan galstuklary gözüñi gamaşdyrýardy. Biri şlýapalydy, beýlekisi bagana gulakçynlydy.  Işan olary göreninden tanady. “Kaka, daýy, geläýdiñizmi?” diýdi. Olar ýylgyrdylar-da: “Çagyrdyñ-da!” diýdiler. Soñam gelişleri ýaly yzlaryna öwrüldiler: “Tur ýeriñden-de, iliñ içine bar, milletiñ boýny burulmasyn! Sen indi diñe özüñe degişli, öz maşgalaña dahylly adam däl!” Olar bu sözi derwezäniñ agzynda aýtdylar. Şondanam gaýyp boldular.

Işan ýuwaşlyk bilen ýerinden galdy. Galşyna-da başujyndaky dermanly düwünçegi hapa bedrä atdy. Soñ ýyljak duş aldy, sakgalyny syrdy. Howlynyñ içinde iki ýana ýöräp, aýaklaryna ysgyn, ýüregine güýç gelýänini duýdy hem içerik girip, aýdym-sazly sandygyñ başyna geçdi. Birsellemden içerde bagşynyñ belent sesi ýañlanyp başlady. Bu Jepbar bagşynyñ sesidi, waspy aýdylýan bolsa ak ýüzli Maraldy...

17.12.1999

 

 

ÝÜZЕGЕLMЕ

 

“Daşymyñ berki-goragy bolsun” diýendir-dä, kakasy oña Galkan adyny dakypdyr. Frontçy, uruşdan maýyp bolup gelen adam. Köñlünde ogul-gyzyndan gorag islän borly. Galkan bolsa nirede bir ýumşak adam bolup çykdy. Ýumruk ýalylygyndan çeperçilik mekdebine gatnady. Elinden çotgasyny düşürmedi. Ýat şähere gidip, ýokary bilim aldy. Kakasy ony kanikula gelende oba gyzyna öýerip, uly toý etdi. Şonda ol kakasyna okaýan ýerinde halaýan gyzynyñ bardygyny aýdyp bilmedi. Okuwyny bitirip, ýylaşadan jägildäp dogup duran çagalaryna guwanyp, paýtagtyñ çetinden wagtlaýynja jaý gurundy.  Özgeler hars urup mal-baýlyk ýygnasa, ol kitap ýygnady hem öz işjagazy bilen boldy ýördi. Çaga basyp ugransoñ, “Öz-ä dilejek däl” diýip, iş ýeriniñ profsoýuz guramasy oña şäheriñ içinden öý berilmegini gazandy.

Elbetde, o mahallar dünýä düzüwlikdi, häzirki ýaly gahatlygam, eden-etdiligem ýokdy. Öz işi bilen bolup ýören adama, çaga-çugala döwletiñ delalaty ýetýärdi. Ine birdenem bar zat çepbesine çöwrüldi. Ne profsoýuz galdy, ne-de öñki aýlyk-günlüklije döwran. Oña derek “Sarpalyly döwür” geldi. Hudožnikler bu döwri öz aralarynda şeýle atlandyrdylar. Dogry, ozalam sarpaly-sylagly adamlar, döwlet ýolbaşçylary bolupdyr, olar hakynda goşgy-poşgam goşulypdyr. Ýöne bu sarpalynyñ sarpalylygy öñki görlen däldi. Bu-da owarram diýseñ, nan atly, adamlar pyýada bolup ugrady. Gitdigiçe, sarpalynyñ sarpasy tutuldygyça-da bar zadyñ bujrugy artdy. Galkan görgüli öñküje abat düzgüniñ beýle çalt bozulyşyna, hemme zadyñ bulaşyşyna hiç düşünip bilmedi. Ilki telegörüşden “Sarpaly” diýlip götergilenýäni diñläp bir zatlar añlajak boldy, soñ onuñ çykyşlaryny gazýetlerden okap gördi. Hiç zada düşünmedi.

Kärdeşleri oña hiç zada düşünjek bolmazlygy hem şol sarpalynyñ suratyny çekmegi maslahat berdiler. Käbirleriniñ hut şol suratlardan hem heýkellerden belent jaý gurunýanyny, owadan maşyn münýänini, at-abraýly adam bolýanyny aýtdylar. “Ýogsa-da şeýder aç oturarsyñ” diýdiler. “Açlyk näme iýdirmez” diýleni. Onsoñ olam synanyp gördi. Sarpalynyñ suratyny çekdi. Kärdeşleri onuñ işine hyrydar tapyşdylar. Surat satyldy. Elbetde, birneme çaý puly boldy. Çagalar etli çorbadan doýdular. Ulujalaryna eşik-peşigem aldy. Şonuñ bilenem pul gutardy. Aýlyk bolsa indi birki ýyl bäri ýokdy. Ol ozal öz okan çeperçilik mekdebinde çagalara ders bererdi. Ýöne ol çagalaryñ reñksiz-çotgasyz kösenip oturyşlaryny görüp, işden çkyp gaýdypdy...

Onsoñ ol ýene we ýene sarpalynyñ suratyny çekdi. Ýöne sarpalynyñ suratyny çekmek barha kyn düşýärdi. Şol bir etlek ýüz, şol burun, şol gaş, şol bir gözler... Üstesine olary satmagam kynlaşyp barýardy. Ýönekeý adamlaryñ beýle  zada pul bermäge ýagdaýy ýokdy. O suratlary diñe edara-kärhanalar alyp bilýärdi. Olaram bireýýäm aljagyny alyp, asjak ýerinden asyp goýupdy. Indi o suratlary satmak üçin ýokary edaralarda tanyş tapmalydy. Suratyñ bahasyny şol tapan tanşyñ, ýagny sarpalynyñ suratyny satyn alýan edaranyñ başlygy bilen paýlaşmalydy. Bu kyn işdi. Iki tarapam bir-birine ynanmalydy. Ynanyşmak üçin bolsa bir-biregi ýakyndan tanamak gerekdi. Kimde bar onça tanyş başlyk. Onsoñ şol başlyklaryñ tanşyny, ýagny arada durýan tapmaly bolýardy. Şeýdibem bir adamyñ zähmetinden üçünji, dördünji adamlaryñ agzyny ýaglamalydy. Ýöne başga alaç ýokdy. Onsoñ Galkan bu hapa-da birki gezek batyp gördi. Sebäbi kärdeşleri oña indi hemmeler şeýdýä diýýärdiler.

  Ýöne ömür gysga, gün uzak diýleni. Onda-da açlyk, gahatlyk bolsa. Şu gahatlykda çagalaram ýetişdi. Birini öýermeli, birini çykarmaly. Okuwa salmaly, işe ýerleşdirmeli. Ne okuwa salyp bolýar, ne-de iş tapylýar. Özi bir zatjyga güýmensin diýseñem, iş guraly gerek. Gyzlara tikin maşyn almaly. Oglanlara ussaçylyk enjamlary gerek. Hemmesem onuñ üçin uly pul, golaýyndan barar ýaly däl. Onsoñ ol birden darygyp ugrady. Telewizorda şol sarpaly diýilýän görünse, öýde, çagalarynyñ ýanynda sögünmäni çykardy. Gyzlary dagy kakalary barka telewizor açmaga zar boldular. Sebäbi telewizor açylsa, sarpaly diýilýänem ýalpyldap görünýärdi. Onsoñ Galkan ýagdaýyny tapsa ussahanasyndan bäri gelmejek boldy. Gaty-guty çörejigi bolsa-da, çaýa batyrynyp iýip, şol ýerde ýatdy. Işledi. Emma soñabaka işem ýöremedi. Esasanam şol etlek ýüze gezek gelende kyn boldy. Egin-pegin, galstuk-beýlekisini arkaýyn çekdi. Ýöne haçanda şol ullakan, kän gaýtalanan gözlere gözi düşse, şol etlek ýüzden çotga ýöredip ugrasa, eli titräp başlaýardy. Onsoñ ol sarpalynyñ suratynyñ ýüzüni ýapyp goýup, başga işler bilen meşgul bolýardy. Bolmasa oturyp okaýardy. Ýöne soñabaka şol ýüzi ýapylgy suratyñ golaýyndan geçse-de titräp, süññüne erk edip bilmän başlady. Bir gezeg-ä ony depip ýykyp, çüñkde duran pil sapy bilen suwasalma ýençdem...

Soñ Galkan özüniñ bu eden işinden gaty utandy. Şol wagt goñşy hudožnikleriñ üstüne gelmänine bolsa begendi. It çekelän ýaly bolan suratyñ böleklerini, hiç kim görmänkä, eltip zibilhana taşlap geldi. Edil şol mahalam bir kärdeşi gelip, çaýa çagyrdy. Soñky çeken “sarpalysyny” satandygyny, arajygam alandygyny aýtdy. Galkan içip ýören adam däldi. Ýöne onuñ birden erbet içesi geldi. Ýüz gram içensoñam kärdeşine içini dökdi. Indi şu sarpaly diýilýäniñ suratyna hiç eliniñ ýöremeýänini aýtdy.

- Başga çörek puly gazanar ýaly ýer bileñokmy? Bolmasa bir ýerde ýükçülik dagy etmelimi, mundan-a mydar bolmaz.. - diýdi.

- Düýn irden şo niýet bilen bazara bardym. Çelek-selek daşaşyp, işleşip ýörenler kileñ intelligent adamlar. Görüp otursam, şoñam üsti uly uruş ekeni. Ýogsa menem bäş şaýy gazanaýjakdym. Biziñem elimiz ýöräp duranok şuña. Nälaç ýöredýäs...

- Wagtynda il ýaly maşynam edinmändiris. Artykly dagy suraty taşlap, kireý edişip ýörler...

- Wah, oñarýalar-la. Meñem maşynym bolsa etjegim şol... - Birdenem ol gözüne ýaş aýlady. - Nerwi gutardy indi, gardaş, nerwi. Düýn, ine, gutaryp barýan “sarpalym” bilen “uruşdym”. Ýere taşlap, depelän bolýan. Ol-a bizi depeleýä diýýän. Soñam öz-özüme masgara diýdim. Sen ony depeläñok, özüñi depeleýäñ diýdim. Ine, seret muña! - Ol şeý diýip, şkafyñ añyrsyndan ýüzünde aýak yzlary tegmil-tegmil bolup galan suraty çykardy. - Ozal diñe özümmikäm  diýerdim. Heýkelçiñ ýanyna barsam, “Şu heýkelleri çekiçläp döwüp çykaýasym gelýä...” diýip, öz ýasan zatlaryna hyrçyny dişläp otyr.

 Bu gürrüñleri eşidip, Galkanyñam öz “masgaraçylygyny” aýdasy geldi. Ýöne aýtmady. “Ýeri, aýdañda näme boljak, hemmämiziñ ýagdaýymyz birmeñzeş, biz şo suraty çekemizde-de, öz çeken suratymyzy aýak astyna salyp depelämizde-de, ikisinde-de özümizi depeleýäs” diýdi. Kärdeşi bolsa, barha gyzyp gürleýärdi. Şu suratlary satmasa, öýüne barmaga, çagalarynyñ ýüzüne seretmäge utanýandygyny aýdýardy. “Sarpaly” satylmasa, holodilniginiñ boş bolýandygyny heçjikleýärdi. Galkan lañña ýerinden turanyny hem gapa ýönelenini duýman galdy. Kärdeşi oña düşünmän añaldy. Galkan ondan ötünç sorady hem özüniñ gyssagly bir ýere gitmelidigini aýdyp ýalan sözledi. 

Ol ussahanasyna gelip, gapyny içinden gulplap ýatdy. Ýöne ýatybam mazasy bolmady. Ýene haçana çenli beýdip eplenip ýatyp bolar diýip turdy. Işlejek boldy. Hiç işe eli barmady. Kitap alyp, okamaga oturdy. Şol okady oturdy. Okap ýatyp galdy. Turup ýene okady. Ajyksa baryp, grantdan suw içdi...

Şol günleriñ birinde-de ony birnäçe kärdeşi bilen ýokaryk çagyrdylar. Sarpaly olary öz kabinetinde kabul etdi. Bu uly jaýa ilkinji sapar gelşi ýaly, Galkan onuñ eýesinem ýanyndan ilkinji gezek görýärdi. Bu zatlar onuñ biraz howuny basdy. Aslynda-da ol öñe müñzemäni halamazdy. Ýöne bu gezek ýörite yzrakda oturdy. Sarpaly gürrüñiniñ başynda olaryñ edýän işlerini bilýändigini, azrak horlanýandyklaryndan hem habarlydygyny aýtdy. Şeýdip işleşip otursalar, iru-giç gadyrlarynyñ bilinjekdigini, iş edeniñ ahyry görülýändigini nygtady. “Yhlasym duýulmady” diýip, hiç kimiñ Watandan öýkelemeli däldigini, Watana pul, sylag almak üçin hyzmat edilmeýändigini düşündirdi. Hiç hili gykylyk-galmagala, gep-gybata goşulmaýandyklary, pukaraja günlerine garamazdan, il-ýurt üçin başlaryny basyryp işläp oturandyklary üçin uly minnetdarlyk bildirdi. Bu gürrüñler Galkana düşnüklidi. Olaryñ näme üçin aýdylýanyny bilip otyrdy. Ýöne sarpaly birden sungat hakynda, reñkleri saýlap almak, ata-babalaryñ çöp-çalamdan reñk ýasandyklary barasynda, portret çekilende gözi nähili şekillendirmelidigi  dogrusynda gürläp ugrady welin, ol hiç zada düşünmedi. Sarpaly welin barha joşup gürleýärdi. Ermitažda, daşary ýurtlardaky abraýly sergilerde bolşuny ýatlaýardy. Milli sungaty ösdürmek hakynda uzyn-uzyn gürrüñler edýärdi...

 Galkan birden sarpalynyñ gürrüñlerine düşünip bolmaýanynyñ syryny özi üçin açan ýaly boldy. Ol örän köpsözlüdi. Şol köpsözlülik hem onuñ bar syryny açýardy. Içgin synlasañ, sarpaly näme edýänini, näme diýýänini bilýän adama sähelçe-de meñzänokdy. Öz-özünden bir topar gerekmejek gürrüñleri edýärdi, bilmeýän zatlarynyñ başyny agyrdýardy. Akyllysyrajak, bilimdarsyrajak bolmagy bolsa, bir topar zady bulaşdyrmagyna hem şol bulaşyklygy özi duýmaz ýaly hala düşmegine sebäp bolýardy. Geñ ýeri, oña hiç kim bu ýagdaýyny düşündirjek bolanokdy. “Sen düşnüksiz gürleýäñ, kän gürleýäñ,  bulaşdyrýañ, ile gülki bolýañ...” diýenokdy. Ýönekeý oturşykda bir-birine gezek bermeýän hudožnikler agyzlaryna suw alan ýalydylyr. Diñe bulam däl. Olar sarpalynyñ gürrüñlerine akyllysyrap, düşünýänsiräp baş atýardylar. Sarpaly bolsa mundan joşgun alýardy we gutarjak bolup oturan gürrüñlerini ýene süýndürmäge başlaýardy. Aý, garaz, Galkan şeýle bir ýadady. Tasdanam turup gaýdypdy. Emma çydady. Öz-özüne: “Bir gezek çyda, soñ gaýdyp beýle çakylyga gelmersiñ” diýdi.

Ahyry garaşylan pursat gelip ýetdi. Sarpaly olara işlerinde üstünlik arzuw etdi. Turup çykyp gidibermeli boldy. Şol wagtam sarpaly ýene bir zat tapdy. Ýeke-eke ýanyna çagyryp, ellerini gysyp,  hersine bir “Gurhan” sowgat berdi. Galkanyñ bar zatdan beter şu sowgady alasy gelmedi. Onda-da nälaç baryp aldy. Ýöne ony, näme üçindir, öýüne ýa ussahanasyna äkidesi gelmedi. Oturan ýerine gelip, gapdalyndaky äpişgäniñ öñünde goýdy. Soñam alman turup gaýtdy. Emma ol bu islenmedik sowgatdan munuñ bilenem dynyp bilmedi. Sarpalynyñ keltejik kömekçisi daş gapynyñ agzynda yzyndan ýetdi-de:

- Galkan aga, siz “Gurhanyñyzy” galdyrdyñyz! - diýdi.

Galkan ilki ogurlygynyñ üstünde tutulan ýaly aljyrady. Soñam birden ýüzüni çytdy-da:

- Ol maña gerek däl - diýdi. Sarpalynyñ kömekçisi muña ör-gökden geldi:

- Bu “Gurhan” ahyry, her öýde biri hökman bolmaly! - Galkan bu sözlere ajy ýylgyrdy:

- Meñ öýde ýedi sany garagöz gurhanym bar!..

19.06.1999

 

 

ŞÜKÜR EDЕLIÑ, ADAMLAR!

Satiriki monolog

 

Adamlar, küpür geplemäweriñ. Şeýtan raýyna gitmäweriñ, şükür edeweriñ! “Beterinden saklasyn!” diýendir türkmen. Şony diýiñ sizem! Serdarymyza ol-bi diýýänleriñ gepine hiç gulak asmañ. Ýeñlesräk, ýüzük dakynýa, saçyny boýadýa diýýänleriñ şol ýüzügi görüp bilmeýän bolmaklary gaty ahmal-a. Özlerem puly bolsa, baý, ýüzükmi, altyn zynjyrmy, gülýakamy, gulakhalkamy, altyn sagatmy dakynarlar-a. Bu ýerde näme aýyp zat barmyş. Bar bolsa, tapsañyz, sizem dakynyñ. Gazetde suratyny köp çykardýa diýýänlere-de gulak gabartmañ. Ýeri näme, oglan ýaşlykda ýazyjy-şahyrlañ gazýetde suraty çykýa diýip kemsinendir, indi mümkinçilik dörände şol ahmyrdan çykaýyn diýýändir-dä. Bu ýerde näme aýyp zat barmyş. Onsoñam ol gazýetlere zor edip suratyny çykardanok, okyjylar isleýä şeýdilmegini. Telewizoram şeýle, mähriban serdar hakynda süýjüden-süýji gepleşikler bolmasa, teletomaşaçylar boýurganyşyp hat ýazyp, haýyş bilen bizar edýäler. Şoñ üçin telewizoryñ ekranynda serdaryñ şekiliniñ goýlanam... Edara-kärhanalaram işgärlerimiziñ mähri gansyn diýip asýar onuñ suratyny... Bu ýerde, heý, dile çolar ýaly aýyp zat barmy? Gaýta şeýle söýülýän serdaryñ bolanyna guwanmaly. Emma göripler guwanyp bilmeýärler. Şoñ üçinem olar görip bolýarlar. Gerübilmeseñiz, gözüñiz, ýene bir topar başga ýeriñiz çyksyn diýmeli olara...

Ýadygärligini köp dikdirýä, gyzyla gapladýa, altyn çaýdyrýa diýip gürrüñ etjek bolýanlar barmyş onda-munda. Watan satyp giden näkeslerdir olar. Diñlemäñ olary. Şol ýadygärliklere derek mekdepleri bejermeli, okuwçylara kompýuter almaly we ýene pylan-pyssygan etmeli diýen bolýamyşlar. Heý, şundanam bir konstruktiw tankyt bolarmy. Serdaryñ ýadygärlikleri biziñ çagalarymyz üçin müñlerçe mekdep-mugallymdan, kompýuterden has ähmiýetli ahyryn. Olara bir ýüzi düşen çaga müñ ýyllyk ylym alýar ahyryn. Päheý-de welin, şu oppozisiýadakylaram edere gürrüñ tapanoklar-ow..

Onsoñam, ýeri, oglan ýaşlykda, oktýabrýat, pioner döwri Stalin, Lenin ýaly ýadygärliginiñ dikilmegini, mekdeplerde burçunyñ döredilmegini, adynyñ oba-şäherlere dakylmagyny, adyna aýdymdyr goşgy düzülmegini, özi hakynda çeper filmler surata düşürilmegini arzuw edendir-dä. Bigünä çagalykda nämeler arzuw edilmeýär. Goý, mümkinçilik dörände, çaga gözýaşy ýaly päkize arzuwlaryna ýetsin-dä, ýetim neresse. Bu ýerde näme aýyp zat barmyş.

Il-gün horlanýamyş, o bir topar işýakmaza gulak assañ, elbetde. Il-gün mertdir. Asyrlyk horluklary görüp hyk-çok eden däldir. Sowet döwrüniñ ýetmiş ýylyna çydady. Ondan öñ Ak patyşañ zulmuna çydady, “Gözi ganly, aýrysakgal” generala döz geldi. Ençeme ýüz ýyl döwletsiz bolanda çydady. Bir ýandan Eýran, bir ýandan Hywa çapanda mert durdy. Çingiz hana çydady. Ýalañaç araplar çozanda dargap gitmedi. Indi şuña çydajak dälmişmi. Beýle namartlyk bolmaz. Bu namartlygy beýik hem kanagatly, şükürli hem sabry umman derýa ýaly giñ türkmen halkyna sürtseñem ýokmaz. Ýeri, kim ynanjak türkmen öz içinde bir ýeke-täk serdar dörände şeýle namartlapdyr diýseñ. Hiç kim ynanmaz. Türkmeniñ beýik taryhyna, ahalteke atyna, halysyna, keçesine, gara hem ak öýlerine, saryja tohumly goýnuna, köpegine, tazysyna, silkme telpegine, gyrmyzy donuna, gyýma balagynyñ biçiwine beletler-ä muña hijem ynanmaz. Mal eýesine çekmese şumluk diýipdirler-ä! Heýem bir päl azman başa bela gelermi. Türkmeniñ päli düzüwdir, onuñ beýik myhmanparazlyk, pälipeslik, gaçany kowmazlyk, berilmese iýmezlik, bir agyz iýýärkä bakyp oturmak ýaly asyrlardan aşan häsiýet-gylyklary, hüýleri bar. Türkmen myhman gelse baryny orta goýar. Hatda ýogunam goýar. Bolmasa goñşularyndan diläp alyp goýar. Bolsa, bir goýun soý, bolmasa ikisini diýýändir türkmen myhman gelende. Bogaz goýnam bolsa öldürip, myhmany söwüşle, boş goýberme diýdigi şol. Ol şu däbinden şu kynçylykly, gahatçylykly geçiş döwründe-de ýüz dönderenok. Gelen myhman kileñ söwüş iýýä hem bu halkyñ özi iýmän myhmana iýdirip bilşine aperin diýip, telpek goýup gidýä hem yzyna gelip, ýene şol goýan telpeginem daşyny ýüpek-parça matalardan, halydan dolap alyp gidýär. Türkmen diýeniñ pirli tamdyr ýaly bir mukaddes, eteginde namaz okabermeli tämiz, ak guş ýaly bigünä millet ahyryn. Heý, oña-da serdaryñ pylan-pyssygan diýip dil ýetirip bolarmy. Öñem serdara zordan ýetdi ol, ilki gözüniñ düşeni, gaýşardyp gezdirjegi ol onuñ!

“Kanagata-bereket” diýipdirler onsoñam. Kanagat edeliñ. Serdar hiç zat etmän, ýurdy tozduryp, Brežnew ýaly bäş gezek gahryman boljak bolýa diýýändirler. Ynanmañ o gepe-de. Hiç iş etmedi diýlenin-ä asyl ynanmañ. Türkmen baýlaryny döretmedimi eýsem serdar, onda-de ne baýlar, bagana possunly hem ak silkme telpekli hakyky semiz baýlar. Serdar olar bilen surata düşüp, wagtal-wagtal telewizorda şol suraty görkezdýärem ahyryn. Bilsinler diýip edýä-dä şony. Elbetde, özüniñem şolañ biridigini aýtdygy şol oñ. Dogry, ol baýlaryñ içinde ogurlyk-sogrulykda görnenlerem bar diýjek bolýalar. Şolar ýalylañ bolgusyz şekilini serdar suratdanam aýyrdýar ahyryn. Heý, suratdan şekiliñ aýrylmakdan ulam bir jeza bolarmy. Onsoñam olar telewizorda toba-da edýärler. Bularyñ hemmesi halk üçin uly terbiýeçilik sapaklarydyr. Şunda-da sapak almadyk çagalary türmelere aýlap görkezmek düzgüni hem serdaryñ genial kellesinden çykan pikir. Şunam bir toparlary aýyp diýjek bolýalar. Bu ýerde näme aýyp zat barmyşyn.

Serdar halal baýajaga düşewüntli wezipe berip, baýadybilýär-le. Göterinmedigi, daşary ýurda beýlekä barlanda aýal-gyza ýapyşan ýa-da kabinetine owadanrak aýal  gelende edepsizlik eden ministru-başlyklary dagam aýap goýanok serdar, ýogsa olar oýun dagam ýazyp, baýrak-saýragam alan adamlar. Başaran alyp-satyp, ekip-dikip, başymyzyñ täjiniñ özi ýaly halal baýamaly hem kim-de-kim göterinmän, onda-munda serdar hakda gep-gybat etse, günäni özünden görsün. “Mert özünden görer, namart ýoldaşyndan” diýmänmidirler. Işden, onda-da düşewüntlije ýerden aýrylsañ, serdardan görüp, daşarda samahyllaşyp ýörenlere goşuljak bolup ýörmeli däl. Ýene serdara ýykylmaly. Başdan başlamaly. Şonda serdar yhlasyñy görüp, halallygyña hem wepalylygyña göz ýetirse, ýene wezipe bermegi ahmal.

Täze baýlaryñ salnan köşklerini, münýän maşynlaryny, çagalarynyñ restoranlarda pul sowruşyny görüp-bilip, heý, şu zatlary synlabam serdara iş etmedi diýip bolarmy. Elbetde, garyp düşenlerem bar. Ýöne eliñ bäş barmagy deñmi, hemme adam deñ bolar ýaly. Kim garyp düşýän bolsa, işýakmaz ýaltadyr, elinden zat gelýän däldir. Neşekeşdir ýa gybatçydyr. Ylymda-bilimde, edebiýatda-sungatda-da zehiniñ bolsa işläbermeli. Hökman serdaryñ adyny goýup kitap ýazmaly diýilýäni ýalan. Ylmyñ bolsa, Ylymlar akademiýasy bolmanda-da açyş edip bolar. Öýüñde laborotoriýa gur-da, ediber näme synagyñ bolsa. Gurbakga kän, it-pişik kän eýesiz. Asyl eýelileriniñem eýesiniñ özi aç otyr, işlemänsoñ. Al-tut-da, öldür, soý, edýäniñ näme diýjek ýok. Medisinada dagy näme açyş etseñ edibermeli. Ösen daşary ýurtlar diýilýände dagy it-pişigem ýokmuş-a. Bolanam pullumyş, gymmatmyş özem. Bir pişige ýüz elli dollar dagy baha kesýämişler. Bizde adama beýle nyrh kesilenok. Oñ ýaly türkmen däp-dessurlaryna bap gelmeýän demokratiýa bize gerek däl. Türkmen asyl gelip çykyşy boýunça iñ gadymy halkdyr we eneden dogma demokratdyr. Tahýasy bilen gyýma balagam görkezýär-ä oñ şeýledigini. Hatda onuñ heniz eneden dogmanka-da demokratdygy, ýöne kanagatly demokratdygy, ejesi aç bolsa, däbşenekläp ýatmaýandygy, ses-selemsiz, gymyldysyz ýatýandygy hakynda alymlar derñew geçirseler gowy boljak. Bu tutuş dünýä nusga boljak beýik türkmen häsiýeti ahyryn. Şeýdip doglan çagalar soñam ol demokratiýa gerek diýip gykylyk edip ýören kelesañlar ýaly ýeñles bolmaýa, agras hem ümsüm bolýar. Beýle beýik hem kanagatly ogullary dünýä beren halky hiç kim özüni aklamaga ýa-da daşardan geleniñ öñünde müýnürgemäge mejbur edip bilmez. Ol başyny dik tutup, dünýäde gaýşaryp gezmelidir hem öz ýoly bilen darsyldap gitmelidir. Näme ol çäýnek-käse ýa kakasynyñ arakly bulguryny döwen çagamy, özüni aklar ýaly.

Dogry, bize öz ýolumyz diýýäniñiz näme diýip güljek bolýanlaram bar. Nämemiş, o ýol gaty çukanak-sakanakmyş, içiñi dagy düşürjekmiş. Her näme diýilse-de, öz ýolumyz bilen gideliñ, adamlar! Soñ biziñ taýyn ýolumyzdan ýörediñiz diýip minnet etmesinler. Sowet ýyllarynda-da dotasiýada otyrsyñyz diýip igenibildiler, ýersiz-ere. Indi beri beýle zada ýol bermäliñ. Igenç çekmäliñ asyl adamdan. Öz ýolumyz bilen gideliñ!

Şükür ediñ, adamlar! O entäp ýören watan satanlaryñ gepine ynanmañ. Ýeri indi bir serdary başymyza täç edip göterip bilmerismi biz? Galdyralyñ ony ýokarrak. Goý, wezipe berilmedik näkesleriñ, damarynda türkmen gany tirpildemeýänleriñ elem, dilem ýetmesin. Öýkeleseler öýkeläp geçsinler. Şeýdenleri bilen çagyryp iki-üç wezipe berläýer öýdýändirler. Ol bolmaz. Wezipäni kim serdary ýokarrak galdyrsa, şoña bereliñ. Onsoñam atalarymyz aýdypdyrlar ahyryn, öli aýatdan doýmaz, diri hezzetden diýip.

Еne bir aýtmaly zat, biziñ serdarymyza demokrat däl, diktator diýip bir heñe gelmejek, ýapa degmejek gürrüñ tapjak bolýalar soñky birki aýda. Bu dagy heý ynanyljak zatmy. Ol demokrat bolmasa, dünýäde şer şalygy diýilýäniñ başynda oturan kompartiýanyñ hataryna sümip girip, ony şol mañlaýy täçlimi, hallymy biri bilen ýykyp taşlamaga gatnaşarmydy? Hana, ýykyldy gitdi ol ady başyny iýmiş. Bir gün bolmadyk ýaly. Serdarymyz bolsa, ol heniz ýaraly gaplañ ýaly urunýarka dempartiýa döretdi, saýlawda saýlandy. Alternatiw kandidat bolmady diýjek bolýarlar muña-da. Halkyñ özi şony isledi. Heý, beýle serdar barka-da bir alternatiw-palternatiw diýen zat bolarmy. Başga partiýalar ýok diýilýänem biderek gürrüñ. Başga partiýa nämä gerek, müñ partiýa degýän bir partiýamyz barka, onuñ başynda-da gül ýaly saýrak dilli, bilbil owazly, ýüzi nurana, sözi dürdäne, akyl-paýhasdan ýaña saçy düşen birinji sekretar gaýa ýa-da dagyñ bir belegi ýaly bolup durka... Onsoñam aýdyñ göreýin, haýsy ýurtda biziñki ýaly azatlyk bar. Şu azatlykda partiýa döredip bilmeýän bolsa, serdardan däl, özünden görsün her kim. “Aýbyny ýaşyran aýñalmaz” diýipdirler. Daşlaryna adam üýşürip bilmeýän bolsalar, aýyplary bardyr. Il aýyply adamyñ ýanyna barmaz. KGB-MHK kowalap ýör, dälihana salýarlar, milisiýa-polisiýa azar berýär, ýygnanyşyk geçirdenoklar diýilýänlerem biderek. Hana, serdarymyz gül ýaly ýaşulular maslahatlaryny geçirip ýör-ä, galoş-saloş paýlap. KGB zat diýenok şoñ-a, ýogsa şo taýda iýgi-içgem, beýleki hezzet-hormatlaram kemlik edenok. Gepem ýok, gürrüñem. Gaýta her kim razy bolup, öýüne sowgat-salamly gaýdýar.

Hawa, şükür edeliñ, adamlar! Tankyt ýok diýilýän gepe-de ynanmañ. Bizde tankyt bar. Onda-da nähili ajaýyp konstruktiw tankyt bar. Bu ugurda bize nusgalyk tankytçam ýene serdarymyzyñ özüdir. Şondan görelde alsyn o tankyt ýok diýýänler. Garyn salanam tankyt edilýär şoñ ýygnaklarynda, para alanam. Para alan alan parasyny getirip yzyna berip gidýär gaýtym. Para alanyna-da gaty ökünýär. Elbetde, azrak alypdyryn diýýändir-dä. Serdarymyz kimiñ ýumurtgasynyñ ýokdugynam göni ýüzüne aýdýar, nädersiñ onsoñ ýumurtgasyzlar ýüzlerini sallaşyp dursalar... Heý, kişiñ şahsyýetine degilýämi şo ýygnaklarda? Gaýta tankyt edilenler serdardan razy bolup, alkyş aýdyp gidýärler. Tankyt diýeniñ şeýle bolmaly ahyryn. Bütin iliñ ganyny gyzdyrjak, sussyny pes etjek tankyt kime gerek. Aýry-aýry, kiçiräk başlyklar bolsa, başga gep, olary nähili isleseñ tankytlamak bolar. Ýöne serdaryñ özüni tankytlap, bütin milletiñ ýüzüni ýere basmak bolmaz ahyryn. Sebäbi biziñ milletimiz serdara diýlen gaty sözi özüne çekip, ençeme gün işdäden galyp, horlanyp gezýär ahyryn. Serdar öz aladasyny edip däl, il aladasyny edip gyzýar beýle tankyda. Şoñ üçinem biziñ ilimizde “Serdar” diýip bütin ile düşünilýär, il diýip bolsa serdara” diýen ganatly söz ýörgünli. Bu sözi zehinli hem hakdan içen şahyrlar bilen kompozitorlar bileleşip aýdym etdiler. Çagalar ony irden hem agşam ertirlik hem agşamlyk ýerine iýýärler, ýagny ýerine ýetirýärler. Aýdym-saz, goşgy diýilýän zat bolsa, hudaýyñ zehin beren adamlarynda gudrat bilen, aýratyn üýtgeşik bir ylham joşgunynda dogulýar. Ol aýdymlara, goşgulara ýaranjanlyk eserleri diýýänler hudaýdan gorksunlar. Heý, ýaranjañlyk edibem bir goşgy, saz döredip bolarmy. Onda-da beýle ajaýyp aýdym-sazlary. Azyndan iki ýüz ýyl ýaşajak eserler-ä olar!

Türkmeniñ özi ýaly, serdaram bir kiçigöwün, saýhally adam! At-abraýy dünýäni tutdy ýogsa şunuñ. “Mesligem goýun göterer, goýnuñam garasy” diýipdir ata-babalar. Nobel baýragyny berjek bolup dyzadylar arada muña. Almady. Daşary ýurtlaryñ men diýen alym adamlary hödürläpdirler. Özem şol baýraga hödürlän adamlaryñ kimsi ölüm ýassygynda ýatyr diýýär, kimsi ýene bir möhüm işiñ başynda diýýä. Emma o dünýä gitmäkälerem, ýagny panydan baka göç eýlemänkäler şuñ Nobelli bolanyny görmek isläpdirler-dä. Iller şol baýragy aljak bolup nobata durýarlar, ähli tanyş-bilşini mobilizleýärler, dünýäñ puluny dökýärler diýen gepem bar. Biziñ saýhallymyz bolsa, üstüne getirilip berilýärkä alanok. Sebäbi ol gaty skromnyý adam...

Ylym-bilim ugrundanam hudaý beren bi. Ylymlaryñ doktory, professor. Hatda kompýuterem özi ýasan ýaly. Açyş barynam edibiljek, elbetde. Ýöne şu biziñ aam halkymyzy öz ýolundan ýöredip demokratiýa eltjek bolup bar wagtyny sarp edäýýä. Üstesine, gaty yrymçam. Göz-dilden çekinýär, beýle gözçykgynçlyk etmäli, açyşlaryñam wagty geler diýýär...

Hawa, hawa, “Ilde gep kän, Mekgeda arap” diýleni. Iliñ bor-bolgusyz gürrüñine añkarmalyñ, şükür edeliñ, adamlar! Serdarymyz öñem ýarym göwün, ýetim ösen, köp horluklary başdan geçiren adam. Munuñ üstesine şu günler ýekerägem galdy. Maşgalasam birhiliräk, eşitmişimize görä, şo daşardan gepleýänleriñ aýdýany çyn bolsa, başga ýerräkde ýaşaýar. Onsoñ birden, ýeke adamdyr-da, täzeden öýlenjek diýse näme diýjek. Ýekelik hudaýa ýagşy, elbetde. Dogry, serdarymyza gyz tapylar. Munuñ gürrüñi ýok. Saýlap-seçip alarys gyzy, iliñ orta barmak ýaly ýerinden, ig gyz alarys onda-da. Serdar ýaly ogluñ bolsa, gyzlaryny üstüñe getirip berýärler bumat. Kileñ öýlenjek oglanlar neşekeş bold-a. Ýöne öñki maşgalasy emläk paýlaşjak diýse, ana, şonda turar dawa. Bu milletiñ ýeri-ýurdy, bar baýlygy, daşary ýurtlaryñ banklaryndaky serişdeleri bölünşige düşmese kaýyl bolaýyñ. Sebäbi serdar ýurduñ baryny-ýoguny, ynamdar bolsun diýip, diñe öz adyna geçirdi. Üstesine serdarymyz öñ gelnaljylap, kejebeläp öýlenmedim, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp toý tutmadym, göreş tutdurmadym, keçe-keçe oýnatmadym, ýaglyga towusdyrmadym diýse, näme diýjek. Köne däpleri gowy görýär-ä ol neresse. Ýeri bolýa, bularam etmek kyn däl, owarram diýseñ, şol agzy ýelli oppozisionsumaklara uly gürrüñ bolar-a bi.

Bar, bularam hiç diýseñ, serdarymyz gelin toýumy kinofilm ediñ diýse, gyza ýaglyk dañlyşyny, ýüzük dakylyşyny, gelne guşak çözdürilişini, baş salnyşyny aýratyn sünnäläp surata alyñ diýse, şol dabaralarda aýratyn yhlasly dempartiýaçylar öñ hatarda bolsun diýse, aýdaly, onjyklar-otuzjyklar, kakabaýjyklar-ballyjyklar gyza ýaglyk dañyp, ýüzük dakyp, gelni palasa mündürip göterip, nogul-nabat seçişip ýörseler nähili bolar. Serdar gelnaljy maşynyñ üstünde ak guw bolsun, öñünde ullakan gurjak dursun, tüýdükçi-surnaýçylar saz çalyp, deprek kaksynlar diýse, näme diýjek. Gyzyl ýa ýaşyl kürteli gelin bilen öz ýadygärliklerime gül goýup surata düşjek diýse, näme diýjek. Elbetde, bize kynçylygy ýok bu zatlaryñ, il-gün höwes bilen gatnaşar bu dabaralara. Ile dönseñ şuññaly ýagdaýlarda. Toýuñy-ýasyñy il sowýar-a bolmanda-da. Başym gurban bu ile, il beýik, beýik! Ýöne ýene şu welisi bar-da... Daşarda heşelle kakjak kän-dä. Munuñ ýaly zat tapsa, olar serdarymyzy dünýä gülki edip ýazjaklar ahyryn. Şu wagtam zat tapmansoñlar ýazyp bilmän, ýuwdunşyp, haçan bir şunuñ ýaly ýalñyşlyk goýberlerkä diýip garaşyp otyrlar. Parasatly  serdar  bu  zatlara gaty oñat  düşünýändir,  elbetde. Öñdengörüjilik bilen hemme boljak-aýdyljak zatlary görüp-bilip oturandyr, ýogsa şonuñ ýeke ýaşasy gelýändir öýdýäñizmi. Elbetde, ýaşasy gelenok. Ýöne ol biziñ eşretli hem bagtly durmuşda ýaşamagymyz, altyn asyra ruhubelent gadam basmagymyz üçin diñe hudaýa ýagşy görülýän ýekelige-de çydaýar. Biz üçin çydaýar. Şonuñ bilen birlikde-de biziñ nazarymyzyñ öñünde, tamdyr çöregi ýaly mukaddes il-günümiziñ alkyşy bilen hudaýlaşyp barýar. Asyl barýaram däl, bireýýäm hudaýlaşdy. Ol biziñ hudaýymyz, adamlar! Geliñ, ownap ýörmäliñ, Krasnowodskä-Gyzylsuwa, ýene bir ýerlere adyny dakan bolup. Turkmenistan adyny üýtgedeliñ, Sapariýe diýeliñ! Ystan-pystan gerek däl indi. Modernleşenräk bolsun adymyzam. Altyn asyrda döwrebap bolar şul at. Şeýdeliñ, adamlar, şükür edeliñ! Kanagat edeliñ! Sabyr edeliñ! Magtymguly şahyr ýaly, durmuşdan eden tamamyz çykmady diýip, göwnüçökgün bolmalyñ. O pahyr, eşitmişimize görä, Pakistanda bir kitaby çan edilipdir welin, şonda ýöne “ajap eýýäm gelmedi” diýip aglap otyrmyş. Geldi ahyryn ajap eýýäm. Onsoñam ol hemme ýygnan zadyñy döke-döke gidersiñ, ýer seni kimem bolsañ goýnunda gizlär diýipdir. Muña ynanmañ, adamlar. Serdarymyzam şuny sargaýar. Özem Magtymgula ynananok. Hemme “gel” diýlenden gidibermeli diýip, olam ýaşynyñ soñunda halys göwnüçökgünlige düşüpdir. Hemme gitmeli bolmaz-a! Ahyry biri galmalam bolar-a! Onda-da munça at-abraý, türmeden boşadylan neşekeşlerden alkyş alnansoñ, munça mal-dünýe ýygnalansoñ... Heý, döküp gidibermek bormy...  Ruhubelent bolalyñ, eziz-mähriban adamlar! Ine, beýik serdarymyz bize beýik “Ruhnamamy”, bir zat ýazyp berjek. Şondan soñ ykdysadyýet dagam gülläp öser. Häzirem gülläp ösüp gidip otyr ol. Ýöne gülüñ öz biten ýerinde gadyry ýok. Biz oñ gadyryny bilemzok. Haý, biziñ ýurdumyzyñ waspyny şu taýyk gelip halydan-sowgatdan ýüküni tutup gidýän daşary ýurtlulara etdiriseñ-dä, şolar ökde ol zatlara. “Ogonýok” žurnaly dagy ýazypdyr arada, ýigrim birinji asyryñ serdary diýip. Bütin orsa-kürte-de serdar etjekler şuny alyp, emma ozi gidenok. Mähriban halkym diýip, göwni ýuka munuñ, şol yrlyp ýatyr. Biz başaramzok munuñ beýikliklerini ýazmany. Başarmaýan zadyña başaramok diýmeli. O daşardaky demokratsyraýanlar ýaly, başarmaýan zadyñam başarýan diýip ýörmeli däl. Dogry-da, walla!

Hawa, gaýrat edeliñ, şükür edeliñ, eziz hem jana-jana adamlar! Sabyr rahmandan, äwmek ol ady ýitmiş şeýtandan diýipdirler.

15.06.1999

 

 

ULY ILIÑ NAMYSY

                

1995-nji ýylyñ 12-nji iýul demonstrasiýasy

sebäpli gynamalardan soñ özüni heläklän köşüli

ýigit Suhanberdiniñ ruhuna bagyşlanýar.

 

Gerçek bu zatlar edil beýle bolar öýtmändi. Ýüreginde ýagşy umytlar besläpdi. Esasanam Orsýet tarapdan geljek diýilýän adama uly umyt baglapdy. Aýtmaklaryna görä, ol gelip, bar ýalñyşlygy düzetjek, halky garyplykdan çykarjak ýeke-täk kişidi. Ýöne ine bary, ýürekde beslenen ýagşy umytlaram, il-ulusdan çykmadyk tama-da garym-gatym boldy. Ol ozal “Ýok bolsun diktator! Ýok bolsun diktatura!” diýip çykanda, köçäni dolduryp barýan garyp oglanlaryñ arasynda bolanyna obanyñ iñ asylly gyzyna öýlenen ýaly buýsanypdy. Sebäbi diktatura hemme belanyñ özünden turýandygyny bilmez ýaly etmändi. Indiden soñ,  milletiñ añyna, beýnisine urulýanyny görüp-bilip durup, ol ýa-da beýleki kezzaplyga düşünmedim, beýledir öýtmedim diýip oturmak halys tüntawlyk boljakdy.  Negözel il, negözel ýurt  tozup-dargap barýardy. Megerem ol hut şunuñ üçin gyssandy. Parahat köçe ýörişi barada eşiden badyna-da öz ýoldaşlarynyñ ýanyna geldi: “Oglanlar, bizem ilden galmalyñ!” diýdi. Onsoñ dañ-säher bilen köçä çykyldy. Ol şonda öz milletiniñ ýigitleriniñ şeýle nazarkerdediklerini ilkinji gezek gören ýaly boldy. Arassa ak köýnek, doñdurylyp ütüklenen gara balak geýen ýigitleriñ ýüzleri ýap-ýagtydy, gözlerinde üýtgeşik bir nur bardy. Ol muny, megerem, haýyr ýoluna çykylandandyr  diýdi. Soñ,  metjidiñ ýanynda, polis başy Gajar Kasym  öñlerinden çykanda-da şeý diýdi. Sebäbi diýseñ, haýbaty ýer ýarýan polis başy ýoldan sowlup, ýeli giden meşik ýaly myssaryp galdy. Ol ozal Gajar Kasymy it uruşdyrylýan ýerde kän görüpdi, haýbatly gykylygyny kän eşidipdi...

Indi welin başga pikir edip başlady. Muña sebäbem dag ýaly ýigitleriñ ýüzüni sallap oturmasy boldy. Onsoñ olary ýüzleşdirip başladylar. Elbetde, syýasy talaplar hakynda gürrüñ edilenokdy. Ýörişiñ öñ ýanyndaky gije tirýek çekilenini, ok-ýarag barada maslahat edilenini subut etjek bolýardylar. Tirýekli mesele olara o diýen kynam düşmedi gerek. Aman mollañ ogly Abdy iki gezek ýüzüne depilenden soñ islendik görkezmäni bermäge taýyn boldy. “Şo taýda meniñ özümem bäş baş tirýek sordum” diýip ant içdi. Soñ ol listowka ýazyp berenleri “satdy”. Ony bu hyzmatlary üçin boşadyp goýberdiler...

Ýok, ol öz eden işine ökünenokdy. Halk içinde pyşyrdalyp aýdylýan, toýda-ýasda gürrüñi edilýän zatlary gygyryp aýdyp bilenine, şony aýdan ýigitleriñ içinde bolanyna buýsanmak buýsanýardy. “Erkin saýlawlar geçirmeli, hökümet iş başyndan çekilsin, prezident gitsin! Söz, metbugat azatlygy gerek! Hakyky demokratiýa gerek! Talañçylyk gerek däl, ýalançylyk gerek däl!” Ol bu sözleri aýdanyna, hut şu pikir bilen ýöriş edenine, şäheriñ gaýra çetinden merkezine çenli ýol geçenine, onda-da uly il derwezesini içinden gulplap otyrka şeýdip bilenine hiç wagt ökünjek däldi. Sebäbi diýseñ, “Kanagatly milletimiz bar” diýlip oýnalýan adamlaryñ  depesinde ýañlanan sözler köpleriñ ýüreginde bardy. Ol iliñ ýüregindäki sözleri aýdypdy. Onda-da ulus il “Namartja olam, sagja olam” diýip otyrka aýdypdy...

Gerçek üstüne abanyp küpürseýän “Gök generala” alarylyp seretdi.

- Sen gaýtym alarylanam bolýañmy? - diýip, arryk göwre sandyr-sandyr etdi. - Sizi bir edişimi görüñ!..

- Näme edersiñ, biz bir-iki däl, ýüz, müñ, million belki-de. Tutuş il dur arkamyzda... Siz gitmeli! Iliñ ynamyndan gaçanyñyz üçin gitmeli. Bäş-üç müñ oglanyñ adyndan däl, bütin iliñ adyndan çykdyk biz! Şol iliñ talabynam öñe sürýäs...

- Bes et samahyllyñy, agzysary jüýje! - General stoly ýumruklap gygyrdy. - Ili näbilýäñ sen? Il kimde wezipe bolsa, şoñ aýagyny ýuwýandyr. Sizi başyna ýapsynmy il? Hana, il diýip çykdyñyz... Geldimi şol il, goldadymy? Ertir üýşürip ýa ýeke-ekeden dardan asaly, gelermi şol il? Gelmez!..

- Gelmese-de, ýüregi biziñ ýanymyzdayr! Diýmek, bu gün gelmese, ertir geler. Sizem eden işiñiz üçin jogap bermeli borsuñyz...

- Goý, inim, bes et, tüket! Aýdylany edip, ýoldaşlaryñ ýaly, videokamerañ öñünde “Ýalñyşypdyryn, toba edýän” diýseñ-ä diý, ýogsa-da ýyl alyp gidýäñ. Hana, ýoldaşlañ ýüzüsini dagy öýüne goýberdik şu gün. Beýle kejeñek bolmazlar. Bize-de gerekgäl sizi paçkalap basmak. Adam ýaly aýdylanda düşünmeseñ, soñ özüñden gör. Türme diýilýän oýunjak däldir. Sen-ä heniz çaga, men diýen ärleri iki bükýär biziñ türmämiz...

Onsoñ ony däliziñ ýokary başyndaky otaglaryñ birine, megerem, Rüstem diýilýäniñ kabinetine alyp gitdiler. O ýerde eline gandal salnyp, biline depilen ýoldaşlary otyrdylar. Olar öñki ýüzi-gözi nurana oglanlar däldi. Öñ olar onuñ gözüne dag ýaly, juda bolmanda gaýa ýaly bolup görnüpdiler. Şonuñ üçinem ol hiç zatdan çekinmändi. Gorky-ürki etmändi. Emma indi... olaryñ çala baş atyp, gürlemän oturyşlaryndan, biriniñ bolsa: “Biderejik aw bolaýdyk öýdýän”   diýip,  eşidiler-eşidilmez ahmyr etmesinden gorkup ugrady. “Bularyñ hemmesi döwläýdimikä?.. “Toba etdim” diýäýdimikä?” diýdi. Dogrusy, bular eden işine ökünmeli ýa-da kyn-gyssag gördüm diýip bir-birini “satmaly” ýigitler däldi. Emma heniz teatryñ öñündekäler, daşlary atly-ýaragly polisiýa bilen gabalanda, hökümet wekilleri “Dargaýyñ, näme talabyñyz bolsa soñ diñläli” diýip ýalbarýarkalar ikirjiñläp ugranlar bolupdy. Olar: “Halky, adamlary-ha gördük, goşulmadan, goldamadan geçen, gaýta derwezelerini içinden ýapdylar. Listowkalaram ýerden göteren az boldy... Diñe bize gerekmi ýurduñ abadanlygy?!.” diýipdiler. Dogry, käbiri: “Birki gün şeýdip saklanjak bolalyñ, biziñ ozal gürleşişimiz şeýle-de” diýdi. Emma iki-üç gün däl, iki-üç sagat saklanmak hal boldy. Oglanlaryñ daşyny gaban demir halka barha daralyp, gysyp-gowrup barýardy. Polisiýa eli ýaragly ýaşajyk esgerleri öñe sürýärdi. “Etmelis-ä, ellerinden ýaraglaryny alyp, özlerini pürrelemeli-le...” diýip, Gerçegiñ ýanynda duran ýigitleriñ biri hyrçyny dişledi. Bu gidişde hökman garpyşmaly boljakdy. Asyl gajarçylar şuny isleýän ýalydylar. Emma demonstrantlar parahatlygy sakladylar. Olar hut şunuñ üçin ellerine hiç zat, hatda şygar ýazylan transparantlary hem almandylar. Şonuñ agajynam bahana edinmesinler diýipdiler...  

Ahyry olara “Dört-bäş sanyñyz ýolbaşçylar bilen gürleşmäge gitmeli” diýdiler. Gerçek bu teklipden peýdalanmaly diýdi. Ýogsa bu zatlaryñ eýgilik bilen gutarmazlygy ahmaldy. Megerem ol şeýdip ýalñyşdy. Sebäbi şol  gürleşmegiñ soñy oglanlaryñ ilki ýüzläp, soñ ondan-ýigrimiden, ikiden-üçden tutulyp-basylmagyna getirdi. Gaçyp gizlenenleriñ ene-atasyny, dogan-garyndaşlaryny dar kapasa gabadylar...

Gerçek aýagyndan barha ysgyn gaçýanyny, öñki gaýduwsyzlygynyñ bir ýerlerik sumat bolup barýanyny duýdy hem ilkinji gezek “Birden toba etmeli bolaýsam näderin?..” diýip pikir etdi.

Polisiñ sülçüleriniñ özüni alyp barşy gözçykgynçdy. Olar stoluñ üstüne aýaklaryny atyp oturýardylar, tüýküliklerini syçradyp çigit çigitleýärdiler, agyzlaryny waçjykladyp soganly gutap iýýärdiler hem beýleki kabinetdäki ýoldaşlary bilen gygyryp gepleşýärdiler: “Orazly, señkiler toba etdilermi?” “Samet, sen nämäni boýunlaryna goýduñ?” Jepbar diýilýän sülçi bolsa, kabinetlere aýlanyp, listowka köpeldilen apparat bilen onuñ eýesini tutup getirişini, ony kimiñ “satandygyny” gürrüñ berýärdi.

Gerçegiñ olara ýigrenç bilen seredýänini gören oglanlaryñ biri ýüzüni aşak salyp gepledi: “O SIZO-da oglanlary gaty horlaýalar. Öñe düşenleriñ aýagyndan asyp urýalar. Iki hepdedir, diñe çilime otyrys. Gara suwam berenoklar. Dem alara howa ýok. Oñ üstesine-de gelip arkaña bir depýäler welin, dünýä düñderilip gitdimikä diýýäñ...”

Gerçek gözüni ýumdy hem gapyñ agzynda ärlerine iýer-içer geçirjek bolup duran gelinleri ýatlady. Polisiýa olaryñ “Diñe çörek şü, şuny bir eltip beriñ!” diýip özelenmelerine gulagam asanokdy.  Ýaltanmadygy käte “Bolanok, olara zat geçirmeli däl. Buýruk şeýle!” diýýärdi. Gerçek bu görnüşi eli gandally getirilýärkä görüpdi hem erbet namys edipdi. Soñ onuñ gözüniñ alnynda ýoldaşynyñ üstüne buşukdylar. Bu waka KPZ diýilýän ýerde boldy. Ony ilki dar kapasada ýeke goýup gitdiler. Beton kamera iýul Gününiñ astynda howur berýärdi. Daşarda, azatlykda heläk edýän 40-45 gradus yssy şemal düşmeýän porsy kamerada essiñi aýyp barýardy. Dälizde gök çaýdan derleşip oturan gozegçileriñ mes gülküsi ýañlanýardy. Soñ sülçi ýörişe gatnaşanlaryñ ýene birini alyp geldi. Ol mazaly ysgyndan salnandy, dik oturmaga-da mejaly ýokdy. Ony şo ýagdaýynda-da Gerçegiñ ýüzüne duruzjak boldular. “Soñky maslahat eden gijäñiz şuñ tirýek çekenni aýt-da, çyk-da gidiber, goýberilýäñ” diýdiler. Ol başyny ýaýkady. Onsoñ gelip onuñ üstüne buşukmaga durdylar. Gerçek durup bilmedi, “Eý, siz türkmen-ä, beýle-de bir heleýlik bormy?” diýdi. Şu-da onuñ suwasalma ýenjilmegine bahana boldy. Ony “Kim heleý, senmi ýa biz, aýt bahym? Ýogsa-da heleýe ýaramaz ýaly edýäs...” diýip urdular. Köprägem satanynyñ arasyna depmäge jan etdiler...

Ol gijäniñ birmahaly özüne geldi we ilki bilen aýaklarynyñ arasyny barlady. Eli agyryly ýere degendenem tisginip gitdi. Onsoñ göz öñüne obañ iñ asylly gyzy Aýnur geldi we ýene ýuwaşjadan essi aýylyp barýanyny, kameranyñ çüñkündäki körek çyranyñ barha kiçelýänini bildi. Şondan soñky wakalary bolsa gaty aýdyñlykda  gördi. Signallaryna basyşyp gelýän gelnaljy maşynlaryny, olaryñ üstündäki bezemen gyz-gelinleri, öýlenýän ýigidiñ ýanyndaky owadan bezemen oglanlary, başyna gyzyl kürte atylan gelniñ atasy öýünden alnyp çykylyşyny, oglan tarapyñ öýlenýänleriñ üstünden nogul-nabat seçişini, baryny gördi. Birdenem aýallaryñ biri gelniñ ýüzüni göreli diýip kürtä ýapyşdy-da, çykýan gyzyñ aglamakdan ýarym-ýaş bolan ýüzi serpilip açyldy. Ol Aýnurdy, Gerçegiñ gije düýşünde, gündiz huşunda bolan asylzadady. Ony başga birine, ýat oba durmuşa çykarýardylar... Gerçek bir “Aýnur!” diýip gygyrdy hem şobada öz sesine oýanan ýaly boldy. Şol wagtam gapy açylyp, soraga çagyrylýandygyny aýtdylar...

 Gerçek ýene dagyñ bir bölegi saýan ýigitleriniñ ýüzüne seretdi. Olaryñ ýüzünden şol köçäni dolduryp gaýdan günlerindäki nury gözledi. Tapmady. “Türkmen haçandan bäri beýle ejizledikä?” diýip pikir etdi. Onuñ bu pikirini dälizde başlanan başagaýlyk böldi. Sülçüler ylgaşyp kabinetden kabinete geçmäge, iýulçylaryñ ellerindäki gandallary aýryşdyrmaga başladylar. Birsalymdanam gapyda Gajar Kasym häzir boldy.

- Bular näme, henizem gutarmadyñyzmy? Şol esasy otuzysyndan başgasyny bir gezeklikçe jerime bilen sypdyryñ diýdim-ä men!.. - Ol şeý diýip, haşyldap dem aldy.

- Bular toba edesi gelmeýänler... - “Gök generalyñam” jogaby nagt boldy.

- Ertire çenli puryja beriñ, öýlerine goýberiñ özlerinem. Ertir gelip toba etmeseler, özlerinden görsünler. Bular ýalylary mugyra getirmäge mydama-da güýjümiz ýeter. Her öñýetene serdarymyzyñ göwnüne degdirmeris...

 

Gerçek köçede ýoldaşyna gaçmagy teklip etdi.

- Nirä gaçjak? Daşyna aşmaga pul gerek, içinde-de derrew taparlar.

- Daşrak obalarda gizleneris...

- Eýranly bir türkmen ýaşaýa şu taýda. Şol aýdýa, Homeýni gelip, Eýranda türkmen diýip çykan oglanlary pürreläp başlady welin, arkamyzdan ýer-suwly bolan millet bizi myhmanam almady diýýä. Baran öýleri: “Bizden bir gideweriñ!” diýäýýämiş...

 Gerçek agşama çenli öýlerine barmady, diñe garañky mazaly düşensoñ geldi. Ejesi oglunyñ başyndan gujaklap aglady:

- Nä belalara ulaşyp ýörsüñ-ä, ogul? Nä günlere goýduñ-a, bala! Bu bagtyýatan milletiñ aladasy indi saña galypmy? Çaga ahyryn entek sen, oglum!.. Ýañy telewizory öçürtdi kakañ, ýoldaşlaññyz “Pohumy iýipdirin” diýşip otyrlar. Öz erkine diýýän däldirler, elbetde. “Waý, meñ oglumam şeýdip masgara edip görkezseler näderin, alla?  Ile-güne neneñ edip çykaryn?” diýdim. Hernä hudaý nalyşymy eşidipdir...

  Dagarman! Hudaý Gerçegiñ ejesiniñem, beýleki müñläp eneleriñem nalyşyny eşitmän eken. Ertesi irden işikdäki agajyñ şahasyndan asylan ogluny gören ene bir çirkin gygyrdy-da, özünden gitdi. Soñ süýji ukuda ýatan obanyñ üstünde erkek adamyñ aýylganç agysy ýañlanyplar gitdi...

“Ertir üýşürip ýa ýeke-ekeden dardan asaly, gelermi şol il, gelmez” diýip, “gök general” ýalan aýdan ekeni. Il geldi. Onda-da nä gelmek? Sil ýaly, şol akdy durdy. Onsoñ oglany ak eşik geýdirip, boýnuna atgulak dañlan agaç ata mündürip, ilerki baýyrlykdaky oba ugratdylar. Ýigidiñ uýasy tabydyñ yzyndan ylgap:

- Uly iliñ namysyndan ölen dogan-eý!.. - diýip aglady. Uly il aglady.

Gerçegi düýn-öññin, ondan öñräk hem soñky birki aýlykda jaýlanan obadaşlarynyñ ýanynda goýdular. Olaryñ arasynda şu gahatlykda dünýä gelip, heniz ýaşyna ýetmedik bäbeklerem, balasynyñ boýuna guwanman solan gelinlerem bardy. Şeýdip, Baýyrly obada ýene bir gyzyl gumly mazar emele geldi. Doga-dileglerini gutaryp, eñegine el ýetiren molla:

- Adamlar, Gerçek nähili ýigitdi? - diýip üç gezek gygyrdy. Üç gezegem “Gowy ýigitdi” diýen jogap ýañlandy. Onsoñ ol gygyryp, Gerçegiñ  kime bergisi bar bolsa, kakasynyñ berjekdigini, şoña aýdaýmalydygyny habar berdi. Soñundanam çalaža, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady: “Ýöne oña biz, ulus il bergili bolaýmasak... Gözüniñ alnynda ejesi zorlanan çaga döndük edil...”

12.06.1999

 

                                                               PORTRET

            

Mekdepde hemme zat üýtgedi, ýöne şu komissiýa diýilýäniñ arak bilen börekden doýup gitmesi, direktora towuk ütdürmesi üýtgemedi. Ömür  kartalary bilen başagaý bolup ýören jugrafiýa mollumy Almämmet aganam aljyradan şol komissiýa boldy. Nämemiş, jugrafiýa kabinetinde serdaryñ suraty ýokmuş. Ýogsa okuw ýylam soñlanyp barýady...

Komissiýa gelip gidenden soñ geçirilen maslahatda-da bar gürrüñ şol surat hakynda boldy. Ilki okuw bölüminiñ müdiri çykyp gürläp, “Prezident burçlarynyñ” döredilişindäki düýpli kemçilikler, kasam aýtdyrylyşykdaky sowuk-salalyklar, prezidente wepalylyk kasamynyñ çagalaryñ watançylyk terbiýesinde oýnaýan roly, mekdebiñ kem-käsini düzetmek, bejermek  üçin okuwçylardan pul ýygnamagyñ barşy hakynda  “möhüm pikirlerini” aýtdy. Geçen hepde telegörüşden gelip, kasam pursatyndan reportaž taýýarlamakçy bolanlarynda, mollumlaryñ gapysyny gulplap oturandygy, gapysy açyk galan bir mollumyñ bolsa, okuwçylaryña kasam aýtdyrdaý diýen haýyşa öp-gökden gelip: “Men onsoñ goñşularymyñ ýüzüne nädip seredeýin, ile nädip çykaýyn?” diýip ala-galmagal turzandygy, habarçy görgülilere dagam “Göteriliñ-aýt sizem, bar işiñiz gargyşly kasam bolsa” diýip gygyrandygy barada-da gürrüñ boldy. Hemişeler ýygnak bolanda şunuñ ýaly ilki aýdylan “möhüm pikirleri” ol hem beýlekiräk görnüşde gaýtalamak hem tassyklamak bilen iş tamam bolardy. Emma bu gezek beýle bolmady. Okuwçylardan mekdep binasy üçin pul ýygnamagyñ barha kyn düşýändigi, ene-atalarda halys pul ýokdugy, käbir çagalaryñ aýakgapsyz bolup, okuwa gatnap bilmeýänligi, käbirleriniñ açlykdan essi aýylyp, partadan ýykylýanlygy hakynda zeýrençlerem bolmady. Muña bir sebäbem “Gurbaga” lakamyny alan direktoryñ iş ahyryna çenli içere zat tapmanlygy, komissiýadan soñ jübüsiniñem, kabinetdäki demir sandygynyñam tañkyrap galanlygy boldy. Ol gaharyny birinden çykarjak bolup, edebiýat kabinetiniñ eýesini ýerinden turzup, tagtanyñ üstünden serdaryñ däl-de, Magtymgulynyñ suratyny asanlygy üçin igenip başlady. Derhal Magtymgulyny yza, serdary öñe, okuwçylyryñ ýazzy mañlaýyna geçirmegi talap etdi. Ozalam bir prokuroryñ ikilikçi ogluna gowy baha goý diýeni üçin direktor bilen dikleşip alan edebiýatçy özüni ýanalyp başlanan hasap etdi we birden gyzdy: “Syýasy kabinet däl ol, edebiýat kabineti, edebiýat kabinetinde tör Magtymgulyñky bolmaly” diýdi.

“Goşgy ýazýanyñ idilisi bolmaz, sag dälsiñ senem,  ýogsa aýdylýan gepe düşünerdiñ” diýip, kommissiýa agzalaryny doýurmak üçin towuk baryny ütenine jany ýanyp duran direktoram gazaba mündi. Goşgy ýazýanyna buýsanyp ýören edebiýatça bu gürrüñ gaty ýokuş degen borly, ol edil oduñ üstüne ýag guýlan ýaly lowlap galaýdy: “Şuññaly samsyk gepi aýdybam oturmañ, barybir düşmen, “Gaýrat” medaly gerekgäl maña” diýip, ozal duýdurmanmydym eýsem? Onsoñam men para alamok, prokurorlyk işim çykmaz! Ýene bir ikilikçiden sud-prokuror ýasalsyn diýseñiz, özüñiz goýuberiñ bäşligi. Bir tamdyr çörek bilen seçekli gyñaja attestaty dörtlük-bäşlikden gözeýän mollum däl men. 8-nji martda okuwçylara pul ýygnadyp, ponbarht geýýänlere, gyzyl dakynýanlara diý o hili ýumşuñy!..”

Ol ikisini zordan, teý ahyr bolmansoñ, bärde otursa, gyzgynyna bar aýbymyzy açjak diýip, edebiýat mugallymyny öýüne ugradyp araladylar. Emma direktor munuñ bilenem köşeşmedi. Nirede bir pakyr, çaga basan jugrafiýa mugallymynyñ üstünden dökülip ugrady. “Kartalaññy ýok et-de, serdaryñ doglan, önüp-ösen, okan, işlän, saparda bolan ýerleriniñ kartasyny çekdir, tagtañ ýokarsyndanam ullakan portretini as! Portret üçin bir gün möhlet berýän, beýleki diýenlerimi etmek üçinem bir hepde ýeterlik, baryp göremde hemme zat ýerbe-er bolmasa gaty görme!” diýdi.

Ertesi Almämmet aga eli ullakan suratly klasma-klas aýlanyp, “Şuña bor ýaly çarçuwañyz ýokmy?” diýip sorap çykdy. Hany öñki bol okuw esbaplary? Her kim ýöne egnini gysaýýar. Garry mollum soñ özündäki kiçiräk çarçuwany eline alyp aýlandy. “Bolmasa şuña çalşaýyñ, maña berlen surat gaty ullakan, gaýrat ediñ! Gidip satyn alaýyn diýsem, iki aý bäri aýlygam berlenok” diýdi. Emma hiç kimde ullakan çarçuwa tapylmady.

Belki, bu waka şunlugyna galsa-da galardy. Direktoram indiki komissiýa gelýänçä klas otaglaryny barlap ýörmezdi. Birküç sany attestat satardy, beýleki ederdi, garaz, köşeşerdi. Ýöne bir ýeñles tapyldy-da, işden gaýdyp barýan garry mollumyñ yzyndan: “Nätdiñ, çarçuwa tapdyñmy?” diýip gygyraýdy. Garry mollum yzyna öwrüldi-de, lapykeçlik bilen, üýtgeşik zat aýdýandyryn öýtmän: “Suratdakyñ göwher ýüzükli elini görmeselerm bor diýip, bilden aşagyny kesip, operasiýa edäýdik biz-ä” diýdi. Üýşüp duran mollumlar muña ala-pakyrdy bolup gülüşdiler.

Bu gezek ýygnaga-geñeşe  hem direktora zat goýmadylar. Iş jaýyndaky sandygynda arak saklaýanlygy, işde ýüz gram urýanlygy hem attestat, okamadyklara mekdebi gutaranlygy baradaky şahadatnamany satýanlygy, galyberse, mekdepde sagdyn syýasy-jemgyýetçilik atmosferasyny döredip bilmänligi barada habar düşeni üçin, bu ullakan aýyplamalaryñ hiç birini hiç kim bilen seljerişmezden, kollektiwe sala salmazdan, ilki direktoryñ özüni işden boşatdylar. Gaýdybam magaryf sistemasynyñ gyrasynda görünmesiz etdiler. O görgüli zordan bazardaky dükanlaryñ birine ýükçi bolup işe ýerleşdi. Bir “operasiýa” bilen bar zady bulaşdyran Almämmet aganam sylap goýmadylar. Ilki üç harply edara çagyryp, düşündiriş yzyna düşündiriş ýazdyrdylar. Soñam onuñ çagalara terbiýe bermäge ahlak hukugynyñ ýokdugyny özüne boýun aldyrdylar. Goşgy ýazýan edebiýatça bolsa, “Birden daşary ýurt radiosynda çykyş edip, gürrüñi ulaldaýmasyn” diýip, bir gezeklikçe diñe duýduryş berdiler. Ýöne onam Magtymgulyny yza, serdary öñe geçirmäge “razy etdiler”.

                                                                                                                                                                                                                   16.04.1999


                                           BAŞATGYÇ  BAŞAGAÝLYGY


Sowet döwrem ýadymda. Pensiýa çykan garry-gurtudyr her köçäñ işsiz jahyllary dükanyñ agzynda hem çatryklarda üýşüp oturardylar. Ýaşulular nas atardylar, düzzim oýnardylar, ýaşlar çilim çekerdiler hem oturan ýerlerini tüýkülikden doldurardylar. Garaşsyzlyk geldi-de, işsiz has köpeldi. Çüñkde hem çatryklarda,  ýaşaýyş jaýlarynyñ arasyndaky boşluklarda, bazar meýdanlarynda aýalu-erkek, ýaşu-garry üýşüşip oturmany hem durmany, nasyñ pinegini göpmäni, çilimdir beñ, tirýekdir heroin püflemäni, halys alla bolmasa çigit çigitlemäni hem durmuşdan zeýrenmäni adat edindi.

Men köçede gelen-geçene at dakyşyp ýa göz çeneşip oturan adamlary ozalam halamazdym. Jaýymyzyñ girelgesiniñ agzynda betona oýkanyşyp, gelen-geçeniñ gözüne jüýjerişip oturan aýallardan bolsa gaçara ýer bolsa gaçjakdym. Olary nirede bir işini tükeden, ederini bilmez hem biweç adamlar hasaplardym. Her köçede oturan adam öýünde ýa melleginde, ýa fiziki taýdan, ýa-da akyl taýdan sähel gymyldy edende, giden iş bitjek, önüm önjek, kämillige golaýlanjak diýerdim. “Bu ylgap ýetişip bolmaýan dünýäde türkmen ýaly iş-dertsiz başga barmyka?” diýen pikirem beýnimiñ bir ýerlerini tozadyp giderdi. Ýöne indi olary ähli bela-beterleriñ başy bolmasa-da, aýagy hasaplaýardym. Gören ýerimde sowlup geçýärdim. Asyl şol tetellilere tarap seretmejek bolýardym. Ýöne şol gezek bir tanşymy gözläp, zerur gerek bolup, çüñkdäki ýygnanyşyga barmaly boldum.

- Bow, syrtyny ýere uranlañ ýanda senem görünýäñ-ow - diýip, ilerki köçede oturýan Godalak molla salamymy alyp-alman sugşurdy. Menem onsoñ gepe görä gep goşdum:

- Indi bi milletiñ syrtyny ýere urmadygy galmadyk ýaly-la, molla aga...

- Menem şony aýdyp otyryn şumat. Bü S-iñki däl, öñki S-iñ çörek kartoçka döwrüdi. Ejemiz pahyr çül çagany eklejek bolup aljyran bora çemli. Dañyñ garañkysynda çarasyz içerden çykyp,  çörek nobatyna durmaga barýamyş welin, bir orus aýal saklap, elini galgadyp bir zatlar diýýämiş. Ejemem görgüli heniz almadyk çöregiñden dilenýändir öýdýämiş. “Ýit ýok bol-a, señki nä görgim, özümiñkilere ýetirip bilemok” diýip elini galgadyp gidiberipmiş. Birsellemden jahan ýagtylyp ugrapdyr onsoñ. Çörek nobatyna barýan ýaşululary görüp, ýaşynýanym bolmasyn diýipmi ýa endik boýunça, ejem başyndaky başatgyjyny agzyna golaýrak çekipdir. Görse, başatgyç diýip başyna atany akjygrak bir zatmyş. Pahyr bir tisginipdir. Haýdan-haýam başatgyjyny başyndan aýlap eline alypdyr. Görse ol başatgyç däl-de, aýallaryñ aýak  geými ekeni. Uçgury dagam ýerden süýrenip gelýän bolsa nätjek asyl. Pahyr lampa oturypdyr-da, başyny tutup aglapdyr. “Orus görgüli: “Bajy, yştany, bajy, yştany!” diýdi-le, düşünmesem näme, balak diýýän eken-ä” diýip, ejem bu wakany soñam gözüne ýaş aýlap ýatlardy. Ýöne bü S-iñ çörek kartoçka döwri öñkiñkiden zabun boldy. Indi erkekleñ başyna aýal balagyny orap çykaýmaly boldy. Asyl şony edenden enaýam bolmadyk.

- Aý, düşünýän däldirler-dä, düşünişerler-dä, bü-de şol orsuñ “ştany” diýeni ýaly, bilmeýäne düşnüksiz-dä - diýen boldum.

- Aý, düşnükli-le! Düşünmez ýaly etmedi-le S. Ýöne milletde gaýrat ýok diýseñ başga gep. Aýal balagyny başyna orap, “Gözüm görmese bolýa, götümi böri iýsin” diýip oturan milletimiz bar diýseñ başga gep... Eken ekinini elinden alyp, puluny berme, bakan malyny elinden alyp, hakyny berme, dil ýaryp bilmez. Iki-ýeke ýa-da şuññaly ýerde zeýrenen bor. “Bermezler” diýseñ, “Dagy nädeli?” diýer. ”Ýör, hakyñy talap edeli” diýseñem, “Aý, hany biraz tagapyl edeli, özünden düzelişimezmikä” diýerde, ýanyñdan süzüberer. Naçaryny, çagasyny meýdana kowar, gul-gyrnak ýaly işleder. Ýene hakyny bermezler, ýene sesini çykaryp bilmez. Söwda-satyg etjek bor, ugran ugry talañdyr. Dollary özleri bir bahadan alarlar, millete başga, on esse gymmat bahadan satarlar. Onam depeşege girip, alyp bilseñ. Aýak astynda ölüp galsañ özüñden görmeli. Gazanany gara garnyna ýetmez. Häkimem iýjekdir, salgytçymy-da-gümrükçem. Wagtly-wagtynda agzy ýaglanmasa, aýal-erkek ýa çaga diýmän, saparpolisem syrtyna deper durar, jyñky çykmaz. Eklenç diýip, ýumruk ýaly gyzyny köçä çykarar, gelnini ýurt aşyrar. Gelen gelmişek üstüne han bor. Şol gelen gelmişek bilen bileleşip hakyny iýen baý bor. Köşk gurnar, goşalap heleý saklar, “Mersedesiñ” tozanyna garar. Köplügi gara ýerdir, depelär ýörerler. Baş galdyrmadan geçen, “Gara çörek bir beräýmel-ä bize-de, başga dawamyz ýog-a” diýip oturandyr. Gaýta beterinden beteri tapylar. Binamysy köpeler, tirýek çekjekdir, heroin tütetjekdir.... Akylly-başly, bilimli-sowatly diýeniñem neşe satjakdyr, para aljakdyr, ogurlyk etjekdir... Hak iş üçin göreşjek däldir, göreşene samsyk diýjekdir. Mundan añyrda binamyslyk bolmaz-a, oglan!.. Ýa barmy?

- Edil beýle däldir, ilçilikdir, içinde sarlyragam bardyr. Bolmasa tapylar... - Men optimistiñ heñini çaldym. Şol bir wagtda-da ertir üç harply edara çagyraýsalar diýen ätiýajy elden bermedim: - Onsoñam bu zatlaryñ aladasy bize galmandyr. Serdarymyz gije ýatman pikir edip otyr! Şoñ başy dikkä zady gaýgy etmese bor-la. Aýlyklary wagtynda beriñ diýip, dek düýnem bank işgärlerine berk käýedi...

Godalak molla janagyryly güldi hem aşagyndaky donuny silkip ýerinden galdy:

- Ine, bi diýeniñ biçem däl!.. Häh... şo serdaryñam bir gara... Biz-ä onda metjide namaz okamaga gitjek. Namazyñ yzyndan bizem  serdara uzak ömür diläris-dä...

Idäp baran tanşymy yzyma tirkäp, çüñkden ýoklar bolaýdym. Ýolugra-da igendim: “Senem-aý, çüñkde göbegiñ gömlen ýaly!..” Tanşym meniñ igenjimi çekmedi: “Idili bir gazýet ýok, radio-telewideniýe ýok, çüñkden bir kesjek bolmañ-ow indi...”

Başatgyçly gürrüñ şol günüñ ertesem, birigünem kellämden çykmady. Uzakly gün aýak üstünde bolup surnugsamam, gijelerine gözüme uky gelmedi. Gözüme çiş kakylan ýaly asyl, şol petige seredip ýatyryn. Onsoñ petigiñ ýüzünde başatgyçly adamlar görnüp başlaýar. Şeýde-şeýde dañdanlar irkilýän. Şobada-da hopugyp turýan. Gara basýamy, nämemi. Birsellemden gören düýşüm huşuma gelýär.

Düýşümde Azatlyk hem Lenin prospektleriniñ ugry kellesine başatgyç deregine aýal geými atylan erkekden dolumyka diýýän. Olar ellerine S-iñ portretleridir pähimleri ýazylan transparantlary alypdyrlar hem hor bolup “Serdara kuwwat dileýärler”. “Beh, bu gün nämäniñ paradyka?” diýip içimi gepledenimden biri gulagyma gygyryp başlaýar: “Sen näme bileñokmy, bu gün serdaryñ doglan güni ahyryn, baýdak baýramy ahyryn! Başymyza täç edinen baýdaklarymyzy göreñokmy, gazýetleri okañokmy, radio-telewideniýäni diñläñokmy? Gulagyñ gapyk, gözüñ kör bolmasa bilmeli ahyryn sen bi zatlary! Ýa-da bilmedik bolýañmy, görübileñokmy? Görübilmeseñ, gözüñ çyksyn!..”

“Tanyş ses welin, Ballymyradyñky öýdýän” diýip, gulagymy tutup, geçen uruşda ýogalanlaryñ hormatyna ýakylan baky oduñ ýanyna çekilýän. Paradçylaryñ bir bölegi bolşewik köşge girip barsa, ýene bir bölegi uniwersitet tarapa akýar. Añyrrak ýöresem, ullakan metjidiñ agzam başy şonuñ ýaly başatgyçly erkeklerden gyrma. Şol wagtam kelläme biweç pikir gelýär: “Beýlekiler-ä owarram welin, sakally-sarmykly adamlara erbet gelişjek ekeni” diýýän.

Soñabaka oýalykda-da başatgyçly obrazdan uzak saplanyp  bilmän ugradym. Ol meniñ beýnimde ymykly aýbogdaşyny gurdy şekilli. Köçä çyksam, köçeden gelýänleriñ ählisi, aýalu-erkek başatgyçly ýaly. Soñabaka öz kellämde-de başatgyç bar ýaly bolup ugrady. Hatda birki gezek elimi uzadyp, ony aýyrjagam bolup synandym...

Wraçlar muña gallýusinasiýa, beýnä dynç berseñ, öz-özi aýrylar gider diýýärler. Belki, şeýle bolaýady. Ýöne häli-häzir-ä aýrylyp gidýän zat ýok. Gaýta indi telewizorda gürleýänlerem başatgyçly görnüp ugrady...                                                                                                                                                                                                                                                                               14.04.99

 

GARAŞSYZ GÜNLЕR

 

Irden gapym kakyldy. Açsam, başlyk garyn, pökgüje polis dur. Bolsa-da, adam ýaly salam berdi. Birhili, adam ýaly salam berýän polis görseñ, begenjek ekeniñ. Içimden “Şulañ içinde-de adam çagasydygyny bilýänleri bar-how entek” diýdim. Ýöne ol şum habar bilen gelen ekeni. Aşakda, goñşy girelgede ýeke ýaşaýan garry aýal öldürilipdir. Men zatdan habarymyñ ýokdugyny aýtdym. Garry görgüli, Anna Alekseýewna gowy adamdy. Ses-üýni ýokdy. Aýagy çişliräjik bolansoñ, ýuwaşja ýörärdi. Dükandan-beýlekiden gelýärkä sähel kömek berseñ, “Spasibo, synok!” diýip, çyny bilen minnetdar bolardy. Pensiýasyna süýrenipjik ýören garrylardandy. Aşak düşsem, goñşular üýşüpdir. “Gerreçileñ işidir-le. Şundan zat çykmajagyna añ etmel-ä how ýogsa” diýip gürrüñ edýärler. Pökgüje polis goñşulardan ony-muny soraşdyrýar. “Görgülini aşpyçak bilen eleme-deşik edäýipdirler-aý” diýip, gapdal goñşym başyny ýaýkaýar.

“Haçan bolan zatmyş bi?” diýip, men näme diýjegimi bilmän soradym.

“Täzeräk bolan ýaly, gapyda gan görüp bilipdirler. Ýöne girelgede öñräkden bäri erbet ys barmyş. Şo garryñ ysy diýjek bolýalar. Emma ýañy gelip-giden wraçlar bu garryñ ysy däl, podwalda pişik beýleki ölen bolmasa diýipdirler.”

“Mikroraýonyñ ysydyr-da, agşam hapaly çelekleri otlaýalar, tütünem gelip jaýlara siñýär-ä” diýip, gürrüñimiziñ bir çetini eşiden polis öz pikirini aýtdy.

Şäher içinde galan köne gonamçylygyñ ýanynda matam gününe gabatlap hudaýýoly edýän tanşym “Irräk gelip kömekleşeweri” diýipdi-de, men şol ýerik howlukdym. Barsam, eýýäm on-on iki gazan atarypdyrlar. Ojaklara ot salşyp, biraz güýmendim welin, ýanaşyk mikroraýondan eli jamlu-pitili garrylar gelip ugrady. Olar kileñ meniñ öldürilen goñşym ýaly ýeke ýaşaýan pensionerlerdi. Egin-başlary gaty göz-gülbandy. El-aýaklary hordy, gözleri içine gidendi. Olaryñ käsini dözmezräk goñşulary idekläp getiripdi. Iki-ýekesiniñ gyzy ýa agtygy ýanyndady. Eli jyññyrly gelip, heniz bişmedik ýarmadan öýünde ýatan ýarawsyza dileýänlerem ýetikdi. Dogrusy, bu kartinany eýýäm birnäçe ýyl bäri görýärdik. Her ýylam şu soñky hudaýýolymyz bolaýmasa, indiki ýyl-a beýle tarhandökerlik başartmasa gerek diýýärdik.

Ahyry irräk atarylan gazanlaryñ biri ýetişdi. Gazanyñ gapagyny galdyryp, şul-a boluberipdir öýdýän diýenimizdenem, ojagyñ başy eli jamlydan hümer boldy. Garry görgüliler, ýarma ýetmän galar öýdüp, bir-birlerini itekleýärdiler. Maña olary köşeşdirmek hem ýarmanyñ hemmä ýetjegine ynandyrmak zordan başartdy. Birki ýyllykda gatyk nobatynda bir-birniñ depesine kefir çüýşe bilen uran garrylary göremsoñ, men olaryñ çaga ýaly dargursakdygyna, bir zat almaly bolanda halys sabyrlaryny tükedýändiklerine göz ýetiripdim.

Birküç gazany boşadamyzsoñ, bir käse çaý içeýin diýip, susagy ýaşrak oglanlara berdim. Ýöne bu ýagdaýy keseden synlamak içinde bolandan has erbet ekeni. Garrylaryñ käsi itinip ýa oñly aýak üstünde durup bilmän, gazana ýykylaýjak-ýykylaýjak bolýardy. Çaý içip mazam bolmady. Ýene gazanyñ başyna bardym. Soñabaka heniz taýýar bolmadyk gazanlaryñ gapagyny açyp görýänlerem, bişmedik ýarmadan guýunjak bolýanlaram tapyldy. Gazanlara garawul goýmaly bolduk.

“Biziñki ýaly, mugt kepenem ýetmedi bulara, şifonerlerini tabyt edinmeli boldular indi - diýip, çeträkede töwir galdyryp berip oturan molla dillendi. - Patşamyzyñ jany sag bolsun, öz musulmanlaryny gözden salanok bolsa-da...” Men bu sözüñ ýañsy bilen aýdylanyna-da, çyn ýürekden aýdylanyna-da düşünip bilmedim.

Gazanlar boşanyndan ýuwup ýygnadyk-da, sagat dörtlere öýli-öýümize dargadyk. Gelsem, goñşular henizem üýşüp durlar. Gapdal goñşym maña aýak çek diýip ümleýär. “Marusýa görgülem dünýäñ azabyndan dynan ekeni - diýip, ol içegenräk garryñ hem öýünden öli çykanyny aýtdy. - Öñräk ýogalypdyr. Girelgäñ agyr ysy şoñky ekeni. Garynja üýşüp gidipdir bedibagta. Polisiýa “Şuñam gapysyny açyp göreliñ-le” diýensoñ bilnäýdi. Ýogsa entegem ýatjak ekeni.”

Ertesi Marusýa goñşyñ şäheriñ o çetinde ýaşaýan ogly bilen gelni geldi. Ýöne o görgüli şifonerinem satan ekeni, soñky ýoluna prokata alnan tabytda ugrady. Gapdal goñşym bu ýagdaýy “Gulak eşidenini göz görmesin” diýleni” diýip belledi. Men onuñ bu sözlerine egnimi gysdym hem girdeji-gazanjy barha ýukalyp gidip oturan işime ugradym. Edaramyzyñ bahym ýapyljakdygy ýa-da işgärleriñ ýarpydan gowrak kemeldiljekdigi hakynda gürrüñ edilýärdi. Her kim başlyga ýaranyp, kemeltmä düşmezligiñ gamyndady. Goñşym ýogaldy diýip, işden galmak boljak däldi.

Agşamlyk işden gelip, gapymy açjak bolup durkam ýokarky goñşym ýedi-sekiz ýaşlaryndaky gyzjagazyny jyrraldyp aşak düşdi we meni görüp, lampa oturdy. “Haçan şulardan dynarkam men, ýadadym-la, doganlar - diýip, ol elindäki iki bölünen krasowkany beton basgançaga bulap urdy. - Geçen hepde on ýedi müñ manada äberdim. Eýýäm iki böwsüpdir. Ylgamañ, aýagyñyzyñ burnuna basyp ýöräñ, aýakgap gymmat diýýän, edenoklar. Şo garrylara derek, şulañ birki sanysyny öldürseler bolmyýamy? Gyran degen, gyran degmişler...”

“Toba diýeweri, aýdýan zadyñ näme? Çagalañña gyran degrip, özüñ näme işlejek? Perzentde näme günä bar, krasowkalarda derek ýog-a indi...” diýip, onuñ aýdýan zatlaryna ör-gökden geldim.

“Toba diýjek däl... Biri galsa bolýa, dört çagany nädip ekläýin men... Han-ha, är diýilýänem oturan maslyk...” diýip, goñşym janyýangynly gürledi.

“Öýüm - galam” diýleni. Bu gürrüñden öe girip gutuldym. Emma uzak ynjalyp oturyp bilmedim. Balkondan seredip, gözüm bilen ejesinden gaçan gyzjagazy gözledim. Ol eýýäm poliklinikañ ýanyndaky ýeke-täk grantda eli bedrelije suw nobatyna durdy. “Görgüli, şeýdip, günäjigini ýuwjakdyr - diýip, aýalym pyşyrdady. - Bizem-ä suw getirinmeli. Grantdan bir hepde bäri nem damanok...”

“Öýde otursañam pikir bürüp barýa” diýip, çaý-nahar edinip, biznesmen goñşymy soramaga gitdim. Ol golaýda kyrk million manatlyk maşynynda ýoluñ öwrümli ýerini  ýadyndan çykarypdy. Emma onuñkyda-da oturyp mazam bolmady. Telewizordan ýañlanýan “Serdara kuwwat diläliñ” bilen öñküden gymmat bolmasa, arzan bolmajak täze maşyn baradaky gürrüñleri uzak diñläp bilmedim.

Biznesmeniñkiden çykyp, daşardaky tapçanda küşt oýnap oturan ýaşulularyñ ýanynda dyz epdim. “Belki, şulardan bir gulaga ýakymly zatlar eşiderin” diýip, inçejik tamam bardy. Eşitdimem. Olar her göçümde: “Indi bir sag-aman, abraý barka, kän horlanman, añsadrak ölüp bolsa” diýýärdiler.

                                                                                                                                                               19.03.1999

 

;HALK ÝAZYJYSY

 

 Ol hemişe redaktoryñ çöregini köp iýendigini, ýagny köp ýyllar redaktor bolandygyny nygtardy. Bu çöregi eli gabarçakly daýhanyñ, ýüzi ýele-güne gaýzygan maldaryñ, içinden ýalyn geçen gazçynyñ çöregi ýaly kyn çörek atlandyrardy, şol kyn çörekleriñ eýeleri hakynda-da agyz dolduryp ýazardy. Biri-birinden üýtgeşik, biri-birinden owadan sözler tapmaga, uly hem akylly gürlemäge çalşardy. Şeýdibem käte daýhana galla hem ak pagta, maldara mal bakmak, guýy ussasyna süýji suwly ýerleri tapmak barada gürrüñ berip başlanyny duýman galardy. Öwrederdi, akyl bererdi, her hili tymsallar getirerdi. Talantly ýalan sözlärdi. Onuñ aýdýanlaryna ynanmasañam ynanasyñ gelerdi, aýdylýan zatlaryñ dereginde zat ýokdugyny bilseñem diñlärdiñ. Megerem şonuñ üçindir, hökümetem ony sylardy, hatda “Halk ýazyjysy” diýen belent adam beripdi.  Emma her döwür bir döwür diýleni, şeýle bir döwür geldi-de, şeýle talantly halk ýazyjysam hiç kime gereksiz boldy galaýdy.

Dogrusy, muña döwür däl-de, onuñ özi günäkär boldy. Eger ozalkylary ýaly ýokarkylara tabyn, ýumşa gaýym oglan bolup ylgap ýörenliginde edil beýle-de boljak däldi. Emma “bäş sany emel ýetmedik” “demokratiýa, söz azatlygy” diýip gygyryşdy-da, biziñ redaktorymyzyñ hem demokrat bolasy geldi. Galyberse, ol bu gykylyklary   redaktorlykdan pyzylmazlyk üçinem ulanmakçydy. Sebäbi şeýle howpam duýulman duranokdy. Redaktoryñ ýyljak kürsüsine daşdan-ýakyndan diş çarhlaýan çalasowat bolsa, näçe diýseñ bardy. Eger bir garma-gürmelik bolsa, olar redaktorlygy dem salymda iki üzüp, bir ýalmajakdylar hem redaktor diýlen mahlugyñ nähili pesliklere ukyply bolýandygyny äleme jar etjekdiler. Biziñ gahrymanymyz bu howpy duýýardy hem halallyk, çemeçillik hakynda köp ýazýardy. Özüniñ mertligi, ýagny oglanlykdan iner bakyp ulalyp, iner dünýäsine birigip gidenligi barada şygyrlar düzýärdi. Ozal kompartiýany hem Lenini hudaý edinen bolsa, indi olaryñ ikisine-de ýañsylyja sözleri gönükdirip, Muhammet pygamberiñ hadyslaryndan oñatja jümleler göçürip alýardy. Emma onuñ ähli edeni tersine boldy. Erbet bir tüweleý turdy-da, şol tüweleýiñ başagaýlygynyñ arasynda hälki diş çarhlaşyp ýören çalasowatlar onuñ üstüne aç şagal ýaly gykuwlaşyp çozdular. Ol şagallara soñky demine çenli gaýtawul bermägi ýüregine düwdi, birsellem gidişdem. Ýöne birden şagallaryñ arasyndaky tanyş ýüze, ýagny şagal geýmine giren tokaý şirine gözi düşdi-de, aýagnyñ ysgyny gaçaýdy. Şu aljyraññylykda-da ony ýyljak kürsüsinden goparyp zyñdylar.

Ýöne biziñ gahrymanymyz munuñ ýaly owunjak zatlar üçin darykjak adam däldi. Darygaýsa-da syr bildirjek däldi. Ol hut şeýle-de etdi. Redaksiýalaryñ birinde iñ pessejik wezipeleriñ birine ýerleşdi-de, şol öñküleri ýaly “beýik sadalygy” baýdak edindi. Berzeññiniñ ýokarsyndan ýazyjylara berlen mellekleriñ arasyndaky ýerine baryp, daýhançylykdan azda-kände baş çykarýan inisi bilen joýa çekdi, salma gazdy, Gökdepedäki nahalhanadan ýörite getirdip, miweli agaçlaryñ nahallaryny oturtdy. Il-gün onuñ mertligine, hakykatdanam oglanlykda iner bakanlygyna hem iner dünýäsine birigip gidenligine köñül berdi. Emma ilçilikde müñkürem näçe diýseñ tapylýar, biri aýtdy, dili siññilli ýaly, “şu zatlaryñ biraz soñuna garaşalyñ,  uzakçyl bolmaly däl, daşa gitmez” diýdi.

 Biziñ gahrymanymyz bolsa irden redaksiýa işe görnüp, öýleden soñ ýa dynç günleri melleginde der dökmäge başlady. Eýlesi-beýlesi taýagatym ýeri çagalary bilen gyzyl-dörjük edip çykdy. Ýöne mundan öñ redaktoryñ mugt çöregini iýen çagalara beýle iş uzak hoş ýakmady, olar öz kakalaryny söweş meýdanynda ýeke goýup, ýeke-ekeden yza çekildiler. Ýazyjy welin añsat ýan bermek islemedi. Ýerine bir ýerde tohum bolsa atdy. “Ýykylsañ - ýerden ýapyş” diýipdir ata-babalar, ýer aldamaýar” diýip, şine ýaryp çykan tohumlary, pyntyk görkezen nahallary görüp biraz göterildem. Şol bady bilenem tomsuñ ortalaryna çenli mellege gatnady. 16-njy awtobusyñ soñky duralgasynda düşüp, mellege çenli ýarym sagatlyk ýoly pyýada geçmäge-de ýaltanmady. Soñabaka, suw ýetmezlik edip ugranda bolsa, göýdügip galan pomidor-badamlaryny taşlap, ýaşyl salypjyk oturan nahallaryny ýalna bermezlik üçin göreşdi. Eline bedre alyp, çaga ulaldan ýaly, nahallaryny elden suwarmaga başlady.

“Hakyky bagban şeýle-de bolmaly, “Azapsyz ýeriñ ady ýok” diýmänmidirler näme” diýip, öz edýän işinden özi razy boldy. Emma adam bar, göriplik, görübilmezligem bar. Onuñ bu bolup ýörşüni gören  aşaky goñşusy gelip bilimdarlyk satdy: “Suwy mellegiñe düzüp goýsañ bolmyýamy, beýdip bag ýetişdirmek kyn bolaýmasyn” diýdi. Öñki redaktoryñ bu sözlere girre gahary geldi. Içinden “Nämäniñ kyn düşjegini, nämäniñ añsat düşjegini indi senden soraryn-ow, git-de arabañy daşda şakyrdat, garry köpek” diýdi. Daşyndan bolsa, “Hä, hawa, suw ýokaryk çykmany kyn görýä, ýogsa inim turba-da çekdi, añyrdan gelşi ysgynsyzrak. Indiki ýyl düzjek” diýip, göwünli-göwünsiz mydyrdady.

Aşaky goñşy “Indiki ýyl düzjek” diýlen sözi eşidip, ilki öte eşidýändirin öýtdi, soñ özüni äsgerilmeýän hasap etdi we gitdi. Halk ýazyjysy bolsa, grantdan çaga siýdigi ýaly jürleýän suwa bedresini tutup, uzakly günüñ dowamynda bagjagazlarynyñ düýbüni zordan ölläp çykdy.

Bu ýagdaý arly tomus gaýtalandy. Adamlar her dynç alyş günleri 16-lykdan düşüp, ýazyjylaryñ mellek ýerlerine çenli ýarym sagatlyk ýoly eli plastmas bedreli pyýada geçýän hem baglaryny suwsuz guratmajak bolýan halk ýazyjysyny ilki guwançly, soñ gynançly synladylar. Ahyrsoñunda-da ony ýañsylap gülmäge başladylar. Bu gülkini ol ýeñsesinde gözi bar ýaly duýdy, baglary suwsuz göýdügip guradygyça-da bu gülki oña ýokuş degdi. Ýöne biziñ gahrymanymyz her näçe yhlas etse-de, agaçjyklar eýgip gidibermedi, öñki redaktoryñ ähli yhlasynyñ ýüzüne urdy, tomsuñ ahyryna ýetmän gurap galdy.

Halk ýazyjysy sary güýzi hem uzak gyş gijelerini pikir edip geçirdi. Aşaklykdan ýokaryk, öñki Birinji sekretara, şindiki Hökmürowana hat ýazmagyñ pikirini edip ugrady. Hat ýazdy asyl. Ýöne hatyñ jogaby uzaga çekdi, gelmedi. Ol ýene ýazdy. Ýene jogap gelmedi. Ol onsoñ ýene ýazdy we ýaz gelende çagalaryny alyp mellege bardy. Yhlas bilen mellegiñ selme-syrkynyny, demirtikenlerini çapyp aýyrdy. Guran agaç nahallaryny sogrup, olaryñ ýerine täze nahaljyklar oturtdy. Ýöne bu gezegem daýhanyñ kyn çöregi eýgertmedi. Redaktoryñ mugt çöregine öwrenen çagalar howa sähel gyzyp ugranyndan komandirlerini söweş meýdanynda ýeke taşlap gaçdylar. Ýene howa gyzdygyça suw ýetmän ugrady. Ýene plastmas bedreli günler başlandy. Ýene aşaky goñşy jandurmazlyk edip geldi we suwy ilkagşamdan düzüp gitmelidigini, şonda irden açylýan suwuñ nahallary suwarjakdygyny, ýogsa 16-lykdan düşüp, pyýada gelýänçä suwuñ peselýändigini düşündirjek boldy. Ol ýene suwy indiki ýyl düzjekdigini aýtdy. Aşaky goñşy näme diýjegini bilmän, ýüzüni sallap gitdi. Şeýdimbem ýene tomsuñ aýagyna baglar gurap galdy.

Ol bag ýetişdirmäge üçünji ýylam synanmak isledi, ýöne gepçi ýazyjylar ýeñsesinden “Suw düzmegiñ nämedigini bilenok bi işigaýdan, özem şunça ýyllap daýhana akyl berip geldi” diýip pyşyrdaşýan ýaly boldular. Onsoñ ol öñki işi, öz başarýan pişesi bilen bolmagy ýüregine düwdi we mellegi taşlap, galama ýapyşdy. Şeýdibem biziñ gahrymanymyzyñ döredijiligindäki az wagtlyk demokratlyk böwşeñliginden soñ ikinji döwür başlandy. Bu döwür özüniñ juda gözgynylygy hem ejizligi, güýjüñ hem hökmürowanlygyñ, zadyñ hem wezipäñ öñünde dyza çökmegiñ döwrüdi. Emedeklemegiñ, bagryñ bilen süýşmegiñ we hiç bir ýalandan gaýtmazlygyñ beýik nusgasyny görkezmekde ýaryşýanlaryñ döwrüdi. Ýüzüñ düýäñ dabany ýaly galyñ bolmasa, sähel-mähel zada gyzaryp-bozaryp ýa aljyrap durjak bolsañ, bu ýerde asyl başdan işiñ ýokdy, gelmeli, gara salmaly däldi. Şonuñ üçinem bu ýer erni gulagyndan bärde durmaýan beýik ýalançylardan we ýaranjañlardan dos-doludy. Olar çörekli ýerleriñ hemmesini öz elinde saklaýan Hökmürowanyñ göwnünden turjak söz tapjak bolup şeýle bir jan çekýärdiler, şeýle bir yhlas görkezýärdiler welin, boluşlaryna daşlaryndan nebsiñ-janyñ agyrýardy. “Neresseler, gaty özlerini köseýäler welin, çaga-çugalary  gaty kän öýdýän” diýdirýärdi.

Biziñ gahrymanymyz göreş meýdanyna bu zatlary kemsiz bilip hem “Sizden gaýdan enesinden dogmasyn” diýip, garadangaýtmaz Göroglynyñ sözlerini içinden gaýtalap gelipdi. Onsoñ ýaranjañlykda ýaryşýanlaryñ arasynda şeýle bir darkaş başlandy, beýle darkaşy söz meýdany öñ ýa görendir, ýa-da gören däldir. Asyl bu darkaşy görseñ, Göroglynyñ Wellemşaha oýnam çaga oýny ýaly bir zat bolup galýardy. Men-men diýen ärleriñ goç kelleleriniñ wezipe kürsüsinden kädi ýaly pyzylyp gitmegini görmek dagy añrybaş lezzetdi, kelläni gidermejek bolup bar ýeri bilen, hatda dili bilenem kürsüden ýapyşýanlary synlamak bolsa hasam hezildi.

Ikarada gönenen Hökmürowan boldy. Ony hudaýyñ-pygamberiñ deñinden has ýokaryk geçirip, birnäçe hudaýy dagy, eger islese, özi birki günde ýasajak Gudraty güýçli diýip sypatlandyrdylar. Hökmürowan bu söze monça boldy hem biziñ gahrymanymyza bir ýylgyryp seretdi. Onsoñ biziñ suwuñ nähili düzülýändigini bilmeýän halk ýazyjymyz özüniñ nämäni bilýändigini we başarýandygyny gaýtadan subut etmäge başlady. Gije-gündiz diýmän Hökmürowanyñ waspyny ýazdy. Hudaý hem pygamber sözlerini dilinden düşürmedi, ýalkaweri, özüñden başga ýalkabiljek ýokdur, Tañram özüñsiñ, Biribaram, senden başga hiç kes ýokdur, Ýaradanam sensiñ, ýok etjegem sen diýdi. Hökmürowana keseden dil ýetirjek bolanlary dagy it alan sanaja dönderip dalap, uly yhlaslylyk, it wepalylygyny görkezdi.

Şeýdibem ýene öñki kyn çöregine, redaktoryñ çöregine gaýdyp geldi. Hökmürowan ony ýene ýokaryk galdyrdy, maşyna mündürdi. Onsoñ biziñ halk ýazyjymyz “Mersedesde” bir gaýşaryp oturdy-da, sürüjä ilerik ümledi, Berzeññiñ ýokarsyndaky mellege geldi. Mellegi çöp basyp ýatyrdy. Emma ol muña üns bermedi, aşaky goñşy barmy-ýok, şoña üns berdi. Onuñ özüni görmegini, “suwy nädip düzeninini” bilmegini isledi. Emma aşaky goñşy ýokdy, görnenokdy. Redaktor maşyndan düşüp, beýigräk ýere çykyp, şlýapasyny gözüne kölegeledip, epeýsiräp birsellem durdy we lapykeç bolup maşyna mündi. Eger ol aşaky goñşynyñ añyrky mellekde, üzüm dalbarynyñ aşagynda çaý süzüp oturandygyny we özüniñ “Mersedesli” gelenini görenini bilen bolsa, beýle lapykejem boljak däldi...

                                                                                                                                                              Oktýabr, 98

 

                                         ÇIGIT SATÝAN GYZJAGAZ

 

Men o gyzjagazy  aýazly gyş günleriniñ birinde, Aşgabadyñ Parahat mikroraýonynyñ başlanýan ýerindäki jaryñ üstünden geçýän köpriniñ ýanynda gördüm. Şondanam ol meniñ  gözümde galdy...   

Ir ertirdi. Adamlar işe howlugyşyp barýardylar. Gyzjagaz bolsa, öñüne çaga oturgyçjygyny alyp, köpriniñ ýanynda dik durdy. Ýöne duranokdy, çigit satyp durdy. Çepiksije, garajürjenje, alty-ýedi ýaşlaryndaky gyz çaga, ir ertir ýyly düşekde myrlap ýatmaga ýa-da kitaplaryny goltuklap mekdebe gitmäge derek, gyşyñ añzagynda, köpriniñ üstüne çykyp çigit satýardy.

Köpriniñ hem asfalt ýoluñ üstünden taýyp gelýän sowuk ýel gyzjagazyñ egnindäki dermantin keltekçedir çit köýnekden göni geçip, arryjak petekäni bir zarbada elesledip alyp, inçejik aýajyklaryny dagam doñara getiren borly, ol duran ýerinde, burny soýuk-sypjyryk köwüşjiginiñ bir ökjesine, birem daraklygyna agram berip, özem bilmän çalaja bökjekleýärdi. Başyndaky ýaglyjagam gyşaryp, ony bolşundanam horaşaja, ejiz görkezýärdi.

Belki, men ony görmän geçsemem geçerdim, ýa-da görsemem üns bermezdim. Sebäbi soñky döwürde çigitmi ýene bir zat satýan ýa-da el serip gedaýçylyk edýän çaga gaty köpelipdi. Onsoñ her kim öz çagasyny hor etmese kaýyldy, iliñ çagasy nädip ýör, näme işleýär, kime ne gaýgy? Emma men o çaganyñ gabadyndan parhsyz geçip bilmedim. Dogrusy, onuñ özi meni geçirmedi. “Daýy, çigit alsañyzlañ?!” diýdi.  Şo üçje sözem meni “Häh” diýlen ýaly tisgindirdi we duran ýerimde dañyp taşlady. Birhili, o sözleriñ aýdylyşynda üýtgeşik bir jady, çaga mähribanlygy hem uly soranjañlyk bardy. O mähribanlygyñ hem soranjañlygyñ, galyberse gyzjagazyñ sowuk howada çyplajyk eşikli bolup durşunyñ gabadyndan etden ýürekli adam parhsyz geçip gider ýaly däldi. Emma adamlar geçişip durdular.

Men aljyrap: “Çigidiñ näçeden?” diýip soradym hem ýüzümiñ ugruna jübimi sermäp, pulumyñ barlygyny-ýoklugyny barladym. Gyzjagazyñ sowukdan bürşüpjik duran ýüzi açyldy: “Uly guýguçdakylar bir müñden, kiçileri bäş ýüzden, bir pakam ýokdur, daýy. Arassa çigitdir, tagamam gowudyr” diýip jedirdedi. “Guýguçlary özüñ ýasadyñmy? - diýip, men onuñ dogumjygna begenip soradym. - Ýa ejeñ ýasap berdimi?” “Kiçilerini özüm, ulularyny ejem ýasady” diýip, gyzjagaz juda çagasyradyp beren soragyma bada-bat jogap berdi we “Size haýsysyndan, ulusyndanmy ýa kiçisinden?” diýip sorady. Men: “Ulusyndan - diýdim, soñra gyzjagazyñ şoña-da begenişini görüp, - ikisini beräý” diýip, üstüne goşdum. Gyzjagaz muña monça boldy. Meniñ uzadan iki müñ manadymy uly adam ýalyjak bolup içki jübüsinde ýygşyrdy.

Men çigitli guýguçlary jübilerime ýerleşdirip durşuma: “Saña sowuk dälmi, üşäýme birden, ejeñ satmaly eken-dä çigidi bumat?” diýip, ünjimi daşyma çykaranymy duýman galdym. Aýtsamam aýtdym welin, bu sözlerim gyzjagazy utandyrar ýa gynandyrar diýip uly alada-da galdym. Emma gyzjagaz bu sözüme-de göwnibir ýaly jogap gaýtardy: “Çigidimi bahymrak satyp gutarsam üşejek däl-le, ejem o köpriniñ üstünde çigit satýar” diýdi. Şundan soñam gidiberen bolsam boljakdy, emma ýene dilime dygy bolmady. “Hol aşakda, duralgañ ýanynda, gazýet dükanynyñ gapdalynda adam köp bolýar, hem ykyşagrak” diýdim. “O ýerde enem oturýa, “Kakañyz iş tapýança menem kömek edeýin” diýýä...” diýip, gyzjagaz birhili gamly seslendi.  

Men diñe şundan soñ, megerem indi aýdara-diýere hiç söz tapman, öz ýoluma gitdim. Sebäbi özümem üç-dört ýyl bäri işsizdim. Şol gyzjagaz ýaly üç sany garagöz çagam bardy. Şolary aç-hor etmejek bolup ir ertirden gijagşama çenli maşynly kireý edýärdim. Şol alada hem meni çigit satýan gyzjagazdan has alyslara alyp gitdi. Maşyn goýan ýerimden maşyn alyp, şäheriñ bir o çetinden, birem bu çetinden çykdym. Ilki ýangyç pulumy gazanaýyn diýdim, soñ çagalara birki kile etem iýdirmeli diýdim, onsoñ kiçi oglumyñ aýakgabynyñ aşagy gopupdyr, täzelemeli bolar diýip haýdadym, garaz agşama çenli duruw bolmady.

Agşamlyk maşynymy goýup, gabat gelen awtobusa aslyşyp, öe dolandym. Öýümiñ golaýynda, häli irden çigit satýan gyzjagaza salgyny beren duralgamda maşyndan düşdüm hem heniz ýapylmadyk kioskdan “Edebiýat-sungaty” alaýyn-la diýip ýöneldim. Şol wagtam kioskyñ edil öñünde oturan garra gözüm düşdi. Irdenki gyzjagazyñ “O ýerde enem oturýa, “Kakañyz iş tapýança menem kömek edeýin diýýä” diýen sözleri güpbe ýadyma düşdi.

Gazýet alyp mazam bolmady. “Şu gazýeti almak nämä gerekdi aslynda, ondan iki guýguç çigit alan bolsañ, garra kömek bordy” diýip, ýoldan beýläk geçenimden soñ içimi gepletdim. Bu pikirımi öe gelip, aýalyma-da aýtdym. “Senem çaga ýaly, haýsy bir işsiziñ çagasyna ýa enesine kömek etjek - diýip, aýalym igendi. - Onsoñam bumat çigit düşewüntli diýýäler, her kim başga zada güýji ýetmän çigit alýa. Bire-bir galýamyş. Geçen bazarda Jygyllyga gidemizde awtobusyñ içi haltalap çigit alyp gelýän aýaldan doly ekeni. “Arrassalap gowrup satýas, gowy peýda galýar” diýip, aýallar gürrüñ edýärler.”

Şondan soñ men şäherde kireý edip ýörşüme çigit satýanlaryñ barha köpelip barşyny biygtyýar synladym. Olar dükanlaryñ agzynda-da, bazar meýdanlarynda-da, duralgalarda-da, ýöne ýanýollarda-da, nirede bir adam geçäýer öýdülýän ýerleriñ ählisinde bardylar. Çem gelen ýerde, gyş ýa tomus diýmän, ýagyş ýa ýel diýmän, köneje ýaglygyñ üstünde çigitjiklerini üýşürip, çigit satypjyk, çigit çigitleşipjik otyrdylar. Olaryñ töwereginde meniñ Watanymyñ bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe iñ bir geçginli harydyñ, çigitlenen çigitleriñ gabyklary pytraşyp ýatyrdy... 

Netijede men her gezek Parahat mikroraýonynyñ jarynyñ üstünden pyýada ýa maşynly geçemde-de şol gyzjagazdan çigit almagy, şeýdibem onuñ gahrymançylyga barabar yhlasyna ujypsyzja-da bolsa goldaw bermegi adat edindim. “Seniñ çigidiñ arassa hem tagamly” diýip, hil bir bahana-da tapyndym.

Gyş geçip ýaz geldi, Watanymyñ bazar ykdysadyýetine geçiş döwri ýeneki gyşlara uzap gitdi. Çigit satýan gyzjagazlar, garrylar bolsa hasam artdy. Birhili, adamlaram çigitlenen çigit gabyklaryna çalym edýän ýaly, boşaşyp, içiniñ mañzy alnyp taşlanan ýaly görnüp başladylar. Men olaryñ hiç biriniñ bu çigitli ahwalaty, çigit satýan gyzjagazlary, garrylary, gark bolanyñ sypaldan ýapyşyşy ýaly aljyraññylygy görmeýşine, asla muña pikir bermeýşine geñ galdym. “Adamlar-ow, şu çigit satýanlary bir görseñiz-le, bu gowulykdan habar berenok-how!” diýip gygyryberesim geldi. Emma saklandym. Sebäbi gygyranyñ bilen bu gykylyga düşünjek ýokdy ýa-da men muña düşünmezler diýip pikir edýärdim.

Hudožnik dostumyñ okuwçylarymyñ işlerini görüp git diýip jañ edeni tañ bir zat boldy. Giçlik ussahana sowuldym. Ine-de türkmeniñ geljekki hudožnikleriniñ işleri! Olar maña hemişe-de niçiksidir bir arkaýynlygy, nesilleriñ ölmänligi, diýmek, türkmeniñ ýaşajaklygy baradaky beýik pikiri gaýtaryp bererdi. Bu gezegem şeýle boldy. Meniñ öñümde dik durupjyk çigit satýan gyzjagazyñ hem ýanýolda gaty asfaltyñ üstünde aýbogdaşyny gurup oturan çigitçi garrynyñ plastilinden ýasalan şekilleri durdy. Onda-da nähili şekilleri, şol meniñ görşüm ýaly çuñññur hasrata hem çykalgasyzlyga ýugrulan ejiz, naçar hem beýik şekilleri durdy. Olar türkmeniñ ýurdunyñ garaşsyzlyga çykyp talanan döwrüniñ, işsizlik hem neşekeşlik döwrüniñ, erkekleriñ bu bela-beterleriñ hiç birine garşy durup hem öýe çörek getirip bilmedik döwrüniñ, çagalardyr garrylaryñ çigit satyp gazanjak çörek puluna gaty mätäç döwrüniñ simwollarydy.

“Ýeri, nähili?” diýip, hudožnik dostum meniñ pikirimi bilmäge howlukdy. Men oña gowy diýen manyda baş atdym.

“Saglyk bolsa, bu günlerem geçer. Çigit satýan gyzjagazlar ulalarlar, okarlar, baýdak ýaly gelin bolarlar. Ýöne men şol beýik günlere ýetsek, şäheriñ ortarasyndan çigit satan gyzjagazyñ, işsiz ýa neşekeş kakasyna erjelligiñ hem göreşiñ beýik nusgasyny görkezen, şeýtmeli bolan çaganyñ nalaç hem beýik heýkelini dikeltmegi teklip ederdim...” diýip içimi gepledenimi welin aýtmadym.

                                                                                                                                                           Oktýabr, 98.

                                                                                             

 

                                 GARAŞSYZ ÝURDUÑ SYGYRLARY

 

Ilki olaram, ýagny sygyrlaram başgady. Hamala, Hindistana gelen ýaly, köçeden dagam äwmän geçerdiler. Dokdular, ýagly süýt bererdiler. Eýelerinden hem gölelerinden artan süýdi kolhoz ýa sowhoz satyn alardy. Garaşsyzlyk yglan edildi welin, öñküdenem dok boljak ýaly, sygyrlar hasam arkaýynlaşdylar. Köçelerde ygym-sagym gezmäni, irkiljiräp durmany, gölerip ýatmany çykardylar. Bu ýagdaý sürüji görgülileri halys irizdi, olar maşynlarynyñ düýdüllewigine basyp ýadadylar. Ahyram şolaryñ jany ýanannyñ biri “Garaşsyz ýurduñ sygyrlary-da” diýdi. Şondanam at galdy. Sebäbi o wagt garaşsyzlygyñ ýañy yglan edilen döwrüdi. Radio-telegörüş hem gazýet-žurnallar garaşsyzlyk sözüni kürk towuk ýaly käkeläp gaýtalaýardylar hem halys ýürege düşýärdiler. Soñabaka žurnalistleriñ köp ulanýan sözlerini ýañsa alyp başladylar we jany ýanan sürüjiniñ “garaşsyz ýurduñ sygyrlary” diýen sözi bütin ýurda ýaýrap gitdi. Muny käte öz edýän işlerinden, ýagny ýazasy gelmeýän zatlaryny ýazmadan bizar bolan žurnalistleriñ özleri hem ýaýradýardylar.

Şeýlelikde, garaşsyzlyk ýyllary uzap gidip otyrdy. Millet bolsa, barha we barha garyp düşýärdi. Aýlyk-günlük diýilýän barha geregini artdyrýardy. Soñabaka nan atly, il pyýada bolup ugrady. Ýamaly balak, ýyrtyk köýnek geýýän mugallymlar, köçede hem bazarlarda gedaýçylyk edýän çagalar köpelip başlady. Ýyllar gurak gelip, ýurtdan bereket göterilen ýaly boldy. Şol günleriñ birinde-de men oba, inimi görmäge gitdim. Barsam, inimiñ öýünde hiç kim ýok. Daşymy garanjaklap duranymy görüp, inimiñ duldegşir goñşusy ýanyma geldi hemem salam-helikden soñ olaryñ salgyny berdi.

Men maşynymy münüp, ilerki zeý kanala haýdadym. Barsam, dogrudanam bir başagaýlyk ekeni. Inimiñ sygry zeý kanalyñ içinde gölerip ýatyr. Inim balagyny çyzgap zeýe giripdir hem sygryñ şor suwa degip duran eñegini ýokarrak galdyryp saklajak bolýar. Inimin ýoldaşlary bolsa, kimsi sygryñ bir gapdalyndan ýasy tagta diräp, kimsi şol tagta ýüpmi, simmi dañyp, ony traktor bilen çekip çykarmagyñ hysyrdysynda.

Ahyry sygry zeýden çykardylar. Şondan soñ bir ýazylganlyk boldy. Meniñem gele-gelmäşe zeýe girenimi hem şor palçyga bulaşanymy diñe şondan soñ gördüler we hemişeki oba warsakysyna geçip, gülmäge başladylar. “Sen beri duruberseñ bolmyýamy-how, bir sygyr diýip, ütüklije balagyñ bilen palçyga süssüriläýipsiñ-le?” diýip güldüler. Menem kem galmadym: “Aý, sizi gaty aljyraññy gördüm-dä. Bir sygyr diýip baryñyz zeýiñ içinde. Hemişe munuñ ýaly sygry guýrugyndan çekip çykaraýardylar-a!” Bu söze olar öñküdenem beter güldüler: “Indi ol öñki guýrugyndan çekip çykarýan ýa çala goltgy berseñ, özi turup gidýän sygyrlar ýok-how, gardaş. Bular garaşsyz ýurduñ sygyrlary, guýrugyndan çekseñ, guýrugy gopup, eliñe geljek bolup dur. Aç, hor, meýdanda çöp ýog-a indi. Tüñküçlerine seret, torba asaýmalydyr. Şeýle bolmasa, süsüşip, zeýe gapgarylyp, gölerip ýatjakmy bi janawarlar. Henizem wagtynda bilnipdir, ýogsa dagy haram ölüp galmaly...”

Men sygry diñe şu sözlerden soñ synladym. Ol dogrudanam gaty hordy. Eñegini ýere berip, zeýden çykansoñam ýerinden galyp bilmän ýatyrdy. Traktorça hem ýoldaşlaryna birlaý tañryýalkasyn aýdyp çykan inim bolsa, ýany bilen getiren ýarty çöreginden döwüp, sygryny daýandyrjak bolýardy. Men onuñ ýanyna bardym hem näme diýjegimi bilmän dymyp durdum. Inim meniñ ýüzüme bir seretdi-de: “Indi öz iýjek çöregimizi sygrymyza beräýmesek - diýip hümürdedi. - Çöregem-ä özümize zordan tapýas. Bir zat bermeseñem-ä öljek bu janawar. Ýöne süñk bolup galypdyr. Ne meýdanda ot-çöp bar, ne-de öýde iým beribilýäs. Sygyr saklap eklenjek halymyza, sygry ekläp saklamaly bolaýdyk öýdýän...”

Dogrusy, maña bu kartinany synlamak agyrdy. Ozallar bütin maşgalany süýtden-gatykdan doýrup oturan tohum sygryñ beýdip ýatmasam agyrdy. Inimiñ ýüzüni sallap oturmasam agyrdy. Ýöne meniñ elimden geljek zat ýokdy. Sygyr maña öz ogullaryny ese-boýa galdyran hem ahyrda şol ogullardan hemaýat tapman lagşan ýurdy ýatladýardy...   

                                                                                                                                             Iýun, 98. Moskwa.

 

                                                                          Ö Ç

                                Tussaglykda öldürilen 12-nji iýulçy Ç. Gurowyñ ruhuna

 

Soñky günler obamyzyñ ilersindäki düýe ýatagy kän düýşüme girýär. Her gezegem şol bir kartina, garry göhert hem onuñ öñünden gaçyp gutuljak bolýan ak torum göz öñümde janlanýar. Torum gaçýar, göhert kowýar. Onuñ agzyndan saçalanýan ak köpük ýüzüme-gözüme syçraýan ýaly, gassanmaç ýüzümi syljak bolýan. Emma hiç elimi gymyldadyp bilemok. Elimem gurşan ýaly diýip pikir edýärin we üstünde ýatypdyryn öýdýän diýip oýlanýaryn. Soñra birbada iki elimiñem üstünde ýatyp bilmejekligim, emma iki elimiñem gymyldamaýandygy serime gelýär. Garry göhert bolsa, ak torumy kowalap, alarladyp barýar. Uzyn aýak ak torum sap atyp gaçýar, öñüne çolaşýan garry düýelerden, derrew gabalýan dar çüñkünden zordan sowlup ýetişýär. Garry göhert bolsa asla köşeşerli däl, gaýta torumyñ gaçýanyna, edil bokurdagyndan agyz salaýmaly bolanda hem suwlunyp gidýänine gahar edip bolmajysyny bolýar. Ak torum düýelere agyl diýlip bellenen ýeriñ daşyna tegelenip gazylan ýalpajyk garymyñ gyrasyna gelip kürtdürip durýar-da, bir ädende böküp geçip biljek çukuryndan gorkup yzyna, garry göherdiñ ak köpükli agzyna tarap öwrülýär. Men gyssanyp düýe çopana gygyrjak bolýan. Emma töwerek ümürmi, dumanmy, ýa-da ýañy dañyñ agaryp ýören çaglarymy, hiç kim görnenok.

“Düýäñ gözünden görünýän ýaly” diýip, köneleriñ aýdan sözüni ýatlaýaryn. Düýe janawaryñ kiçijik çukura-da gara gorky, uly howp-hatar bilen garaýanyny düşündirip: “Ýokardan seredensoñ, çuñ görünýändir-dä, elbetde. Agyl etmegiñ ýerine, ýatagynyñ daşyna aýlap, ýalpak garym gazsañam, çuñ bir çukuryñ añyrsynda galan ýaly, ätläp-ätmerläp geçip gidiberip bilmez. Gorkakdyr, janawar” diýip, garry çopanyñ beren gürrüñini añymda aýlaýaryn.

Ak torum halys bolan borly, barha haýallaýar, äwmän gäwüş salyp ýatan garry düýeleriñ döredýän päsgelçiliginden ýaña aýaklary çaýşanaklap gidýär. Käte ýykylyp, agzy ýer garbaýar. Emma ýene turup gaçýar. Gözleri ganguýma bolan garry göherdem galanok. Gorkudan haýýaty göçen ak torumyñ ahyry atymyna geljegini bilýän ýaly, käte ala-basgy bolup kowsa, käte ahmalyna garap, dälişge başyny silkip garaşýar. Men bu darkaşyñ garry göherdiñ peýdasyna gutarmagyndan ätiýaç edip gözlerimi ýumýaryn. Ýöne beýdenim bilen göz öñümde janlanan elhenç kartinadan, ak torumyñ owadan alkymyndan zogdurylýan gandan sypyp bilemok. O gan gelip meniñ göni üstümden guýulýar. Ne ýüzümiñ ganyny sylyp bilýän, ne-de yzraga çekilip bilýän.

Jan derinden garalan alkym gyzyl gana boýalýar, ak torum aýaklaryndan alnan ýaly tarpyldap ýykylýar. Garry göhert bolsa munuñ bilen köşeşerli däl. Däbşenekläp ýerinden galjak bolýan pidasynyñ üstünden agyr göwresini gülçüldedip goýberip, ak torumyñ owadan egri boýnuny döşi bilen owmaga başlaýar. Hamala, öz boýnum owulýan ýaly, öz üstüme düýe çöken ýaly, men ýatan ýerimden galjak bolup urunýaryn. Şol başagaýlykda-da oýanýaryn. Oýanan badyma-da birwagt erkek çeýnäp öldüren torumymyz ýadyma düşýär. “Elimden iýmläp oturan malym ýere siñip galdy-da...” diýip, ejemiñ gussa bilen aýdan sözleri gulagyma gelip giden ýaly bolýar.

Soñ bu düýşümi garry agama gürrüñ berdim. Ol meniñ ýüzüme köpmanyly seredip durdy-da:

- Malam şeýle-dä bi milletiñ... - diýdi. - Aý, hawa-da, “Mal eýesine çekmese şumluk” diýleni-dä. Oglankak bir düýekeşi düýe çeýnänini gördük. Klasda okap otyrdyk. Düýekeş düýesini ojardan ýükläp gelip, mekdebiñ işiginde ýüküni düşürdi. Soñam düýesini idip ugraberjek boldy. Edil şol wagtam düýe eýesiniñ çigninden agyz urdy. Düýekeş görgüli düýäniñ agzynda edil içi silkilen boş çuwal ýaly galgamaga başlady. Hernä mollumlar ylgap çykyp, düýäni aljyradaýdylar. Ýogsa ol düýekeşi silkip zyñyp, soñam üstüne çökjek boldy. Düýe maly bir taýak uranam ýadyndan çykarmaz, ömür ahmalyna garar ýörer diýerdiler. Şo diýleni çyn eken. Rowaýata görä, bir baýyñ gowy görýän düýesi pyçaga gelip ýatanmyş. Baý düýesiniñ başyny sypap:  “Düýe malym - dünýe malym, ençeme ýyl hyzmatymy etdiñ. Señ arkañdan uly döwlete, tükenmez baýlyga ýetdim. Adamçylykdyr, bilmezlikden aç goýan bolsam, agyr ýük urup azap beren bolsam geçireweri” diýenmiş. Şonda düýe soñky deminde başyny galdyryp: “Aç goýanyñam hiç, agyr ýük uranyñam, ýöne bir gezek eşegiñ yzyna tirkediñ, şonyñy geçirip biljek däl” diýenmiş. Baý görgüli düýesini adam jaýlan ýaly jaýlap, aşyny-suwuny berip, oña adama edilýän ähli hormaty edenmiş. Emma barybir düýesinden sypyp bilmänmiş. Gözüni ýumdugy, düýesi üstüne patanaklap gelýärmiş. Günde-günaşa gaýtalanyp duran bu elhenç düýşden ýaña baýyñ ahyry bir gün akyly üýtgäpmiş we ol obadan çykyp, ümdüzine tutduranmyş. Şol barmaşa-da çöldäki gurruk guýa gaçyp heläk bolanmyş...

- Meñ düýşümde düýe adamy däl, torumy kowalaýa - diýip, men agamyñ gürrüñini böldüm. - Ary köýen ýaly özem... Ýeri, torum näme edipdir oña?

- Onuñ şol ak torumlygy, ýagny ýaşlygy, owadanlygy ar garry göherde. Gujurlylygy ar. Başga ary ýok onuñ. Ol ak torumdan sürini gabanýa. Şundan başga merk gerekmi?.. - Agam başyny ýaýkady. - Adamam birdir bi ýalançyñ, haýwanam. Bir-birinden kän daşa giden däldir, gidibem bilmez. Edil şo düýe ýatagyñ garymy ýaly, öz-özünden daşyna çyzykmy, çukurmy aýlap ýörendir. Çyzykdan böküp geçäýmäge welin hiç ýürek edip bilmez. Çuñdur öýder. Gorkar. Ýogsa şol çyzykdan añyrda gyzyl gülälekli seleñ meýdanlar bardyr, añyrsyna göz ýetmeýän...

- “Bahyllyk ýigrençden-de erbetdir” diýipdir öñem biri...

- Aslynd-a olar bir-biriniñ dowamy-la. Ýöne bahyllykdyr ýigrençden soñ adam gahar bilen gazaba erkini aldyrýar, öçli bolýar. Öçli adamdan bolsa, her haýsyna garaşyber.

- “Öçlülik, arlylyk gullaryñ duýgusydyr” diýibem bir gep bar.

- Şoñ üçind-ä adam pahyryñ gulçulykdan çykyp bilmän gelýäni. Näçe daşyny bezäbersin, näçe owadan jaýda ýaşadaý, barybir içi, pikir-küýi guluñkydyr. Añsat-añsat üýtgemez. “Pylany baýapdyr diýseler ynan, garyp düşüpdir diýseler ynan, ýöne gylyk-häsiýetini üýtgedipdir diýseler ynanma” diýmeýämi...

Men agamyñ köpmanyly gürrüñlerine näme diýjegimi bilmän ýylgyrdym. Ol gürrüñi başga ýana sowdy:

- Sen düýşe ynanyp ýörmäñi goý! Onsoñam, öýden çykman, içiñi hümledip ýatma. Arasynda ile çyk. Bu zatlar beýdip durmaz. Toýa-ýasa görün. Bolmasa, menem al ýanyña. Ertirden aýlañ-çaýlaña başlaly...

Ertesi irden agamyñ diýýän aýlañ-çaýlañyna başladyk. Ilki şäheriñ alkymyndaky oba, ýas ýerine göründik. Ýañy-ýakynda-da ullakan kürsi eýelän murtuny palta çapmaz türkmen türmede atylan oglunyñ patasyny alyp otyr. At çapybermeli giñ howluda, çog gyzyl teke halylarynyñ üstünde, daşyny gallap duran dogan-garyndaşyñ içinde naçar hem nalaç otyr. Başlary gymmat baha gulakçynly, geýnüwli ýigitler gelen-gideni garşylap-ugradyp durlar. Meniñ göwnüme, olaryñ öýde hem toýda, köçede hem köpçülik ýerlerinde boýunlary ýogyn altyn zynjyrly, barmaklary göwher gaşly goşa ýüzükli bigam hem bigäne geçiren günleri bilen şu günki hasratlarynyñ arasynda berk bir baglanyşyk bar ýaly. 

Saçakda guşuñ süýdünden başga hemme zat bardy, ýöne gelip-gidýänleriñ iýip-içip egisýän zady ýokdy. Birhili, bolan işde hemmeler günäkär ýalydy. Şonuñ bilen birlikde-de bu ýerde ýakasyndan tutar ýaly günäkär ýokdy. Adamlar günäli bigünä ýa-da bigünä günälidiler, ýa-da başga bir zatdylar. Gözlerde çylgym-çylgym gussa hem gam, käte bolsa çyrpynyp ýatan bigamlyk hem biparhlyk bardy. Bokurdaklardan zat geçmeýärdi. Dodaklar çala kümşülläp, işdä saklapmy ýa-da işdä bolman ýumulýardylar. “Yzy ýarasyn... Iman baýlygyny bersin...” Bu olaryñ aýdyp-diýip bilýän ýa-da aýdyp-diýip biljek bar zatlarydy. Şundan añyrda diñe “Gaýrat ediñ! Alladan gelenidir...” bardy, başga zat ýokdy. 

Agam atylan oglanyñ kakasynyñ ýanyna süýşüp, bir zatlar soraşdyrdy. Maña onuñ ýüzüni aşak salyp, ýuwaşja gürläp beren jogabyndan diñe käbir sözler gelip ýetdi.  “Ýaşulyñ öz ýanna bardym, reketýor şol ölen oglan diýdim. Biziñki goranypdyr diýdim. “Ogluñy atdyrmarys” diýip arkaýyn etdi. Ine-de edýän işi. Ýanyndan çykyp gaýdan badyma “Atyñ!” diýip görkezme beripdir. “Goranma” diýdigi dämi bi eýsem?.. “Damagyña pyçak goýulsa-da kaýyl bol, sesiñi çykarma” diýdigi dämi?..”

Howludan çykyp barýarkak agamdan:

- Ýañkyñ ýaşuly diýýäni kim bolýa? - diýip soradym.

- Kim bor, bir ýaşuly bardyr-da? - Agam ýokaryk ümläp, ajy ýylgyrdy. - Beýleki ýaşulular onuñ kölegesi. Oýnatgy bir topar. Oýnadan bolýalar. Olam oýnan bolýar. Şol oýnan bolýanyñ ýanda işledi ýañky işigaýdan. Oñuşmady. “Men señ bilen bile lüýge çümüp biljek däl” diýibem gaýtdy. - Soñam özbaşyna hüñürdedi: - “Ine, lüýge çümmeseñ!” diýdigi şo. “Goranma” diýdigi şo... “Kaýyl bol” diýdigi şo... Garry göhert öç alýa, içden urýa... Ahmala salyp urýa, oguldan urýa... Namart oýnaýa...

Garry agam maşynda çekip oturan çiliminden ikinji çilimi otlandy. Bu onuñ juda keýpi bozulanda edýän zadydy.

- Aý, adam öldüren bolsa, atylanny geñ görme. Bumat adam öldürmän atylýanyñam sany-sajagy ýog-a - diýip, men agamy biraz köşeşdirjek boldum.

- Körpe ogludy. “Ganymat şunym” diýerdi. - Agam ýolboýy gürrüñ berip barýar.- “Aýda pylança bermeli” diýip, dükanlaryna gelip, damagyna pyçak diräp, eje-bajy goýman durmuş o neresse-de... - Agam eliniñ aýasynyñ maýasyny görkezýär. - Pyçagy şul eliniñ aýasy bilen tersine gañrypdyr. Aýasynyñ maýasy çuñ ýara diýýä. Ýöne pyçagy alyp, garnyndan süsdürmäge ýetişipdir. Ýogsa oñ ýanda çepiksije-de eken...

- Atylany bir anykmyka? Gurply ýeriñ çagasyny atanoklarmyş-a. Atuwam köpräk para aljak bolup berýämişler...

- Anyk-la. Ýokarkyñ özi “Hökümi ýerine ýetiriñ!” diýer-de, heý, saklajak gümanlary barmy? Üç harply edaradan jañ edip aýdypdyrlar... “Atdyrmarys” diýip, arkaýyn edişini görmeýäñmi? Gurplyñky garamaýagyñkydan kyn gaýta. Garamaýak bergä-borja batyp, başyny gutaryp bilýä. Gurply onam edip bilenok, diñe ýokarky ygtyýar berse edip bilýä. Sebäbi ol ýokarkyñ gözegçiliginde. Eger şoña ýakmajak bir söz diýenem bolsa işiniñ gaýtdygy...

Ara dymyşlyk düşýär. Radiony açýaryn. Salony diktoryñ dabaraly sesi tutýar. Agam radiony ýapýar we öñem näçe gezek eden gürrüñine başlaýar:

- Şuny diñlemäñi goý diýdim men. Ýa eýýäm ýadyñdan çykdymy? Eýranly türkmeniñ araçäkden geçişini aýdyp beripdim-ä. O bende Türkmensährada goýun bakyp ýören ýerinden bärki Türkmenistanyñ radiosyny diñleýämiş.  Diñledigiçe-de bärik geçesi gelýämiş. Sim bilen iki bölünen ýurduñ talwasy, bärki Türkmenistanda galan dogan-garyndaşlary görmek höwesi ýüregine dolup, gijeler ýatyp bilmeýämiş asyl. Ahyram bir gün ýüregini bire baglap, ne bolsa-şo bolsuna salyp, simden aşypdyr ýañky. Orsam muny tutagetmän, “araçäk bozduñ” diýip eslije ýyly ýelmäpdir. Çopan görgüli Sibirden çykypdyr, orus tokaýlarynda agaç kesipdir. Ahyry bir sähetli günem türmeden boşap gelipdir. Garyndaşlary ony gujak açyp garşylapdyrlar, bir aýlap hezzet-hormat edipdirler. Işsiz ýatmadan iren çopan ahyry dillenipdir: “Maña bir çopançylyk dagy tapylmazmyka, öñküje öwrenen kärim näme-de bolsa” diýipdir. Oña kolhozyñ goýun sürüsini ynanypdyrlar. Çopan görgüli goýnuñ yzyna düşüberipdir. Ýene bir aý geçipdir. Çopan goşuna ferma müdiri gelipdir. Goýunlaryñ guratlygyny görüp, çopany öwüpdir hem onuñ aýlygyny we şol aýlygyñ ujundan alnan radiopriýemnigi berip gidipdir. Çopan radiony açsa, şol on ýyl öñki ses şol on ýyl öñki gürrüñi gaýtalap otyr diýýä. Jany ýanaýypdyr bendäñ: “Goý, sem bol, eneñem bir ...  Meñ öýümi ýykan sensiñ!..” diýip gygyrypdyr.

Men sypaýyçylyk üçin ýylgyran boldum. Agam maşynyñ oturgyjynyñ gapdalyna gysdyrylan gazýetlere barmagyny çommaldyp, nesihat bermesini dowam etdi:

- Şu gazýetlere-de pul berme diýdim saña. Emma ýene alýañ. Näme täze zat ýazarlar öýdýäñ? Şo bir bolgusyz gürrüñdir-dä. Oña berjek puluña çagalaryña bir kile süýji alarlar. Ýa men nädogry aýdýanmy?

- Ýok-la, aýdýanyñ dogry-la. Ýöne öñ endik edipdiris-de, alaýýas-da - diýip, men günämi boýun aldym.

- Nerwiñi aýarlar, şu suraty görmejek bolarlar. - Agam gazýetiñ birinji sahypasyndaky etlek ýüzüñ üstünden barmagyny dürtdi.

- Telewizoram näçe az görseñ peýdadyr. Barybir täze zat eşitmersiñ...

Agam gazýetlere güýmenip ymyzgandy. Men ýuwaşjadan tizligi ýokarlandyrdym we haý diýmän ikinji barmaly obamyzyñ çetinden girdim. Biz toýuñ üstünden geldik. Agam begendi. Aýlanyp ýörmeli bolmaz, bar görjek adamlarymyz toýa üýşendir diýdi. Bizi ýaşulularyñ oturan ýerine, uly jaýyñ gapdalyndan salnan bolgusyzja tama eltdiler. Işikden ätlenimden agyr ys, tirýegiñ porsusy burnuma urdy-da, tas yzyma öwrülipdim. Ýöne beýtsem agamy bigelşik ýagdaýda goýjagym we ýaşulularyñ  aýlap-ýyllap gürrüñ etjekleri ýadyma düşdi-de, edep saklamak kararyna geldim.  Eýlesi-beýlesi üç-dört metrden artyk bolmadyk darajyk otagyñ içinde azyndan on adam dagy otyr ekeni. Hemmesem ýaşy bir çene baran ýaşulular. Törde toý eýesi, agtygyny öýerýän aksakgal otyr. Biz işikden ätläp salam berenem bolsak, ilki baryp öý eýesi bilen görüşdik. Sebäbi ol ýaşulularyñam iñ ýaşulusydy, segsenden geçen adamdy. Soñ aýlanyp beýleki ýaşulular bilenem görşüp çykdyk. Agam törde oturan aksakgalyñ ýanynda dyz epdi, hal-ahwal soraşdy we toý gutlady. Bu gutlaga aksakgalyñ gabat garşysynda oturan gyzyl jižžik ýüzli, garny eñegine degjek bolup duran, ýalama bolan dodaklaryny zol-zol şapbyldadyp ýalaýan mollaçar adamam goşuldy. Arasyna arap sözlerinimi, doga-beýlekimi goşuşdyryp, burnuna salyp bir zatlar okaşdyrdy we beýik hem keremi güýçli Allatagaladan söz açdy. Musulman bendeleriñ hemmesini Allanyñ öz penasynda aman saklamagyny diledi. Gürlände-de burnuny myññyldadyşyndan çen tutup, men ony “mele gelinden” mazalyja köklänleriñ hataryna goşdum. Tasdan-a: “Bi tirýek çekilişi bilen Alla penasynda saklap bilermikä?” diýip sorapdymam. Ýöne hemişe-de şuññaly neşekeş kompaniýa düşemde edişim ýaly, “Ot-çöpden ownuk,  suw-sölden  sada” bolup  oturmagymy  dowam  etdim. Assyrynlyk bilenem içerini synladym. Tamyñ diwarlary saman suwag bilen suwalan, beton poluñ üstünden köne-küşül keçe düşelipdir. Gapydan giren ýeriñde demir peç, pejiñ üstünde-de çaý gaýnadylýan gara kitir bar. Pejiñ gapdalynda iki-üç sany ýarymlyk çäýnek bilen alty-edi sany käse dur. Gamyşdan hem gazýet böleginden edilen müşdükler çäýnekleriñ gapdalynda pytraşyp ýatyr. Sag duldaky ýük galdyrylan köne sandygyñ ýüzüniñ nagşy solup gidipdir. Ýokardan sallanyp goýlan elektrik lampasynyñ ýüzüniñ siñek hapasyndan ýaña ak ýa arassa ýeri görnenok. Gireñde mazalyja egilmeseñ mañlaýyñy çilik ýaly galdyrýan pessejik işigiñ gabat garşysyndan goýlan kinniwanja äpişgä tutulan tutynyñ soñky gezek haçan ýuwlanyny ýa-da ene durkundaky ilkinji reñkini kesgitlemek bolsa, ýatyrylan Ylymlar akademiýasynyñ işsiz galan alymlarynyñ ullakan ylmy simpoziumyna-da başartjak däl...

Aksakgala Arkadag diýip ýüzlenýärdiler. Ýöne onda indi ne daglyk ýagdaý galypdy, ne-de depelik. Dereginde ak gunduz ýaly bolmaly selçeñ çal sakgal hem bir wagtlar towlanyp ýeñsä çatylan imeşik hapa murt ony bolşundanam beter egbar görkezýärdi. Ýeñse damarlary çykyn-çykyn bolup duran süýri kellä gyşygrak edilip atylan köne tahýanyñ akgaýma nagyşlary sap-sary bolsa, gyzyl hem sary goçaklary garalyp gidipdi. Ol meniñ agam bilen hal-ahwal soraşyp oturyşyna hor ellerini çala galgadyp, zol-zol ýüzüne gonýan siñekleri kowýardy. Ýöne siñekler ýene “siñek ýaly” bolmaklaryny dowam edýärdiler we gelip Arkadag aganyñ inçeden uzyn barmaklarynyñ arasynda saklap oturan agzy gara gamyş müşdügine gonýardylar hem şol ýerde zyna ýa şerigat işine meşgul bolýardylar.

Biz kän oturman turarman bolduk. Ýöne aksakgal biziñ duz datman gitjek bolşumyza çürt-kesik garşy çykdy. Dyzynyñ aşagyna gysdyrylan kirli ýaglygy alyp, gözleriniñ çikgesini, agzyny-burnuny syldy-da, “Daşardakylara nahar alyñ diýiñ-ä” diýip, ýanyndakylara gatyrganjak ýaly etdi. “Gelene-gidene, çaýa-suwa serediñ-ä” diýip nägile hüñürdedi. Onýança işikde kellesi sekiz burç papakly garaýagyz pyýada göründi. Onuñ elinde naharly tabak hem iki sany çemçe bardy. Bize golaýrak oturan ýaşuly bir gyrada eplenip goýlan ugursyzja saçagy ortaraga çekdi-de, naharly tabagyñ goýlaýjak ýerine ýazdy. Agam ikimiz tabagyñ daşyna egrildik. Döwüm-dişlem çörek bilen toý çorbasyndan iki çemçe owurtlap turarman bolamyzda bolsa ýene iki sany ýaşuly gelip girdi. Onsoñ edep saklap, täze gelen ýaşululara hem nahar äberilerine garaşdyk. Emma olar özleriniñ naharlydyklaryny aýtdylar we ýañy biziñ çekilen tabagymyzdan duz datdylar. Arkadag aksakgal palawam alsynlar diýip mürehet etdi. Emma agam töwir galdyryp berseler turjakdygyny, ýene barmaly-görünmeli ýerleriniñ bardygyny aýtdy. Ýaşulularyñ ýanyndan çykyp, gowaça çöp basylan ýeriñ gapdalynda düñderilip goýlan gazanlaryñ ýanyndan geçdik. Agam ullakan demir ojaklaryñ üstündäki boş gazanlary ýuwup-ardyp ýören egin-başy sal-sal adama, beýleräkde ýere düşelen gaty kilimiñ üstünde küşde hem düzzime güýmenip oturanlara gözüni ümledi:

- Toý eýesi bir zat emlemezmikä diýen tamada şular. Bir tütün görmeseler, toý sowulsa-da gaýtmazlar...

Posly teležkanyñ üstünde üç tarapyndan haly asylan toý bagşysy “Bir gijäñi bagş et maña, Aýjemal” diýip, soñky ýyllarda ürç edilip aýdylýan aýdyma gygyrýardy. Emma ony bäş-üç sany çüteje gyz-gelinden başga diñleýän ýokdy. Olaryñam ýüz-gözünde ne şatlyk, ne-de nur bardy.

- Aýjemal ýadyna düşenok indi oglanlañ. Ýañky gojalar ýaly, demir pejiñ daşyndadyrlar kileñ - diýip, agam meniñ içki pikirimi okan ýaly hüñürdedi. - Öñler tans meýdanyndan kowup çykaryp bolmazdy, indi diñe simde oýnaýarlar...

Biz maşynyñ ýanyna ýetiberemizde bagşy gaýgyly aýdyma geçdi, “Taýly çyragym söndi, galdym weýran dünýede” diýip zowlatmaga başlady.

- Arkadag aga-da gaty gojalypdyr. Gözi çylpyklap, ýeñsesi bir gysyma geliberse boldugydyr adam pahyryñky. Arkasy ýere degmedik pälwandy - diýip, agam maşyna münüp oturandan soñ aýtdy. - Eşek ýaly daýaw köpegiñ topulanny gördüm şuña. Gaty ýarak itdi. Betdi. Ýat it dagy gelse, soñam yzyndan ýetdirmän gaçsa, özüni öldüräýjek bolardy. Uruşsa dagy, üstüne bedreläp suw guýup zordan aýrardylar. Art aýaklaryna galyp, dim-dik bolşup durandyrlar. Öñ aýaklary bolsa, edil gyzylýumruga giren adamlaryñ eli ýalydyr. Ana, şol bet itiñ bir-ä Arkadaga ýetip barýanyny, birem Arkadagyñ ite topulanyny, soñ itiñ hyrra yzyna öwrülenini görüp galdym. Emma it gaçyp ýetişmedi. Pälwan eýýäm onuñ guýrugyndan aýlap tutan eken. Onsoñ ýañky itiñ aýaklary ýerden üzüldi. Pälwan ony çyñsadyp-wañkyrdyp daşyndan aýlamaga başlady. Itiñ guýrugynyñ birhili şatyrdaýan ýaly ses çykarýanyny bilýän. Şol barmaşa-da pälwan elini guýrukdan sypdyryp goýberdi welin, ala tozan bolup ýere gülçüldäp düşen it ilerligine tarap guýrugyny ýamzyna gysaýandyr. Ýogsa mydama ötegçileri kowalap, gaýrak, jaryñ añyrsyndaky ýal iýýän ýerine giderdi... Gahrymanyñ ýyldyzyny ilkinji bolup dakynan adamlañ biridi, “ýüz ene goýundan ýüz on guzy alýar” diýip, baý, taryplandyrlar-a! Gazýetiniñ-radiosynyñ bar gürrüñi şudy, başga gürrüñ ýok ýalydy. Hanha, siñekläp otyr indi, hiç kime gerek däl. Bar ýapyşalgasam “mele gelin” bolsa, onam tapsa gülläp, tapmadyk güni azarlap oturmaly bolsa... Dirikäñ dowzaha girmek-dä...

Men içimi hümledip oñdum. Agam köne başlygam görüp geçeli diýdi.

Köne başlygam özi ýaly biri bilen eýwanda demir peji gapdallap oturan ekeni. Ikisem ütülje geýnen. Üç-dört gün bäri päki görmedik ýüzler ne bir sakgally, ne-de bir sakgalsyz ýaşululary hasam bigelşik görkezýär. Öñlerinde-de toý ýerinde gören gurallarymyz, müşdükler hem ýene-ýeneler. Bu taýda-da oturyp mazamyz bolmady. Köne başlygyñ ogullary nahar-çaýyñ ugruna çykjak bolup şunça özelenselerem, agam olary saklady. “Ýöne görüp geçäýeýin diýip sowuldym, hiç zady azar edinmäñ, men derrew turjak” diýdi we sözünde-de tapyldy. Men onuñ içki pikirini ýene maşyna münensoñ bildim.

- Başlygyñ ýandaky öñki perme müdiri. O mahallar kolhozyñ otuz müñe basalykly goýny, sürüläp sygyr-düýesi, gylýallary bardy. Ikisem gaty zor adamdyr öýdülerdi. Bulardan soñ gelenler malam, tehnikanam dagytdy. Ine-de bularyñ özleriniñ bolup oturyşy. Ýañky perme indi gijelerine öz oglunyñ işigindäki baggoýunlary ogurlaýa diýýä. Ogly bir gije garawullap oturyp tutupdyr. “Kaka, bi edýän işiñ näme?” diýse, “Bu işi men, kakañ etdi näme, ogullañ etdi näme?” diýip gülýämiş.

- O näme diýdigi bolýa oñ? - diýip, men hiç zada düşünmän soradym.

- Agtyklaram neşekeş bolansoñ, begenip aýdýan zady bi oñ. Adam pahyryñ betbagtlygynyñ çägi ýok. Öz ogluna-da göriplik edýär. Nämemiş, ol iliñ ogly ýaly dälmiş, özüni ata-enesinden aýry tutýamyş. Agzy arassasyran bolýamyş, çekmeýämiş. Begend-ä how çekmese gaýta! Ýok, begenenok. Gysgançlygyndan çekenok, heleýinden gorkýa diýýä. Agtyklary neşe öwrense begenýä. Hamala, ozal oglundan ary köýüp, indi aryny alan ýaly...

Aglasañ aglap, gülseñ gülüp oturmaly duşuşyklardan hem çukanak-sukanak ýoluñ siltewinden ýaña içim ellik bilen syrylan ýaly bolansoñ, men agamdan ajyganyny-ajykmanyny soradym. Arkaýynrak bir ýer tapyp, nahar edinmegi teklip etdim. Agam çilimini uzyn-uzyn sordy-da:

- Señ şu çilimi çekmeýäniñ gowy - diýdi. - Asyl meñ şol öñki aýdanym, çilimem çekjek bolma, aragam içjek bolma. Uruşjak ýa küştdür kart oýnajak hem bolma. Gara saçly mollalara-da kowalaşma. Şu zatlary edeniñ birine şah çykjak bolsa, maña çykmaly. Wagtly-wagtynda naharyñy iý, ýedi sagat ýat hem öz işiñ bilen bol...

Agamyñ şol öñki nesihatçyllygyna tutmagyndan hem meniñ nahar edinmek baradaky teklibimi unutmagyndan gorkyma:

- Nahar tapsam iýjek-le - diýdim. Agam çilimini söndürip oturyşyna sowulmaly köçäni hem barmaly jaýymyzy görkezdi.

- Nahar tapylar, şo ýerde gözüñ awusynam al - diýip, agam özbaşyna diýen ýaly gürledi. - Gaýdaly onsoñ ýuwaş-ýuwaşdan... Öz günüñ gadyryny bilmek üçinem käte ile çykmaly öýdýän. Öñem biri şuññalyda “Men öldümmikäm diýsem, il porsan eken” diýipmişin...

Biziñ baran öýümiz agamyñ elli ýyl mundan öñ bile okan ýoldaşy Reşidiñ öýi eken. Ol bizi gujak açyp garşylady, “Şeýd-ä how, gel-ä şeýdip” diýip birnäçe gezek gaýtalady.

- Sen gelmeseñ, biz gelmeli borus-da bolmanda-da - diýip, agam igesini sürtüp gürledi.

Olar öýe girmän, daş işikde hal-ahwal soraşyp durkalaram howlynyñ ýokary çetindäki towuk ketekde towuklaryñ wakgyldysy köpeldi. Reşit aga biziñ towuk ketek tarapa seredenimizi görüp:

- Hana, oglanlar eýýäm horaz tutdular, geçiñ bakaly - diýip, içerik mürehet etdi.

- Horaza azar bermelläl eken-dä - diýip, agam sypaýyçylyk etdi.

- Sen azar bermeseñ, horazlar saña azar berer. Düýn şäherden agtyklar geldi, üstlerine towsup barýalar asyl. Häý, birki sanyñyz-a pyçaga geläýse gerek diýdim şonda. Esasanam iki sany gyzyl horaz dyzmaçdy, şolary tutandyrlar häzir. Gyzyllañ möwritiniñ geçenni bilenok olar...

- Bizi bahanalap, horazlardan agtyklañ aryny aljak-da onda - diýip, agam ýylgyrdy.

Öýe girip oturyp-oturmankak orta ýüzi köpürjikläp duran agaranly düýe çal bilen düýe ýüñ saçaga dolanan mele-myssyk tamdyr çöregi hemem işikdäki mellekden ýañyja ýyglan ýaş sogan geldi. Agam çaldan-çörekden öñürti gözi bilen küşdi gözledi. Reşit aga muña düşüş bolarly, oturan ýerinden şifoneriñ aşagyndaky küşdi ýanyna çekdi. Olar birki döw oýnap-oýnamankalaram ýukajyk saçda gowurmyşlanan gelin kömelekdir gyzardylyp bişirilen horazlar geldi. Reşit aga telewizoryñ aşagyndaky barjagazyndan çüýşelerini çykaryp oturyşyna agamyñ köp gaýtalaýan degişmesini ýatlady. “Gapyny kaksam, “Kimsiñ?” diýýäler. “Sary” diýýän menem. “Reñkiñi soramok, adyñy soraýan diýýäler” diýýädi diýip ýatlaýan.

- Tüweleme, sen ýagşy - diýip, agam Reşit aganyñ gyrmalap guýan bulgurlarynyñ birini eline alyp aýtdy.

- Aý, üýtgeşik ýagşylyk ýok-la - diýip, Reşit aga müýnli ýylgyrdy. - Señ ýanyña bir gideýin, görüp gaýdaýyn diýýän, aýaklammy gaýgy edýän-de oturyberýän. Öñkülik ýok indi. Kän ýöredenok. Oglanlara-da iş bolasyñ gelenok. Mal-gara-da oñ üstesine...

- Mal-gara ýarasañ ýagşy boldugyñ bor şo - diýip, agam öz diýeninde durdy. - Bu zatlaram oñarmak gerek,- ol saçagyñ üstüne elini aýlady. - Hemmesi özüñden önýär, bazaryñ oduna ýanmaly däl. Señ öýüñe gelip, düýe çal içmän giden gezegimiz ýokdur. Ýadyñdamy, Orsýetden Türkmenistana arak ýükleýämişler welin, araklar çelekden çykyp gaçýamyş, o ýerde süzme diýip, çal diýip bir bela bar, gitjek däl diýýämiş diýip gülýänimiz?..

Bu gürrüñler Reşit aganyñ öñem açyk göwnüni has açdy. Ol öz kakasy pahyryñ “Ýaz göksüzden, güýz aksyzdan, gyş possunsyzdan akyl soramagyn” diýip gaýtalamany gowy görendigini ýatlady.

- Men öz oglanlamma aýdýan, hana Reşit mydama gapyda mal saklaýa, hiç wagt mellegini boş goýanok diýýän. Çagalaryna-da şu gylygyny öwredýä diýýän...

Reşit aga bu gürrüñlere çaga ýaly begendi we begenjini gizlejegem bolup durmady.

- Şeýtmeseñ boljagam däl ekeni, Sary jan! Bir toparynyñ çagasynyñ aç syryljyrap ýörşüni görüp, kakam pahyry ýatlaýan. Emma şol adamlar çagamy aç saklaýan diýenoklar, ile akyl berýäler. Toýda-märekede-de şoñ ýaly, içjegem şolar, çekjegem. Ind-ä toý edip, märeke üýşir dagy eder ýalam däl. Neşekeş ýaşulular bir gapdaldan, aç milletem ikinji gapdaldan. Naharyñ bişip-bişmänkä gazanyñy göterip barýar edil. Nahar üstünde aýallar arasynda saçýoldy oýnaşylýan toýlaram bar indi. Beýle-beýle zatlary göreris öýdemzokdyk, alla...

Saçak başyndan çekilenimi görüp, Reşit agadyr agam maña: “Nahardan bolan bolsañ, ýat-da gözüñ awusyny al” diýdiler we küşt çöplerini tagtañ üstüne barha gaty tarkyldadyp urmaga başladylar. Men bir gyra çekilip gyşardym we ilki baran ýerimizdäki düñderilgi gazanlary göz öñüme getirip uklap galypdyryn.

Bir görsem, düñderilgi gazanyñ aşagynda ýatyryn. Daş-töweregimem adamdan doly. Ilki kelläme gelen zat munça adam bolup, bir gazanyñ aşagyna nädip sygdykkak diýen pikir boldy. Soñ dem almaga howa bir ýetermikä, uzag-a beýdip ýatyp bilmesek gerek diýip oýlandym. Bir alajyny edip çykjak bolmaly bolar-a, bi adamlar näme öýlerine gelen ýaly arkaýyn otyrlar diýdim. Ýatan ýerimden elimi gazanyñ gyrasyndan daşaryk uzatjak bolup gördüm, bir elim geçse, ýokaryk gozgaryn öýtdüm. Emma gazan meniñ çen edişimden agyr hem galyñ bolup çykdy. Onsoñ ýerimden dikelip oturdym hem ellerimi ýokaryk, gazanyñ düýbüne diräp galdyryp görmek isledim. Emma bu-da bolmady. Gazan meniñ çenimden has agyr çykdy. “Gadymy kyrk gulak gazanlardan öýdýän, bir adama-iki adama gozgadar ýaly däl” diýdim. “Şony bilýän bolsañ näme gozgajak bolup çyglyp otyrsyñ?” diýip, gazanyñ sag dulunda oturan biri hüñürdedi. Men ony sesinden toýda gören ýalama mollam etdim we beýlekileriñem bir gören adamlaryma meñzeýändigini, ýöne garañkyda gaty saýgartmaýandygyny, eger gepleseler tanajakdygymy añymda aýladym. “Aý, jemagat, näme hemmäñiz agzyñyza suw alan ýaly bolup otyrsyñyz, gepläñ-ä bir zat!” diýdim. Emma ýagşydan-ýamandan sesini çykaran bolmady. “Balyklar boluñ-a, balyk bolup geçmişler, arakdyr tirýegiñ başynd-a hiç kime gezek bermeseñiz gerek” diýip içimi gepletdim. Bu pikirimi daşyma çykarjak bolup agzymy açanymam şoldy welin, çep dulda gazana arka berip oturan ýaşuly ardynjarady. Men ol bir zat aýtjak bolýandyr diýip oýladym we garaşdym. Emma ondan wagty bilen ses çykmady. “Siz bir zat diýjek bolduñyz öýdýän?” diýip, meniñ özüm oña ýüzlendim. Ol ýuwdunyp bir durdy-da: “Özleri gozgaýançalar ýa çykyñ diýýänçäler garaşaýalyñ-la, çydamazça däl-ä beýle...” diýdi. “Beý diýmesene, agam! Howa ýetenog-a bärde, demigip öleris-ä beýdip otursak” diýip, men onuñ aýdýan zadyna ör-gökden geldim. Oturanlar ýerli-erden meni goldar, iñ bolmanda başga bir pikir aýdar öýdüp garaşdym. Emma ýene hiç kimden ses-seda çykmady. Onsoñ ýañky ýek görnen, “garaşaýalyñ-la” diýen adam hem geplemän oturanlardan ganymat bolup göründi. Men emedekläp onuñ ýanyna bardym. “Agam, bir zat edeliñ-le, beýdip haram ölmäliñ-le” diýdim. Ol meniñ ýüzüme dikanlap oturdy-oturdy-da, ahyry añyrsynda oturan dolmuş adama tarap öwrülip, ondan bir zatlar sorady. Men añyrkynyñ makullaýjylyk bilen baş atanyny görüp, ýeñillik bilen dem aldym. Onsoñ meni maslahat soralýan dolmuş adamyñ ýanyna geçirdiler. Men oña-da şol bir haýyş bilen ýüzlendim, “Üýşüp gazany galdyralyñ, aşagyndan çykalyñ!” diýdim. “Bir topar erkek bolup, bir gara gazanyñ aşagyndan çykyp bilmän oturmak bolmaz-a, beýle-de bir gara güne galmak bormy?” diýdim. Dolmuş adam “haş” edip uludan demini aldy we “Erkek galdymy, inim?- diýdi. - Görýäñ-ä, kileñ ogrumydyr neşekeşe öwrülen-ä bi millet... Näçe isleseñ gazan ýalaşjak taparsyñ, ýöne ýük göterişjek tapmarsyñ...” Men onuñ ogluna atuw jezasy berlen ýaşulydygyny diñe şundan soñ bilip galdym. Onýança bu gürrüñe ýalama molla hem goşuldy. Ol: “Hudaýdan gelen zatdyr, hudaýyñ özi dep etmese, gury arrygyñy gynanyñ galar, hudaýy çagyryp oturalyñ, adamlar!” diýdi. Soñam burnuna salyp, dogamy bir zatlar okan boldy. Bir görsem, ýalama mollanyñ añyrsynda Arkadag aga, köne başlykdyr onuñ ferma müdiri, müdiriñ agtyklary dagam otyr. Bir ýerlerden ýanyk tirýegiñ ysam gelýän ýaly. Hemmesem ýalama mollanyñ agzyna añkarýar.

Öñem dar kejebäm bu ýagdaýa hasam daraldy. Ýöne her näçe gaharym gelse-de, dilimi dişlemeli boldum. Dar ýerde depämi garanyp oturyşyma, birwagtlar dowzahylañ gazany hakynda eşiden gürrüñimi ýatladym. Hamala, dowzahda täze işe gelen perişdäni iş bilen tanyşdyryp ýörmüşler. Garry perişde ýaş perişdäni günäkärleriñ gaýnadylýan kyrk gulak gazanlarynyñ ýanyna getirýärmiş-de, gürrüñ berýärmiş: “Ynha, öñ şu gazanlaryñ hersine bir daýaw perişde gözegçilik ederdi. Gazandan çykjak bolýanlaryñ küpesine taýak bilen berip durmaly bolardy. Indi oñ zerurlygy ýok. Ştatlary näçe kemeltseñ kemeldibermeli. Ine, bu gazandakylar çykaýsa-da gitjek ýerleri ýok. Arak ýa tirýek alyp, ýene yzlaryna gaýdyp gelýärler. Bu gazandakylar bolsa, birinjiden, çykjak bolýany az, ikinjiden, özleri çykjak bolanyñ aýagyndan çekýärler, üçünjiden, äwüp-säwüp sypany hem ýokaryk çykyp, indiki çykjaklaryñ depesinden basýar. Onsoñ bularyñ çykjak bolanyna-da, gazandan daşyna çykanyna-da zat degemzok. Barybir şu gazanyñ erñeginden daşa gidenoklar. Aýlyksyz işläp berýäler. Ine, bu gazana iki sakçy gerek bolýar. Sebäbi, birinjiden, çykjak bolup dyzaýany kän, ikinjiden, gazandakylar çykjak bolýanyñ aýagyndan galdyrýarlar, üçünjiden, gazanyñ daşyna çykany hem yzynda galanlary çykarjak bolýar. Ýöne indi bu gazandakylar azalýar, beýle adamlary indi o dünýede-de halanoklar...”

Meniñ pikirlerimi dolmuş adamyñ ardynjyramasy bozdy. “Bendäm bendäme sebäp” diýendir Alla-da, birleşsek bir zat etsegem ederis - diýip, ol meniñ gulagyma pyşyrdap diýen ýaly aýtdy. - Biz saña kömek etjek bolaly, gazany galdyryşaly. Ýöne sen çykañsoñ bizem çykarjak bol. Bir zadam öñünden bilip goý, çykanyñ bilenem dabyrap gidiberip bilmersiñ. Çalbaş perişde bardyr öñüñde. Gazanyñ üstüne çykyp, eline kepgir alyp oturandyr. Daşynda-da bir topar özi ýaly çalgöz nökeri bardyr. “Telpegini al diýilse, kellesini almaga taýyn” diýilýänlerdir. Şolardan sypyp, soñam biziñ yzymyzdan gelerin diýseñ kömek etjek. Bardy-geldi tutulaýsañam biziñ adymyzy bermezlik şerti bilen özem...”

Men bu şertleriñ ählisine razydygymy bildirip baş atdym. Dolmuş adamyñ ýoldaşlary üýşüp, gazany ýerinden çala gozgadylaram welin, men daşaryk diñ saldym. Daşardan gazana urulýan çemçeleriñmi, gazanyñ düýbüni gazaýan kepgiriñmi sesine meñzeş sesler, bir gaty zadyñ beýleki bir gaty zada degip tarkyldap çykarýan sesi, pişik urşandaky ýaly gykylyk, it urşandaky ýaly wagyrdy, bir topar garyşyk galmagal eşidilýärdi. Men bu galmagalyñ nämedigini sorajak bolup başymy galdyrdym. Şol wagtam agam bilen Reşit aga gözüm düşdi. Olar dolmuş adamyñ añyrsynda otyrdylar.

“Gazan bilen çemçäniñ sesidir bi, inim - diýip, Reşit aga meniñ heniz sorap  ýetişmedik soragyma jogap berdi. - Boýnundan gazanyny asan adamlardyr, biriniñki garnyna, ýene biriniñki gasygyna dañlandyr. Başga iş etmez, diñe şol gazanyny gazar ýörer. Şo gazanyñ ugruna gider. Ahyrynda barjak ýerem şol gazanyñ içidir. Özgeleri gazana atjak bolup, özem bir gün gazana düşenni bilmän galar. Gazanyñ daşyndakylaryñ bizden tapawudy, olar entek gazanyñ içine düşmediklerdir. Ýöne olaryñ her äden ädimi, her uran çemçesi gazana düşmek üçin taýýarlykdyr...”

Ýalama molla dagy ahyry ýatyp galdy. Dolmuş adamdyr ýoldaşlary maña “Nädýäñ?” diýen manyda seretdiler. Men daşaryk ümledim. Olar üýşüp, gazanyñ erñegini aşagyndan adam sümäýer ýaly galdyrdylaram welin, alty at güýji bilen dagy daşaryk okduryldym. Ilki serime gelen zadam: “Wah, gazany galdyryp boljak eken-ä - diýen pikir boldy. - Diýmek, galdyryp bolsa, agdarybam bolar” diýip oýlananymam şoldy, ala-güpürdi turzup bir zat geldi. Men gazana ýaplanyp bukuldym. Patanaklap gelýän örküçleri gyşaryp ýatan äpet göhertdi. Göherdiñ üstünde bolsa, inedördül bir ganara saman dykylan ýaly bolup, çal baş bir zat otyrdy. Men gazana ýelmeşäýjek bolup oturyşyma Çalbaşy içgin synladym. Ilki göze ilýän zat, onuñ elinde ullakan kepgir bardy. Ol şol kepgiri gazanyñ çem gelen ýerine şarpyldadyp urýardy. Men gazanyñ üstünde üýşüp oturan gujagy kiçijik gazanjykly adamlary, biziñ gazanymyza goñşulykda hem ondan daşrakda düñderilen san-sajaksyz kyrk gulak gazanlary hem olaryñ üstündäki boýny gazanly adamjyklary diñe şundan soñ görüp galdym. Şobada-da Reşit aganyñ aýdanlary ýadyma düşdi. Garry göherdiñ üstündäki eli kepgirlini bolsa, dolmuş adamyñ aýdan Çalbaş perişdesi etdim. Onuñ münüp ýören göherdi meniñ düýşümde köp gören garry göherdime gaty çalymdaşdy. Ýöne indi meni garry göhert däl-de, onuñ üstündäki “perişde” kän gyzyklandyýardy. Şonuñ üçinem men bar aladamy perişdäni ýakynrakdan görjek bolmak etdim. Gördümem. Çalbaş birki gezek kepgirini şarpyldadyp geçip gitdi-de, birden meniñ ýaplanyp oturan gazanymyñ gabat garşysynda münüp oturan göherdiniñ nogtasyny çekdi. Men onuñ özüme tarap dikanlap seredenini hem biri aglap, beýlekisi gülüp duran gözleriniñ agy bilen garasynyñ gatyşyp gidenini görüp ýetişdim. Goçak kellesi boýunsuz-zatsyz göwrä ýelmeşip gidýän we etlek alkymlary sallanyp duran “perişdäniñ” garny böwen ýaly çişikdi. Aýaklary inçeden keltejikdi. Saçlary ak bilen çalyñ aralygynda bir zatdy. Men özümi ertekiler dünýäsinde bir ýerlerde gezip ýörendirin öýtdüm hemem bu dünýäden nädip bahymrak çykyp boljaklygy hakynda oýlandym... Birdenem göhert meniñ üstüme patanaklap gaýtdy. Men turup gaçdym. Şol gaçyp barşyma-da göherdiñ aýaklarynyñ güpürdisi bilen gazanlara urulýan kepgiriñ şarpyldysynyñ deñ diýen ýaly çykýandygyny, her gezek gazana kepgir degende-de bir topar boýny gazanlynyñ böküp turýandygyny we Çalbaş perişdä taryp aýdyp gygyryşýandygyny añymda aýladym. Bu taýda meniñ ömür görüp ýören zatlaryma bir meñzeşlig-ä bar diýip pikir etdim. Onýança-da göhert yzymdan ýetdi öýdýän, ýeñsäme kepgirmi-bir zat bilen gürpüldedip urmaga başladylar. Düñderilgi gazanlaryñ üstünde boýnuna galstuk ýerine gazan dakyp oturan adamjyklaryñ gykylyk-gowry artdy. Men olaryñ “Yna saña gazandan çyksañ! Al almytyñy, gazan dönügi!” diýip gygyryşýanlaryny eşitdim. “Beh, bular näme gygyryşýakalar? Näme ýamanlyk etdimkäm men? Gazandan çyksam, begeniñ-dä gaýtam. Gelip sizem çykararyn-da. Ýa çykarmaz öýdýälermikä?” diýip pikir etdim. “Göherdiñ aşagyna düşüp ölsem begenjeg-ä kän ekeni” diýip haýran galdym. Onýança olaryñ biri ýüzüne bir zat tutup geldi-de, boýnundan asylgy gara gazany bilen küpäme ýapmaga başlady. Men onuñ ýüzüne zat tutmasyny, özüni tanatmajak bolşuny geñ gördüm. Diýmek, bir utanç iş edýänin-ä bilýär bi diýdim. Şol gürp-gürpüñ arasynda-da: “Sen näme şu adamlardan artykmy, gazandan çykan bolup... Gahryman boljak bolýañmy?” diýip hüñürdeýänini eşitdim. Soñ onuñ yzyna eýerenler, ýagny ýüzüne zat ýapyp hüjüm edýänler köpelip başlady. Asyl üýşüp, garry göherde-de ýetirmän üstümi basdylar. Soñ olaryñ üstünden gelip garry göherdem çökdi. Göherdiñ aşagyndan diñe kellämi çykaryp ýatyşyma töwerekden delalat isledim. Delalat nire? Gaýta göherdiñ üstünden Çalbaş perişdäniñ kepgiri tarpyldap inmäge başlady... Şu başagaýlygyñ içinde-de oýanypdyryn. Ilki düşünen zadymam üstüme hiç hili göherdiñ çökmänligi, üşäýmesin diýip possun ýapylanlygy boldy. Çalbaş perişdäniñ kepgiriniñ tarpyldysy diýýänim bolsa, küşdüñ tagtasyna urlup çykýan ses eken. Başymy ýassykdan galdyrsam, agam bilen Reşit aga henizem küşt oýnap otyrlar. Her göçümde-de, “Al saña gerek bolsa, almytyñy alaýdyñ öýdýän şu gezeg-ä!” diýen ýaly sözleri näme aýdýanlaryny bilmän gaýtalaýarlar we küşdüñ tagtasyna biri-birinden gaty urýarlar...

Uzak gije ýatman küşt oýnan we çilim çeken iki ýoldaş meniñ turanymam, daş çykyp gelenimem bilmedi. Ýöne meniñ yzym bilen ýene bir adam içerik girdi we birhili basyk ses bilen salam berdi. Küştçüler diñe şundan soñ başlaryny galdyrdylar.

- Hä, gel-de geçiber, Meret goñşy! - diýip, Reşit aga onuñ salamyny alyp aýtdy. Ýöne gelen adam geçibermedi. Birhili ýaýdandy. Reşit aga onuñ dañ-säher bilen gelşinden hem bolşundan bir ýakymsyzlygy añyp ýerinden turdy. - Eýgilikmi? - diýip sorady.

- Aý, şo... beýledäki dogmamyz... - Meret aga bokurdagy dolup gepläp bilmedi.

- Pä-heý, bi nä habar boldy? - Reşit aga gynanç bilen başyny ýaýkady.

Meret aga dañdanky otludan düşen obadaşynyñ getiren şum habaryny, Aşgabat türmesindäki oglunyñ ýogalandygyny kynlyk bilen aýtdy. Ol Aşgabatdan myhman bardygyny eşidip, gaýtsalar menem äkitmezmikäler diýip gelen ekeni. Bu gürrüñden soñ biz derhal ýola düşdük.

Ýolda agam Meret agadan oglunyñ näme günä edenini, türmä nädip düşenini sorady. Meret aga uludan demini aldy:

- Dogrusy, biz-ä şoñ näme günä edeninem bilibilmedik. Bir ýyl mundan öñ tagtabazarly gullukdaşyny bir gije myhman alypdyr. Şondan ýedi aý geçenden soñam ýañky tagtabazarly tirýek bilen tutulypdyr. Onsoñ muny kimler bilen gatnaşyk edýädiñ diýip ýençmäge başlarlar-da. Olam arasynda gyssanjyna biziñem oglumyzyñ adyny tutupdyr, bir gije myhman bolanny aýdypdyr... - Meret aga ýene haşlap dem aldy. Men aýnadan onuñ emaý bilen gözýaşyny sylýanyny gördüm hem indi şeýle gürrüñleriñ günde bolmasa-da, günaşa eşidilýäni barada pikir etdim.

- Şo bolsa, başga merk gerekmi, gurduny gündiz uwladypdyr-a olaryñ - diýip, agam çilim otlanmaga oturdy.

- Şo gije idenekledip äkitdiler... Soñ ol tagtabazarly muñ hiç zada dahyly ýok, ýöne öýüne myhman bolup geçdimem diýýämiş. Emma öñ oña biziñ oglumyza on kile tirýek düşürip geçdim diýlip ýazylan kagyza gol çekdiripdirler. Şo kagyzy tutup otyrmyşlar soñ. Ol oglanam urlup-enjilip, näme gol çekenni bilmänni aýdýamyş... Onsoñ şeýtdi-de gidiberdi, gidiberdi...

- Aklawçy dagy tutmadyñyzmy? - diýip, agam näme diýjegini bilmeýän adamyñ soragyny berdi.

- Aklawçy tutduk-la. Ýöne olam çäresiz biçäre eken. “Aklawçy diñlenýän ýurt däldir, agam, çilim geçir diýseñiz, çörek elt diýseñiz elteýin, başga nepim degmez, diýlen puly bermeseñizem sypdyrmazlar” diýip otyr. Ahyrsoñunda soralýan puly eşitdik-de, syrtymyzy ýere uraýdyk. Tutuş obamyzdan çykjak däl onça pul... Onsoñ mañlaýdakyny göreli diýip oturyşymyzdy. Ine-de şeýle habar geldi... Ýüzünde-gözünde-hä gök tegmil-beýleki ýok diýýä. Ýöne inegi göm-gök bolup süýnüp ýatyr diýýä. Wah, boýun aldyrjak bolup, marly sarap, inegini towlaýalar diýip habaram geldi-le... Başga çärämiz ýok, öýde aglaşyp otyrys. “Jan saglygyndan zeýrenen çaga däldi, çilimem çekenokdy” diýýäs. Gül ýaly gelni, üç sanjagam gözmonjugy ýaly çagasy bar, dökülip galdy anha... Ýeri, ulular düşünýä diýeli, çagalara näme diýjek? “Kakga hany? Kakga gelenok?” diýip aglaýalar, seslerinden durar ýaly däl. “Dirikäk dowzahy görkezdiñ-le, tañrym, näme günä etdikkäk biz beýle?” diýip aglaýas... Ýogalandan soñam üç günläp peredaçi alypdyrlar. Her gezegem ony getir diýdi, muny getir diýdi diýip, bir topar zat getirtýämişler. Inim görgülem näme diýseler ylgap eltýämiş. Ahyry dördünji gün bir orus gözegçi “Saña hiç zat aýtmadylarmy? Iniñ ýogalanna dört gün bold-a” diýipdir... - Meret aga ýene gözüniñ ýaşyny syldy.

- Iman baýlygyny bersin! Alladan gelse, etjek alajyñ bolmaz - diýip, agam göwünlik berýän äheñde aýtdy.

- Wah, bendesinden geldi-le bize - diýip, Meret aga ýolboýy ýandy.  - Para aljak bolup etdiler-le, doýmaz-dolmaz açanlar. Özleri satýar-a tirýegi, garamaýaga ýetirenoklar-a... Tirýek satjak ogul däl-ä meñ oglum! Satsa men hökman añmal-a. Ony satan gürrüñsiz üýtgeýär-ä. Näme üçin lükgeläp tirýek satýan bilen bigünäni saýgaryp bolanok, bular çopana-da aýyl-saýyl-a?! - diýip ýandy. - Asyl lükgeläp satýanyñ golaýyndan baranoklar-a! - diýdi. - Heý, oglum tirýek satar-da, men bilmenmi? On kileläp tirýek agdarýan bolsak, beýdip aýagymyzy süýräp ýörmeris-ä? Akyla syganog-a bi zatlar... - diýip käýindi.

- Galanna  uzak ömür bersin! - diýip, agam Meret aga göwünlik bermesini dowam etdi. - “Beterinden saklasyn” diýýändir türkmen. Beterini görkezmesin. Beterinden beteri bardyr... Yzy kesilsin...

Bu gürrüñler tä Meret agany inisiniñ öýüne düşürýänçäm gaýtalandy. Soñ agamyñ öýüne ýetýänçäk dymşyp gitdik. “Öýdenem çykar ýaly bolmandyr indi. Oturanyñ gowy ýene, köp zady eşideñok, göreñok...” diýip, ol meniñ bilen gamly hoşlaşdy. 

Öýe gelip, diwana süýndüm, ýöne hiç  uklap bilmedim. Soñ kiçijik gyzym mekdepden geldi. Gele-gelmäşe-de ejesiniñ üstünden arz etmäge başlady, “Iki bäşlik aldymam welin kinder-sýurpriz alyp bermedi      - diýip boýnumdan gujaklady. - Kakañ gelensoñ alaý diýip otyr. Içerini ýygnañok diýibem gygyrdy...”

- A sen içerini ýygnamaly ekeniñ-dä! Özüñ-ä içerini ýygnaman, ýene gelip maña arz etmäñ näme? - diýip, gyzymy biraz haýalçyratjak boldum.

- Ýör, aýlanyp gör, dagap ýatan ýekeje oýunjagam tapmarsyñ - diýip, ol meni elimden tutup içerik aýlamaga başlady. Ahyry bu waka gyzym ikimiziñ golaýdaky dükanjyga gidip gelmegimiz bilen tamamlandy. Ýöne buzdany açyp görenimden soñ öýde oturyp mazam bolmady. “Çagalary aç oturdyp bolmaz, agşama çenli aýlanaýyn” diýdim hem ýene ruluñ başyna geçdim.

Daşarda ýagyş ýagýardy. “Şunuñ ýaly howada müşderi köp bolagandyr öz-ä” diýip, ilatyñ gürüräk ýaşaýan mikroraýonlarynyñ köçelerinden işe başladym. Ilki bir garry aýal elini galdyrdy. Muny aldym. Ol aýal bir zatlar diýip zeýrenip başlanyndanam magnitofony açdym. Bir kireýkeş ýoldaşymyñ aýdyşy ýaly, “Adamlaryñ hemmesini diñläp, derdini paýlaşyp çykyp bilmersiñ, gury heläk bolanyñ galar. Gowusy, hiç kimi diñleme. Başyñy galdyrma asyl. Sen diñläniñ bilenem señ özüñi diñlemezler. Señ diñlänleriñem diñlemez. Ondan ötri öñünden gaç, öz işiñ bilen bol, öz öýüñ bilen bol, öz jübiñi bil!..” diýen “pähimlere” ýykyldym.

Maşynyñ salonyny del owaz hem del aýdym tutdy. Şol del aýdym bilenem men ähli derdi-belalaryñ öñünden gaçdym, pul gazandym. Ilki müñ manat, soñ iki müñ manat gazandym. Soñ bir türk bäş müñ taşlap gitdi, ýene bir eýranly ýedi müñ eçildi. Men olaryñ yzyndan başymy ýaýkadym, “öz pulumyza özümizi münýärler, biz indi şuña-da kaýyl” diýdim. Ýöne ýene kireýkeş ýoldaşymyñ “pähimleri” ýadyma düşdi. Ýene maşynyñ gazyna basdym. Şeýdip agşama çenli işläpdirin. Berzeññiñ ýolundaky ýagşa ezlen gelni almadyk bolanlygymda, allanäme iş bitiren adam bolaýmalydym. Emma oñarmadym, “ezlip durmasyn-la, alaýyn-la” diýdim. Aldymam, bar keýpimem uçdy. Men ondan: “Nirä gitjek, jigim?” diýip soraýan. Ol: “Nirä äkitseñ gitjek” diýýä. Sakga durupdyryn. “O näme diýdigiñ boldy?” “Şo diýdigim-dä..” “Bagyşla, jigim! Men señ diýjek adamyñ däl!” “Beý diýmeseñizläñ?! - Ol aglamjyrap gepledi. - Ýüz-gözüñizden nur ýagyp dur-a! Maña bary-ýogy otuz müñ manat gerek...” “Meñ özümem şo manat üçin entäp ýörün, jigim! Gol doly maşgalam bar. Şu maşyndan başga-da eklenjim ýok.  Başga adam gözle sen...” Gelin birden ýakasyny ýyrtyp aglap başlady. “Rehim ediñ-ä, jan agam! Süññümden ýagyş geçd-ä meñ? Keýpine edýändir öýdýäñmi şu işi? Çagamy zamun alyp otyr-a o zalym. Bir güläleklik, bir keýp ederlik pul getirmesem, pişik bogan ýaly bogjag-a ol çagamy. Neşekeş-ä ýerçeken, sypyp bilemog-a. Çagamy berenog-a! Bagtym ýatmasa, ärim geroin öwrenjekmi, bagtym ýatd-a meñ!..”

Ýarym günläp kireý edip ýygnan puluma nädip el uranymy bilmän galypdyryn: “Me, al keýgim! Al şulañ baryny! Näçediginem bilemok. Men ýene biraz işläýerin bolmasa...” “Alladan gaýtsyn, agam! Ýüregi rehimli adamdygyñy görenimden bildim-le...”

Men onuñ bahymrak maşyndan düşmegini haýyş etdim. Gelin alkyş baryny okap düşüp gitdi. Maşyny ýerinden gozgadym, ýöne gözümiñ öñi garañkyrap duransoñ, uzak gitmän saklanmaly boldum. “Düýşümmi, huşummy, biler ýaly bolmady, duşup ýören zatlam näteñet-aý? Gel bir özümi dürsäýin, soñ birazajyk işlejek borun-da” diýdim. Maşynyñ aýnasyna urulýan irimçik damjalary synladym oturdym. Dogrusy, näçe oturanymy bilemok. Ýöne aýnadan syrygýan damjalaryñ barha ulalyp barýanyny, siliñ güwwüldisi ýaly goh-galmagalyñ gelýänini çalarak bilýän. “Sil gelse, dag tarapdan gelmeli, goh-galmagal weli şäher tarapdan gelýär” diýibem pikir edýän. Onsoñ damjalar ullakan-ullakan ak köşeklere, soñam äpet düýelere öwrüldiler. Men olaryñ göni öz üstümden gelýänini, turup gaçmasam depeläp geçjeklerini bilýärin, emma ýerimden butnaman otyryn. “Barybir gaçyp ýetişmen, bular gaty ýyndam görünýär” diýýärin. Dogrusy, olar ýyndamam. Birdenem düýeleriñ gözleri ýanyp gidýär, edil maşynyñ çyrasy ýaly ýanýar. Şol çyralaryñ içindenem biri üzülip gaýdýar-da, ullakan gara “Mersedese” öwrülýär. Men ony deñämden geçip gidensoñ, “Ak “altynjyny” ýok ediñ! Ýok ediñ ak “altynjyny” diýip gykylyklap barşyndan tanaýaryn, “polisiýa” maşyny-la bi” diýýärin. “Ýaşuly geçjekdir-ow, işden gaýdýan wagtyna gabat gelendirin men, ýolda maşyn bolmaly däldir o geçende” diýip oýlanyp-oýlanmankamam iki sany “düýe”, ýagny iki sany polisiýa maşyny daşymy alýar. “Näme bikanun zat etdimkäm beýle?” diýip maşyndan düşjek bolýaryn. Şol wagtam polisiýanyñ dürresi depämden inmäge başlaýar. Goranjak bolýaryn, beter urýarlar. Gözüm garañkyrap, dünýeler agdar-düñder bolmaga başlaýar. Biriniñ ezenegimden tutup çekýänini, başga biriniñ bolsa “Gulagyñ gapykmy? Aýryl diýil-dä saña ýoldan! Ýa özüñe gaty göwnüñ ýetýämi?” diýip käýinýänini çala eşidýäpin.

Ho-ol ýokardan oklanan ýaly, ýoluñ gyrasyndaky joýañ añyrsyna gülçüldäp düşdüm. Ýene hälki “gulagyñ gapykmy” diýip käýinýän ses eşidildi: “Muny nädeli indi?” “Degme ýatsyn, özi turup gider!” “Gatyragam uraýdyk öýdýän?” “Indiki gezek ýaşulyñ ýolunda durmaz ýaly gowy bor!” “Arz edip ýörmesin soñ birden?” “Agzyna bir owurt arak guý-da, narýad çagyr. Huşagetirijä arz edibersin onsoñ...” “Birhili bolmazmy, içgili däl ýerinden...” “Pa-haý, birhili görjek zadyñy tapypsyñ ýagşy-da, jübüsine geroin atmasañ razydyr. Alkyş aýdar soñ gaýta...”

Şol wagtam ýoldan uzyn maşyn kerweni, ýaşuly hem onuñ goragçylary geçip gitdi. Men olary görmän, maşynlaryñ goh-gowrundan tanadym. A soñ ümsümlik boldy, il ýatyp, it uklandaky ümsümlik...

                                                                                                                                                 Maý, 98. Moskwa.

 

 

GULAMALY ŞAHYR

 

Gulamaly şahyr, Gulamaly Mirhaýdarowiç! Il içinde ol şeýle tanalýardy. Toýlarda orny tördedi. Çünki, uly toýlarda, başlyklaryñ üýşmeleñinde tamadalyk ederdi. Goşgularyny labyz bilen, gerek ýerini ýerine-märkesine görä üýtgedip okardy. Rowaýatlar getirerdi, mysal aýdyp bererdi, garaz, aam ili agzyna añkartmagy başarardy. Şeýlelikde il oña hem onuñ görülmedik talantyna tabyn boluberipdi. Durmuş gowudy. Ümzük öñedi. Hemme zat öz kadasy bilen, biraz kadasyzlygam bir gapdalda bar elbetde, öwrüm edip barýardy. Onsoñ ol birden ýa-da edil birdenem däl, bir döwürler özüni demi dag ýarýan şahyr saýyp başlapdy. Günleriñ bir günem ant içipdi: “Men indi halk hereketini döredip, öñüne düşmesem, atamyñ döli bolmadygym!” diýipdi. Bu gürrüñ onuñ birnäçe ýyl başlyklyk eden edarasynda, erte-birigün tabşyrmaly kabinetinde, pikirdeş dostlarynyñ arasynda bolupdy. Emma döwür-döwran diýseñ çalt üýtgeýän ekeni. Bu gün onuñ üstüne uly iliñ aksakgaly bolup ýörenlerden ikisi, ýaşy segsene ser uran Aktuwak aga bilen ter gara sakgally Atamyrat işan geldi.

    - Biz seni sylap geldik, sylamaýan bolsak gelmezdik - diýip, olar söze başladylar. - Bir-biregi tanaýas, ýat-nätanyş adamlar däl. Atañam tanaýas, daýy ugruñam bilýäs. Senem bizi tanaýañ. “Gel bir gürleşeli, düşünişeli - diýdik. - Bu edip ýören zatlaryñy bilip, düşünip edýäñmi, ýa düşünmän? Ilki şuny soraly” diýdik. Düşünmeýän bolsañ, düşündirmek parzymyz, düşünip edýänem bolsañ, aýtmak-diýmek, beýtme diýmek borjumyz. Nesihatymyzy alsañyz, elbetde...

    Dogrusy, ol bu ýaşulularyñ ýüzlerini garañka tutup gelmelerini halamandy. Ediljek gürrüñem çen bilen añman duranokdy. Gapdal goñşusy, ençe ýyl duz-emek bolup tirkeşen dosty, indi birneme ara sowuklyk düşen halypasy birki sany ýaşulyñ gürleşmäge geljekdigini, bu barada ilki özüne sala salandyklaryny, gepe düşmän duran adam däl, özüñiz baryñ-da gürleşäýiñ diýendigini aýdyp goýupdy. Şonuñ üçinem ol diplomatiýany elden bermedi. Ýylgyran bolup:

- Gelen bolsañyz, gowy edipsiñiz. Aýdyp oturyñ, näme bolmaýan iş edipdiris? - diýdi. Sorag kesgitli goýlansoñ, ýaşulularam daşdan aýlap oturmadylar:

- Soñky döwürde ýazýan, aýdýan zatlaryñyz ynjalykdan gaçyrýa bizi... - diýip, Aktuwak aga söze başlady. - Ilki “Bizi ýalkan” diýdiñiz. Birhili bolduk. Sebäbi adam ýalkap bilmeýä, diñe Alla ýalkap bilýä diýýärdik. Onsoñ ymmat täzelemek meselesini orta atdyñyz. Onuñ-munuñ ymmatyndan diýdiñiz gidiberdiñiz. Ýadyñdadyr, Gökdepede Seýitli daýyñ aýdardy, Orazly götdaryñ ymmaty diýip bir gürrüñi. Ýañgalañ gädiginden ýagy çozup duransoñ, jar çekilýän borly: “Kim götdar bolsa, ýagy görende zarladyp durmaryn öýtse, çyksyn-how gädik saklamana” diýip. Orazly diýip biri “Men götdar” diýip çykýamyş her sapar. Ana onsoñ şol Orazly gädik saklap, şindiki gümrükçileriñ käbiri ýaly, uly tirýek söwdegäri bolup gidenmiş. Garransoñ onuñ öýi şire çekilýän merkeze aýlanypdyr. Bir süpük neşekeş barýamyş bu merkeze-de, birki baş sorjak bolup. Orazlam ondan kimiñ ymmatydygyny soraýa. Olam Muhammet ymmaty diýýä. Bu jogaby eşiden Orazly: “Tur, göteril-aýt” diýip kowýa. Bu neşekeş burnunyñ suwuny çekip, gapydaky talabanyñ ýanynda zeýrenýä diýýä onsoñ. Olam bolan gürrüñi sorap, sen ýalñyşypsyñ, täzeden bar-da, Orazly götdaryñ ymmaty diý, şonda keýpiñi köklärsiñ diýýä. Neşekeşem şol aýdylany edip, tirýek çekýä onsoñ. Bu zatlary şol neşekeşiñkä öwürdiñiz-le, walla...

Ara agyr dymyşlyk düşdi. Gülmeli, ýylgyrmaly zada hiç kim ýylgyrmady. Gürrüñ gezegini Atamyrat işan aldy:

- Bulam owarram diýsek, soñ “pygamber” diýip ýazdyñyz. Ýene geñ galdyk. Muhammet alaýhyssalamyñ iñ soñky pygamberdiginem inkär etdi bular diýdik. Onsoñ, tobaestagpyrylla, ýerde arak içilip bina edilen jaýy “jenneti allanyñ köşki” diýdiñiz. Pereñ ussalary salypdyr onam, zynahorlugyñ ösen ýerinden gelen... O nähili jenneti Allanyñ köşkümiş ol, içinde uzakly gün ýalan sözlense?.. Indem has gönüläp, günä-gargyşa boýy bilen çümen bir bendäni “haktagala”, “Alla” diýip ýazýañyz... Bu ýazýan zatlaryñ nädogrudygyny, bendeden hudaý ýasamagyñ gabahatdygyny bilmän ýazýañ diýsek, altmyşdan agypsyñ, burnundan añyrsyny gözi görmeýän ýaş-eleñ däl... - Atamyrat işanam şu ýere gelende dymdy. Onuñ sakgalyny çeýnäp oturan ýoldaşyndanam ses çykmady.

Aşhana bilen aralykdaky tuty serpilip, gara döw ýaly daýaw pyýada iki çäýnek çaý alyp geldi hem ýaşululara edep bilen salam berdi. Şahyr oglunyñ adyny tutup, ony ýaşululara tanytdy hem onuñ gaýnynyñ çagalykda patşa bilen dost bolandygyny ýatlady. “Belki, tanaýansyñyz, golaýda patşa bagyşlanan goşgular kitabam çykdy, oña gowy synam ýazyldy, professor ýazdy” diýdi. Soñundanam, edýänimiz şu diýýän ýaly, içýakgyç ýylgyrdy. Bu gürrüñ sakgalyny çeýnäp oturan Aktuwak aganyñ halys alla çetine degdi gerek, olam içýakgyç ýylgyryp gürledi:

- Bu şol goşun gullugyndaka çaga zorlap, ýyl alyp ýöreniñmi ýa beýlekiñmi? - diýdi. Şahyryñ ýüzi boz-ýaz boldy. Ýöne ol yza çekilmegiñ, gowşamagyñ deregine “...batdyñmy - boýuñ bilen” diýlenine eýerdi:

- Hawa, şeýleräk bir düşünmezlik boldy. Ýöne indi harby gazýetde işleýä, karetä gatnaýa, kapitan çini bar...

- Bolubilýä, azaşan yzyny tapsa ýagşy, tüweleme! Polkownigem bor bi basym - diýip, Atamyrat işan gürrüñiñ jylawuny öz eline almaga çalyşdy. - Kejeleşik gerek däl bu ýerde. Bize düşünişmek lazym, şol umyt bilenem gelindi. Ýogsa gelinmezdi - diýip, ol birden gyzyşan gürrüñe sowuklyk, paýhas çaýdy. - Siz bir uly iliñ sylagly şahyry. Owazly, mana baý goşgularyñyz bar. Bi görünýänleñ içinde mazaly saýlanyp dursuñyz. Tüweleme. Ilem bilýä muny. Ondan-mundanam soraýan men, şahyrlaryñ içinde haýsy ýagşy diýip. Ozallar hormatyñyz has uludy. Bi diñe size däl, Allanyñ beren zehinine hormat edildigi. Şahyrlyk hudaý tarapyn berilýän zat. Her kim eline galam alyp, ýazyberip bilmeýär. Emma indi şol Alla tarapyn berlen zehine kölege düşdi şekilli. Il-gün size gyýa garaýa, gahar edýä...

Hemişe-de öz zehini hakynda gürrüñ edilende bolşy ýaly, bu gürrüñ şahyry çalam-çaş edip söküp taşlady. Ol hatda äýnegini aýryp, gözüniñ owasyna ýygnanan we togarlanyp aşak inerli bolan  ýaş damjalarynam süpürdi. Ýeñsesine öwrülip, agyr günde hossara gözi düşen çaga ýaly hamsykdam. Ýaşulular muña näme diýjeklerini bilmän dymdylar. Onýança şahyr özüni dürsedi. 

Aktuwak aga gürrüñi dowam etdi:

- Bu abraýyñ añsat gazanylmanyny bilýäs biz... “Bagyr azaplary” diýip ýazýañyz-a özüñizem. Dogry şol. Diñe bagyr däl, ýürek, beýni, añ azaplary olar, belki-de. Ýöne indi şol azaplardan soñ çemçeläp ýygnanyñy çanaklap dökmek birhili dälmi?..

Şahyr haşlap bir dem aldy-da, içerä göz aýlady:

- Tañrydan gizlemedigimi sizdenem gizlejek däl, agalar. Serediñ şul içerä, heý, artyk zat barmy? Ýüzi suwluja hala gözüñiz düşýän bolsa-da aýdyñ. Baýa-bege, meslikden bögürip ýörene meñzeýänmi?

- Ýok, hudaý saklasyn, arassaja, ýöne gaty pukara öýüñiz bar ekeni. Dogrusy, uly şahyr şeýle ýaşaýandyr diýip pikir edemzokdyk. - Atamyrat işan bu sözi çyn ýürekden aýtdy. Şahyr ýene gözüne ýaş aýlady:

- Hak sözüñiz üçin sag boluñ, agalar!.. Gürrüñ konfidensial bolansoñ, menem ýüregimdäkini gizlemäýin. - Ol Aktuwak aga ýüzlendi. -Siz wagtynda ýokary partiýa mekdebini bitiren, uly döwlet işlerinde işlän adam, Aktuwak aga, köp zady gördüñiz, bilýäñiz. Seýitli daýym Akmeret han barada-da kän gürrüñ bereredi. Belki, onuñ atly gelip, ýaşulularyñ otyrýerine depişini, “Hany, Allany çagyr göreýin, kömege gelýämikä” diýip, çiş ökje ädik bilen adamlaryñ daraklygyna basyp aýlanyşyny eşidensiñiz. Emma millet şonda-da çydap otyrmyş. Bi hanam Akmerediñ oýnuny edýä, beter edýä belki-de. Milletem otyr. Çydaýa. Çydamadyk, garşylyk bildiren nähili günlere düşýä, olam belli. Muny sizem görüp otyrsyñyz, bizem... Mertligi gutaran, erkekligi unudan millet bi, belki-de... - Ol şeý diýip, äýnegini düzedişdirdi-de, indi näme diýerkäñiz diýýän ýaly. gürrüñdeşleriniñ ýüzüne mölterildi.

- Edil beý diýmeg-ä gabahat bor, ilçilikdir... - diýip, Aktuwak aga bu sözi gaty görenini bildirdi. - Ine, gapdal goñşyñyz, sizçe özüni gowy görýän ýazyjy abraýyny saklap otyr-a! Ýa oña size gerek sylag-hormat gerek däldir öýdýäñizmi?..

- Gapdal goñşuly gürrüñi goýalyñ, her kimiñ öz işi bu zatlar - diýip, şahyr ýarasyna basylan ýaly çytyldy. Soñam gönüledi: - Gowusy, men siziñ başda beren soragyñyza jogap bereýin. Bilip edýän agalar men şul işi, düşünip añyrsyna geçip edýän. Iliñ sögýäninem bilýän, gargaýanynam, gelip göni aýdýanam bar. O nämüçin beýdýäñ diýersiñiz, oña-da jogap bereýin. Ýöne bu gürrüñi biraz añyrdan aýlamaly boljak. Ýadyñyzda bolsa, uly iliñ guwanjyna öwrülen bir ussadymyz bardy. Pohly akademikligi rowa görmän, aýagyndan ýazyp, garşysyna topar gurap, ahyry ýüreginden tutduryp öldürdiler. Hana, onuñ aýak tozuna degmeýän akademik indi... Hemme ylymlaryñ doktory, üç gezek gahryman... O bolsa altmyşam ýaşap bilmedi. Gowy bolsañ, etjekleri şol. Ýüregiñi tutar gidersiñ, çagalaryñy döküp. “Şul-a şeýdip, il diýip gitdi, çagalaryna bir goltgy edeli” diýen tapylmaz. Ýogsa uly ildir. Gyssansañ, jañ edere adam ýog-a munuñ içinde. Işden aýrylyp, aýak astyna taşlanan bolsañ, iñ bärkisi trubkany alyp, geplemän goýarlar... Ozal üzeññiñden üç geçýänler salam bermezler. Aýagyñy süýräp, köwşüñ apgyrdyna basyp ýörşüñe heşelle kakyp gülerler. Bu zatlary gördük. Halypañ garşysyna edilen zatlary soñ biziñ garşymyza gönükdirdiler...

Aktuwak aga ardynjyrap, gürrüñi böltejek boldy. Şahyr elinii galdyrdy:

- Sözümi bölmäñ. Siz aýtdyñyz, menem aýdaýyn. Gydyrdanyp, gözümiñ köküni gyryp elli ýaşa ýetdim. Zähmetsiz, azapsyz bir günüm geçmedi. Çagalarymy terjimeden ekledim. Ahyrynda söz hukugymy kemsitdiler, gepletmän zaldan kowdular...

- Özüñiz çykyp gaýdypsyñyz diýip eşitdik biz-ä - diýip, Atamyrat işan oturyp bilmän dillendi.

- Tapawudy näme, söz berilmese, garşyña dildüwşük gurlup, arkañdan patşa bilen söwda edilse, pohly redaktorlykdan küşdüñi berip, bir setiriñi çykarman, döwüm çörege zar etjek bolsalar, kowuldygyñ, depildigiñ bolman, näme bolýar eýsem? Gapdal goñşam şo günde şu wagt. Bir setirini çykaranoklar. Ýogsa, ömür goýup kitap ýazýa... Iki sözüñ başyny çatyp bilmeýänlerem başlyk, redaktor...

Ýaşulular näme diýjeklerini bilmän dymdylar. Şahyr buza dönen çaýyndan owurtlap dowam etdi:

 - Eýlelem birleşdi, beýlelem. Dildüwşik edildi. Birleşibem haramzadalyk etdiler, wezipe paýlaşdylar. Zat dawasyny gurdular. Halk, ýurt ozalam ýatlarynda ýokdy, soñam ýatlanmady. Söz azatlygynam çaldylar butlaryna, adam hukugynam. Azlygyñ hukugy diýlen zadam. Aldygyna-da çypdyryp ýazyp başladylar. Serdar, pähimdar, milletiñ atasy, tañryñ kölegesi... Onsoñ men iki ýoldan birini, halypam ýaly, ýüregi tutup ölüp gitmäni ýa-da haramzadalyga haramzadalyk bilen jogap bermäni saýlamaly boldum. Üçünji ýol meniñ üçin ýokdy. Çagalarymy selpedip, ýurt aşyp biljek däldim. Onsoñ “Gel, ýaryşsañ, garasaç, goý, haramzadalykda bolsun! Kümsüklige kümsüklik bilen jogap bermeli” diýdim. Serdaram diýdim, Allatagala-da, bir poha gireñsoñ, gyrasy näme, ortasy näme. Agyrysyna çydasa, müñ ýaşasyn ilem... Söz tapman durusmy biz ýalan sözlejek bolsak? Alyñ ýalany näçe gerek bolsa! Käbirleriniñki ýaly çöpejanbitdi ýalanam däldir, bakylan öküz ýaly, bögürip, şahy bilen ýer süsüp ýören ýalandyr! He-he... Biziñ depilşimize tomaşa edip oturjakdy, şundan gowy güne mynasybam däl il... Goý, horlansyn. Indi gelip maña aýdýalar, çagalar gedaý gezýä, aýal-gyzlar köçä çykdy, türkmen türmede gyrylýa diýip. Öñ nirdediñiz, näme pikir edýädiñiz? Entegem erbet bor, bu dagy näme... Ýöne indi giç, otly gitdi. Yzyndan kän kowmaly borsuñyz. Muny biz öñünden aýtjak bolduk, aýtdyrmadylar. Diñlemediler. Dil düwüşdiler. Anha-da netijesi... Muny özüni aklajak bolup diýýändir öýtmäñ...

Atamyrat işan söz gezegini aldy:

- Ilden öýkelemek bolýa bi. Onsoñam özüñiz ýazýadyñyz-a, ar almak gullaryñ duýgusy diýip...

- Hawa, ol şeýle. Ýöne gulçulykda   dogulsañ, gul bolubam ötmeli eken.  Uly il kaýyl gulçulyga! Wezipe berilse, men diýenler aýak ogşaýa... Il çydasa, bizem çydarys. Gaýta nirede içýakgyç sözler tapyp gamçylarysam. Bu-da bir göreş bilene. Özboluşly demokratiýa ýaly, elbetde. Içden urmak diýilýä muña. Daşdan urýanlaryñkydan has täsirlidir, belki. Ilde ýigrenj-ä dörederis-dä bolmanda... - Şahyr äýneginiñ ýokarsyndan syrygan deri syldy.

- Pelek işini bilip bolmaz. Birden bi ýykylsa näme diýjek onsoñ? - diýip, işan pursatdan peýdalandy.

- Bilgeşlin, halkda zalyma ýigrennç döretjek bolup etdim diýjek, he-he... - Şahyr alaçsyz ýylgyrdy. - Onsoñam indiki geljegiñ mundan gowy boljagyny kim bilýä. Oñam goltugyna garpyz bereris...

- Könekesirli bir mollamyz bar. Şol bir gün ol kasam ýazyp, aýagy çüýrän halypañyzyñ öýüne barypdyr. “O galan ýeke aýagyñy göre sokup otyrsyñ, o dünýäñi ýatla, ýalan ýazmañy bes et” diýipdir. Olam-a siziñ adyñyzy tutup, Gulamalydan basylmajak bolup edýän, ýogsa etjek işim däl diýýämiş...

Şahyr indi biraz merdemsi ýylgyrdy:

- Oñam bir sözi bormy. Men onuñ gutaran adamdygyny şol soñky gurultaýda tribunadan aýdyp gaýtdym.

- Onda näme soñ ýene “Halypa” diýip ýazyp ýörsüñ? - diýip, Aktuwak aga sadalyk bilen sorady.

- Taktika-da... - Şahyr eginlerini ýygyrdy. - Bu kyn, elbetde, ýöne etmeli bolýar. Bolmanda her kimiñ pohuny özüne iýdirmek üçin şeýtmeli... Ýogsa göreniñ hapasyna çolaşar ýörsüñ. Indi şol soñky gurultaýda ýer depýänleriñ bolup ýörşüni görýän, türresini süýräp. Kimi köne maşynynda kireý edip ýör, kimi ady başlyk, jübüsi boşluk bolup ýör, garaz, ile gülki-dä... Janym göneneýýä... Ha-ha... Adalat bilen hakykat ulus ile gerek bolmasa, Gulamala näme üçin gerek bolsun? Onsoñam Mirhaýdarlara ozal ýetdiripmi adalat, indi ýetdirer ýaly... Ýykyl, ýumrul loly dünýe diýmändirlermi, he-he... Içi ýananyñ gülküsi bi. Ýöne başga-da alaç ýok. Halkyñ şeýle bolsa, iliñ derejesi şu bolsa, nätjek dagy? Türmede haram ölmegem-ä çykalga däl, belli...

Ýaşulular her neneñsi çynlakaý gürrüñe garaşanam bolsalar, beýle açyklyga garaşmandylar.

- Açyk gürrüñ etdiñ bolsa-da - diýip, Aktuwak aga pikirli gürledi: - Ýöne bi mertligiñ däl, ejizligiñ açyklygy şekilli...

- “Bite gahar edip, ýorgan otlamak” bolýa bi... - diýip, Atamyrat işanam gaharly ardynjyrady.

- Bilýän. - Şahyram ardynjyrady. - Ýöne men aýdyp otyryn-a, şol ýorgan ulus ile gerek bolmasa, bize gerek däl diýip. Ilki bilenem biz ýorgandan çykarylmaly  bolsak, ýerimize bir şermendäni salyp, edýänimizem şu diýjek bolsalar, goý, ýansyn şol ýorgan! Ýanymda duran grafindäki suwam sepjek däl men indi o ýorgana. Özümi oduñ üstüne oklap söndürjek bolmag-a beýle-de dursun...

- O bäş sany haramy ulus il däl-ä! - diýip, Aktuwak aga-da sesini endiredip gepledi.

- Ulus il bolmasa, şol ulus iliñ wekilleri şolar. Ulus iliñ adyndan gürleýänler. Hersi bir tarapdan. Wezipe-de şol esasda paýlaşylýar. Onsoñam ulus il bu bolýan zatlary sessiz synlap otyr, alsyn indem almytyny. Il çydasa, bizem çydarys. Goý, haramzadalyk bolsa, haramzadalyk bolsun... Bolmanda-da begzada bolup ýördügimiz däl. He-he...

Aktuwak aga Atamyrat işanyñ ýüzüne soragly seretdi.

- Görüñ-dä, özüñiz özüñizi depeleýäñiz beýtseñiz. Dost islegi däl, duşman niýeti amal bolýa. Siz öz duşmanyñyzyñ tarapyna geçip, öz garşyñyza göreşýäne çalym edýäñiz. Sebäbi duşmanyñam niýeti garşydaşyny gözden düşürmek, biabraý etmek. Bir döwüm çörek diýib-ä etmeli iş däl bi. Çörek tapylar, abraý tapylmaz. Duşman güler...

- Gülübersin, içi ýanyp güler gülse-de. Biabraýçylykdan, masgaraçylykdan ölen ýok. O döwür geçdi. “Namysly, edenli pälwan galmady” diýilýäni. Ýykylsañ, galdyrjak tapylmaýa, agzyña suw damdyrjak ýok bi milletde. Gaýta güljekler, gybat etjekler. Goý, etsinler. Menem ýumşak kürsüde oturanymy, owadan maşyn münenimi biljek. Bir topar nadarany güldürenimden, birine ýallaklajak. Öñem aýdylypdyr, “Günüm üçin günim oglanny huwwalaýan”, “Köprüden geçýänçäñ doñza daýy diý” diýip. Onsoñam diñe men däl, tüweleme, ilçilik, ýeke goýberenoklar, molla-işanam metjitde hutba okaşyp otyr... He-he...

- Biz bu gepi bir-birege gyjyt berjek bolup başlamadyk - diýip, Atamyrat işan gurşup ugran aýaklaryny çalşyrdy. - Iliñ abraýly adamlary biabraý bolmasyn, bu zatlar beýle gitmesin, herki zadyñ çeninde saklanmagyñ bir çäresi tapylsyn diýip başladyk...     

Aktuwak aga-da bu gepe baş atdy:

- Ýalñyşan diñe siz diýmekçi bolamzok biz. Ýalñyşan kän. Ýöne ahyry zeleliñ ýaryndan gaýdylsa-da peýda...

Şahyr gülümsüredi:

- Beýle gürrüñler ozal kän edildi. Men diýen intelligent kişiler etdiler onda-da. Emma ertesi gidip, beýleligine döndüler. Soñam arkadan gelip pyçak urdular. Siz bu gürrüñleri ýañy gozgap ýörsüñiz. Ara gaty açyk şekilli. Bar bela-da şundadyr, belki.  Bize düşünişmek kyn bolar. Bilmedim. “Dinden çyksañ çyk, ilden çykma” diýleni. Iliñ ýoly-ha şu, tersmi-dogry, barýan ýolumyz. Agzyna mikrofon tutulan çypdyryp başlaýa. Ýogsa şolara şeýt diýýänem ýok. Biz ýaly mejburam edenoklar, çöregem şondan iýmeli däl...

- Göreldesinden, olaram size seredýäs diýýäler - diýip, Aktuwak aga başyny ýaýkady.

- Gowy göreldämiz-ä eýermediler. Döş gerip orta-da çykyp gördük, ýa başga çykyp ýörenler bar. Çyn sözi üçin türmä duşüp ýörenem ýetik. Biri barýamy şol halkyñ... Bi millet üçin jan çekmän, “Ölşüñe görä gömşüm” etmek dogry...

- Beh, biz düşünişjek däl-ow - diýip, Aktuwak aga telpegini başyna geýdi. - Şeýleräk boram çen etdim özi. Il bilýä, baryp oturmañ diýip, öñünden aýtdylar...

- Gaty görüşmesi ýok - diýip, şahyram gürrüñi jemleýän ýaly etdi. - Şol il diýip, ýokardan ýykylyp, soñ ýene itiñ güni bilen sana geçdik. Indi ol ertekilere ynanar ýagdaýymyz ýok. Bäş gün ýalançyda biraz dem alasymyz gelýä. Iliñki ýaly, çaga-çugamyz bar, ýaşamaly. Başga günämiz ýok. Galanynam Allañ özi görüp-bilip oturandyr, bendesine galmandyr bizi ýazgarmak. Kim näme diýse, öz işi...

- “Ýalanyñ soñy waý” diýlendir öz-ä! - Aktuwak aga bu sözi ýerinden turup aýtdy.

- Bizem ozal şeý diýip kän ýazdyk - diýip, şahyram ýerinden turdy. - Ýöne heniz-ä “waý” görnenok. Gaýta nirede mes ýaşaýanlar ýalan sözleýänler... Şolaryñky ýörgün...

- Bar maksat meslik däldir-ä, şükür-kanagatdan, pukara günemadan beýik zat barmy düşünene - diýip, Aktuwak aga gapa ýöneldi.

-Wah, şol pukara günümize goýulmansoñ edýäs-dä bizem şu zatlary - diýip, şahyram söz alyp galmady.

- “Haramzadalyga haramzadalyk” diýsene onda? - diýip, üçünji bolup dikelen Atamyrat işan donunyñ syýyny düzedişdirdi. - Bolýa-da, “Geçinem öz aýagyndan asarlar, goýnam”. Ýöne geljek nesillerem-ä bardyr. Olaram-a bi ýazylýan zatlary okar soñ...

Şahyr gaharyny basyp, kynlyk bilen gürledi:

- Diñe gazýete çykanyny okmaz-a geljek nesiller, ýazylýan zatlañ. Stoluñ çekerine, sandyga basylan zatlaram okar-a!..

Gürrüñ şu ýerde gutaraýmalydy. Emma Aktuwak aga şahyryñ ýüzüne çiñerilip durdy-durdy-da, ýene bir zat tapdy:

- Bi, başga milletler hak söz üçin pidakärlik edeniñ  ulugyz halyna, binika çaga dogran ejesini mukaddesleşdirýä, depesine göterýä, ogluny pygamber edinýä welin, siz ata-eneli, uly iliñ tanaýan ogullaryna hak sözi üçin haramzada diýiberýäñiz-le?!. Şony bir etmäñ bolmasa!..

Şahyr bu söze-de müýnürgäp durmady:

- Aý, onam keýpine, öz erkimize edemzok. Et diýilýä, etmeli bolýas. Ýöne belli, haramzada diýleni bilen, haramzada bolup barýan ýok. Muña ilem düşünýä, şol sögülýän bendelerem. Biz diýmäge çydaýas, olaram çydarlar-da...

- Aýdylan sözüñem-ä günäsi bardyr - diýip, Atamyrat işanam soñky sözüni aýtdy.

- Onam bilýäs, molla aga. Bize-de ene-atamyz terbiýe-tälim berdi. Beýle tüntaw däl. Ondan ötri, bir ýalan söz aýtmaly bolanda, “Günäsi biziñki däl, bizi şu güne salanlañky” diýýäs...

Şu-da bu uly gürrüñiñ soñy boldy. Şahyryñ gara döw ýaly kareteçi oglam çykyp, ýaşulular bilen edepli sagbollaşdy. Şol ikaralykda-da pyşyrdap, şahyr Aktuwak aga ýene bir zatlar diýdi.

Çatrykdan öwrülenlerinden soñ, Atamyrat işan şahyryñ näme pyşyrdany bilen gyzyklandy.

- Konfidensial gürrüñdir, hiç kim bilmesin diýýä-laý, bedibagt... - diýip, Aktuwak aga paýyş sögündi.

- Häýt-häýt! - diýip, Atamyrat işan ony haýalçyratdy. - Bolmanda-da amanat gürrüñi ile ýaýyp ýörüp bolasy ýog-a...

Indiki çatrykda olara milli howpsuzlyk komitetiniñ gyzyl “Jipi” garaşyp durdy..

                                                                                                                                                                                             31.10.1999

 

BAŞIZM ZAMANY

 

Labyrdan çykmagym gümana,

Umman derýa, amman-amman...

Aýdymdan.

 

Türkmençilik, gapydan gelene “git” diýip bolanok. Ýakyn garyndaşyñ ýa tanşyñ bilen tirkeşip gelseler-ä hasam. Ýöne şo gezek aýda-ýylda gara salýan agam bilen tirkeşip gelen suratça gaty “git” diýesim geldi. Emma çydadym. Sebäbi bu ýerde öz günämem bardy. Agam ilki jañ edip, goñşy mikroraýonda klasdaşynyñkyda oturandyklaryny aýdypdy we meniñem şol ýere gelmegimi sorapdy. Ýanynyñ ýoldaşlydygyny, şonuñ menlik gürrüñiniñ bardygyny syzdyrypdy. Klasdaşy uzak ýyllar söwdada işlän hem soñky az wagtlyk ýazylganlykda merkezden birbada üç jaý satyn alan täze baýlardan bolansoñ, onuñka barasym gelmän, agama özüñiz geläýiñ diýipdim. Emma olar gapydan girenlerinden ýalñyşanymy bildim. Agamyñ ýoldaşynyñ agzyndan haplap uran arak ysy añrymy bärik getirdi. Ýöne soñky gürrüñler arak ysyndan has aýylganç bolup çykdy.

- Etrabymyzda Öwez diýip biri ilki aýaly bilen ejesini, soñam özüni heläkledi... Ölmänkä ýetişip, “Nämüçip beýtdiñ?” diýip sorapdyrlar. “Köçede el serip ýaşanlaryndan, ýaşamasynlar” diýdim” diýipdir... Şuny bir gowy edip ýazsana!..

- Ynanyljak gürrüñ däl-laý munyñ! - diýip, men onuñ ýüzüne dikanladym.  Ol dyzyna urdy:

- “Surata düşürip ber” diýip, milisiýa bölümine çagyrdylar, şol ýerde eşitdim. Öý durşuna läş bolup ýatyrmyş...

- Düşürdiñmi onsoñ surata?

- Wah, etmedim-dä! Ýüregim bolanok oñ ýaly zada. Eşidenimden ysgynym gaçyp, lampa oturaýypdyryn...

- Milisiýañ öz suratçysy ýokmudy?

- Şo wagt ýok ekeni. Bir ýere gidipdirmi, nämemi.

- Başga näme eşitdiñ onsoñ?

- Milisiýadamy? “Aý, neşeden azarlap eden işidir-dä” diýip gürrüñ etdiler. Soñky ýyllarda hiç ýerde işlemänmiş...

- Soñky ýyllarda işleýän barmy bolmanda - diýip, dymyp oturan agamam gürrüñe goşuldy. - Ýöne sen suratyny almaly ekeniñ. Dokument bordy.

- Aý, surata alañda-da, getirip görkezip bilesiñ ýok-la. Soñ bir ýerde çyksa, gelip öz ýakañdan tutarlar-da... - Suratçy ýene arak ysyny kükedip pallady.

Bu gürrüñ meñ öñem püre-pürlenip duran sabyr käsämi mazaly dolduryp-dökdi:

- Janynyñ toşapdygyn-aý bi milletiñ! Hemmesi özüni gaýgy etjek, çeke durjak, çöp gymyldatjak däl. Senem bir çetinden gyrlyp ýatyr diýip ýazmalymyşyñ. Düýnem biri gelip: “Türmede garyndaşymy urup öldürdiler, onuñ kamerasynda bir gijede sekiz tussag özüni asypdyr, şony hiç kime aýtmasyn diýip edipdirler” diýýä. “Adyny-familiýasyny, adresini aýt” diýseñem, “Meni bulaşdyrarsyñ” diýip gaçyp gidýä... “Tohumlyk galarsyñyz-ow siz!” diý-dä...

Agam käsesindäki çaýyny owurtlap, ýoldaşyna ümledi:

- Çaýyñ sowady-ow! Şo käse çaýy iç, ýöräli onsoñ...

- Bu wagtdan soñ nirä ýörejek? Ýatyp gidiberiñ - diýip, üç ýyl bäri işsiz kösenip ýören agamyñ iç işikde çykaran ýyrtyjak köwşi göz öñüme gelip dillendim. - Hem bir oturyp derdinişeris. Görşübem bolanok hemişe. Çagalary alyp geläýmel-ä!..

- Aý, geleýin diýip, gelip bolýan zamana boldumy! Şul duşdy-da, seni göreli diýensoñ hem elin maşyn bolansoñ gaýdaýdym bi saparam... Sen bu wakany ýazyp, bir zadyñ üstünden baraýma. Dokument goýmaz bular. Tassyklajagam tapylmaz. Eger gözüniñ alnynda birini kerçäp dursañam gaçar bi millet. “Görmedim” diýer. Ýöne muñ diýýänini uly il içini çekip gürrüñ etdi.

- Bolmajak zat ýok bumat, çyndyr, oña şübhelenemok - diýip, agamyñ içgili ýoldaşy bilen ýola ugrajak bolmagyny halaman dillendim. - Ýöne siziñ bu ýagdaýda ýörejek bolmañyz birhili...

Agam ýylgyryp elini egnime goýdy-da:

- Meñ agzymyñ arassadygyny bilýäñ-ä, maşyny özüm sürýän - diýdi. Ömür özdiýenliliginden kösenip ýören agamy ýoldan alyp galyp bilmejegime düşündim hem onuñ çagalaryna bir zatjyk iberjek bolup hysyrdanyp başlan aýalyma ümledim.

Gijeki myhmanlar gitdi. Meniñ welin ne ýatyp mazam boldy, ne-de ýazyp. Durşuna läş bolup ýatan öý göz öñüme geldi durdy. Arasynda “Köçede el serip ýaşanlaryndan, ýaşamasynlar” diýip pyşyrdaýan betbagt türkmeniñ sesem eşidilýän ýaly boldy. “Bi ne bedähet zamana bold-aýt? Bi millet şeýdip gyrylžak ýatžakmyka indi? Heý bir ýaşajak boljagy, pikir etjegi, iş bitirjegi tapylmazmy? - diýip, uzak gijäni düşegimde togalanyp hem dik oturyp geçirdim. - Ýa hemmesi ikiçäklikde zeýrenen bolup, işe gezek gelende busup geçäýjekmikä?”

 Dañyñ ujy çala çyzylandan krossowkamy geýip, daşaryk çykdym. Garasuw bolýançam leñkildedim. Daçada ertirden agşama ýer depýän garry ýazyjynyñ “Bu döwürden diñe ölmän geçjek bolmaly, pikire basdyrmaly däl, fiziki iş bilen meşgul bolmaly” diýen sözlerini ýatlap ylgadym. Ýöne agşam ýatmamsoñmy ýa siñirlerimiñ kiriş ýalylygyndan, oturyp-turup maşk etjek bolsam, aýaklarym saññyldady durdy.  Tasdanam jalkyldap arkan gaýdypdym. Gözümiñ öñi ümezläp, başym aýlanyp başlansoñ dyz epdim hem wagty bilen ýerimden galyp bilmän oturdym.

Bu ýagdaý bir hepde-on güne çekdi. Her gün irden ylgamaga çykýan, halys bolubam öýe atýan. Pikir etmejek boldugymça beter bolýar, asyl şol bir pikirlerden başym garjaşdy gitdi. “Nähili millet bi, öz-ä gymyldy etjek däl, senem munuñ derdine ýanmalymyşyñ, ýazmalymyşyñ. Siz näme meñ üçin ýaşaýañyzmy? - diýip, içimden hüñürdeýän. - Ýeri, men ýazdymam-da, heý, üýtgejek zat barmy? Okajagam-a ýok içiñizde” diýýän...

 Gijeki myhmanlarymyñ gürrüñinden doly aýñalyp bilmän ýörkäm, “Biriniñ iki sany çagasyny gapysyndaky guýa taşlap gidipdirler” diýen habar ýaýrady. Görgüli ene irden turup: “Waý, çagalarym ýog-eý” diýip bagyrýamyş. Goñşy-golam zähresi ýarylan ýaly üýşüp gelenmiş. Ahyram çagalar gapydaky guýudan çykanmyş...

Bu habar meni edil aýagymdan alnan ýaly etdi. Agam bilen gelen suratçynyñ “eşidenimden ysgynym gaçyp, lampa oturypdyryn” diýeni boldy. Asyl wagty bilen galyp bilmesem näme. Ýöne indi öýde oturyp mazam bolmajagyna, bu wakanyñ anygyna ýetmesem ynjalmajagyma, ýazmanam bilmejegime gözüm ýetikdi. Onsoñ wakanyñ bolan ýerine, şäher alkymyndaky obada ýaşaýan tanşymyñ ýanyna gidip görmek kararyna geldim.

Tanşym melleginiñ ýokary başynda bir zatlara güýmenip duran ekeni. Ol meniñ maşynymy göreninden çaga ýaly begendi. “Şeýd-ä how, aýlan-a käte!” diýip, mellegiñ aýagujynda duran ýerinden gyzjagazyna  gygyrdy. Dogrusy, men onuñ “çaý goýuñuna” beletdim. Aýaly görgüliniñ çaý diýlenden hökman naharyñ ugruna çykžagyny bilýärdim. Şonuñ üçinem ony bada-bat haýalçyratdym:

- Çaý içjek däl-ow, sen çagalaryña “otboý” ber, ýogsa-da häzir yzyma dolanýan. Ýör gowusy, şu töwerege aýlañ-çaýlañ edeli - diýip, özüni maşyna mündürdim. Ol meniñ aladaly ýüzümden bir zatlar añan ýaly dymdy hem biraz ýörämizsoñ: “Eýgilikmi?” diýip sorady. Men oña eşiden gürrüñimi aýtdym.

- Hawa, şoññaly bir iş-ä bolupdyr, - tanşym ýüzüni sallap çilim otlandy. - Şo gün irdenem onuñ habary “Iñ ula” ýetipdir. Ol milisiýañ irki swodkasyny okap, “Ýer ýykyñ welin, tapyñ kim eden bolsa” diýipdir. Şu wagt ýer ýykyp gözleýämişler. Goñşy-golamlaryna çenli soraga çagyrypdyrlar...

- Kakalary ýokmuşmy o neressejikleñ?

- Bar-la. Şojagaz çagalaryny eklejek bolup, ýola gidipdir. Gazaklar tarapa... Ýük äkidipdir...

- Beýle zalymlyk näme üçin edildikä? Ant içen ýaly, radio-telewideniýe-de hiç zat aýdanok...

- Baý, senem... Bir awtobus adam Amyderýa gark bolanda aýdýamy olar. Radio-telewideniýe däl biziñki, hanyñ hakyna tutan jarçysy. Şol näme diýip gygyr diýse gygyrýa, näçe gaýtala diýse-de gaýtalaýa...

- Aý, hawa-da. Henizem şol orta asyrlar biziñki. “Myş-myş” bilen ýaşaşyp otyrys...

- Hawa, “myş-myş-a” kän. Käbirleri dollar üçindir diýýä. Arada ullakan algy-bergi bolmagy mümkinmiş.  Bumat adamlar pul üçin näme eder diýseñ ynanaýmaly. Ýöne şol aýalyñ özem düzüw gezenok diýjek bolýalar. Hol señ bäriñde ýaşaýan sary altynjyly alny sakar sülçi derñeýämiş...

Mañlaýyndaky bir çogdam ak saçy üçin “Alnysakar” at galan sülçi uniwersiteti biz bilen deñeçerräk gutarypdy. Men ony oguljygyny boýnuna mündürip çagalar bagyna barýarka ýa-da maşynly öýüne getirýärkä kän görýärdim. Sowugrak salam-salamymyzam bardy. Ýöne men şo mahal bu sülçi bilen “hä” diýmän ýoldaş boljagymy hem ondan ömür akylyma getirip bilmejek zatlarymy eşitjegimi bilemokdym. Garaz-haý, “Agtaran tapar” diýleni boldy. Men oña şol elhenç wakanyñ boldy diýlen gününden ylaýyk bir hepde soñ pete-pet geldim. Alnysakar sülçi hemişekileri ýaly şadyýandy, agzy salamly, dili dogaly diýilýänlerdendi. Men muña az begenmedim. Sebäbi bu ýagdaý maña onuñ bilen açyk gürleşmäge, islän zadymy soramaga şert döredýärdi. Şonuñ üçinem men kän sypaýyçylyk edip durmazdan gürrüñe başladym. Ol mekirleç ýylgyrdy-da, şeý diýdi:

- Bu hemişeki ýüzi agyr ýazyjy meñ bilen näme beýle gadyrly salamlaşdam diýdim-le. Men häzir Babadaýhana barýan, ýola ýoldaş bol, baryny gür bereýin.

Men diñe:

- Öýe duýduraly - diýdim. Birsalymdan biz Alnysakar sülçiniñ  sary altynjysynda Tejen ýolundan gaýyp barýardyk. Alnysakar sülçülik tejribesinden gür berýärdi, indi özüne-de rahadrak wezipe eýelemäge çen boluberendigini, etraplaryñ birinde sudýalygy ýa prokurorlygy satyn almaga pul jemläbilse, gaty aýlyga dañlyp ýörmekden dynjakdygyny, onsoñ o taýda-da birneme pul jemläp, merkezde ulurak wezipe edinmekçidigini düşündirýärdi. Ýöne meni bu gürrüñler gyzyklandyrmaýardy. Bahymrak guýuly gürrüñe başlanmagyny isleýärdim. Ahyry ol meniñ agyr-agyr dymmagymyñ sebäbine dogry düşündi. “Hä, seni o waka gyzyklandyrýandyr-ow” diýdi.

- Hawa, men şo waka akyl ýetirip bilemok - diýip, öz ýagdaýymy boýun aldym.

- Akyl ýetirmez ýaly zat ýok o taýda, - Alnysakar maşynyñ çala aşak düşürilen aýnasynyñ ýokarsyndan jytyladyp tüýkürdi. - Men ol aýaly görenimdenem çen etdim, şol çenimem dogry çykdy. Onda-da ilki goñşulary bilen gürleşdim. Olaryñ biri onuñ irden walalaýlap ugranda “Guýyny barlap görüñ, guýyny” diýenini dilinden sypdyraýdy. Şondanam göwnüme güman gitdi...

Sülçi ýene bir topar gerekmejek gürrüñleriñ başyny agyrtdy. Dogrusy, maña ony esasy gürrüñiñ üstünden eltmek iş boldy. Ýol welin eýýäm ýarpydan agypdy. Ynha, haý diýmän Tejen görünjekdi. Meniñ başda uzak ýol-la, hemme zady anyklap ýetişerin-le diýen çakymyñ çykaryndan çykmazy ýakynlap barýardy. Onsoñ men halys gönülemeli boldum. Sebäbi onuñ myhman ýerimizde-de, gaýdyşynam agzyna añkaryp oturyp biljek däldim, eger oturaýyn diýemde-de, muña sabrymyñ ýetmejegini bilýärdim.

- Ynha, sen ýazyjy! - diýip, sülçi ýene gep owadanlamaga başlady. - Aýt hany göreýin, daş görnüşinden çaga dograndyr öýtdürmeýän, ýuka dodak, gözleri bagçebşiñki ýaly, endamy ter, alkymy ak, göwüsleri ýañy ýetişen gyzyñky ýaly taýzaryp duran otuz bir-otuz iki ýaşlaryndaky mes gelin ärini ýola ugradyp, iki-üç hepdeläp ýeke ýatyp bilermi?

- Adamsyna bagly o zatlar, ýöne bumat o diýýän mesligiñ galdymyka? - diýip, men onuñ aýtjak bolýan zadynyñ soñuny eşitmäge howlukdym.

- Gepem şol adam barada barýar-da. Ol aýal ozalam bir sklad iýen mesiñ çagasy, indem zatdan kösenýäne meñzänok. Bedibargt äri hars urup gazanýa. Başyny etegine salyp, uzak ýola ýük äkidýä. Goñşularynyñ bir-ä oña “Ýola aýalyndan gaçyp gndýä-de” diýdi...

- Ýeri onsoñ, Mustapañy aýtsana bahymrak!

- Mustapa şol, hemmesini eden şo mes heleý.

- O nähili? Öz çagalaryny öldüripmi? - diýip, men hopugyp soradym. - Näme üçin ahyryn?

- Menem ilki şu soraga jogap gözledim. Guýa taşlanan çagalar ilki boglupdyr. Olañ ejeleriniñ elinde, ýüzünde bolsa dyrnak yzy bar. Ol “Irden çagalam guýudan çykarylanda, el-ýüzümi ýyrtyp aglapdyryn” diýýä. Bu bolup biljek zat. Men onsoñ “Bu işi kim edip biler öýdýäñiz, duşmanyñyz barmy? - diýdim. - Ozal çagalaryñyza, maşgalañyza haýbat atan dagy ýokmy, pul, algy-bergi gürrüñiñiz barmy?” diýip soradym. Ol ilki bu soraglara gümmi-sümmi jogap berjek boldy, birdenem “Adamym ýola ugran gününiñ ertesi irden bir nätanyş adam “Dollar bergiñiz bar” diýip geldi. Menem oña ärim gelmän hiç kime dollar bermejegimi aýtdym. Ol “Görüberýäs oñ ýaly bolsa” diýip gitdi” diýdi. Şu hili haýbatdan soñ nädip ýeke ýatyp bilýänlerini soradym, dollar üçin kanala atylýan bar, maşynynda ýakylýan bar, öýi otlanýan bar, siz näme beýle arkaýyn diýdim. “Dogan-garyndaşlaryñyza hiç zat aýtmadyñyzmy?” diýdim. Ol muny hiç kime duýdurmandygyny, ýöne ätiýaç üçin agşamlaryna ýüwürjisini çagyrandygyny aýtdy. Onsoñ ýüwürji diýilýäniñ yzyndan çakylykçy iberdim. Özünem gelen badyna kabul etmedim, karidorda esli garaşdyrdym hem eýlesinden-beýlesinden geçip mazaly synladym. Ol müýnlüdi. Gara dere basdyryp, galpyldap otyrdy. Men ony ilki hiç zat diýmän, üç-dört gün ýeke adamlyk kamera taşlap, aç-suwsuz gynaýynam diýdim. Ýöne ýene ministriñ gyssap durany ýadyma düşäýdi. Onsoñ bada-bat hüjüme geçdim. Hemme zady bolşy ýaly aýtsa, az-maz kömek etjegimi, ýogsa-da bar günäniñ üstüne syrykjagyny, atuw ýa-da ýigrimi ýyl aljagyny aýtdym. Ýalñyş görkezme berse, öz aýagyndan palta salýandygyny düşündirdim. Ol ilki berk durjak ýalam etdi. Ýöne gelnejesiniñ agşamlaryna ýoldaş bolup ýatmak üçin ýüwürjisini çagyrandygy  hem “beýleki käbir zatlar” barada aýdandygyny duýduranymdan soñ gowşap ugrady. Onsoñ gapyny içinden gulpladym-da, “Hany eşikleriñi çykar” diýdim. Ol ilki buýtar-suýtar etjek boldy. Özi çykarmasa, zor bilen çykartjagymy aýtdym. Görsem, döşünde hem çiginlerinde köneräk hem täzeräk, asyl täp-täzeje gögeren ýerler, diş yzyna çalymdaş bir zatlar  bar. Boýnunyñ ýüzünde gögümtil tegmiller görünýär. Bilinde, ýagyrnysynda dyrnak yzyna meñzeş yzlar bar. Men ol ýerlere barmagymy uzadyp: “Näme, pýan bolup, it bilen uruşdyñmy? - diýip soradym. Ol sesini çykarmady. - Ýa diş-dyrnak yzymy? Aýbygadym biriniñ eline düşen ýaly-la sen?..”

Sülçi ýene aýnanyñ ýokarsyndan jytyladyp tüýkürdi. Gürrüñi gyzykdyrjak bolupmy ýa endigi boýunça, uzaklara seredip dymdy.

- O näme diýdi onsoñ? - diýip, dymyşlygy ahyry özüm bozdum. Sülçi parhsyz gülümsiredi:

- Näme diýer? Diýere zady ýok oñ... Onsoñ ýene üstüne süründim. “Dawagäriñ aýal bolmasyn, gardaş, onda-da oñ ýaly aýbygadymy. Çamalagyñy çaşyryp bir eliñe berer welin, “Beh, bi dogrudanam meñ çamalagymmyka?” diýer oturarsyñ. Señkem şeýle bolaýdy öýdýän indi...” diýdim. Ýigrimi üç-ýigrimi dört ýaşlaryndaky ýetişen ýigidem bolsa, köpi görmedik, ýuwaş-ýuwaşdan ýüzi ak tam boldy. Onsoñ indi wagty geläýdi gerek diýen çen bilen: “Ýöne gelnejeñ bar günäni señ üstüñe atýa-da... Bizem näme, aýalyñ sözüne ynanmaly-da” diýdim. Ol gözlerini tegeläp, demi içine dolup, esli wagt gepläp bilmän oturdy. Men başymy ýaýkadym: “Daş sypatyñdan gelnejesini zorlajak oglan diýer ýaly däl” diýdim. Şampan çakyryndan boşan çüýşäni görkezip, hemme zady bolşy ýaly gürrüñ bermese, häzir üç sany degenek pyýadanyñ gelip, şonuñ üstünde ýalañaçlygyna oturtjakdyklaryny, türmede bolsa aýal zorlap düşeni umumy heleý edip ulanýandyklaryny aýtdym...

- Munyñ şantaž bolýar-a!

- Bar işimiz şantaz-da biziñ. Şantažsyzam bir jenaýat agtaryş bormy?

- Onda etmedik işinem boýun aldyrsa bor-la! Stalin döwründäki ýaly, her gün agşamara eşekli gidip, Angliýa bilen Ýaponiýañ haýryna içalyçylyk etdimem diýdirip bolar.

- Elbetde, oñ ýaly ýagdaýam kän. Ýöne ol oglan etmedik işini däl, eden işini boýun aldy. Her gezek agasy ýola gidende gelnejesine ýoldaş bolýanyny, bir gezegem onuñ özüniñ gelip ýorganyna girenini hem “el urdy” diýip gygyraryn” diýip gorkuzanyny gürrüñ berdi. Döşündäki hem çiginlerindäkileriñ diş, arkasyndakylaryñ dyrnak yzlarydygyny tassyklady. Bu o heleýiñ erkek bilen ýanaşanda özüni bilmän edýän işleri ekeni...

- Çagalary guýa atmak kime gerek bolupdyr onsoñ?

- Elbetde, ejelerine. Şo gije onlarda çyra öçüpdir. Olam çagalaryny irräk ýatyryp, uklandyrlar-da diýip, ýüwürjisi bilen işe başlapdyr. Hatda çagalar bilen aralykdaky gapynam ýapmandyr. Gije ýarym töwereginde-de içerdäki öçürilmän goýlan çyralar ýanypdyr we uluja oglunyñ “Hih... Waý, kakam bir gelsin” diýen jynssyz sesi eşidilipdir. Gelneje söen ýigit hasyr-husur aýaguçda düýrülen ýorgana topulypdyr. Gelnejesi bolsa ogurlygyñ üstüne gelen ogluna. Emma oglanjyk çykyp gaçypdyr. Haladyny geýmäge güýmenen heleý onuñ yzyndan guýynyñ ýanynda ýetipdir. Ýöne çaga şonda-da “Kakama aýdaryn, aýdaryn” diýip gygyrýamyş. Ejesi onuñ sesini kesdirjek bolup agzyna ýapyşypdyr hem bogupdyr. Soñam agzy açyk guýa oklapdyr. Soñ bu ýagdaý galmagala doganjygynyñ yzyndan ylgap çykan hem bolan işi gözleri bilen gören beýleki çaga bilenem gaýtalanypdyr... Ýüwürji batyr bolsa yzyny garaman gaçypdyr...

Men başymy tutup dymdym.

- Onsoñ maña hemme zady bolşy ýaly dokumentleşdiräýmek galdy. O heleýi ýygnatdym. Ýokarka habar etdiler. “Ýok ediñ-de atyñ” diýipdir. Ýöne şondan iki gün geçip-geçmänkä menden “işi” aldylar hem bu barada hiç ýerde gürrüñ etmezligi tabşyrdylar. Baý ýeriñ adamsy tutulanda adaty bolýan zat, eýýäm ýaglamaly ýeri ýaglap ýetişen borlular diýdim. Ikarada aç it ýaly kañkanam, ymsynyp galanam biz bolduk... Hi-hi-hi... - Alnysakar sülçi içi ýananyñ gülküsini edip çylkasyz güldi.  Sary altynjy bolsa köçeleri çukanak-da-sukanak obanyñ çetinden girdi.

   - Başlygyñ öýi şü - diýip, ýoldaşym durşuna mal ýatagy bolup ýatan howla sowuldy. - Birki sany goýnuny alyp gideli, ýogsa mal yzynda sermenip  öljek... Biri azalsa-da işi ýeñlär...

Başlyk öýünde ýok ekeni. Kirlije hem döşüniñ üstünde we eteginde iki ýeri dagy ýyrtyk köýnekli gyzjagaz bize çaý getirdi. Alnysakar meniñ köýnegiñ ýyrtygynda göz eglänimi gördi we ajy ýylgyrdy.

- “Ýetişip barýan çaga, öýde-de bolsa abatja eşik geýäýmeli ekeni” diýensiñ.

- Hawa. Juda bolmanda iññe-sapak alyp ýörmäýse-de boljak ekeni.

- Bi çagalañ iññe-sapaga eli ýetenok, gardaş. Dañ çyzylandan meýdanda bular. Başlyk diýer ýaly däl bi, çagalaryny bek işledýä. Öz gektary bar. Dogry, näçedigini bilemok. Ýöne gowaçasynyñ içinde ýeke çöp görmersiñ diýip gürrüñ edýäler. Şu çagalar edýä, biziñ başlyklarymyz ýaly tussag ýa soldat işledenok bi. Işden gelensoñlaram-a özüñ gördüñ, işikde iki öküz, on-onki goýun baka dur, iki-üç ýüze golaý towuk... Ýene şu çagalar seretmeli...

 Ahyry başlyk geldi. Ol o diýen gürrüñçi adam däl ekeni. Ýöne myhmany içirmäni hem bahymrak yzyna ugratmany başarýan ekeni. Gazet habarçysy bolup kän komandirowka gidemsoñ, bu professional endige öñdenem beletdim. Ýöne onuñ özüniñ içişmän içirip bilşini, geplemän gepledip bilşini ýeser gördüm. Ýeke özi gürläp, ýeke özi içen Alnysakar bahym “ýola taýyn” boldy. Uly ýoluñ başynda, gapdalymda hyllygyny akdyryp oturan Şerlok Holmsa seredip, “düýş ýaly-aýt” diýdim. Ýöne indi rulda özüm otyrdym, bu meniñ üçin gelşinden kän ýeñildi.

 - Ýene salan goýnuny görkezmedi... - diýip, nätekizräk ýerdäki sarsgyna oýanan  sülçi hümürdedi. - Öñki gezeg-ä nirede bir arrygyny tapyp atypdyr yzyma...

- Beh, sen o diýen serhoşam däl ýaly-low - diýip, eşiden zatlarymdan agdar-düñderem bolsam, men onuñ içgiden tersine öwrülen ýüzüne seredip ýylgyrdym.

- Hawa, däl, ýöne maña bumat serhoş görünmek sag bolup görnenden has amatly... Hi-hi... - Ol ýene irkildi. Ýöne ýene birsalymdan sarsgyna oýandy-da, başlygyñ ýolda garbanarsyñyz diýip salan düwünçegini sermäp başlady. Agzy dykylgy arak çüýşäni çykarybam çylkasyz güldi: - Seret, şuñam ýartysyny salypdyr, hi-hi... - Ol aragy çüýşäniñ bokurdagyndan owurtlap içip başlady. Ýöne meniñ içip ýatar diýen çenim çykmady. Ol içdigiçe ukudan açyldy. Gelşindäkidenem dilewar boldy. Birdenem dikelip oturdy-da:

- Sen näme menden “O zatlary nädip bildiñem” diýip soramadyñ, hi-hi... - edip, çylkasyz güldi. - Ministrem haýran galdy, hi-hi... “Beýle çalt nädip gürletdiñ ol oglany?” diýdi. Ýöne oña aýdyp bilmedim. Saña welin aýdyp biljek, hi-hi... Ýaz özüñem şu zatlary, ýöne adymy üýtget, hi-hi... Soñ sudýa bolsamam ýazmaga material bererin. Meñ ýazyjym bol asyl sen. Bile işleşeli. Ganoraryñ ýarsy meñki bolmaly, hi-hi...

- Şantaž edip bilipsiñ, ony eýýäm aýtdyñ-a maña...

- Ýok, şantažy hemme sülçi edýä, ýöne beýle çalt jenaýat açany bar diýip eşitdiñmi? Eşiden dälsiñ, hi-hi...

- Bi siziñ işiñiz, bäş ýyllap şol ugurdan okadyñyz...

 - Ýok, okuwy sokma bikara! Okuw okaldymy näme? Kakam pahyryñ arkasyndan, kitap gatyny açman gutardym-a uniwersiteti!

- Onda perişdeler gelip, gulagyña çawuş çakandyr-da...

- Ha-ha... Olam däl! Tejribeden bildim. Öz tejribämden... Hi-hi...

- O nähili tejribe? Ýa öñem şuññaly wakalar bolýadymy?

- Hi-hi... Gepem şonda-da! - Ol barmagyny çommaldyp, hil bir zat aýtjak ýaly, ýüzüme jüýjerilip seretdi. Soñra gapdalyndan eliniñ tersi bilen alan  çilimini otlap,  uzaklary nazarlan bolup dymdy. Men özümi dedektiw filmlerdäki köpi gören jenaýat agtaryjy bilen oturan däldirin öýtmedim. Maşynyñ salony çilim tüssesinden doldy gitdi. Aýnalary açyşdyrdym hem onuñ sorag berdiresiniñ gelýänini añyp:

- Ýene bir täsin zad-a aýtjak bolýañ sen? - diýdim. Ol çylkasyz güldi:

- Bildiñ... Tejribe diýýänimi aýtjak bolýan. Oñatja diñle şuny! Beýle gürrüñleri eşidip duranam dälsiñ... Aýdybam ýörmez il meñ ýaly... Hi-hi... Akdagda aýaldan oñmadyk bir agam ýaşaýa. Şoñ ikinji toýundan başlandy bi zatlar. Gelinlik diýilýän añyrsy görnüp duran ak köýnek geýip, bar-ýoguny güjeñläp otyr welin, içimden “Aý, meñ agama eýgertmäýmese bi” diýip pikir edýän. Gözleri dagy ýanyp dur. Göni seretse, ýüzüñi aşak sallaýmasañ, nazaryny sowanok. Toýdan soñ ýarym ýyl geçirip bardym onsoñ. Agam pahyr, näme diýse tigirlenip, şoñ diýeni bilen ylgap ýör. Öñ ýaltady, ýatakdy, nebsini bilmezdi, indi gije ýatman hars urýa... Hi-hi... Gelniñ welin, gözi ýanyp dur. Ýöne menem onuñ derrew añyrsyna-bärsine göz ýetirdim. Özümi tanatman, klasdaş oglanlary bilen oturyşdym. Asyl ol öñem biri bilen nikalaşman ýaşan ekeni. Hi-hi... - Ol ýene çylkasyz güldi. Men özümiñ daşyndan göräýmäge hiç kimden tapawutlanmaýan, içini çöwürse ysyndan durup bolmajak adama duşanyma ökünip ugradym. Emma indi gidere ýerim ýokdy.

- Gelin welin, gelin jan-da! - diýip, ol başlan gürrüñini dowam etdi. - Gözüñi aýrasyñ gelenok... Hi-hi... Ýogsa agamyñ maşgalasy, bet niýet bilen bakmak günä... Bir diýenim, gaýtjak bolamda, “Gelip duruñuna” jogap hökmünde “Sizem geliñ” boldy. Bir hepde-on gün geçendir-dä şondan soñ, boýdaşy bilen gapymda ýylgyryp dur. Myhman aldyk onsoñ bulary. Çagalar bilen şäheriñ daşyna, oña-muña aýladym... Hi-hi... O zatlar bilen däl ol. “Gaýtjak, ugrat” diýdi. Eltip otla mündürdim. Sagbollaşyp durkak, gözüni güldürip: “Özüñem bir gije myhman alaýmalydyñ-da” diýýä. Ugran otludan elinden çekip düşürdim. Jorasy gitdi... Hi-hi...

Men ellerimiñ titreýänini hem ruly barha gaty gysyp başlanymy duýup, maşynyñ gazyny gowşatdym. Aýna seredip, gan-guýma bolan gözlerimden özüm gorkdum. Tanyş wraçyñ “Dynç al, özüñe seret, nerwiñ harap bolansoñ giç bor, ýykylmakañ dikeljek bol” diýen maslahatyny ýatladym hem ýoldaşymyñ gürrüñlerine kän bir üns bermezligi ýüregime düwdüm. Ýalandan ýylgyran boldum.

 Alnysakar bu ýylgyryşa monça boldy hem “yzyny diñle” diýen manyda pezzerdi:

- Gyssagarada ýerem tapylmaz ekeni. Hi-hi... Ahyry ýoldan gök dükanynyñ gapysyny gulplap duran tanşymy göräýdim. Göni sürdüm ýanna. Açaryny taşlap gitdi. Baý-bow, sen bir ony gören bolsadyñ! Daşyndan synlap, gördüm diýmeli däl ekeni... “Bagty gelen agam” diýip, o bagtygara-da gözüm gidýär... O gijäñ tarypyny edere söz tapmak üçin şahyr bolmaly. Soganly haltalar per düşekden ýumşak oldy-heý! Gelin däl, ýalyn ekeni-heý! Ýülügimi sordy-heý!.. Ertesi agşam öe gelip seretsem, döşümde-ýagyrnymda gögermedik ýa dyrnak geçmedik ýer ýok. Nädersiñ ýöne çagasy alnan pişige duşan ýaly bolaýsam... Hi-hi... Şodur-da-şo, sypynsam Akdaga eñäýendirin. Gyzyl satýan baý ejesi bar ekeni. Adyñy jansyz tutanok. Hi-hi... Bir günem agam geldi, ganyny gaçyryp. “Çynmy aýdylýan zatlar? - diýip, titr-titr edýä. - “Gurhandan” ant iç” diýýä. Ant näme, oñ ýaly gelin üçin awam içersiñ, hi-hi... Ýöne soñ kowdy onsuny. Ýeke meñ bilenem däldi ol aýal... Hi-hi... Indi düşdüñmi meñ tejribeden diýýänime? Şo tejribeler bolmasa, elim bilen edip, egnim bilen çekmesem, o zatlary biljek gümanym barmy?.. Hi-hi...

Men içimden: “Bu zatlary ýazyp bolmaz, ýürek etmez - diýip oýlandym. Soñundanam: - Ýazaýsañam çap etmezler, özüñ ýigrenji borsuñ...” diýdim. Garry galamdaşymyñ köp gaýtalan nesihaty ýadyma düşdi: “Ýa-ha ile görä bol, ýagny ýalan ýaz, ýa-da taryh ýaz, juda bolmasa-da söýgi samramajyklaryny çyrşa, ýogsa bu bolşuñ bilen bir zadyñ üstünden bararsyñ...”

Uzak ýoluñ ýadawlygyndan soñky gijäni aýak üstünde gezmeläp geçirdim. Ýöne bir zat, bu gün-erte Moskwanyñ etegine, döredijilik öýüne ugrajaklygym göwne teselli berýärdi. Hemem özümi indiden eýläk çyn ýazjak bolup kösenmezlige yrmagy ymykly ýüregime düwüpdim...

Döredijilik öýi çolalyk ekeni. Iki-ýeke öýünde idegsiz garry ýazyjy bar diýmeseñ, başga adam ýok. Munuñ üstesine ýeñillikli putýowka-da berdiler, eger islesem ikinji möhletem galyp biljegimi aýtdylar. Ýüregimi barlatdym. Derman-däri, bejergi aldym. Aşak-ýokaryk böküp duran gan basyşym kadalaşyp başlady. Irden tokaý ýodajygynda ylgap, maşk edip, günortana çenlem kitaphanada oturyp, okasym gelýän zatlary okap, mazaly özüme geldim. Elektrik otlusynda ýa-da metro wagonlarynda gedaýçylyk edýän çagalary hem maýyplary görüp keýpimi gaçyrmaýyn, dilegçi milisiýa gaharymy getirtmäýin diýip, şähere-de çykmadym.  Şonuñ bilen birlikde-de öz daşyma ullakan gala galdyrdym: “Ýurdam diñe maña gerek däl, ýurdamanam! Diñe özüme bagly däl zatlara janymy ýakyp ýörmämi goýaýyn, oglan-oglanjyk däl indi. Milletem öz gamyny iýer gerek bolsa, beýlekem” diýdim. Ýazdym özümem. Janymy agyrtman, ýeñiljek ýa-da uzak taryhy geçmişde bolup geçen gahrymançylyklar, umumy durmuş ýörelgeleri, türkmençilik we beýlekiler hakynda ýazdym. Süýjüden-süýji söýgi pursatlaryny çöşledim...

Gowy günler tiz geçýär. Bir görsem, gelenime kyrk bäş gün bolupdyr. Goşlarymy düwdüm. Başymy belent tutdum hem ýene üçje gün ýatyp yzyma uçdum. Bu golaýda bolmadyk zat - ýanymam sowgat-salamly. “Günüñ özüñden geçýär, il bilen nä işiñ señ?” diýip, ýolboýam özümi berçinläp geldim. Hudaýa şükür, gelsem çagalar gurgun, ýurt asuda... Kynçylyk bar, elbetde. Ýöne kynçylyksyz ýer barmy?.. Men bu pikiri içimden birnäçe gezek heçjikledim. Birbada arkaýynlaşan ýalam boldum. Dogrusy, arkaýynlaşýan diýip, biparhsyrap, öz-özümi aldadym. Indiden eýläk men hut şu aldaw bilen ýaşamalydym. Bu meniñ uzak oýlanmalardan soñ gelen netijämdi.

  Ertesi irden turup, hemişeki marşurutym bilen gara der bolýançam ylgadym. Ylgadygymça-da şähdim açyldy. Gelip sowujak duş aldym. Çagalar bilen degşip ertirlik edindim. Içimden bolsa, berçinimi berkitmek üçin däl, çynym bilen özümi goldadym: “Dünýe gowam eken-le” diýdim. Çagalara oduk-buduk alaly diýip, aýalym bilen bazara çykdym onsoñ. Ýoluñ gyrasynda ýarty halta gaýnadylan mekgejöwen bilen bir banka duzy öñüne alyp oturan tanyş aýala gözüm düşdi.

- Sülçiñ aýaly-maý ol? - diýip pyşyrdadym.

- Hawa, şol! - Aýalym başga tarapa seredip gürledi. - Adamsy birki gezek Ukrainamy, Leningradamy äkidipdir welin, “Indi bir Ortaýer deñzinde ýüzmek arzuwym bar” diýip aldy... Hana, Ortaýer deñzine gelipdir indi. Adamsyny etraplañ birine sudýa edipdirler. Olam muny taşlap, Akdagdaky agasynyñ kowan aýalyny alyp gidipdir...

Başym aýlanyp gitdi. Ýene şol öñki gije ýatyrmadyk pikirler süri bolup geldiler. Gözümiñ öñi garañkyrap, gulagyma birhili sesler eşidilip başlady. “Köçede el serip

ýaşanlaryndan, ýaşamasynlar” diýip biri iñleýär. “Waý, kakam bir gelsin, kakama aýdaryn” diýip, ikinji biriniñ sesi gelýär. Lampa aşak oturypdyryn. Şobada-da bir gapdala gyşaryp gitdim. Aýalym ýetişip golumdan tutdy... Ýüzümiñ sowap gidenini bilýän. Şondan soñ bir agdar-düñderlik boldy. Ýöne men anyk näme bolanyny añşyryp bilmedim. Onýança-da satygçylaryñ syganyñ çadyry ýaly alabeder taşalary hem gyşyk-çaýşyk stollary daşymdan aýlanmaga başlady. Hemişe süzme alýan gökdepeli daýzamyzyñ sesi eşidildi: “Wah-eý, allanäme ýöräp gelýän adam ýykyldy ýatyberdi! Daşyndan görseñ, derdi bardyr diýer ýaly däl özem...” Soñ onuñ bärsinde oturýan nas satýan gojanyñ sesi eşidildi: “Başizm zamanydyr bi, saglyk añsat däldir...” Şu “däldirden” soñ men gözümi açdym hem öz-özümi aldap ýaşamak barada gelen berk netijämiñ beýle tiz puç bolşuna ajy ýylgyrdym. Onsoñ ýene süzme satýan daýzanyñ sesi eşidildi: “Şeýd-ä, oglum, galdyr-a çynar başyñy, dikel-ä!..”

                                                                                                                                                             25.04.1999

 

Söz soñy ýеrinе

                         “Ozaly Näzik Annatyýеwanyñ “Üç ýigit” diýеn goşgusyny doly okap çykalyñ:

 

Ýowşan Annagurbana,

Annaguly N.M-е

hеmеm D.M.Gurbana.

 

Üç ýigit -- üç ezizlеm,

Mеniñ pikirdеşlеrim,

Kir-kimirsiz asmanda

Erkin uçýan guşlarym.

Sagdyn ganatly-pеrli,

Çеşmеlеrdе joşlarym,

Ýatladýañyz bugdaýyñ

Tylla tygly başlaryn.

 

Sygynyp p­äk niýеtе

Hеm gol bеrip ynsaba,

Goşuldyñyz zеhinlеñ

Ol ýanbеrmеz ykbalna.

Kä­tе mеñziñiz gamly,

Dünýäñ dеrdi -- dеrdiñiz,

Türkmеnimiñ saçagna --

Rysgal bolup gеldiñiz.

 

Erеýä­r mеniñ ýürеgim

Sizi diñlä­n pursatym.

Ynam bilеn ak nurdan

Dolýar joşly gursagym.

Gijеlеr ak ýyldyzlam,

Ýagty günlеm Günüm siz!

Al s­hеrlеr açylan

Ýanwarly b­ägülim siz!

 

Siz şu günki uçarym --

Ertеlеriñ ynamy,

Tеbsirеý­än topragmyñ

Tüýs ýagmaly ygaly,

Pеdеrlеriñ dowamy,

Gеçmişlеri açmaly!

Şu günе hеm ert­ämе

Siz tylla nur saçmaly.

Siz guruljak binalañ

Baky synmaz syrçasy,

Daglañ gursagyn ýaryp,

ösýä­n ýaşyl arçasy.

 

Daşgyny siz dеrýalañ

Hеm joşguny akaryñ,

Sizi bu dünýä­ bеrеn

Enеlеrе apеrin!

Atalara apеrin!

 

...Şahyr gеlniñ “Sagdyn ganatly-pеrli”, “Ertеlеriñ ynamy”, “Pеdеrlеriñ dowamy” diýip waspyny ýеtirý­än üç ýigidiniñ ilkinjisi Ýowşan Annagurban hakynda kеlam agyz söz. “Kеlam agyz” diýý­änimiziñ sеbäbi, bu günki gün tutuş Türkmеnistanda hеm-dе onuñ ç­äklеrindеn daşarda hеm “mеn türkmеn” diýý­än kişilеr ony gowy tanaýarlar. Bu at h­äzir ata Watanda ulynyñ-kiçiniñ dilindе. Ol gowy ýazyjy hökmündе-dе, syýasy görеşiji hökmündе-dе özüni tanadybildi.

     Şahyr zеnanyñ öz goşgusyny bagş edеn üç ýigidiniñ biri Ýowşan Annagurban dеñ-duşlarynyñ arasynda ilkinji nobatda edеbiýat mеýdanyna gorka-gorka ­ädiml­äp ýa-da emеdеkl­äp d­äl-dе, mеrdеmsi ylgaýyş bilеn kürsä­p girеndigi bilеn tapawutlanýar. Eýsеm onuñ “Magallak ýap” atly  powеsti durmuşdaky janagyryly, ýürеkýakarly mеsеlеlеriñ, wakalaryñ edil şol duruşjygy, şol boluşjygynda kagyza gеçirilеnligi bilеn özünе çеkmеý­ärmi nä­mе? Eýsеm onuñ nеşir edilеn kitaplarynda Haýyr üçin, Söýgi üçin, Adalatly durmuş üçin dökülýä­n şol ganly gözýaşlar görnеnokmy n­ämе, olarda burugsap ýanýan ýürеklеriñ ýanyk ysy kükä­p duranokmy nä­mе?

  Şеýlе-dе ýazyjynyñ “Kömеlеkli mеýdan”, “Ynsan partiýasyna kandidat”, “Durnam, toýnuk”, “On alty ýaşly lýotçik” ýaly esеrlеri hеm okyjy halar boldy. Olarda awtoryñ özboluşly galam ýörеdişi bildirý­är. Ýöñе Ýowşany Ýowşan Annagurban edеn onuñ halkyñ agysyny aglap, ar-namysyny, ýagşy günе bolan umytlaryny bеýan edý­än, Şеriñ dä­l-dе, Haýryñ üstün çykjakdygyna bolan ynamy özünе siñdirý­än, social adalatlylyk, onuñ dabaralanmagyna pä­sgеl bеrýä­n,  özüni “gowy» diýip ykrar etdirm­ägе çalyşýan Zulumy wе onuñ ýеrasty wе ýеrüsti köklеrini edil gözеl gyza zor etjеk bolup çykarynýan haýsydyr bir tüýli Mahlugyñ ýalañaçlanyşy ýaly ýalañaçlap görkеzýä­n, milli azatlyk, erk-ygtyýarlylyk, dеmokratik añ-düşünjе baradaky esеrlеrdir. Özеm bu babatda onuñ ullakan öñdеngörüjiliginе gеñ galýarsyñ. Ynanmasañyz, ýazyjynyñ hut şu tеmadan söhbеt açýan “Çyra söndürýä­niñ agtyklary”, “Ak köýnеkli adamlar”, “Ýalñyzlygyñ ýüz on ýyly”, “Tawus guş uçup gitdi”, “Gögеrçingala” atly esеrlеrini hеm-dе nеşеkеşligiñ türkmеniñ egninе düşеn, köñlünе çökеn agyr labyrdygyny öñdеlik hеm-dе ökdеlik bilеn açyp görkеzý­än “Gеplеsеm ýalñyş bolar öýdýä­n” diýеn hеkaýasyny okap görä­ýiñ! Misli 80-nji ýyllaryñ ahyrynda, 90-njy ýyllaryñ başynda hä­li SSSR-iñ sostawyndaky Türkmеnistanyñ, türkmеn halkynyñ gеljеkdе başyndan injеk zulum-sütеmi hut ýürеgi syzan, añy añan ýaly, Ý. Annagurbanyñ hut şеýlе esеrlеri dörеdişini diýsеnе! Şеýlе-dе, bu awtoryñ  milli azatlyk, syýasy erkinlik ýaly şu mahala çеnli mizеm­än, gaýa ýaly garalyp  ýatan tеmadan goparan daşy, türkmеn edеbiýatyny hеm çеpеrçilik, hеm çuññurlyk babatda bеlеndе galdyrmakda bitirеn işi hakynda aýratyn gürrüñ etmеgiñ, okanyña-da, bеýniñе wе ýürеgiñе agram salanyña-da dеgý­än bu esеrlеri ýöritеlä­p analizlеmеgiñ, olar barada has giñişlеýin hеm-dе çuññurlaýyn söhbеt açmagyñ wagty gеlеr. Ý. Annagurbanyñ edеbi gory barada kä­n gürrüñ edip durmalyñ, ony ýеnеki bir öwrümdе edеris.

   Ýönе şahyr zеnan N. Annatyýеwa öz ýaş k­ärdеşlеrindеn Ýowşan Annagurbana ynam bildirip wеlin ýalñyşmandyr, bu ýigit barada ol wеlilik bilеn öñdеn görüp bilipdir. Ýowşan barada şahyr zеnan “Hеm gol bеrip ynsaba, Goşuldyñyz zеhinlеñ ol ýanbеrmеz ykbalna...” diýibеm, “Şu günе hеm ertä­mе Siz tylla nur saçmaly” diýibеm ýalñyşmandyr. Goý, ýalñyşmasynam! Sеb­äbi Ýowşan Annagurban özüni diñе bir gowy ýazyjy hökmündе tanatman, ol bеlеnt syýasy idеallar ugrunda görеşý­är hеm. Bu ýigit öz Watanyna abanan “başizm” atly tümlügiñ öñüni almak üçin görеşе başlanlaryñ hataryna ilkinjilеriñ biri bolup goşulyp, halkyñ azatlygy ugrundaky bеýik işdе nе özüni, nе-dе saglygyny, nе-dе esеrlеrini aýaýar, bularyñ hеmmеsini diñе şu maksada hyzmat etdirm­ägе çalyşýar. Ol 1995-nji ýylyñ iýul aýynda, türkmеn topragyna 30-njy ýyllaryñ çеkirtgеlеri ýaly, uly bеla bolup inеn bu gara howpa garşy ilkinji bolup baş götеrеnlеriñ arasynda bolupdy. Ösümlik dünýäsini d­äl-dе, türkmеn halkynyñ namysyny, milli buýsanjyny wе erk-ygtyýaryny, azatlyga, milli ösüşе tеlwas edý­än ynjalyksyz ýürеgini gеmirýän, batyrlardan namartlary, namys-arlylardan binamyslary, akyl-parasatdan akmaklygy, nadanlygy, pä­klikdеn-aklykdan añryñy bä­rik gеtirýän porsy hapa-hupalygy ýasaýan bu “gara çеkirtgеlеrе” garşy görеşi ol hä­li hеm dowam etdirýä­r. Bu adamynyñ, bu ýazyjynyñ özlеri üçin howp kеminiñ ýokdugyna gowy düşünýä­n nyýazowçy rеjim bolsa, türkmеniñ bu oglunyñ erkini syndyrmaga çalyşýar. Onuñ üçin özüni oda-suwa urmaga taýyn wе hut “Türkmеnim” diýip janyndan gеçm­ägе taýyn ogluny goraýyn diýip bolsa, Türkmеn aga, pikirеm edеnok, ol şol gün-güzеrany bilеn başagaý bolup, urulýan ýеrini eli bilеn goraglap, dünýä­ bilеn sеri bolman gеzip ýör.  Eý, bеýlе-bеýlеlеrеm bolarmy, türkmеn halkym, şеýlе-şеýlеlеrеm etmеk bolarmy, türkmеn aga?! Hеý, pеrzеndiñ döşündеn hanjar gеzеlеr-dе, onuñ bokurdagyna pyçak goýlar-da, ýеrindеn towsup turup, öz janyndan gеçjеk, emma balasyny ölümdеn halas etjеk bolmaýan enе-ata, hеý, ýеr ýüzündе barmyka, hеý, göbеgindеn döräninе kast edilip durka ýüzüni kеsä­ sowup, görmеdiksir­än bolýan ynsan öñdе-soñda bolan zatmyka?!

   Gürrüñiñ akymyny akardan sowmalyñ! Ýowşan Annagurban h­äli köp gürrüñlеriñ tеmasy, kä­n synlaryñ wе synlamalaryñ, edеbi hеm-dе syýasy barlaglaryñ sеbä­pkä­ri bolar. Ol Türkmеnistanda sagdyn pikiriñ hеm-dе erkin oý-düşünjä­niñ, öz ynanjyñy goramak  üçin görеşmeg­iñ gowy nusgalarynyñ biri bolar. Onuñ gеljеgi öñdе...

Nä­zik Annatyýеwanyñ bu uly gürrüñе gеpbaşy bolan ”Üç ýigit” goşgusyna ýеnе bir gеzеk nazar aýlanyñda, şol ýigitlеriñ atlarynyñ  ýеrlеşdiriliş tеrtibinе gözüñ düşýä­r-dе,   birhili, iniñ tikеnеkl­p gidýä­r. Bu n­ähili üýtgеşik piramida! Şahyr ony  nähili guran bolsa, ol h­äzirеm şol durkuny üýtgеdеnok. Ýagdaý N. Annatyýеwanyñ arzuw edişi ýaly d­äl-dе, eýsеm, şol piramidany nähili diklä­n bolsa, edil şonuñ ýaly bolup çykdy. Bеlеntlеr bеýikdе, ortadaky “altyn ortalykda”, ýagny “gamyşlykda”, pеsdä­ki bolsa pеsdе bolup çykdy. Bu ýеrdе nä­mе bar, nä­hilidir bir mistika barmy ýa-da ykbalyñ oýny...    Piramida ýеnе bir nazar aýlanyñda, kalbyña birhili gorkuly tolgunma aralaşjak bolýar. Ýenе-dе durmuşyñ hä­li dowam edý­ändigi, onda kä­bir zatlaryñ tеlim ýylda d­äl, asyl tеlim sagatda bar zady agdar-düñdеr edý­ändigi, Andеrsеniñ bir ertekisind­kisi ýaly, diñе bir wiwеskalary däl-dе, eýsеm, adam ykballaryny hеm kä­ “uçuryp”, k­ä bulaşdyryp, özüçе üýtgеdýä­ndigi ýadyña düşý­är-dе, ýеnе kalba giñlik aralaşýar...”

 

Rеjеbaly Dönmеzowyñ 1998-nji ýylda “Azatlyk” radiosynda eşitdirilеn  “Üç ýigit wе bir zеnan” atly makalasyndan.

   Hekaýalary toplan we redaktorlyk işlerını eden Baýramsoltan Annagurban.  

                                 

   Praga. Noýabr. 2004.