Abdyrahym Han

Belent mertebeli kakasy ýaly Hanlaryñ hany ada eýe bolan Abdyrahym, meşhur şahir,alym serkerde,diplomat hökmünde hem tanalypdyr. 

Ol beýik mogollaryñ 3-nji hökümdary Ekber Şanyñ ýakyn egindeşidir. Abdirahim Han 961-nji( 1556 miladi) ýylynyñ sapar aýynyñ onunda, çarşanba güni Hindistanda eneden dogulýar.

Bäş ýaşynda atadan galypdyr.1561nji ýylda Baýram Han öldürlenden soñ, Ekber onuñ dül galan  aýaly Selime soltan begime öýlenýär hem-de ýaşajyk Abdyrahima hossarlyk edýär.

Abdyrahymyñ ejesi Selime soltan begime özi hem magfi edebi lakamy bilen Şygyrlar ýazypdyr.Ýaş oglany bir näçe ýylyñ dowamynda Baýram Hanyñ dostlary Türkmenler, Hindiler terbiýeländirler.

Ekberiñ görkezmesi boýunça tiz wagytdan Ahmet abatdan añry geçirýärler. Şeýlelik bilen, kiçijik Abdyrahym mogollar köşgüne düşýär,şol ýerde ymykly bilim alýar.

Abdyrahymy terbiýelemek işi bilen diñe bir musulman alymlyry däl eýsem, onuñ añyna bütün Hindistan söýgi duýgusyny ornaşdyran Hindi nanditleri( alymlary) hem meşgullanypdyr.

Abdyrahym arap, pars, hindu, urdu, Türkmen dillerini öñat öwrenipdir. Bu dillerde ajaýyp şygyrlary döredipdir.Esasanam ol Hindi dilindäki edebiýatda genýal şahir diýen şohrata eýe bolupdyr.

Abdyrahym Hindistanyñ görnükli şahyrlary Tulsy Dasyñ we Sur dasyñ döwürdeşi bolupdur.Ony bu şahyrlar bilen mizemez dostluk baglanyşdyrypdyr Abdyrahym örän  tanymal, meşhur we baý adam bolany üçin ol şahyrlara her bir jähetden kömek edipdir.

Hindi edebiýatynda Abdyrahymyñ  şohraty ägirt uly bolupdyr.Hindi alymlarnyñ köp sanly işleri onuñ Hindi dilindäki poeziýasyna bagyşlanypdyr.Abdyrahymyñ hindi dilindäki „ Madanaştak“( Biçak joşgunly düýgülar hakyndaky şygyrlar),“ Paspançahýan“( Kirişnanyñ hornunyna bäş aýdymy),ýaly çeper eserleri şu güne çenly Hindistanda uly şohrata eýe bolup gelýär.

Onuñ Pars, Türkmen dilindäki eserleri öz yaşan döwründe hem,ondan soñ hem neşir edilmändir, öwrenilmändir, toplanylmandyr.

Abdyrahymyñ Pars,Türkmen dillerindäki şygyrlary onuñ Hindi dilin-däki poetik mirasynyñ ujypsyz bölegi bolup durýar.

Abdyrahym öz döwrüniñ meşhur adamlarnyñ köpsi bilen Türki dillde hatlar ýazyşypdyr.Onuñ döwürdeş adamlaryna iberen şol hatlarynyñ Hindi horonikasynda. Esasan hem şahyryñ ömür ýazgysyny ýöreden Abdylbaky Nahowandynyñ arhywynda saklanyp galypdyr.Iberlen şol hatlar Türki dilde şygyr yazan dürli ýazyjylara degişli şahyrana bentlerden doly bolupdyr.

Ol zahiretdin muhammed babaryñ Pars dilindäki „ Babirname“ atly meşhur işini terjime edipdir.Abdyrahym 1622nji ( miladi) ýylda aradan çykypdyr.