Arapmuhammed Han 

Arapmuhammed Han 1602-1621nji ýyllarda Hiwe-da Hanlyk edipdir.0l ilki Durunyñ hökümdary, atasy Hajymuhammed Han ölenden soñ, bütün Hiwañ Hany bolýar.

Onuñ höküm süren döwründe Horezimde gazaply ,gandökişikli Feodalçylyk uruşlary bolupdyr.Şol uruşlara Türkmen Han-begleri we taýpalar köpçülikleýin gatnaşypdyrlar.

Ol uruşlar Horazmy we bütün orta Aziani Russ döwleti bilen baglanyşdyrýan söwda ýollaryny, ýer-suwy,siýasy häkimiýeti eýelemek maksdy bilen alnyp barlypdyr.

Arapmuhammed Han halkyñ suwa bolan mätäjligini ýeñilleşdirmek üçin1602nji ýylda amyderýanyñ aşak akymynda, Nöküsiñ demirgazak tarapynda uly Kanal gurdyrypdyr.Emma bu hem suw ugrundaky göreşi gowşadyp bilmändir suw gytçylygyny kanagatlandyrmandyr.

Arapmuhammed Han döwründe,ilki Türkmen Han-begler agalyk ediji ýagday eýeläpdirler,emma soñra bir wagytlar göçüp giden Goñratlar Maññytly Özbek taýpalary we başgalar Horezme gaýdyp gelipdirler.

Şol taýpalaryñ Han-Begleri özlerniñ ozalky agalyk ediji ýagdaýyny eýelememek ugrunda dawa edip aşlapdyrlar.

Arapmuhammed Han olaryñ talaplaryny kabul etmändir. Şoña görä-de,Naýmanlar we uýgurlar Arapmuhammed Hana garşy bolupdyr.

Arapmuhammed Hanyñ ogullary,Hebeş we Ilbars bolsa şolara daýanyp,öz atasyna garşy çykypdyrlar. Ony tagtyndan agdaryp hem gözüni oýupdyrlar.